Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:28
Bakyýete barýan
Bakyýete barýan,
Gülüp barýan,
Ömrümiñ biten ýapragyn tändirip,
Ýolup barýan.
Kä sabrym tükedip,
Howlugyp barýan.
Dünýäñ gözelligine ymtylyp barýan,
Nebsime büdüräp dümtünip barýan.
Pul diýip,
Solup barýan.
Ýasama ýasama
Loh-lohlap gülýän.
Öwrenilen adata öwrülip,
Kimiñ kimdigini öwrenip barýan.
Serhoşlygyñ çürbaşyna galyp barýan
(-Näme? Çürbaşy barmy diýsene,
-Lütümi çykaryp, ýyksa eýse nä?)...
Başymdan külümi sowuryp barýan.
Gözellik,
Hezillik,
Şol bir hereket.
Gaýtalanyp dur,
Gaýma-gaýmaşak.
Menem şol gaýmaşakda
Han bolup,
Arkan gaýyşyp.
Ulumsy häsiýete eýeläp
Özümçe özümde döredip kada,
Emma üýtgeşik däl hiç kimden
Adaty adam.
(Ýogsa-da nämäniñ pikirin edýän
Aý, ýöne bir öwrenen endgim öýdýän.)
Bolşum şo...
Üýtgejek bolup,
Her hilijek hilelere baş goşup,
Essimden aýylyp barýan,
Özümden özüm aýrylyp barýan.
Diñe birje zat aýan,
Bakyýete barýan...

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Nurdаn • 15:50, 23.04.2023
Işlemeli muny entek... Aýyrmaga-da dözmedim... Işlemelii..
avatar
0
2 Kyyas • 15:52, 23.04.2023
Mynasyp däl bolsa aýyraýyñ
avatar
0
3 Nurdаn • 15:55, 23.04.2023
Gep mynasyplykda ýa dällikde dälde, entek munuñ gowy gaýnadylmadygynda..dagynyk pikirleri howlukmaç ýazyp okyja ýetirmäge howlugýanlygyñyzda..

Şuny timarlap, işlãp, bejerip oýlanma edip alsañyz mundan gowy bolardy.
Adyny hem pikirlenmeli. Adam ölüme barýarmy, ýa-da bakylyga?!
avatar
0
4 Kyyas • 16:19, 23.04.2023
Dogry, bakylyk! Käwagt şu zatda ikirjeñlendirýär, Ateistik düşünjäm(bir ýerlerden çykyp, öz pikirlerimde gapma-garşylyk döredýär). Şol pikir oýansa, bu bakylyk diýilen düşünje biraz ýöne hyýal ýaly bir (hindileriñ täzeden doguluş diýilşi ýaly ölmegi höwes edýän dinin bir bölegi ýaly) zat kabul edýän. Şol pikir oýanan wagty, Ölüme barýanlygyñ dogrydygy anyk kabullanýan,

ýöne siziñ aýdyşyñyz ýaly, Baka barýan diýseñ, bezeýşi, eşdilişi başgaça bolýar. Ony bir pikirleneýinde düzediş bersem üýtgederin. Minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202