Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:24
Sözi geçer janyñdan
SÖZI GEÇER JANYŇDAN

Deňsiz bile deň eýleseň özüňi,
Dert boluban, sözi geçer janyňdan.
Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,
Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.

Gahra münüp, galdyrmagyn şeýtany,
Söze uýup, unutmagyn Rahmany,
Kesse aklyň ýagşy bilen ýamany,
Her bir söze dolup-daşma ganyňdan.

Sabryň bolsa, Suhan ýeter dadyňa,
Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa,
Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,
Tiken bolup dürtüp geçer donuňdan.

Barça bolan işler Hakyň işidir,
Oňa ten bermeýen – akmak kişidir,
Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,
Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.

Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,
Mesde akyl bolmaz, gäwürde − iman,
Jaýyn tapsa, garynja deý pes duşman,
Arslan bolup, el götermez şanyňdan.

© Magtymguly PYRAGY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 11:48, 19.08.2024
göwünlik beriji goşgy eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203