Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:21
Watançylyk mekdebi

WATANÇYLYK MEKDEBI

Ynsan ýady diýseň täsin. Çagalykda,heniz,agy-garany beýle bir saýgarmaýan wagtyň eşiden hem-de ýatda saklan sözleriň ýyllar soňra many-mazmuny bilen ör boýuna galýar-da seni ýatlamalar ummanyna syýahata alyp gidýär.
Atam uruş diýen nägehany öz gözleri bilen görüp,Watanyň,iliň azat-erkin durmuşy ugrunda göreşen adam bolansoň,gürrüňleri köplenç şol barada bolardy.
Kiçijikkä kakasy aradan çykan heniz on ýedi ýaşly Ýarymämmet Aşyrow 1942-nji ýylda fronta gitmek üçin şol wagtky ýerli wekiliýete ýüz tutýar. Onuň ýaşynyň ýetmeýänligi bökdençlik döretse-de,çykalgasyny tiz tapýarlar. Atamyň resminamalaryna düzediş girizip,ony bir ýaş ulaldýarlar. Şeýlelikde 1924 –nji ýylda doglan “on sekiz ýaşly” Ýarymämmet Aşyrow 1942-nji ýylda urşa gidýär. Ýa alynýan,ýa ölünýän söweşlere gatnaşyp,1944-nji ýylda çep aýagyndan hem-de sag elinden ýaralanyp obasyna-peder ýurduna-Gargyjaga(öňler bu ýerlere Ynkylap diýer ekenler. Dag çeşmeleriniň boýy bolonsoň bu ýerlerde adamlar ýygy ýaşap ekerançylyk bilen meşgullanyp,mal-gara saklapdyrlar. Soňrak kolhoz-sowhoz döredilensoň adamlar demirgazyk tarapa köpçülikleýin göçürilýär.) gaýdyp gelýär. Belki-de yzynda galan ýarawsyz käbesiniň gije-gündiz dynman eden dilegleri kabul bolup,ýaraly bolsa hem ykbal atamy obasyna dolandyr.
Tylda hem diýseň agyr günler dowam edýärdi. Ýeňşe bolan ägirt ynamyň tigirçeklerini irginsiz çekilýän zähmetiň döredýän umyt uçgunlary tigirleýärdi. Uçgun bolmasa umyt ýok,umydyň ýok ýerinde bolsa ynamyň ganaty gyryk ahyry. Atam pederden galan ýer-ýurdyny saklap,ekin ekip bir näçe ýyl şol ýerde ýaşaýar. Soňra hökümetiň täze karary esasynda kolhoz döredilip,birnäçe obalar birleşdirilýär. Atam Gargyjakdan Garakly obasyna gelip kolhoz işinde işläp başlaýar Şol ýerde işläp ýören döwürleri hem enem bilen durmuş gurýar. Birnäçe ýyl dürli sebäplere görä göçüp-gonup diýseň kyn günleri başlaryndan geçirýärler.60-njy ýyllarda ýygnanja sermaýalaryna häzirki Magtumguly etrabynyň Garakel obasynda Sumbar derýasynyň 500-600 metr gaýra tarapynda häzirki mülk ýeriniň düýbüni tutýar.
Gelin bolup gelen ilkinji ýyllarymda elimiz ýukady,tamymyza düşemäge düşek ýokdy. Ýuwaş-ýuwaş mal-garamyz köpelensoň ilkiler keçä derek deri düşärdim. Şeýde-şeýde ataňyz bilen ýokdan bar edendiris-diýip soň-soňlar enem bize ýaşlygyny gürrüň bererdi.
Bäş gyz,alty oglan perzendi emala-kemala getiren eneme hem-de atama “Döwletli adamlar”,”Döwletli maşgala” diýýärdiler.
Atamyň uruşdan soňky ömri ekin-dikin,mal-gara,umuman,oba durmuşynyň gutarnyksyz hysyrdylary bilen bagly. Ýöne atam “şol hysyrdylary” ömrüniň lezzetli zähmetine öwürmegi başaran ynsandy. Muny onuň mellekde durka ýaşyl öwsüp otyran pellere buýsanç bilen bakýan gözlerem,agylda wagty mallara ýürekdeş gopýan ýüregini görkezýän hereketlerem subut ederdi. Ekinlere eline çyrasyna alar-da gijesi bilen suw tutardy. Indi özüm şu ugurdan okamsoň,atamyň suwy näme üçin gündiz däl-de gije tutanyna göz ýetirýärin. Gündiz howa gyzyp suwuň köp derejesi bugaryp gidýär,gijesine weli bugaryjylyk has peselýär. Üstesine-de tutulýan suwy,keşler dolan badyna,beýleki suwarylmaly ýerlere wagtynda sowmasaň suw gereginden artyk bolup hem-ä ýeriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar,hemem ýene bir gezek ýitgi emele gelýär.
Täsin ýerem,atam islendik bir işiň aňsat tarapyny asla saýlamazdy. Şol tarapy bilmeýänligi üçin däl-de nähilidir bir ynanjyna görä ol hemişe şeýderdi. Her bir agyr zähmetiniň rehnetini hem görerdi.
Ol ömrüniň otuz ýyldan gowragyny dag-derede çopançylyk edip geçirýär. Ilki-ilkiler kolhozyň malyny bakýar. Soňra özi mal edinýär,köpeldýär. Çagalar ulalyp başlansoňlar enem hem möwsümleýin daga-Gargyjaga göçüp durupdyr. Goýun-guzylaryň köpelýän döwri,ýazky-güýzki gyrkym döwürleri enem gaýynata mekanynda bolar eken. Gyrkylan ýüňleri mazaly ýuwup,soňra guradyp,ondan soň bolsa saýyp,tüýdüp,dürli reňklere boýap owadan hem berk keçeler edipdir. Ondan başga-da enem ýorgan-düşek diýdi,ýassyk diýdi,aý garaz öýçülikde gerek zatlary az-azdan hem bolsa dikiberipdir. Şeýdibem bir wagtky tamyna düşemäge zat tapmadyk enem goşa-goşadan gülli keçeli,goşly-golamly bolýar. Tä 90-njy ýyllara çenli olaryň bir aýagy obada,beýleki aýagy dagda-Gargyjakda bolupdyr. Şeýde-şeýde ownuk we iri şahly mallaryň,atlaryň sany artyp ýürlerçä ýetýär. Emma bu gurplylygyň lezzetine ýetilýänçä gör niçe ezýetler görülendir. Muny oba adamlary has gowy bilýän bolmaly.
Gargyjakda ýaşaýarkak her gün ir bilen gazan-gazan süýt bişirerdim,çagalar içenini içerdiler,ýöne aşa köp bolansoň egsenogam-da. Galanyny gatyk basyrardym,ýanlyk ýaýyp süzme ederdim. Gargyjak jennet ýaly bag-bakjaly,gül-gülälekli ýer bolonsoň,gelim-gidimi hem köpdi. Daga barýanam sowlup geçer,dagdan gaýdyp gelýänem. Ana,onsoň näme süýt-gatygam,et-ýagam,gögem bol. Sary ýag dagy golça-golça. Naharym-çaýym mydam gaýnap dur-diýip enemiň gürrüňlerini eşideniňde erteki diňlän ýaly özüne çekerdi.
Atam maldan,ekinden päk zähmetiň netijesinde döwlet tapan adam. Eli uzadan ýerine ýetip dursa-da atam ýüzlerçe malyna esewan etmäge çopan-çolugy hakyna tutmaga asla zerurluk duýmandyr. Sebäbi,ýokarda hem aýdyşymyz ýaly ol işiň aňsat tarapyny hiç haçan ykrar etmändi. Belki atam ömründe tapan döwletiniň syryny agyr zähmetiň özeninde görendir.
Men özümi bilenim bäri atamlarda hemişe ir-iýmişler boldy. Enem almadan,erikden,pomidordan kak ederdi Agyllarda sagylýan sygyrlaryň azyndan üçisi,dördüsi bolýardy. Sowadyjy islendik wagt sary ýagdan,süýt-gatykdan dolar durardy. Bir gezek sowadyjyny açyp,gerek zadymy alyp durkam enemiň diýen şeýle sözleri ýadyma düşýär:
- Köp şükür,gyzym,siz indi gaty gowy döwürde ýaşaýarys. Telpunmy(telefon),telewizormy,haldinnikmi(sowadyjy),aý garaz durmuş öňkilerden köp derejede aňsatlaşdy. Biziň döwrümizde nä bu zatlar bamy?! Süýdi-hä ýaýyp,süzme edip ýa bolmasa gurt edip gyşa goýarsyň. Eti näme etjek?!
- Dogrudanam ,näme edýärdiňiz- diýip menem bisabyrlyk bilen enemiň sözüni bölýän.
- Gowurma edersiň elbetde,ýöne biz käwagt diňe onuň bilenem oňmazdyk. Bir bölegini duzlap serip kak ederdik. Bir böleginem kiçiräk dograp-dograp duzlardyk-da çüýşe gaba gaplardyk. Onuňam gapagyny bu wagtky ýaly gaplamazdyk-da, suwuk hamyr edip,şonuň bilen suwardyk.
Atam nepaga çykansoň,howlyň ekin-dikini bilen ymykly gyzyklanyp,mallaryny köpeltmegini dowam edýär. Ol Sumbaryň kenarynda mellek ýer edipdi. Şol ýerde bakja ekinleri hem-de birnäçe düýp bidäne injir agajy ösüp otyrdy. Mellekden ýokarlygyna,ýagny demirgazyga gaýtsaň agyllar bardy. Ol ýerdenem ýene ýokarlygyna Gaýdyp günbatar tarapa sowulsaň biziň “garry öýümiz”-mähriban ojak bar. Onuň çar tarapy bagy-bossanlyga bürenendi. Zolaklara bölünen çar tarapynyň bir bölegi narlyk,beýlekisi bolsa alma,erik,ülje,hoz agaçlarydy. Ilkinji goşgymy hem 3-nji synpda okaýarkam şol baglaryň içinde otyrkam düzüpdim. Ilkinji goşgymyň ilkinji diňleýjisi hem atam bolupdy.
Berekella,oglan gyzym(atam ähli gyz agtyklaryny şeýdip söýgülärdi)-diýip başymy sypanda,göýä meniň üçin döredijilik dünýäsine ädim ätmegime berlen ak pata ýaly bolupdy. Bir gezek hem görmedik kakasy Aşyr mollanyň,atasy Nyýaz hojanyň gaty okumyş adamlar bolanlygy hakda kän gürrüňler berende atamyň ylym-bilime muşdaklygyny duýmak kyn däldi. Şonuň üçin hem ol on bir perzendiniň hem bilimli,hünärli bolmaklary ugrunda irginsiz alada edipdir.
Ýylyň tomus paslynda ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýaşaýan perzentleri bilen birlikde barça garry öýe jemlenişenlerinde meger,atam-enemiň ömürleriniň iň ajap günleri bolandyr. On bir perzendiň,otuza golaý agtyk-çowlugyň agzybirlikde bir ojakda ýygnanyşyp bir saçaga jemlenmegi,megerem her bir hossaryň arzuwydyr. Şol ajaýyp günler meniň üçin hem iň bagtyýar pursatlara öwrülip,kalbymyň töründäki goragly ýatlamalaryma siňdi.
Günlerde bir güni kakamy işi boýunça Magtymguly etrabynyň Duzlydepe obasynda ýerleşýän serhetbirikmä iberdiler. Biraz soňra kakam gelip,bizi hem göçürip alyp gitdi. Esli wagt atamlary,dogan-garyndaşlarymyzy görmämizsoň,küýsegimiz gün-günden artýardy. Ýöne habarlaşyp durýardyk.
Şol günleriň birinde postda duran esger kakama gyssagly habar getirdi. Ol dag içi bilen bir ýaşulynyň atly gelendigini we özüni kakamyň hossary diýip tanyşdyrýanlygyny barada aýdýardy. Kakam esgeriň aýdanlaryny eşidip,ýylgyrdy-da kellesini ýaýkady:
Esger,derrew howla göýberiň,ol kakam -diýdi-de özem ylgap barýan esgeriň yzy bilen çalt-çalt ýöräp gitdi. Menem jigim bilen aňk-taňk bolup kakamyň yzyndan galamok,aldygyna-da atammy,atamjan geläýipdirmi,atly gelipmi diýip sorag ýagdyrýan. O barmana-da howlyň derwezesi açylda. Ine,gözlerime ynanmadym. Bir owadan, horjunly atyň üstünde atam ýylgyryp otyr. 1999-njy ýylda uzak ýoldan onda-da dagyň içi bilen atly gelen myhmana hemme kişi geň galdy. Şonda goňşularmyz degşip atama “Görogly”diýip lakam hem goydular. “Walla, meňzeýärem ol. Kiçijikligimden bäri kakamyň okap berýän Göroglysynda hem ony edil atamyň häzirki keşbi ýaly suratlandyrýarlar ahyry,şonuňky ýaly murty hem bar”-diýip pikir edipdim şo mahal.
Şol gezek atam mal-garalary görmänime köp wagt boldy, öz gözüm bilen bir görip gaýdaýyn diýip daga gaýdypdyr. Ýola belet bolonsoň,ondanam dagyň içi bilen bizi görmek üçin Duzlydepä geläýipdir. Bu waka ulagyň durmuşymyza mazaly ornaşan wagty diýseň geň bolup görünipdi.
Atam dili siňňilli diýilýänlerdendi,aýdan zady bolaýardy. Türkmen halky maşgalada ogul perzendi döwletiň başy hasaplansoň,oglunyň bolmagyny diläp gezýär. Atamyň bolsa üç oglunda wagty bilen ogul perzent dogulybermänsoň,alada edýärdi. Ýigidiň yzy ýitmese gowy-da diýerdi. Ýadyma düşýär,2002-nji ýyldy. Biz kakamyň işi boýunça Lebap welaýatynyň Kerki şäherine göçmegiň ugrundadyk. Şol günleriň birinde atam ejeme şeýle diýdi:
Şirin jan,nesip bolsa täze ýerler düşümli bolar. Perwerdigär bir ogul beräýse,adyna Döwletgeldi goýgyn. Bu şeýle-de boldy. Atamyň düýşünde berlen 3 ogul agtygy hem boldy: Döwletýar,Döwletgeldi,Döwletmämmet. Indi-indi üns berýän weli,atamyñ şol atlary dakmagynda hikmet bar eken. Şol atlaryñ Döwlet sözüni aýyrsañ, "Ýarmämmet geldi" galaýýar. Bu bolsa onuñ öz ady.
2011-nji ýylda atam dert tapyndy. Ogul-gyzy üýşende ol şeýle diýipdi:
-bu derdiň asly ýürekden gaýdýandyr. Frontda gören iki apatym ýüregimi ýerinden gozgapdy: birinji gezeg-ä akopda duşmany garawullaýarkak duýdansyz çykan tank bilen üstümizden basyp geçip gidenlerinde,ikinji gezegem,bir oba baranymyzda aýal-erkek diýmän haja çüýläp gidenlerini gören pursatymdyr. Ine, şondan soň bu ýürek hiç wagt öňkisi ýaly urmady,ol haýallady. Indi tapynyp ýören derdimem şonuň netijesi.
Arassa asman bilen parahat zeminiň aralygynda göbek-ganyň daman topragynda erkana dem alyp,eždatlaryň ruhuna sygynyp bilmek bagtyny nesillere peşgeş eden atam we onuň ýaly müňlerçe Watan goragçylarynyň bize beren bagtyny nädip,neneňsi ödäp bilerkäk?! Elbetde diňe we diňe şu mukaddes Watana we mähriban iliňe päk ýürekden hyzmat etmek bilen.
Watanyň her daban ýerini söýmegi atam kakama öwretdi,kakam maňa öwretdi. Menem perzentlerime öwrederin. Bu Watançylyk duýgusynyň baky zynjyry. Atam eline ýarag alyp,Watanyny goran bolsa,men elime galam alyp Watanyň gözelligini,ýaşaýşy wasp edýän. Heý-de miwe daragtdan uzaga düşüp bilermi??! Munuň beýle bolup bilmejegini ömürler,döwürler subut ede-ede gelýär ahyry. Men käte ruhy çökgünlige düşenimde atam düýşüme girýär. Diýmek,ol hemişe biziň bilen.
Ynsan durmuşynda juda kyn alynýan kararlar bolýar. Çatrykda durup,haýsy tarapa gitjegiňi bilmän durýan wagtlaryň bolýar. Meniň durmuşa çykmagym bilen bagly mesele ýüze çykanynda ilki okuwmy ýa durmuş diýen sowalyň çatrygynda durkam ýene atam düýşüme girdi. Ol enem bilen(şol wagtlar enem aramyzdady) meni gelin bolup barmaly howlymyň ýanyna eltýär soňam ak pata berýän ýaly alnymdan öpüp,meni gujaklaýar. Men oýanyp,ömrümiň aýgytly kararyny beripdim we hut şonuň üçinem özümi iň bagtyýar adam hasaplaýaryn. Men Watany,zähmeti sömegi ol mukaddesliklere sygynmagy atamdan öwrendim. Mydama oňa meňzemäge synanyşdym. Sebäbi atam meniň üçin Watançylyk mekdebi bolupdy.

© Meñli AŞYROWA
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 129 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 15:01, 26.02.2023
Durmuşa çykyp pämilýañy üýtgetmediñmi, ýa gaýynlaryñam pamilýadaşyñmydy aýaldogan :-)

Gowy ýatlamalar, atasyny, babasyny görüp olaryñ yzyna düşüp güjürdeşip ýörmek her kime nesibem edip baranok.
Meñ atam men dogulmazymdan has ir 1970-de aradan çykypdyr. Agtygam görmändir pahyr. Dädem ýeke ogullary eken..
Babam ondanam ir aýrylypdyr. Mamam hem men dogulmankam ýogalypdyr.. (ýatan ýerleri ýagty bolsun, bizden razy bolsunlar)

Atañam dowamaty dowam bolsun,
Galamyñam ýiti bolsun!
avatar
0
2 Pero • 09:22, 06.03.2023
Amin,aýdanyñ gelsin,aýaldogan!
Ataly-eneli günler başgaça,juda süýji ýatlama bolup galýan eken. Sebäbi olar bizi gör neneñsi ezizlärdiler
avatar
0
3 Kyyas • 08:07, 09.05.2023
Amin
avatar

Старая форма входа
Total users: 203