Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:17
Özüňden Soňam Özüňi Galdyrmaly...

ÖZÜŇDEN SOŇAM ÖZÜŇI GALDYRMALY...
(Şahsy gündelikdäki ýazgylardan)


Şu günden şeýläk:

1. Hemişe döredijilik, göçgünlilik hem-de dykgatlylyk ýagdaýy saklamaly. Hiç haçan sowuk-salalyga, biparhlylyga, dözümsizlige, samsyklyga ýüz urmaly däl. Hemişe ýürekdeşlikde, dertdeşlikde, mähribanlykda ýaşamaly.

2. Duýgularyň we pikirleriň sekuntsaýyn ewolýusiýasy bolmaly.

3. Duýgularyň we pikirleriň “sanitariýa”, “gigiena” we “profilaktika” düzgünlerini berjaý edip durmaly.

4. Başgalaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi, özünde duýulman geçýän ýagdaýlary duýmagy başarmaly.

5. Özüňdäki ýa-da özüňden daşarky ýagdaýlara akylly-başly, sypaýyçylykly çemeleşmeli.

6. Döredijilik ataşyna ýanmaly.

7. Ýazmaly, ýazmaly! Başardýanyna-başartmaýanyna garaman, ynsabyň we ýüregiň bilen ýazmaly! Bir zatlar çykjagyna-da berk ynanmaly.

8. Nägile, mydama nägile bolmaly.

9. Juda aldaman oňmaýan bolsaň, başgalary alda welin, öz-özüňe we hormatly kagyza ikilik etme!

10. Okamaly, okamaly! Näçe okap bilýän bolsan, okamaly!

11. Kinolardan mümkin boldugyça köp zat öwrenmäge çalyşmaly, teatrlaryň ezýetini çekmeli, kartinalaryň öňünde çöke düşmeli, sazlaryň ruhuna siňmeli, gudratly Allatagallanyň ýoluna göz dikip aglamaly. Tebigatyň al-ýaşyllyklarynyň içinde ýitirim bolup gitmeli, kümüş ýaly öwşün atýan Newanyň köprüsiniň üstünde durup, onuň “syratlylygyna we salykatlylygyna” tagzym etmeli, dükanlara aýlanyp çykmaly, gara kofeniň lezzetini görmeli, şowhunly kafelarda, tans edýän gyzlaryň owadan jemalyna syn edip, al-şerap süzmeli, adamlar bilen şady horramlyk etmeli, durmuşyň ýüregindäki gaýgy-ünjülerini unudyp, beýniň argynlygyny aýryp durmaly. Öýüň garaňky burçuna gysylyp, adamlary öwrenmeli, pikir eleginden geçirmeli, arzuw etmeli – DURMUŞY SÖÝMELI!

12. Paýhasa baş egmeli.

13. Ahyrsoňy men ussatlygyň üýtgeşik bir syrynyň ýokdugyna düşündim. Görüp otursam, kim ýürekden söýüp hem ýigrenip bilýän bolsa, şol ussat ekeni.

14. Ýazyjynyň alymlaryňam alymlary bolmagy gerek. Ýöne onuň öz eserlerine gatnaşmagy hökman däl. Sungat matematika (ylmy) takyklyk, guraksylyk, logiki hasaplylyk bilen bir ýere sygyşmaýar.

15. Meniň käte-käte peýda bolup, gözümi-başymy aýlap barýan galp ideýalardan arany açmagym gerek. Maňa özbaşdak dünýägaraýyşly, etiki we estetiki pozisiýaly bolmaga bireýýäm wagt ýetdi. Hiç bolmanda, öz hereketlerimiň goýan umumy hörpüni bilmeli. Ujypsyzam bolsa, pikirlerimiň we ideýalarymyň agramyny saldarlap görmeli. Olaryň howul-haralyklardan we harsallyklardan halas däldiginem bilýän. Gözlemeli! Özüňi we öz ýüzüňi tapýançaň gözlemeli!

16. Samsyk däldigiň entek akyllydygyňy aňlatmaýar. Men şu pikiri öň bir ýerde okadymmykam ýa eşidäýdimmikäm?! Köplenç biz başgalaryň pikirini özümiziňkidir öýdüp, özümiziňkini bolsa başgalaryňkydyr öýdüp çalyşýarys. Awtorlygyň, orginallygyň ölçeg taýajygu barmykan?! Eger pikir aňsatlyk bilen peýda bolup, sende hiç hili sarsgyn döretmese ýa-da kalbyňda gozgalaň tapmasa, onda ol ýa-ha başganyňkydyr ýa-da öň lenç edilen pikirdir.

17. Owadan jümleleriň hem-de görnüşleriň albaý perdelerini ýyrtyp taşlamaly.

18. Utançsyzlyk, müňkürlik, bimany hatyrjemlik, meşan pikirlilik, degimsizlik, ýeňleslik, gödeklik, mortalyk, gyzmalyk, bisabyrlylyk, was-waslyk ýaly gylyklardan arany üzmeli.

19. Iň soňy olary mazaryma äkitmeli boljak bolsam, maňa abraý, mertebe gazanyp ýörmek nämä gerek! Özüm bilen ölüp gitmek gazanan mertebäme gaty agyr deger ahbetin! Ýok, tersine meniň gözgyny ýagdaýa düşüp hem-de özüm barada erbet ýatlama galdyryp ölmeýänim üçin oňa ýeňil düşer.

20. Öňden belli zatlaryň, gymmatlyklaryň ählisini gaýtadan gözden geçirmeli. Täzelemeli we täzelemeli!

Çeşme: Galamdash.com

© Akmyrat ŞIR
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Akmyrat Şir | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203