Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

05:05
Liriki miniatýuralar

Liriki miniatýuralar


Nätanyş


Nirelerdir bir ýerlerde men, ýagny meniň ejemiň söwer ogly, aýlanyp ýör. Ötegçiler ony görýärler, oýlanýarlar: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş! Onuň ruhy bireýýäm bedeni bilen birigip gitdi. Ol aýlanyp ýör, aýlanyp ýör, ýadanynam bilenok. Ol aýnalara-da garanok, geçip barýanlara-da tiňkesini dikenok, emma bar zady görýär. Onuň gözleri özüne garşy gönügen, ol özüne bakýar. Ol ýalňyz, ol ýalňyz agaç ýaly, jaý ýaly, planeta ýaly, tebigatyň ýalňyzlykda ýaradan bar zady ýaly – ýalňyz, ýöne ummasyz şäheriň içinde ýitip giden däl. Ýok, onuň entek jahylka gazanan, göreşip alan öz orny bar: pişiklije otagy, durmuşyň syýyndan berk ýapyşýan, gijäniň bir wagtyna çenli çyrasyny söndürmän oýlanýan otagy bar.
Nirelerdir bir ýerlerde men – ejemiň söwer ogly ygyp ýör. Ony görüp, ötüp-geçip barýanlar oý edýärler: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş!

Döredijilik otagy


Çörek, duz, sogan. Tapylsa, pomidor. Dadranyň köki, burçuň bolmagy – elpe-şelpelik. Pyçag-a hökman bolaýmaly. Bloknot hem galam. Çilim. Otluçöpi hem unutmaly däl. Radiony çalaja açýan. Hawa, çaýam demläp basyrmaly. Ynha, indi ýagty jahan özümiňki, aýnanyň daşyndaky daragtlaram, asmanyň sergezdan bulutlaram meniňki, bary, olaryň bary meniň myhmanlarym, meniň şagalaňyma gelipdir. Hawa, durmuş bizi duzlaýar, gowurýar, taplaýar. Badalga hem uçuş. Daglaryň, durmuşyň depesinde batbörek deý uçup ýören köňül.Tutuş gün bujagaz otagda nämeleriň bolup geçeni, jaýyň leňňer atyp, ýeriň endiräni diňe maňa mälim. Goňşularym bolsa, biziň goňşymyz gowy, ümsüm, ýöne birneme ýabanyrak diýýärler.

Hudožnik


Säheriň çyglary bulduraşyp duran gara hoşalar – sizi döredesim gelýär! – başaryp bilemok!
Aýyň süýümi ýaly küýzeden akyp gelýän suw – sen ýaly bolasym gelýär! Başaryp bilemok!
Ak ümür basan daragtlar, sizi ýaradasym gelýär! – başaryp bilemok!
Eý, siz, kalbymdan, baş bermän, daş çykan yza hem ah, sizi ýaradasym gelýär! Başaryp bilemok!
Maňa näme boldy, bu niçik ahwal boldy? Maňa görmek, duýmak berlipdir, eşitmek, söýmek, hesret çekmek berlipdir… Ýöne… onda näme olaryň ählisi bokurdagyma tegek bolan suňk ýaly bolup dur, näme diýip söze, reňke, owaza aýlanman, diňe ýöne ýaryljak, döküljek, nagra dartjak, pyşyrdajak, uçjak bolup dur!
Tebigat, bagyşla, öz telbäňi bagyşla!

Gorky


Dört sany ýaş ýigit göýä dört sany at ýaly, takyr bile aldygyna ýorgalap barýar. Olaryň egninde kepene çolanan jesetli tabyt. Şemal ak matany galgadyp, burnuma babamyň sakgalynyň ysyny getirýär. Yzdan sürrekleşip, üç nesil: ogullar, agtyklar, çowluklar gelýär. Babamyň ne ýaşdaşy bar, ne dogany, ne dosty, olar eýýäm babamyň alnyp barylýan ýerinde. Dört ýigit başyny aşak salyp, elýaglyklaryny, elleriniň arkasyny ýaşa ezip, eýgermän gelýän göleçilerden ylgaşlap arany açyp barýar. Hä diýmän, ogullarynyň biri bir gysym toprak atar weli, babam hemişelik ýiter gider. Ýiti ýagty bolup, yşyrap, topraga, daşjagazlara, çüýrän çöp-çalamlara garylyp giden bu adamdan näme galar? Ýatlamamy? Eýse ol çynmy?
Çagakam dyrmalana ak sakgalym, üzüm hoşasyny galdyrjak bolup eglen hortap göwresi, hiňlenibräge-de aýdyp berýän hekaýatlary we şuňa meňzeş üzlem-saplam ýatlamalar, meger, hakyda galar. Ýöne iň hakyky zady, onuň, belkem, özüniňem düşünmedik esasy zadyny şol dörtler alyp gider.
Ýeke çöp bitmedik, gugaryp ýatan mazarystana imisalalyk ýa gije aralaşansoň, men gelerin hem oňa diri wagtynda berip bilmedik sowallarymy bererin. Ol özüne akyl ýetirip, bildimikä? Ol bize nähili ýaşamagy maslahat bererkä? Onuň açyp bilen iň soňky hakykaty nämekä? Ol özünde öwrülişigi başyndan geçirdimikä? Öz ýaşan uzyn asyrynda näme gyzykly zat gördükä? Kim ol? Ýene ençeme soraglar…
Dymyp ýatan guburyň deregine mör-möjegiň jürrüldisi, şagallaryň uwlamasy, aýyň şuglasy, gijäniň dymyklygy jogap gaýtarar.
…Dört ýaş ýigit, dört at ýaly giden takyrlykda galagopluk bilen meniň gorkymdan daşlaşyp, özlerini özi mazarystana alyp barýar.

© Akmyrat ŞIR
Rusçadan terjime: © Nobatguly REJEBOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Akmyrat Şir, Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 05:07, 02.05.2024
Nobatguly agaň erkin terjimesi.
Birneme ýoýlan, goşmaça düşündiriş beriljek bolnan (interpretirlenen), nobatgulylaşdyrylan ýerleri bar.
avatar
0
2 Seýrаn • 20:13, 02.05.2024
Okap heziller edindim.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203