Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:44
Saýt bir ýaṣady

Bu gün edebiýat.clan.su saýtynyň
döredilenine bir ýyl boldy

Bir ýyl mundan öň täze saýt giň mümkinçilikleri bolan,erkin döredijilik sahypasyny okyjylaryna hödürläpdi. Edebiýat kafesi teşne köňüller üçin edebi ýazgylaryň,hekaýadyr,romanlaryň,oýlanmadyr,goşgularyň we başga-da köpugurly ýazgylaryň çuň çeşmesi bolup döredi.
Her bir ynsanyň maddy zerurlyklarynyň bolşy ýaly,ruhy hökmanylyklary hem bolýar. Bu zerurlyklar kabul edilip durulmasa,ruhy açlyk – boşluk döreýär. Bu boşlugy kimsi aýdym-saz,kimsi kino-klip,kimsi suratkeşlik,kimsi bolsa edebiýat we beýleki ugurlar bilen doldurýar. Umumylaşdyryp aýtsak, ýa sungat ýa-da edebiýat bilen ruhy zerurlyklar kanagatlandyrylýar. Emma ol ugurlaryň aslyna baksak,çuňuna seretsek, Onuň Aly Hezretleri Söz sungatyny göreris.
Söz bilen ýokdan bar bolundy. Söz bilenem ýok bolunar.
Sözden gelip çykýan döredijilige uly sarpa goýýan “edebiýat.clan.su” saýtynyň administratory uly ädim ädip,bu internet sahypasyny ýöredip başlady. Bu saýdyň ilkinji günlerinden okyjy – awtorlara mümkinçilik döredilip,ýazan ýazgylaryny gyzgyny bilen halka ýetirmäge şert döredildi. Paýlaşylýan temalar barada ERKIN (subýektiw bolmak şerti bilen) pikir alyşmak,bellikleriňi,düzedişleriňi aýtmak elýeterli edildi. Okamaga wagty bolmadyk ýa-da okamaga “ýalta” saýtdaşlar üçin audio – wideo ýazgylary hödürlendi.
Geliň,indi biraz pikirlenip göreliň! Öz käri – hünäri edebiýat bilen bagly bolmadyk bir zenan näme üçin özüne jinnek ýaly hem peýdasy bolmadyk,tersine barja wagtyny sarp etmegini talap edýän bu işe baş goşdyka?! Bu iş ondan nämeleri talap edýär?! Indi bilişimden jogap bermäge çalyşaýyn:
- Saýdy içki we daşky “duşmanlardan” goramaly – 7/24 sagat;
- Paýlaşylýan temalary ýekän – ýekän okap çykmaly;
- Redaktirlemeli;
- Gerek bolsa suratlar bilen bezemeli;
- Dürli häsiýetdäki okyja sabyrlylyk görkezmeli;
- Saýdy reklamasyz tarifde saklamaly;
Kemter sanan bolsam,okyjylar teswirde goşup bilerler. Mundan başga-da bu zatlaryň daşyndan öz jogapkärçilikli işine ýetişmeli,maşgalada zenanlyk - enelik wezipelerini hem kemsiz alyp barmaly. Sanan zatlarym diňe dilde aňsat. Ine şu zatlar admin zenana näme üçin gerek? Beýle artykmaç “kellagyry” hiç kime-de gerek däldir. Sowallara ýene özüm bir jümlede jogap bermekçi: Ol edebiýata aşyk,sungata aşyk.
Çyn aşyklar bolsa hiç wagt bähbit aramaýarlar,tersine pida edýärler,gurban berýärler. Ol özi ýaly aşyklary bir ýyl mundan ozal edebiýat kafesine çagyrdy,döredijilik bilen hezzetledi we dowam edýär. Tüweleme beýleki aşyklaram “eli-ele berip” – agzybirlikde öz goşantlaryny goşdylar we goşýarlar. Okyja haýyrly ýazgylar,pikir alyşmalar,bellikler,tankytlar edebiýat kafesinde Sözüň tagamyny hasam artdyrýar. Saýdyň tertip –düzgünli ýöredilmegi bizi guwandyrýar. Saýt “Az bolsun,ýöne, uz bolsun” ýörelgesine eýerýär. Oňa goşulýan – agza bolýan okyjylaryň sanyna buýsananok. Gaýtam ukyp –başarnykly,yhlasly agzalaryň gözleginde. Edebiýata çyn aşyk agzalara “Hoş geldiň” ,boş dawa-jenjel gözläp gelenlere bolsa “Hoş sagboluň!” diýýär. Çünki edebiýat edebe – ynsanylyga –ýürekdeşlige – birlige – aslymyza çagyrýar. Bu bir ynsanyň dünýä ýaly uly çakylygy.

© Meňli AŞYROWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.2/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
5
1 @Baýram_Bejidow • 02:06, 18.11.2023
1 ýaşy bilen tüýs ýürekden gutlaýan, ýaşy uzyn bolsun uzak we manyly ömür bersin Allam!. (Toýda gutlamalam bolsa kameradan gaçýan, kän gutlap bilemok dile çeperçiligim 0-da))
avatar
3
2 Medicall • 02:09, 18.11.2023
Aýdym-a gowy aýdañ sen:))
Sagbol, jigimjan)))
avatar
3
3 Pegas • 06:53, 18.11.2023
Hakykatdanam gowy saýt boldy. Söz erkinligiňi çäklendirenok... Ömri uzak bolsun. Adminka gelnejä hem minnetdarlygymyz çäksiz. :)
avatar
3
4 Myhman1185 • 10:12, 18.11.2023
Hemmäñ ýagşy arzuwlaryna goşulýan.

Haýyrly bolsun,
bereketli bolsun,
dowamly bolsun!
avatar
2
5 Мango • 10:55, 18.11.2023
täze doglan gölegije aýak üstünde durmasy üçin 1 sagat gerek.
täze doglan bäbejige aýak üstünde durmasy üçin 1 ýyl gerek.
täze saýtymyz 1 ýyldan irräk aýak üstünde durmagy başardy.
tüweleme, sagdynja saýt. nesip bolsa onuň ylgap ýöreninem göreris. ömri uzak bolsun!

saýtyň arkasynda durana, duranlara,
ýazýanlara, okaýanlara,
hemmelere jan saglygyny dileýän.
avatar
2
6 sussupessimist • 15:16, 18.11.2023
1 ýyl höwesi ölmän, işläp bilen bolsa, az zat däl. Berekella! Gowy işler edilyä. Yene kän yyllar yaşasyn!
avatar
1
7 Medicall • 09:28, 19.11.2023
Gadyrdanlar, Saýtyñ saýt bolmagynda ähliñiziñ goşandyñyz bar, Edebiýat Kafesinde heriñiziñ aýratyn ornuñyz bar, bu ýer ählimiziñki.
Edýän ýürekdeş goşantlaryñyza, dostlukly gatnaşyklaryñyza, Allaýalkasyn, Sagboluñ, bar boluñ!
avatar
0
8 Medicall • 02:03, 20.11.2023
Begençgeldi Orazowda bir setir bardy:
"Halys öwrenşemok men beýle bagta,
Meni şu şäherden çykaryp kowuñ" diýen ýalyrak, şoñky ýaly menem beýle öwgüli sözlere öwrenişmänýatyn)

sagbol aýaldogan, artykmaç eden işim ýok-la, esasy zat mydam ýanymda bolduñ, saýt bolsun, senem bol, sagbol, bar bol!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203