01:46 Mugallym | |
MUGALLYM Ol bir gezek meniň düýşüme girdi. Topugyna düşüp duran gara köýnekli, köýneginde açylan gyzyl bägülleriň suraty bardy. Saçy kelte bolansoň, egnine ýetmän, hemişekileri ýaly goýberlendi. Ýüzi aladalydy. Maňa nämedir bir zatlary janygyp öwredýärdi. Men bolsa düýşümde-de onuň sözüni bölmäge güýjüm ýetmän, başardygymdan diňleýän kişi bolup otyrdym. Haýran galaýmaly, iňlis dili sapagy maňa düýşümde-de örän içgysgynç bolup görünjek ekeni. Ol meniň üns bilen diňleýänim üçinmi ýa tebigatynda barlygyndanmy, bilemok, yzyny üzmän gürleýärdi. Meniň “Haçan tüýküligini ýuwdarka?” diýip edýän pikirlerimden bihabar gürledigiçe-de gürrüňi köpelýärdi. Eger ejem okuwa gitmelidigimi ýatladyp, ukudan oýarmadyk bolsa, kim bilýär, ol ýene näçe wagtlap gürlärdi. Keýpsiz halda turanymdan soň, ejem gowy düýş görüp- görmänimi sorady, saglyk ýagdaýym bilen gyzyklandy. Gije wagtynda ýatmasaň, düýşüňe her dürli eýmenç jandarlaryň girýänini ýatlatdy. Men göwünsizlik bilen onuň sözüni böldüm: -Gynansamam, düýşüme arwah girmedi. Ejem kinaýama düşünmän gözüni tegeledi: -Ol arwahdanam beter. Soragly gözleriň gyzyklanmasy pikirlerime hüjüm edýärkä, men arkaýynlyk bilen eşiklerimi geýdim. Arkaýynlyk bilenem öýden çykdym. Meniň bu rahatlygym aslynda daşyndan parahat görünýän ary ketegine meňzeýärdi. Huşda görýänimi nätjegimi bilmän ýörkäm, düýşüme girýän mugallym üçin düýşleriň pirine nägilelik bildirdim. Indiki gezek ýassygymyň aşagynda gaýçy goýup ýatmaly diýen karara geldim. Ýöne horaşaja bolsa-da :”Chose your way-go for it until the end” diýip, synpy ýaňlandyryp gygyrýan mugallymymdan ýönekeýje gaýçynyň halas etjegine hiç hili ynamym ýokdy. Hawa, ol horaşaja bolsa-da, örän özdiýenlidi. Käwagtlar artykmaç iňirdewükdi. Öz aýdanyny etdirmegi gowy görýärdi. “Zalym” diýip men ilkibadalar kän agyry çekmezden boýnuma alýardym. Ulularyň dilinden eşiden bu jümlämiň bir zabun adam babatda ulanylýanlygyndan başga bilýän zadym ýokdy Güýzüň sary ýapraklary meniň pikirlerim ýaly bulaşyp ýatyr. Mekdebe barýan ýoldaky kiçiräk kanalyň suwy doňupdyr. Onuň aşagynda suwdalygy zerarly sarylygyny ýitiren mele ýapraklar görünýär. Birnäçe wagtdan soň men şol ýapraklary öz mugallymyma meňzederin. A şol wagtlar men olaryň kime meňzeýänini bilemokdym, ýöne olary uly gyzyklanma bilen synlaýardym. Buzuň aşagyndaky ýapraklar içgysgynç hem betbagtdy. Beýleki ýapraklar, iň bolmanda, köçä dökülýärler, olaryň adaty ýaprak durmuşy bar. Buzuň aşagyndaky ýapraklar bolsa zyndana düşen adamlar ýaly ýekelikde hem sowukda çüýräp gidýärler. Meniň olary uly höwes bilen synlanymyň sebäbem kimdir birine meňzedenim üçin bolaýmasa. Ýöne arman, kimdigine düşünibilmändirin. Gürrüňini edýän mugallymym şahsy durmuşy oňmadyk bir zenandy. Käbir görip adamlar onuň şeýle zehinlidigini hiç haçan durmuşa çykmadygyndan görýärdiler, özlerini şo bahana bilen köşeşdirýärdiler. Mugallymyň berk häsiýeti gaty az adamyň hoşuna gelýärdi. Diňe şonuň sapaklaryndan soň, men kimdir biriniň häkimiýeti astynda ýaşamagyň nämedigine düşünipdim. Ol hiç kime dözümsizlik edenokdy we hemişe ýeňijiniň tarapyndady. Bir gezek o diýen ökde bolmadyk synpdaş gyzym menden ozduranda, ol ýüregi bilen begenipdi. Şonda bu bolşuň maňa ýakmaýandygyny aç-açan aýdyp duran ýüzüme garap, arkaýynlyk bilen “El ganador se lo lleva todo” diýdi. Iňlis dilinde gowy gepleşip bilmänimden soň, käwagtlar ol meniň janypkeşligime jogap edip we meni artykmaç gynamazlyk maksady bilen rusça-da jogap beren bolýardy. Ol bizi altynjy synpdan okadyp başlapdy. Biz altynjy synpa çenli “örän gowy okuwçylardyk” Diňe şol mugallymdan soň, özümiziň hiç kimden tapawutlanmaýan “biomassadygymyza” düşündik. Häli-häzirlerem bir işim şowuna bolman, keýpsiz halda otursam, onuň “Господа никчемные” diýen frazasy gulagymda ýaňlanýar durýar. Bilgeşlänmi ýa-da ýok, ýöne şol günem, ýagny mugallymymyň düýşüme girip, meniňem buzuň aşagyndaky ýapraklary keýpsizlik bilen synlap giden günümem onuň “Господа никчемные” frazasy gulagymda ýaňlanyp durdy. Hamana, mugallym diýse dogry bolaýmaly ýaly men özümi, hakykatdanam, hiç kimdir öýdýärdim we şol pikirem meniň sussumy basýardy. Mekdep howlusyna girenimden, hemmeleriň bir ýere tegelenşip duranyny gördüm. Ilkibada mekdepde adatdan daşary nyzam geçirilýändir öýtdüm. Howlukmaç köpçüligiň arasyna sümüldim. Howa sowuk bolansoň, hemmeleriň agzyndan-burnundan bug çykýardy. Ýylgyryşlaram howanyň sowuklygyndan ýaňa daşyna çykmaga ýaltanyp, içlerinde galan ýalydy. Hemmeleriň ýüzünde nähilidir bir ýadawlyk bardy. Men iki sany okuwçynyň arasyna girip, olaryň geýip gelen dykyz gara paltosyndan ýaňa zordan demimi alyp durdym. Şol wagtam batly elçarpyşmalar eşidildi. Men näme el çarpýandyklaryna düşünmesemem, köpçülige goşuldym. Sowuk howadaky elçarpyşmalar sap-sap duran goşunyň naýzadyr gylyç sesleriniň şakyrdysyny ýatlatdy. Elçarpyşmalar seýrekleşensoň, mekdep müdiri: -Size dumuşda iň gowy zatlary arzuw edýärin. Ýene aramyzda bolup, bizi begendirip duruň, Güljan mugallym!-diýip hyjuwly gutlady. Ýene-de şowhunly elçarpyşmalar eşidildi. Ýöne üns bilen seretseň, kimdir biriniň elleri howada hereketsiz doňup galypdy. Özem şol kimdir biri “Içigaragalmyş, asyl onuň doglan güni eken-ä” diýip pikir edýärdi. Onam içimden etmedik borly, gapdalymdaky duran:”Sizi Güljan mugallym okadýarmy?” diýip sorady. Men onuň soragyna ýöne “hm” diýip içimi hümletdim. Bir gezek Güljan mugallym meniň “hm” diýip beren jogabyma gaharlanyp “Internet çykany bäri ýaşlar öz içki duýgusyny nädip beýan etjeklerini bilenoklar, bisowat ýazyşýarlar. Öz içki duýgularyny beýan edip bilmän, ýöne “hm” diýip oňaýýarlar. Kütekligiň aňrybaşy” diýipdi. Internediň ýaşlary duýgusyz, çeper sözleýişsiz bir zat edip taşlaýandygy we munuň global meseledigi baradaky belliklerinem goşupdy. Şeýdip men global meseläniň meselemi bolupdym. Howa ýaly ýürekgysgynç ýatlamalarymy ýene müdiriň batly sözleri böldi: -Geliň, indi bolsa Güljan mugallymy okuwçylaryň dürli dillerde gutlaýşyny diňläliň! Men mundan artyk gutlag sözlerini diňläsim gelmäni üçin köpçülikden çykyp, synpa barmagy ýüregime düwdüm. Saýlananymam şoldy welin, synp ýolbaşçymyza pete-pet gabat geläýmenmi? Ol “içiň ýansyn” diýýän ýaly meni iň öňdäki hatarda goýdy. Indi maňa Güljan mugallymam, onuň hemişekileri ýaly egnine ýetmän duran keltejik saçlaram, öňküsinden bagtly görünýän kiçijek gara gözlerem, geýen köýnegi bilen çalymdaş ujy tegelek gök köwşem oňat görünýärdi. Onuň elinde birtopar gül çemenleri bardy. Ol gül çemenlerini ysgap oturşyna aýdylýan gutlag sözlerine çalaja başyny atýardy. Ilkinji bolup onunjy synpyň okuwçylary sahna geldiler. Olaryň iki sanysy elinde tutup duran ak kagyzyndan gözüni aýryp bilmän gutlag sözlerini okamaga başlady: -Уважаемая учительница, же... желеем вам-Köpçüligiň içinden bir mugallymyň düzediji sesi çykdy-Желаем, Mähri, желаем... Gutlag okap duran gyz kagyzdan gözüni aýryp, ses gelen tarapa mölerip seretdi. Soň hiç zat bolmadyk ýaly yzyny dowam etdi: -Счастья и добра! Güljan mugallym häsiýetine gelişmeýän ýumşaklyk bilen ýylgyrdy Dabaranyň soňuna her bir okuwçynyň pikirini aýtmaşak oýny goýlupdyr. Menem, ine, gepläýjek-gepläýjek ýaly bolup durdum. Entek men pikirlenýärkäm, iki sany okuwçy mugallymy gutladam. Üçünji gutlamaga çykan beýlekilerden üýtgeşik boljak boldumy ýa oňa ýörite şol gutlagy oka diýdilermi, bilemok, rus dilinde iki sözlem aýtdy-da:”Вы жем... жем... женщина нашей школы” diýdi. Duranlar biri-biriniň ýüzüne ýene düşünişmezlik bilen seredişdiler. Hatda, kän bir ähmiýet bermeýän ýaly bolup oturan mekdep müdirem geň galanyny gizläp bilmedi. Çep tarapynda duran mugallyma “Bu nä boluş?” diýýän ýaly gözüni mölerdip seretdi. Okuwçy bir aýtmasyz zady aýdanyna düşünensoň, örän tiz ýagdaýda köpçülige sümülmek bilen boldy. Diňe Güljan mugallym öz parahatlygyny saklady. Äm-säm bolup duran mähellä kellesini ýaýkady. Ujy tegelek gök köwşüni tyrkyldadyp, mikrafonuň öňüne bardy. Nämedir bir wajyp zady aýtmazdan öň halk köpçüligine nazar aýlaýan ýolbaşçylar ýaly, bize göni seretdi-de, ýuwaşlyk bilen söze başlady: -Kärdeşler!-Ol kellesini müdir tarapa öwürdi-Aman mugallym!-Meniň doglan günüm zerarly gurnan çäräňize minnetdar. Mugallym sözüne dyngy berdi. Kellesini aşak egip, biraz ýuwdundy. Men onuň aýtjak bolýan sözleri damagyna tegek boldumyka öýtdüm. Oňa sözüni dowam etmegiň kyndygy köre mälimdi. “Sag boluň” diýip aýdan wagty onuň sesi titräp çykdy. Eger bolup duran wakanyň diňe “Sag boluň” diýen bölegini kesip aýryp, daşyndan bir adama eşitdiren bolsaň, onda ol adam “Haýsy bende dünýä bilen hoşlaşdy?” diýip sorardy. Ýene äm-säm bolup duran mähelläniň dadyna müdir ýetişdi. Ol birinji bolup elini çarpdy. Hemmeler onuň yzyny alyp göterdiler. Ýöne Güljan mugallym duran ýerinden butnaýynam diýmedi. Onuň bakyşynda şol synpdaky diýeni ýerine düşmedik wagty peýda bolýan gazaplylygy bardy. Ol ony gizjegem bolmady. Ýene biraz wagt onsoň ol biziň barymyza “Господа никчемные “ diýip gygyraýjak ýalydy. Ol näçe okuwçylaryň sowatly gürlemeginiň tarapdary boldugyça, munuň garaşyşy ýaly kämil bolmaýandygy, hatda, doglan gününde-de ony “gününe goýmady” Nämäniň isleseň, hut şo zady alyp bilmersiň diýen kejikdiriji ýagdaýda bolşy ýaly, mugallymyň okuwçylary gutlaglarynda ýalňyşypdylar. Ol hiç bir zadyň öz isleýşi ýaly amala aşmaýandygyny bildirýän dek gynanjyny gizlejegem bolup durmady. Çäräniň täsirsiz bolanyndanmy ýa mugallymyň näçe özüne zor salyp, bu biperwaýlyga göz ýumjak bolsa-da, bolmadygyndanmy, garaz, eşidilen jaň sesi hemmeleri synpa tarap ýollady.” Bolmanam hemme çäreler taýýarlykly geçirilenok ahyry. Onda-da doglan günler. Bu çäre-de ortatabrak röwüşde geçip giderdem welin, şo soňky çykyp geplän okuwçynyň sözlemi mugallymyň gaharyny gutarnykly getirtdi-dä” diýip men ahmyr çekdim. Güljan mugallymyň her ýalňyş aýdylýan söze üns berip, oňa ýüregi bilen gynanyşy göz öňüme geldi. Men ahyry duran ýerimden gozgandym. Daş –töwerekde eýýäm hiç kim ýokdy. Aňyrrakda mugallymlar üýşüp durdular. Ýene biraz wagt onsoň men Güljan mugallymam gözden ýitirjek ekenim. Onuň ýanyna ylgap baryp, iňlis dilinde bir zatlary aýdaýyn diýdim. Özem ol begener ýaly dogry edip aýdaýyn diýdim. Munuň mugallym üçin şeýle wajypdygyna men şo çäreden soň düşünipdim. Ýöne näçe oňa bir zatlar diýmek isledigimçe sözler ýadymdan çykýardy. Aljyraýardym. Şol äm-säm bolup durşuma mugallym gözden ýitip gitdi. Şol pursatam meniň ömürlik ýadymda galdy. Adam bir zada geň galan wagty daş-töwerekdäki ähli barlyk ýitip, diňe şol geň galýan zady ýaşaýan ekeni. Menem şol pursaty Güljan mugallym bilen ýaşapdyryn. Onuň ujy tegelek gök köwşüni tyrkyldadyp, egnine ýetmän duran saçlaryny çytyk howanyň çytyk şemalyna oýnadyp barýan wagty şondan başga hiç kimi saýgarmandyryn. “Mugallym, mugallym” diýip gaýtalaýan sözlerim onuň yzyndan ýetibilmän içimde galdy. Näçe jan etsemem, içime sygmadyk sözlerimi öýe gaýdyşyn buzuň aşagynda ýekelikde çüýreýän mele ýapraklar bilen paýlaşdym. Olara “жемчужина bolmalydy, жемчужина” diýip gürrüň berdim. © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |