08:26 Suwaryşyň görnüşini dogry saýlap almak | |
SUWARYŞYŇ GÖRNÜŞLERINI DOGRY SAÝLAP ALMAK Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň ylymly bilimli,okaýan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň ele alýan hünärlerine has çuňňur düşünmeklerine,geljekde bu ugurda anyk wezipeleri öz öňlerinde maksat edip goýmaga şert döredýär. Oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň usullaryny saýlap almagyň örän uly ähmiýeti bardyr,çünki oňa ekinleriň hasyllylygyny,tekizleýiş işleriniň möçberleri,suwçylaryň iş öndürijiligi,öndürilen önümiň özüne düşýän bahasy we beýleki görkezijilere baglydyr. Belli bir etrabyň,hojalygyň hemme şertlerine gabat gelýän suwaryş usullaryny saýlamak aňsat iş däldir. Suwaryşyň tejribesiniň görkezişi ýaly suwaryşyň usullarynyň hiç birisi hemme şertlerde ulanylyp bilinmez. Sebäbi,käbir ýerlerde ekin meýdanlaryň tebigy eňňitliligi ýokary bolup,bu ýer üstünden suwaryş alyp barmaklygy kynlaşdyrýar. Eger ekin meýdanlary bar bolan etrabyň howa şertlerine görä ýeliň tizligi ýokary bolsa,onda suwaryşy ýagyş ýagdyryp suwarmak usuly bilen ýöretseň,hasyllylyk netijesiz bolar. Ýa bolmasa-da däneli ekinleri suwaryşyň damjalaýyn usuly bilen suwarmak başartmaýar. Umuman,ýokardaky we beýleki sebäpler gözöňünde tutulyp,hem-de ykdysady netijeliligi kesgitlenilip suwaryşyň görnüşi saýlanýar. Ýeri gelende aýtsak,häzirki güne çenli suwaryşyň has giň ýaýran usullary alty sany bolup,olar: ýeriň üsti bilen suwarmak,emeli ýagyş ýagdyryp suwarmak,damja bilen suwarmak,topragyň aşagyndan suwarmak,duman görnüşli suwarmak we käbir ýurtlarda “Subirrigasiýa”( bu usulda ýeriň astyndaky suwlaryň derejesi emeli ýagdaýda topragyň yzgarlandyrylmaly gatlagyna çenli ýokary galdyrylýar)diýlip at berlen suwaryş usuly bilen suwarmak. Ýer üsti bilen suwarmagyň hem üç görnüşi bar. Olar ekinleriň görnüşine baglylykda,keş arkaly suwarmak,zolaklaýyn suwarmak we bassyryp suwarmakdyr. Bassyryp suwarmak suwaryşyň iň gadymy görnüşidir. Bu usul bilen suwarylanda töweregine çil çekilen ekin meýdanlary-peller ulanylýar. Bu usul bilen,esasan,şaly suwarylýar,ýuwuş we tagt suwlary tutulýar. Tagt suwuny ýagýan ygallar oba hojalyk ekinleri üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýda,ýuwuş suwuny bolsa,toprakdaky zyýanly duzlary ýuwup aýyrmak maksady bilen tutulýar. Zolaklaýyn suwarmak usuly esasan,hatar aralary bejerilmeýän ekinler,ýagny däne,ýorunja,arpa we şunuň ýaly beýleki ekinler suwarylanda ulanylýar. Bu usulyň tehnikasyna zolaklaryň uzynlygy,ini,zolagyň sakasyndaky suwuň ortaça mukdary,suw tutulyşyň dowamlylygy we çiljagazlaryň beýikligi girýär. Bu bölekler biri-biri bilen arabaglanyşyklydyr. Olaryň ululygy ýeriň ýapgytlygyna,topragyň suw geçirijiligine,suwuň mukdaryna baglydyr. Ýeriň ýapgytlyk derejesine üns berilmeginiň sebäbi,suwuň zolagyň hemme ýerine deň ýaýramagy üçin tekizlenişiň hili örän gowy bolmalydyr. Suwaryşda ýene-de bir üns berilmeli häsiýetleriň biri topragyň suw geçirijiligidir. Meselem,çäge we çägesöw topraklarda bu görkeziji ýokarydygy sebäpli,zolaklara suw tutulanda az-azdan birnäçe tapgyrlara bölünip berilmeli. Birinjiden,beýle edilmese, ekinler doly derejede suwdan ganyp ýetişmänkä, tiz süzülip,aşaky gatlaklara geçip gidýär. Ikinjiden bolsa, suwuň biderek ýitmegine,ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna,netijede,ýerleriň şorlaşmagyna eltýär. Tersine toýun we toýunsöw topraklara bolsa, birbada köp mukdarda suw tutmak bolýar. Sebäbi,olaryň geçirijiligi pes bolansoň, suw ýuwaş-ýuwaş siňýär we yzgar uzak saklanýar. Keş arkaly suwarmak usuly bilen gowaça,gök-bakja we miweli ekinler suwarylýar. Bu usul bilen suwarylanda suwaryş tehnikasyna keşiň uzynlygy we kese-kesigi,suwuň akymy hem-de suw tutmagyň dowamlylygy girýär. Keş mümkin boldugyça uzyn bolmalydyr, şeýle bolanda okaryklaryň sany we tutýan meýdanlary azalýar. Bu bolsa suw ýitgisini ep-esli azaldýar. Sebäbi,alymlaryň tassyklamagyna görä,suwuň esasy ýitgisi mömsümleýin guralýan ýaplarda,ýagny okaryklarda juda köp bolýar. Bir keşe berilýän suw mukdary topraga görä ýokary bolmaly,şonuň bilen birlikde ol topragyň ýuwulmagyna ýol bermeli däldir. Keşiň tutuş uzaboýunyň topragyny deň-derejede yzgarlandyrmalydyr,onuň aýagujyndan çykýan suwuň mukdarynyň az bolmagyny üpjün etmelidir. Şu ýerde bir zady belläp geçmeli. Agyr toprakly we ýapgytlygy uly bolan ýerlerde suwy keşleriň aýagujyndan çykarman tutmak başartmaýar. Şeýle ýagdaýlarda keşiň sakasynda we aýagynda topragyň gatlagyny deňräk yzgarlandyrmak üçin suw keşiň aýagyna ýeten hem bolsa onuň tutulyşyny dowam etdirmeli bolýar. Elbetde,munda suwuň belli bir möçberi keşleriň aýagujyndan çykyp gidýär. Mümkin bolan ýagdaýda ol suwy aşakda ýerleşen meýdanlary suwarmak üçin ulanylýar. Eger-de şeýle mümkinçilik bolmasa,onda suw ýörite sowma ýaplara guýdurylýar we ekin meýdanlarynyň çäginden çykarylýar. Keşleriň aýagujyndan çykýan suwuň mukdaryny azaltmak üçin akymyň ululygyny üýtgetmek maslahat berilýär. Mysal üçin,ilkibaşda bir keşe berilýän suwuň mukdaryny suw keşiň uzynlygynyň üçden iki bölegine ýetende iki esse azaldýarlar. Umuman,ýokarda belläp geçen ýer üsti boýunça suwarşyň görnüşleri,ençe synagdan geçen,ygtybarly usul hasaplanyp,güneşli ýurdumyzda hem giňden ulanylýar. Emma,alymlaryň bellemegine görä,islendik usulyň hem özüne ýetik artykmaçlyklary we kemçilikleri bar. Şonuň üçin hem ilki bilen ozaldan ulanylyp gelinýän usullary gowy özleşdirmek we diňe şondan soňra ylmyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak mümkindir. Mundan başga-da başda hem belläp geçişimiz ýaly,ähli ekin meýdanlarynyň hemme şertlerine gabat gelýän suwaryşyň usulyny saýlamak mümkin däl diýen ýalydyr. © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |