Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:40
Meniň dostum Gurbannazar /4
MENIŇ DOSTUM GURBANNAZAR
4.


DÖWÜR HAKDAKY PIKIRLER

Gürrüňler, söhbetdeşlikler, jedeller nähili gowy eken. Hruşýow döwründe sowet adamlary 80-nji ýyllarda kommunizmde ýaşarlar diýip, radioda, telewizorda günde gygyryp durdular. Biz şol wagtlar uniwersitetiň 4-nji kursunyň talyplarydyk. Okuwdan soň Gurbannazar bilen 1-nji parkyň aşak ýanynda täze bir kafe açylypdy, şoňa baryp gara kofäniň başynda (kofe içmek Aşgabat ýaşlarynyň arasynda ýaňy ýaýrap başlapdy) ýaňky 80-nji ýyllarda boljak kommunizm barada gürrüň açýardyk:
– Sen şu diýilýän zatlara ynanýarmyň?
– Hawa, ynanýan, ine, kommunizm bolar, bizem şol wagtlar 40 ýaşlarymyzda, tüýs wagtymyz, bolar bir hezillik.
– Eh, sen, özüň rus edebiýatçysy bolup, Dostoýewskiniň aýdanyny bileňok, ol näme diýýär: “Geljekdäki bagtly durmuş üçin, biz bu günki durmuşy ýatdan çykaryp, adamlara geljekde gowy ýaşarsyňyz diýip, olaryň her günki aladasyny etmäň!”, ýene-de “Geljekdäki bagtly durmuş şu günki çaganyň ýekeje damja gözýaşyna-da degýän däldir” diýýär. Zat okaňyzok-how, siz bir okarlar ahyry.

Dogry, men bu aýdylan jümläni bilemokdym, şol wagt dogrusyny aýtsam, manysyna-da düşünip baramokdym, ýöne Gurbannazar sypaýy adamdy. Ol söhbetdeşiniň ýaramaz ýagdaýa düşenini aňsa, şolbada gürrüňi başga ýana sowar goýbärdi.

Kafeniň içinde türkmenden diňe ikimizdik, beýleki oturanlar başga milletleriň wekilleridi. Gurbannazar muňa şol bada:
– Görýärmiň, Derýa, biziň türkmenlerimizem şeýdip oturyp bilýärler-ä, näme üçindir, olar şunuň ýaly ýerlere az gelýärler. Gyzlar barada-ha, gürrüň edip oturasy işem ýok.
– Aý, biziň türkmenlerimiziň häsiýeti şeýleräk-dä, aýyp görýärler.
– Hawa-la, ejelerine, aýallaryna köne köýnek geýdirip, köçe süpürtmäni aýyp görenoklar, şunuň ýaly ýerlerde oturmany bolsa aýyp görýärler. Bu zatlardan haçan saplanarkak?
– Saplanarys, Gurbannazar, saplanarys, arada Mäti Kösäýew bilen Hojaberdi Hanowyň bir gürrüňini eşitdim, şony aýdyp bereýin. (Gurbannazar Hojaberdi Hanowy has gowy görerdi). 1950-nji ýyllarda türkmen filologiýasynda Marynyň bir obasyndan iki sany gyz okaýan eken. Bular gaty gowy okaýan ekenler. Ýöne bedenterbiýe sapagyna şol gyzlar türkmen köýneginde gelýän ekenler. Bedenterbiýe mugallymy (türkmen däl bolmaly) bu gyzlara sport eşiginde sapaga gelmelidiklerini ençeme gezek aýdypdyr. Emma gyzlar utanyp, ýene-de şol milli köýnekleri bilen sport meýdançasyna gelipdirler. Şonda mugallym: “Indiki gezek sport eşiginde gelmeseňiz, sapaga goýbermerin” – diýipdir. Şondan soň gyzlar indiki sapaklaryna sport eşiginde gelýärler. Bulary sport eşiginde ilkinji gezek gören bir kursdaş oglan bälçiräp: “Waý, bu gyzlara serediň-ow, waý bularyň figurasyny dagy...” diýenden soň, şol gyzlar sapakdan çykyp, umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, zatlaryny ýygnaşdyryp, wokzaldan göni öýlerine gaýdypdyrlar, öwrülibem, okuwa gelmändirler. Ýeri, muňa näme diýjek?!
– Näme diýeýin? Ol gyzlaryň päkligine, arassalygyna hiç zat diýip bolmaz, ýöne bir näkese jogap berip bilmändiklerine welin, men haýran.

Biz kafeden çykyp, parkyň aşak tarapyndan Ýazyjylar Soýuzyna tarap ýöräberdik. Parkyň içindäki tomusky restoranda bimäçe adam otyrdy. Men:
– Gurbannazar, seret şu taýyk, ine, şu parkyň içinde 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soň ýaşadyk, özem faner jaý salyp berdiler, ýaman köp adam ýaşaýardy, her milletden bardy, şu ýerden geçenimde şol ýadyma düşýär, indi gürrüň bersem hiç kim ynananogam.
– A sen gürrüňem berme, ynanmasalar...

Gurbannazara ýaňky gyzlaryň boluşlary täsir etdi öýdýän, kän gürlemedi.

Talyp ýyllaryny adamyň durmuşynda iň gowy ýyllary diýip hasap edýärin. Olar ýyldyrym deý geçdiler. Talyplyk ýyllary uniwersitetiň çeper höwesjeňlerine gatnaşyp, gyjak çalýardym. Biziň ýolbaşçymyz Annageldi Jülgäýewdi. Şol döwür gyjak bilen pianinony goşup, çeper höwesjeňleriň arasynda çalmak juda täsirlidi. Ol maňa gyjagy pianino bilen goşup çalmagy öwredipdi. Men günleriň birinde telewideniýede çykyş edipdim. Şondan soň köp wagt geçmänkä, bir gün Gurbannazar bilen haly fabriginiň deňinden geçip
barýardyk. Arakesme wagty bolansoň, haly fabriginiň gelin-gyzlary daşarda üýşüp duran eken. Gurbannazar ikimiz bularyň ýanyndan geçip barýarkak, gyzlaryň arasyndan: “Hanha, arada telewizorda gyjak çalan oglan barýar-la” diýen ses eşidildi. Beýleki biri: “Haýsysy-la, haýsysy?”. “Anha, şar gara saçlysy!” – diýip, beýlekisi jogap berdi.

Men Gurbannazara seretdim, ol hem maňa:
– Baý-bow, indi şahyrçylygy taşlap, bir gyjak çalyp telewizorda çykyş etmesem, dünýäden armanly öterin. Sered-ä muňa, gyzlar şahyry tananoklar, bu sazandany welin tanaýarlar, ýeri, näme diýip, näme aýtjak?!

Gurbannazar okuwy gutarandan soň, uniwersitete ýygy-ýygydan gelýärdi. Men komsorg bolanymdan soň, edebi agşamlar geçirýärdim. Bu agşamlara Gurbannazar Ezizowyň:

Sag bol ene mekan,
Süýt emen ýerim.
Aglama, ene jan,
Gaýdyp gelerin...

- diýen goşgusyna oýun goýlardy, uniwersitetiň talyplary Gurbannazar Ezizowy, Halyl Kulyýewi, Annaberdi Agabaýewi, Nazar Gullaýewi, Begmyrat Ussaýewi, Orazmyrat Gurdowy, ýene-de birnäçe şahyrlary ýygy-ýygydan çagyryp durmagymy menden haýyş ederdiler.

Gurbannazar talyplaryň umumyýaşaýyş jaýlaryna baryp, öz täze goşgulaiyny okap bermegi gowy görerdi.

Ol, umuman, toý bolsun, ýönekeýje oturylyşyk bolsun, hökman goşgy okaman gaýtmazdy. Onuň goşgusyny özi ýaly hiç kim okap bilmezdi, onuň özboluşly okaýşy bardy. Birnäçe şahyrlar öz goşgusyny okanlarynda Gurbannazaryň okaýşyna meňzetjek bolardylar, emma ol bärden gaýdýardy.

Gurbannazaryň goşgularynda sowet şahyrlaryna mahsus däl zatlar bar diýip Balyş Öwezowyň bir dokladynda aýdylypdy.

...Men nirä barýanymy bilip bilemok,
Siz açyň gapyňyz, men size barýan...

Gurbannazar muňa känbir ünsem berip durmazdy. Dogram etdi. 1970-nji ýyllaryň öň ýanynda Leniniň doglan gününiň ýüz ýyllygy diýip, bar adamlaryň ünsüni şol senä çekdiler. Hemme zat Lenin barada, seminar bolsun, ýygnak bolsun, konsert bolsun, hökman Lenin bilen başlamaly, Lenin bilenem gutarmaly. Menem komsorg bolanym üçin bu zatlaryň arasynda. Bir giin Gurbannazar: "Yeri, Derýa, Leniniň ýubileýine taýýarlyk görýäňizmi?” diýdi.
– Hawa, görýäris.
– A sen 1970-nji ýylyň 22-nji aprelinde bulgury galdyranyňda näme diýip göterjek? Leniniň saglygy üçinmi? Bolýar, gorkmasaň, men saňa Lenin barada bir anekdot aýdyp bereýin. Fransuz ýigidinden sorapdyrlar:
– Sen özüň ýaş, alan aýalyň bolsa senden 40 ýaş uly, näme üçin beýtdiň? Onda ol:
– Men bäş-on ýyl bu aýal bilen ýaşaryn, soň bu öler, maňa hemme baýlygy galar, şonuň üçin öýlendim.
Iňlis ýigidinden sorapdyrlar:
– Sen näme üçin beýtdiň, özüňden 45 ýaş uly aýala öýlendiň?
– Onun ençeme zawody, fabrigi, banklarynda köp puly bar. Men 5-10 ýyl ýaşaşaryn, soň aýalym öler, baýlygy maňa galar.
Sowet ýigidinden sorapdyrlar:
– Sen näme üçin özüňden 50 ýaş uly aýala öýlendiň?
– Meniň aýalym Lenini görüpdir – diýip, jogap beripdir.

Munuň ýaly anekdotlary, onda-da şol döwür, her kim aýdyp bilmezdi.

Gurbannazaryň kakasy Eziz aga fronta gatnaşyp, nemesleriň konslagerinde bolýar. Onuň çöregi bitin eken. Sag-aman öýüne dolanyp gelýär. Ýöne öz öýünde arkaýyn ýaşadanoklar. Gurbannazar gürrüň berýärdi: – NKWD diýip bir edara bardyr-ow, şular kakamy sorag edip ýürege düşdüler. Tä 1958-nji ýyla çenli her ýyl 3-4 gezek dagy öýe gelip gidýärdiler. Men bu ýagdaýy görüp, olara çydap bilmän: “Ýene-de bir gezek gelip, kakama azar berseňiz, menden gaty görmäň” diýip itekleşdirip, howludan kowup goýberdim. Megerem, meniň bu hereketlerim täsir etdimi ýa-da döwür üýtgedimi, ýöne hälkiler gaýdyp biziň howlymyza gelmedi.

Men Gurbannazaryň gaty sypaýy adamdygyny bilenimden soň, şolary nähili edip kowandygyny hiç göz öňüne getirip bilemok. Ýöne hakykat hakykatlygyna galýar. Gurbannazaryň ýaňkylary kowşuny Eziz aga gürrüň berýärdi. Eziz aga (ol adyny Eziz däl-de, näme üçindir, Aziz diýlip tutulsa, gowy görerdi) Gurbannazara elmydam “Kürräm” diýip ýüzlenerdi. Men Eziz aganyň Gurbannazara öz adyny tutup ýüzlenenini görmedim.

Eziz aga Gurbannazaryň ölümi juda ýokuş degdi. Bir gezek öýlerine barsam, öňünde magnitofon, Gurbannazaryň sesi ýaňlanyp dur, şol biziň ýazan ýazgylarymyz. Meni görüp, näçe mertlik etjek bolsa-da, bolmady, gözýaşy ýüzüni ýuwup durdy. Men köp oturyp bilmedim, gürrüňem edip bilmedik, ýöne wagtal-wagtal Eziz aga “Wah, Kürräm. Wah, Kürräm” diýip uludan dem alýardy. Gurbannazardan soň olam köp ýaşamady, aradan çykdy, bu dünýäň adalatsyzlygyna pelekden närazy bolup gitdimikä diýýärin. Goý, onuň ruhy meni bagyşlasyn. Adam-adama, dogan-dogana, dost-dosta, är-aýal biri-birine öwrenişip, saz ýaşap ýörenlerinde olaryň biri birdenkä aradan sogrulyp gitse, beýlekisi hem kän ýaşap bilmez eken. Muňa Eziz aganyň ölümi hem güwä geçýär.

Gurbannazar maňa: “Derýa, sen bilýärmiň, men gonamçylyga adam jaýlamaga ilkinji gezek seniň ejeň ýogalanda bardym, ikinji gezek seniň agaň Baýramguly ýogalanda, indi bolsa ýygy-ýygydan gatnap durus. Ýogsa-da, Derýa, ölenimizden soňky barjak öwlüýämiz-hä bir ekeni” – diýipdi.

DOST WASPY

Şu ýerde men Gurbannazaryň “Dost waspy” diýen goşgusyny doly getirjek, munuňam bir sebäbi bar. Gurbannazaryň şu goşgusyny men hiç wagt özüniň okap berenini eşitmedim, onsoňam, şu goşgy Gurbannazar ýaňy gonamçylyga ilkinji gezek bardym diýen döwründe ýazylypdyr. Gurbannazar bu dünýäden öteninden soň, şu goşgy meni talantly ýazyjy hem hudožnik (dünýäde seýrek duşýan zat) Juma Hudaýgulyýew bilen dostlaşdyrdy. Bir oturylyşykda Gurbannazar Ezizow barada, onuň döredijiligi barada gürrüň gitdi, şonda oturanlaryň biri şu goşgyny ýatdan okady:

Uzyn gije uly öýüň iç-daşy,
Yüregiňi gyýyp barýan agydy.
Ertesi gün, gün guşluga galanda,
Mazarlyga äkitdiler tabydy.

Dört gerçegiň gerdeninde şo tabyt,
Dört tigir üstünde barýan ýalydy.
Ne bir ynjaýardy, ne bir sarsýardy,
Ol howada uçup barýan ýalydy.

Ýöne nämüçindir şol dört gerçegiň,
Birine bu tabyt düşýärdi agyr.
Gözüne der girip, haşlaýardy ol,
Äpet egin bolsa, bolupdyr ýagyr.

Kömege gelene ýaýkaýar başyn,
Guran goluna hem berenok dynjy.
Gussa-ünji hemmeleri maýyrdy,
Ony hasam maýyrypdy şol ünji.

Ýadanlaň ýerini yzkylar tutýar,
Ýadan bedenlere güýz ýeli urýar.
Ses eşdildi: “Wah, bu gerçek iň söwer
Dostun mazarlyga äkidip barýar”.

... Her näme diýsegem, ölýär adamlar,
Yzda eser galýar. Galýar saz, mukam.
Ýöne bizi şeýle ünji-gam bilen
Gerdeninde göterjekler barmykan?

Ana, şol okan ýigit Juma Hudaýgulyýewdi. Şu goşgudaky hadysalar we gömüşler maňa juda ýakyn, juda tanyşdy.

Gurbannazar soňky döwürlerde ilerik gatnamany gowy görerdi, Garadamak öwlüýäsiniň ýanyndaky suw skwažinasynyň buz ýaly suwy bardy, Gurbannazar şu ýerde bolmany gowy görerdi. Ol ýere totnus aýlary sypynsak Baýramguly Amangeldiýewiň “GAZ-21” kysymly maşynyna münüp barardyk. Soň Baýramguly ikimiz bu skwažina “Gurbannazaryň skwažinasy” diýip at dakdyk. “Nirä gidýäs?”– “Gurbannazaryň skwažinasyna gitdik” – diýip, Baýramgulynyň “88-88” döwlet belgili “Wolga” maşynyna Gurbannazar ikimiz münüp, üç bolup gidiberýäs. Şol ýerde Gurbannazar daglara syn ederdi, şol ýeriň daş-töweregi, hakykatdanam, gözeldi. Gurbannazaryňky ýaly Hakdan içenlik barka, şunuň kysmy gözellikleriň arasynda ýaşap, şahyr bolmanam bir gör! Şu ýeriniň görnüşi, ot-çöpi, daş-töweregi men barada, biz barada goşgy ýaz diýip duran ýalydy.

Men, men diýip, daga köňül bagladym,
Seni görüp kiçiligme agladym, –
Boýumy boýuňa deňän halatym,
Toba edip öňüňde çökerin, daglar...

Şu goşgynyň şu ýerleriň täsiri bilen ýazylan bolmagy mümkin. Gurbannazar soň gonamçylyga tarap seredip, Magtymgulynyň:

...Mazarystana bar, otur, pikir eýle,
Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup...

– diýen setirlerini ýatlady-da:
– Be, ýazyp bilipdir-how – diýdi.
Baýramguly Gurbannazar şular ýaly göwniçökgün boluberende:
– Hany, ýörüň, gaýtdyk, boldy indi, oturyp bildik-le – diýip, maşyny otlardy.

Haýran galaýmaly, Baýramgulynyň öňden bir zady duýýan ýaly häsiýeti bardy. Gurbannazar dünýäden ötensoň, yzysüre uniwersitetiň talyplaryny Tejene pagta ýygmaga äkitdiler. Şonda niredendir bir ýerden Baýramguly agasy Saparguly bilen meni wokzala ugratmaga geldiler. Şonda Baýramguly maňa:
– Derýa, özüňi aýap saklajak bolaweri, saglygyňa seret, sag-aman gaýdyp gel! – diýip ugratdy.

Yzýany meni Tejenden “Tiz kömek” maşyny bilen zordan Aşgabada - keselhana getirip, operasiýa etdiler.

Gurbannazary öli saklanýan ýerden alyp gaýdanlaryň biri Baýramgulydy. Onuň gürrüň berşine görä, ilkinji ok Gurbannazara degip, şol ok hem sürüjini alypdyr. Gurbannazar edil sürüjiniň yz ýanyndaky ýerde oturan bolmagy mümkin diýip aýdýar.

Tokar, Baýramguly, Amangeldi – bular elmydam Gurbannazaryň ýanyndaky adamlardy. Tokar bir ýerde Gurbannazar goşgy okasa, şol ýerdedi, zaldan birinden ses çykaýsa halamazdy, baryp: “Goşgy diňlemejek bolsaňyz, işiňiz ýok şu ýerde” diýerdi.

Gurbannazaryň özi hem goşgy okanda dym-dyrslyk bolsa, gowy görerdi, biri gäwüşäp otursa-da, okamany bes ederdi. Dogrusy, Gurbannazar goşgy okanda başga zada güýmenmek çetindi, onuň goşgy okaýşy özüne tabyn ederdi. Toý bolsun, oturylyşyk bolsun, hökman goşgy okap bererdi. Gurbannazaryň şu häsiýeti onuň ýaş şägirtlerinden Atamyrat Atabaýewde-de bar. Ol şol döwrüň ýaş şahyrlaryndan Ahmet Gurbannepesowy bellärdi. Ahmet bilen meni Gurbannazar tanyşdyrdy. Men komsomol komitetinde sekretar bolup ýörkäm, rus edebiýatyndan sapak bererdim. Günleriň birinde meniň kabinetime Gurbannazar geldi, ýanynda ýaş oglan.
– Derýa, ine, şu adam häzirki zaman türkmen poeziýasynyň iň gömükli wekili, senem şundan rus edebiýaty boýunça zaçýot almaly.

Ol biri bilen tanyş edende tanyş edýän adamsyny degşip diýen ýaly, öwüp arşa çykarardy. Şondan soň Ahmet bilen gatnaşygymyz has ysnyşykly bolup, soň dostluga öwrüldi. Bilmedim, 1970-nji ýa-da 71-nji ýyllarda, Soltanmyrat, Ahmet, Gurbannazar Gäwers düzlügine işlemäge gitdiler. 1-2 aýlap şol ýerde bolup geldiler, şol döwür barada Ahmet ýa-da Soltanmyrat ýazar öýdýärin, ýöne şol ýerleriň täsiri astynda şu goşgy döredimikä diýýärin:

... Säherem dumanlap örän uzakdan,
Bärik, sähra tarap ädýärdi ädim...

Gurbannazar obany gördümi, muny men, dogrusyny aýtsam, Annaberdi Agabaýewiň “Ezizowyň emri bilen” diýen kitabyndan bilip galdym.

Inim Işanguly Ataýew öýlenende şo taýyk toýa bardyk, Gurbannazar meniň mehinlidigimi, ine, şonda bilip galdy. Men muny ýöne ýere ýatlamok, şol döwürde Gurbannazaryň, Halylyň, Annaberdiniň daşyna üýşýänleriň niredenligi hiç hili rol oýnanokdy. Esasy zat – seniň päk döredijiligiň, ynsanperwerligiň, edebiýata, sungata, galyberse-de, türkmen halkynyň ykbalyna seredişiňdi. Annaberdi rast aýdýar, tireparazlyk pes, nadan, gözýetimi dar adamlara mahsus, olar üçin bolsa biziň aramyzda оrun ýokdy.

MEHINDE

Indi oba, toýa barşymyzy gürrüň bereýin. Toýa Gurbannazar, Ahmet, Tokar, Baýramguly, Aman Annagurbanow dagy bilen iki maşyn bolup gitdik. Bizi diýseň gowy garşyladylar. Aýratyn mal soýdular. “Derýanyň şahyr dostlary Aşgabatdan gelipdirler” – diýip, obanyň adamlary geldiler durdular. Agşam toýda hormatly ýerde oturtdylar. Bagşy aýdym aýdýardy, biziň obamyzyň däbi boýunça oturan her topar pul ýygnap, bagşa aýdym aýtmagy buýrardy. Pul ýygnaýan jarçy her kimiň adyny tutup: “Gurbannazar şahyr, Aşgabatdan gelen myhman, toýuňda gaýtsyn!”, “Ahmet, Tokar, Gurbannazar, toýuňyzda gaýtsyn!”, “Baýramguly toýuňda gaýtsyn!” diýip ýaltanman gygyryp aýdýardy. Bu zatlary Gurbannazar, Ahmet, Baýramguly, Aşyr Bäşimow dagy öň görmän ekenler. Olar bu däbi gowy görüp hem-de toýuň tertipli geçýändigini görüp, juda geň galdylar. Gurbannazaryň goşgy okasy gelýärdi, men onuň ýüzünden bilip durdum, ýöne nätjek, oba toýunda goşgy okamak däbi entek ornaşyp baranokdy, şonuň üçin biz ertesi myhmanlar bilen mehinliniň ilerisindäki skwažinanyň ýanyndaky tutlaryň arasynda mal soýup, dürli nygmatlar bişirip şeýle bir oturdyk welin, şu günki güne çenli ýatdan çykanok. Bir aýdyp geçmeli zat: şu ýerde Ahmedem, Gurbannazaram, Aşyr Bäşimowam orta çykyp tans etdiler. Şularyň hemmesi “Ömrümizde birinji gezek tans etdik” diýip aýtdylar. Men bolsa: “Tans edişiňizden belli-le, birinji gezek edýändigiňiz” diýenimde, Gurbannazar bilen Ahmet:
– Bolmanda-da biz siz ýaly edip bilmeris, Ýaşulular Sowetiniň başlygy – diýdiler.

Ahmet şu toýuň eden täsiri barada bir goşgy ýazaryn diýdi, Gurbannazar bolsa: “Bizem ony gelip, ýene-de şu ýerde okarys” diýdi. Emma soň baryp bilmedik.

(dowamy bar)

© Derýa BAÝRAMGULYÝEW
2007 ý.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Derýa Baýramgulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 09:49, 31.12.2022
“Geljekdäki bagtly durmuş şu günki çaganyň ýekeje damja gözýaşyna-da degýän däldir”

Ýerlikli jümle
avatar
0
2 Medicall • 09:55, 31.12.2022
Ol okuwdan gaydan gyzlara menem gyyyldym.. Bir şalfyk söz üçin gör näçe arzuwlary köýendir..
avatar

Старая форма входа
Total users: 203