08:24 Awaranyň ahwaly | |
AWARANYŇ AHWALY Maňa bulgur beriň! Şerap äberiň! Püre-pürläp “ot bereýin” içime. Serhoş bolup guduzlaýyn, Ha:tamça Bar-ýogumy eçileýin geçene. Eçileýin gözümi, Eçileýin sözümi, Eçileýin ýaşalmadyk ýaşymdan, Ýüregimiň abat galan ýerlerin... Barjasyny dumly-duşa paýlaýyn, Soň açylyp, erkeklerçe “ses edip”, Umytlarmy jaýlaýyn... A soň gideýin-de, aldawaç dünýäň A:ly hakda hat ýazaýyn atama. Üşeden panydan gaçyp, dowzahda Hezil edip çoýunaýyn hatama... 11.04.2023ý. Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/23627-awarany-ahwaly.html. 12.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |