Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:47
Dostuma
DOSTUMA

Ykballara ýanaly biz,
Derdi gizläp geçirere
ömür çäkli.
Şonuň üçin,
Otur, dostum, içeli-le.

Gel, meý bilen ýuwudaly
Kalba agram berýän gamy.
Dünýäň irmän ýepbekleýşin,
Ýekirişin seni, meni
Unudaly biraz salym.
Serhoşlar deý göçeli-le.
Goý, ýazylsyn damarlarmyz,
Birazajyk içeli-le.

Ogurladan düýnlermiziň
Ahmyryny ýetireli.
Iň bolmanda, öz-özümiz
Göwnümizi götereli.

Ýazmakdanam irdik indi,
Setirlere “gep gatnadyp”.
Gussa çekip ertir-agşam,
Dyrnak ýaly nep tapmadyk.

Bagrygirýan duýgularyň
Kirişlerin gowşadaly.
Şonuň üçin, otur, dostum,
Gursaklary gowzadaly.

© Sapa HOMMADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Мango • 18:27, 06.08.2023
Guý!
Ýöne kofe bolsun. :-)
avatar
1
2 Pegas • 20:11, 06.08.2023
Kofe iç dökmäge amatly içgi däl)
avatar
1
3 Kyyas • 20:49, 06.08.2023
Serhoş dünýäni serhoşlukda geçireli :)))
avatar
1
4 Medicall • 21:34, 06.08.2023
Sapa, hoş gördük bu ýerde, galamyñyz ýiti, gadamyñyz batly bolsun!
avatar
1
5 Pegas • 06:28, 07.08.2023
Köp sag boluň. Öliiiiiiip bolaýdyk agza))
avatar
0
6 Aksary • 07:22, 07.08.2023
:))
avatar
0
7 Medicall • 00:26, 08.08.2023
Öliiiip agza bolañdan soñ
Birden-birden ýitmeli däldir.
"Goşgudanam ýadadyk" diýip
Içjek diýip gitmeli däldir:)

Ana, size goşgy dagam ýazyberdim begenjime))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203