Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:21
“Namyradam, nädeýin...”

“Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider”
Mätäji

Namyradam, nädeýin, namys-ar elden gider,
Gün kibi çoýundygym, mähri bar elden gider,
Köňül sazymny çalgan goşa tar elden gider,
Gursagy dar, kalby ýaz, göwni gar elden gider.

Ajy ýaşa gark bolup, syrykdygym gözlerden,
Saçlarny sypadygym, gör, öýkeli bizlerden.
Täsin ýylgyrşy birle saýlananym gyzlardan,
Ajal kirpikli perim, tary mar elden gider.

Dünýe gama ulaşmyş, bulaşmyş bahar howam,
Kinesi — ýürek dagym, gülküsi — derde dogam,
Ykbalyny ykbalma sapjagym, bagta rowan
geljegim, ýyldyz gözlim, Ömre ýar elden gider.

© Sapa HOMMADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Pero • 08:33, 24.11.2023
Nusgawy stilde gowy ýazylan goṣgy. Aslynda her bir adygan ṣahyryñ nusgawy stilde ýazmagy gerekmikä diýýån. Edil aýdymçylaryñ arasynda halk aýdym aýdyp bilýän bilen aýdyp bilmeýäniñ halk öñündäki abraýynyñ tapawutly bolṣy ýaly.
Ṣonuñ üçin Sapa tüweleme diýýäs. Üstünlikler!
avatar
2
2 Hydyr • 10:13, 24.11.2023
Goşgy üçinn sag bol aýdasym geldi. Zordan täze parol açdyrybam bolsa girdimm. Ýene bir gezek sag bol, Sapa. Berekella!
avatar
1
3 Garagalam • 10:29, 24.11.2023
Hawa, @Pero dogry belledi, her şahyr nusgawy stilde hem ýazyp görmeli.

Bellik: "gülküsi — derde dogam" - diýen ýerinde "doga" sözi ýerinde däl ýaly. Gadymy dilimizde (osmanlyda) "dewa" (türkler-ä häzirem ulanýan bolmaly) "dewa" diýen söz bar.
Kynçylygy, derdi ortadan aýran - diýen ýalyrak manysy bar.
Şondan ugur alyp "gülküsi — derde dogam" däl-de "gülküsi — derde dewam" diýilse... gülkiň bilen derdim aýrylýar, gaýgym aýrylýar... manylary berjek eken. Umuman "dogany" dogry hasaplamok.
Ýöne, klassiki usula öýkýnip ýazyp bilipdir hormatly awtorymyz. Berekella.
avatar
1
4 Şygryýetiň_aşygy • 13:16, 24.11.2023
Mätäjiň «Elden giderinden» biraz gowşagrak )))
avatar
1
5 Medicall • 16:36, 24.11.2023
Owadan okalýar, aýdym edibermeli
avatar

Старая форма входа
Total users: 203