18:06 Güleňde kalbyňy çöwrüp gülsediň... | |
Özüňi käte bir undup bilsediň, Kimdigiň düýbünden çykaryp ýatdan. Güleňde kalbyňy çöwrüp gülsediň, Gark bolsa gözleriň owasy ýaşdan- Heserli nazara uçran juwan deý, Ähli zady undup togtasa kelläň. Bu dünýäde bagtly bolsaň bir pursat, Şohal bagtlydygyň özüňem bilmän. Biz nähili beýik bolýas, mukama Meýmiräp özümiz undan pillämiz, Ýöne ýürege erk berýärmi näme, Halys depämize çykan kellämiz? Biz neneň adyl hem arassa bolýas, Beýniň däl, ýüregiň erkine berlip, Gözümizi süzüp çägäň üstünde, Güzerlerde ýatan çagymyz serlip. Ýok, Paýhasdan nadyl däl men aslynda, Akylyna sarpa goýýan ynsanyň, Ýöne ol özüniň derejesinden, Belende göterip bilmez ynsabyň. Ýürek bolsa seniň başky päkligiň, Günäsiz, etmişsiz neresse çaga. Ýürek — seniň ýalňyz mümkinçiligiň, Iň asyl çagyňa gaýdyp barmaga. Nobatguly REJEBOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |