14:28 Surat çekdim | |
SURAT ÇEKDIM Suradyny çekdim Belent gaýalaň Eteginde gök kürteli jülgäniň Surat çekip, Reňkler bilen görkezdim Hyýallaryň çyna uçrap güllänin. Surat çekdim,onda Aýdaky daglar Topbak-topbak bolup Gonupdyr ýere. Durmuşyň yşkyna düşüp giň sähra Gülälek köýnegin geýipdir ýene. Uzaklarda öýler hatarma-hatar Gizläpdir olary uzyn derekler. Hanha agras dymyp otyr degirmen Yhlas bilen kän işländir bir çaklar. Ylgap barýar gulpaklyja gyzjagaz Çörek yapýan ejesiniň ýanyna. Bir gyrada çilik oýna gyzygyp Oglanjyklar topbak bolup dur, ana. Gözýetim alysa uzalyp gidýär, Gursagynda zawly daglary saklap. Towlam-towlam derýa ýatyr arada Zeminiň üstüne özüni oklap. Surat çekdim,çekdigimçe güýjedi Joşgunyň mukama öwrülen keşbi. Geň ýeri egnimden aýrylan ýaly Boldy agyr ýüküň agramly keşgi. Ençe wagt bagtyň keşbini gözläp Asyl şu suratda tapan ekenim. Meni kiçilikden söýüp ulaldan Watanmyň suratyn çeken ekenim. © Meñli Aşyrowa Arhiwden | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |