09:12 Men | |
Exclusive MEN Jebir-jepa üçin “Esen tanyşam”, Müň ejre kaýylam ýene müň kere. Men öňdenem gussalara alyşan Hem pitjiňem duýgularma müňküre. Joýa-joýa maňlaýyma ýazylan Ýazgytdan yrzaýam, ýok arzym jinnek. Meň gabyrym diri wagtym gazylan, Ynanyň, gazdylar ony biminnet. Ýaşap ýördügim däl, sebäp men — öli, Ölülere käbir zatlar rowadyr. Zyňyp gaýdyň meni, bezäýin çöli, Çöl günäliň günäsine dowadyr... Kalba tikenini dözen güle men Ömrümi eýledim pida, emgenmän. Bolsam, boluplar geçeýin öli men! Käbir hasaplarym üçin eglenýän... © Sapa HOMMADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |