08:17 Nowruzda okalan goşgy | |
NOWRUZDA OKALAN GOŞGY Hi-i-iç garlawaçgöwünlere degäýmäň, Onuň saz deý ganatynda sep galar. Hi-i-iç bir zady hi-i-iç bir zada deňemäň, Göwün galar, düwün galar, gep galar. Myhman gelse, şowhun bile garşylaň! Gowsun ýazyň, düýrülengi halylaň! Göwnüň döwen ökünýändir, bagyşlaň, Kine saklan zäherlenip, ýarylar. Daşa bakan atylsaň-da ok ýaly, Degmänem yzyňa gaýdylma bardyr. Suwlar ähli zady tämizläp bilmez, Suwlardan päkize aýdymlar bardyr. Ýazgarma dostuňdan çykmasa tamaň, Sen diňe, özüňden, özüňden haýyk. Ak lybasly arzuwlarňyz harlamaň, Goý, hasyl bolmasa, bolmasyn, HAÝYR! Gülüň! Siziň gülkiňizde azaşyp, Men ajaýyp goşgulara gowuşdym, Şoň üçin goý, meň goşgymda azaşan, Siziň täsin gülkiňize gowuşsyn! | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |