21:36 Arz | |
ARZ Ahwal...Wah,şu wagtky ahwalymy sorasana! Nähili duýgulary başdan geçirýänim bilen gyzyklansana! Seniň üns-aladaňa mätäj-ä men. Sen bolsa dymýaň,diňe dymmany bilýäň. Şeýdip maňa sessiz jeza berýäniňi bilýäňmi? Göwnüme degmeli bolsa-ha dil açaýýaň. Sen ajy söze-hä şeýle sahy. Bolýa-la düşünýän,gaharlanan mahalyň ajy sözler nädip diliňden sypanyny bilýän dälsiň. Beýle ýagdaý özümde- de bolýar. Meni gynayan zat bu däl. Maňa düşünmeýänligiň gynaýar meni. Sen-ä meni Öý-hojalyk Uniwersitetiniň rektory bellemek isleýäň. Men bolsa öz saýlan uniwersitetimde adaty bir talyp bolmak isleýän. Meni bir ýere ömürboýy gabap saklap bolmajagyna sen henizem düşünmänsiň. Ine,meni gynaýan zat. Sen”Kim seni gabap saklaýar,bar gidesiň gelen ýere git. Aýlan,dynç al,ýaşa! Şundan başga saňa nähili azatlyk gerek” diýmegiň mümkin. Ýöne düşün ahyry,meniň aralaşmak isleýän dünýäm bu ýerlerde däl-ä. Ol dünýäni bu adaty adamlaryň,adaty durmuşyň içinden tapyp bilmen-ä. Wah,maňa düşünýän bolsadyň,onda näçe dymsaňam gaty görmezdim. Çünki eden hereketleriň maňa düşünýänligiňi aýan ederdi. Gaýtam dymmalygyň meniň dünýämi ykrar edenligiň ýaly bolup duýulardy. Göwün – aýna,döwülse ýama tutmaz diýilýä weli,meniň ýüregim gör näçe gezek synyp,täzeden ýelmenendir. Kä wagtlar sabyr käsämi şeýle bir doldurýaň weli,senden geçäýesim gelýär. Emma geçmek dilde aňsat eken. Bir näçe ýyllar mundan ozal bir hekaýa ýazypdym. Onda bir gyz iki zatdan birini-ya okuwy,ya-da durmuşy saýlamaly bolýar. Hekaýamyň soňuny nähili soňlandyr öýdýäň?!... Bilmediň,gyz okuwy saýlaýar. Hawa,şol wagt ýazan hekaýamy öz islegime görä tamamlapdym. Indi bolsa durmuşymy öz isleýşim ýaly dolandyryp bilemok. Indi meniň ykbalym seňkiniň dowamy bolmaly. Biz mundan beýläk bilelikde ykbal kitabynyň galan sahypalaryny ýazmaly. Emma aýdýan-a sen ýazýanam men. Bilelikde pikirlenişmek,maslahatlaşmak ýok. Eýsem-de bu ömrümiň kemsidilmesi dälmi?! Seniň ömür offisiňde adaty bir kätip bolmak maňa ýeterlik däl. Hany,deňhukuklylyk?! Biziň şu wagtky ýagdaýymyzyň bir wagtky patyşalaryň hökümdarlyk eden döwürlerinden näme tapawudy bar?! Elbetde patyşa bolmak saňa ýaraýandyr-la:”Munuň nämesi erbet” diýmegiň hem mümkin. Emma zorabanlyk ahyrynda gol astyňdaky kişiniň baş götermegine getirýär. Beýle ýagdaýy geçmişden göre-göre gelýäris ahyry. Sen göýä bir uly iş bitirýän ýaly ykbalymyň açaryny alyp eliňde pyrlaýaň,meniňem gözüm gidýär. Şol açar ozalkylary ýaly meniň elimde bolsa bolmaýarmy diýsene. Ol açar meniň iň gymmatly zadym-erkim. Bir wagtlar oda-suwa urup terbiýelän,ýanbermez erkim. Indi bolsa,söýgä özüni pida eden,sülleren erkim seniň eliňde nirä pyrlasaň,pyrlawaç ýaly pyrlanyp dur. © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |