Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:47
Tabyt / hekaýa

TABYT

Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düşüp, depe saçym üýşýärdi.
Iň beteri hem, ol tabyt mende adamyň kellesine gelip biljek iç-ýürek gysdyryjy, iň bir tukat pikirleri oýarýardy. Şäheriň giden bir raýonynda bizden başga hiç kimde tabyt bolmansoň, onuň hyrydaram kändi. Kä günler ikiläp-üçläp hyrydar tapylýardy.
Özümiziň saklap ýören şu geň emlägimize men ne begenjegimi bilýärdim, ne-de gynanjagymy. Tabydyň hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoňlar, men «adamlar diňe ölýärler-ow» diýip pikir edýärdim.
Şol tabyt howlymyzda peýda bolandan soň, atam bilen kakamyň arasynda ownukly-irili çaknyşmalar döräp başlady.
– Kaka, sogap gazanmaga başga ýol ýokmudy? – diýip, kakam atamyň göwnüne degmez ýaly, seresabrak äheň bilen aýdardy.
– Ýerimiz darlyk edenok, oglum! – diýip, atam sakgalyny sypalardy. – Ýolda-yzda oňa büdrejek gümanyň ýok. Ol ýerzeminde.
– Ol-a şeýle welin…
– Ýeri, weliniň näme?…
– Howluda tabyt bolansoň, bu gün-erte ajal gelip ýakaňdan tutaýjak ýaly bolup dur…
Atam şundan soň myssaja ýylgyrardy-da:
– Gowy bor, oglum, gowy bor, käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz – diýerdi. – Onsoňam, özüň bilýäň, bu jelegaýda hiç kimde tabyt ýok ahyryn.
Gürrüň şunda gutardy.
Gapy bolsa şol kakylyp durandyr.
Äkidilende üstüni ýukajyk tozan gatlagy basan tabydymyz gaýdyp gelende ýuwlup-ardylyp, öz gögümtil reňki bilen enaýy öwüşgin berýärdi.
Kakam ara wagt salyp, ýene atama igenerdi:
– Kaka diýýän-ä, şu tabyt saklamagyň gowy niýetmi?
– Gowy niýetmi, erbet niýetmi, onçasyny özüň bil. Ýöne adam diýeniň sen isleseňem ölýändir, islemeseňem. Il derdine ýarajak şaýyň şumam bolsa, saklamak erbet däldir. Ine, men erte ölerin. Şonda nädersiň? Iki sany ýasy şalmanyň üstünde ýuwup, şoňa mündüribem ýola salaryn diýjekmi?
Atamyň gaharynyň gelenini bilip, kakam ýene yzyna dolanardy.
Adamlar bolsa şol gelip durandyr.
Wagtal-wagtal atam tabydy howlynyň ortasyna çykaryp, sallançak bejeren ýaly, onuň gowşan çüýlerini berkiderdi, eger reňki solupdyr diýip pikir etse, alardy-da reňkläp goýbererdi.
Şeýle söýgi bilen tabydy bejerýän atama men näme diýip näme aýtjagymy bilemokdym: «Onuň ähli duýgusy ölen bolara çemeli» diýip, içimi geplederdim.
Ýaz geçip tomus, tomus geçip güýz geldi. Baglaryň saralan ýapraklary ýere şeýle bir göwünsiz gaçýardy welin, göwnüňe bolmasa, olar, iň bolmanda, ölümiň öň ýüzünde howada bir salym saklanmaly diýýän ýalydy.
Günleriň birinde kakam içip gelip, atamdan idinsiz tabydy ýerzeminden çykardy-da, ony palta bilen kül-owram etdi:
– Kim saklasa, şol saklasyn. Men indiden beýläk beýle jeza çydam edip bilmen.
Penjireden seredip duran atamyň gazaply sesi gulagyma ildi:
– Haý, wenezzyna!
Ol şundan başga bir sözem diýmedi-de, içini çekip, aşak çökdi. Penjiräniň aňyrsynda onuň nä haldadygyny bilemok, bilmänime-de şükür edýärdim.
…Güýz paslynyň irginsiz ýagşy ýaly, tabyt gereklilerem şol gapyny kakyp durýardylar. «Tabyd-a ýokdur» diýen jogaby eşidensoňlar, olar ýagşyň astynda niräk gitjeklerini bilmän, aljyraňňy halda maslahatlaşýardylar. «Aý, bul-a bolmady» diýşip zeýrenýärdiler.
Şeýle ýagdaýy görensoň, atam ahmyrdan hem-de gynançdan ýaňa müzzerip galýardy, kakamyň ýüzüne gazap bilen seredýärdi-de, öz jaýyna geçip gidýärdi.
Tiz wagtdan soň segsene ser uran atamyň haly ýaramazlaşyp ugrady. Ýanyny mazaly ýere beren atam täretinem düşekde etmeli bolýardy. Onuň indi galmajagyna gözi ýetensoň, kakam dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza habar etdi: hoşlaşmakçy bolsaňyz gijä galmaň!
Esasy geljek adamlar gelip ýetişensoň, atam uzak jepa çekmän jan berdi.
Pahyr agşamara jan berensoň, ertir ir bilen jaýlamaly diýen maslahata gelindi. Ertirki gopjak howsaladan hiç kimiň habary bolmansoň, kakam haýal etmän atamyň doganyna – ýaşulymyza tabydyň ýoklugyny aýtmaly boldy. Şuňa-da şükür.
Adamlar tabyt gözleginde ikiýana urnup ugradylar. Gijäniň ýaryna çenli tabydy bolaýjak adamlaryň hemmesiniň gapysy kakyldy. Gidenem iki elini burnuna sokup gelýärdi. «Be, adamlar hem meniň kakam ýaly pikir edýän bolara çemeli: şol şum zady biri saklamaly. Gerek bolsa, ilçilikdir, elbetde, tapylar» diýýändirler diýip, men içimi gepledýärdim.
Uly bir şäherde tabyt ýokdy…
Ahyry daň saz berende, bir ýagşy adam gapymyzyň agzynda maşynyny duruzdy-da, howla gygyrdy:
– Birki sany adam çyksyn, haw!
Howla reňki saralan, çagşap giden tabydy saldylar. Ilçilik-dä, şuňa-da şükür!
Gün guşluk bolanda, atamy tabyda mündürip ýola düşdük.
Men öňem bu ýoldan telim gezek geçipdim. Emma ol hiç wagt şu gezekki ýaly tagaşyksyz, geň bolup görünmändi. Elleriň üstünde jygyldap barýan betgelşik tabytda ýatan atam, göwnüme bolmasa, häzir kellesini galdyryp:
– Oglum, maňa çekiçdir çüý, reňk getir, bu tabydy päbrikden çykma edeli – diýäýjek ýalydy.
…Adam soňky gezek ynjamaz ýaly, tabytlar berk bolmalydyr.
Gerek bolaýýar.

© Gurbannazar EZIZOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 153 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
2
1 sussupessimist • 01:48, 20.12.2023
Gowy hekaya. Yönekeyje, yone täsirli.
Nämüçin beyle sussupessimistik eserleri paylaşyarka diyseňiz, şu eseriň gahrymanynyň sözleri bilen jogap bererdim:
"...käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz»
«...adam diýeniň sen isleseňem ölýändir, islemeseňem. Il derdine ýarajak şaýyň şumam bolsa, saklamak erbet däldir»
avatar
0
2 Küle • 08:12, 20.12.2023
Bäh
avatar
1
3 Mekan2 • 10:00, 20.12.2023
öň birnäçe gezek okanam bolsam, ýene täsir galdyrdy.

"ee-w, Gurbannazaryň eserine bir zat diýmäge nähili het edip bilýäň" diýiljegini bilsemem, ki meň xx asyrdaky iň halaýan şahyrym, onda-da birki ýerine öz pikirimi aýtjak. halypaň özi aýatda bolan bolsa şoň tarapdary bolardy diýip pikir edýän (ýazylan ýatlamalardan çen tutup).

1. hekaýaň başynda

Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok

soňam

Şol tabyt howlymyzda peýda bolandan soň

diýilmegi.

2. ...ýerzemine girmek miýesser gelende...
"miýesser gelendesi" birhiliräk

hä, öň okamda-da, şu gezegem şu ýerini

...kakamyň ýüzüne gazap bilen seredýärdi-de...

şeýle okadym

...kakamyň ýüzüne gazap bilen alarylýardy-da...
avatar
3
4 Hydyr • 11:12, 20.12.2023
Ilki gezek golýazmalarynyň arasyndan çykanda okapdym. Birinji sahypaň ýokarsynda Edebiýat ýe sungatyň kilişesi bardy. Iň soňky sahypaň arkasynda birki san gol bardy. Gazýetde işleýänler, işlänler bilýändir, bulardan çen tutsaň gazet sahypa goýulypdyr, soňam aýýrylypdyr. Bu hekaýasy hakda Gurbannazar biziň ýanymyzda hiç zat aýtmandy. Başga-da gürrüň eden ýeri ýok ýaly. Hekaýa-da aýdyljak bolunýan zat o döwür üçin gaty düýplüdi, diýjek bolýanym o döwür üçin aýdyp bolmajak zatdy. Megerem, şuňa düşünensoň, Gurbannazar gaýdyp hekaýa ýazmadymyka diýýän. Goşguda "Öz köňlümem ahy-zarda" diýseň setirleň arasynda görünmän diýen ýaly geçip gidýär, hekaýada, prozada muny etmek mümkin däl ýaly görünýär. Hekaýany ilki okamda näme üçindir Hemungueý ýadyma düşdi. Po kom zwonit kolokoly okan ýaly boldum. Agras, gysga setirler. Soň wagt geçdi, hekaýa meşhur boldy. Menem gaýtalap birnäçe gezek okadym Hekaýa bilen öwrenişdim. Şonda käbir öwrenjeligi, ilki synanşykdygyny bildirýän ýerlerini duýdum. Olary aýdasym gelenok. Aýdaňda-da gaty ownuk zatlar. Türkmen prozasyny bilmesemem, onuň o gezip ýören prozaçylardan ýoluk güüýçlüdigini gördüm. Hekaýa çap edilen bolsady, belki, biz Gurbannazaryň ýene birnäçe üýtgeşik hekaýalaryny okardyk. Sebäbi Gurbannazar duýgur, synçy adamdy, seň içiňden geçýän duýgulary, pikirleri ýüzüniň ugruna aňardy. Sereden zadyna görmek üçin däl, bilmek, düşünmek üçin seredýärdi. Bagyşlaň Gurbannazary näçe ýatlasamam az, şonuň üçin bir zatlar ýazaýdym.
avatar
1
5 sussupessimist • 11:16, 20.12.2023
alarylsa, "gazap bilen" geregem däl.

miyesser gelmegi - dogry, tagaşyksyz, yone nesil çalşygy bilen diliňem üytgeyanini, òzgeryänini göz öňüne tutmak gerek. Häzir Ata Gowşudyň, Berdi Kerbabaň, Pomma Nurberdiň dilinde gepleyän adama kän duşmarsyň (Biçem däl, eýsem-de bolsa... ya-da, aydaly, Tirkiş Jumageldiň: "...yeri, özüň oňly eşekmi, diý!", "Turzulan gopguny, şowhuny göreňde umyt etmez ýaly boldumy, diý!" diyen formada sözlem gurşy).
Kabir sözler resmiyetde kan-kan ulanylyberse, şol söze resmi diyip başlayas, meselem, "garamazdan", "tagalla", "yardam", "mynasyp", "miyesser" yaly bigünä sözler...
avatar
0
6 Mekan2 • 11:23, 20.12.2023
ýazyň, Hydyr aga, biz-ä Gurbannazar hakda ýatlama okamakdan ýadamyzok. täze zat ýazylmasa, öňküleri gaýtalap okaýas.

asylam, kim hakda bolsa-da, ýatlama okamak gyzykly. şoň üçin bolmagam ahmal, A. Taganyň "40 ýylda ýazylan kitap" eserini, J. Hudaýgulynyň "Döwür kyssasyny" taýsyz eserler hasaplaýan.

A. Tagan H. Derýaýewiň ekiz çagalaryny depini hakdaky ýatlamasyny ýazmadyk bolsa, hiç kimiň habaram bolmaýady o zatlardan.

häzir ýatlamda-da inim jümşüldäp gidýä.
avatar
1
7 sussupessimist • 11:27, 20.12.2023
Annaberdi Agabayewiň "Ezizowyň emri bilen" atly kitabam gowudyr. Birden tanyş däl bolsaň.
Bäh, şonam kimdir biri elektron warianta geçiräysedi.
avatar
0
8 Mekan2 • 11:31, 20.12.2023
"miýesser etmegi" resmi bolanlygy üçin däl, manysyndaky ýetilmeýän zada, başyňa gelse begenjek zadyňa ýetilmek ýalyrak many bolany üçin aýtdym. o bosa ýerzemine giresi gelýän däldir. gorkýandyr.

şuny gözöňüne getir: bir zek durmuşy hakynda gürrüň berýäkä "onsoň pylan wagtam maňa türmä girmek miýesser etdi" diýse, degişýändir, durmuşynyň üstünden gülýändir diýip pikir edäýmeseň.
avatar
0
9 Sylapberdi • 11:32, 20.12.2023
Hemingueyiñ Po kom zwonit kolokol romanyny menem okapdym. Прощай оружое dan soñ ol roman birbili başga başga awtorlaryñ elinden çykan ýaly duýlupdy.
avatar
0
10 Mekan2 • 11:33, 20.12.2023
iki saparjyk okadym. şoň elektron warianty mende bar bolmagy ahmal. ýöne skan edilen.
avatar
0
11 mahridzemalnovruzova • 20:35, 09.10.2024
Her gezek gaýtalap okanyňda iniňi jümşüldä gaplaýan täzeçe pikirler döreýär
avatar

Старая форма входа
Total users: 202