Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:39
Öñler, durydy pikirim...
Öñler durydy pikirim,
Daş oklandy döwüldi.
Parçalanan gyýyndy,
Dürlüçe meýnä çümdi,

Meýnäm- ymgyr çöl borly,
Tapmak örän kyn maña.
Haçan jemläp baryny,
Düzläp öñki kaddyna,
Goýarkam men ýerbe-ýer,
Şonsuz meýnim gurak çöl,
Güwläp ýatyr döwük ser...

Gyzyl gözleýänler deý,
Dörjeleýän, köwçeläp.
Tapyndylam toplaýan,
Ýygnap goýýan gowjalap,
Emma awundysy bar,
Ýara salan parçalar...

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Мango • 12:02, 25.01.2024
meýni - beýnimi?
***
1) Meýnäm- ymgyr çöl borly...
2) ...Şonsuz meýnim gurak çöl...

ilki "çöl öýdýän" diýip gümansyradyp, soňam "gurak çöl" diýip anyk aýdýaň...

***
Tapyndylam toplaýan,
Ýygnap goýýan gowjalap,

"gowjalap" - hiç gelişenok, "köwçeläbe" kapiýalajak bolup edipsiň ýaly...

Emma awundysy bar,
Ýara salan parçalar...

"awundysy" - bulam "awundyrmagy" eksperiment edip ýasalan söz bolmaly...
bolýa. "awundysy bar" sözüniň soragy "nämäniň?" onda "...parçalar" däl-de "parçalaryň" bolmaly dälmi?
"parçalar" diýesiň gelse "awundysy baryň" ýerine "awundyrdy" bolaýjak ýaly....
avatar
0
2 Medicall • 13:13, 25.01.2024
@Kyýas, garşa goşgyñyzy ýapýañyz, belliklere çydañzokmy? hany, öñki gün pikirlerde saýtda awtorlañ diñe biri-birini goldap teswir ýazyanlaryndan, dogry bellikler edilmeýaninden, tankyt edilmeýaninden, saýtdakylardan nägilelik
bildirdiñiz. Indem bir awtor
gymmatly wagtyny giderip size bellik ýazdy, sizem ol posty garşa ýapýañyz. siziñ pikiriñizçe bu hereketiñiz dogrumy?!
avatar
0
3 Kyyas • 13:54, 25.01.2024
Men ondan öñ ýapypdym, teswirden öñ soñam görsem açyk ýene ýapdym, ýene açyk ýa internet pesmikä diýip, ýene ýapmaýyn diýdim iki teswir bar. Ok. Öz göwnüme laýyk däl goşgularymy ýapmak isläpdim. Ok. Meni bagyşlañ! Üns bermändirin
avatar
0
4 Kyyas • 13:57, 25.01.2024
Ýygnap goýýan gowjalap, hawa, şol kapiýa üçin ol ýerde ne duýgy bar ne reje söz ugruna tapyndy.

Parçalaryñ dogry bellik,
avatar
0
5 Medicall • 14:13, 25.01.2024
Ýapyk goýmakañyz ýazylandyr, post ýapyk durka hiç bir agza, teswir ýazybam, goşgyny görübem bilenok.
avatar
0
6 Kyyas • 14:25, 25.01.2024
Meýni barasynda ilki özüme ýüzlenýän öz añyma salýan seniñ döwük pikirleriñ çöle düşdi diýip. Soñ ynamly içi boş ymgyr çölligini boşlukdan başga zat ýok. Agtarmalydygyny gaýtalaýan. Tapyndy pikirleriñi bir ýerde rejeläp jemlejek bolmak, emma her pikiriñ zähmet talaby bar özüne görä yzasyny çekmeli bolýan
avatar
-2
7 Kyyas • 15:08, 25.01.2024
5 teswire jogap. Redaktirlemege girenimde teswir ýokdy. Şol sahypa gaýtadan girseñem üýtgänok. Täze sahypa açylýar. Men bolsa başdaky sahypa täzeden girýän.
avatar
0
8 Medicall • 15:44, 25.01.2024
Ýapyk goýulanda hiç kim zat ýazanok! Teswir ýazylandan ýapdyñyz.
Indi size maslahat: goýanyñyz soñ halanmadygy üçin ýapyp saýty oýnap oturmañda, ilki gowy özleşdiriñ, hemmelere ýarar hasaplañyzdan soñam saýta ýükläýiñ. Şeýtseñiz özüñize-de, beylekilere-de gowy bolar.
avatar
0
9 Kyyas • 16:13, 25.01.2024
Ok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202