19:20 Şükür bagşy / - V, VI | |
ŞÜKÜR BAGŞY V «Han halys bolmazyna tutan bolsa gerek. Gulam bagşy! Men ony eşidýärdim. Onuň dabarasy dag aşyp, biziň obalarymyza çenli baryp ýetendir. Ba-a, ony ýeňip dogany alyp ötägitmek – eşekden palan alaýmag-a däldir. Hanyň hem bagşysyna göwni ýetýär. Ol diňe bir şoňa daýanyp uly gepländir, hondan bärsi bolup joşandyr: «Meň bagşymy ýeň-de, doganyňy alyp gidiber...» Sazanda hanyň ýanyndan turup, myhmanhana barýança şeýle pikir etdi. Ony bir kiçijik tama alyp bardylar. Tamyň için-de bir adam oturybermeli düşek bar. Ýekeje äpişgesi bolup, ol hem ýumruk sokaýmaly, darajyk. Onda bu golaý-goltumda adam hem ýaşamadyk bolara çemeli. Diwaryň ýüzüne ýelmeşen kerepleri bagşy gördi. Ol her halda munuň içine özüniň pikiri we dutary bilen ýerleşip bildi. Ýanynyň bir çäýnek gök çaýy bilen bir tabak piti getirip, oňa berdiler. Ol nahardan-çaýdan iýip-içip egismedi. Işdäsi ýanypdyr. Goýberiljek at ýaly, galpyldap pikir edýär. «Men nämeden beýle darygýaryn? Gulam bagşy ýaly bagşylary görmerin diýip, bu ýere gaýdypmydym? Ýok, han kimi bolsa öňüme çykarybersin. Saz çalşyp almaly bolsam bolýar. Maňa asyl geregi şol ahyryn! Gulam bagşy ýaly bagşy bilen saz çalşyp bilmäge gorkjak bolsam, onda seniň üstüňe başga hili bolup gelerdim. Onda gezegi çolak Batyra, obamyň ýigitlerine bererdim ahyryn. Men ony etmedim. Saz çalyşmaga meýil edip geldim. Şu dutarym bilen agamy azat edip bilmesem, onda onuň inisi bolup bilmedigim diýip, kasam edip geldim. Şu kasamy seniň Gulam bagşy ýaly bagşylaryň känligini bilip durup etdim ahyryn. Ýöne welin han sözüniň üstünde tapylaýbilse ýagşydyr. Nähili ýol bilen bolsa-da iň ilki bilen onuň şu tarapyny pugtalamaly. Eger ol sözüniň üstünde dursa, onda tüýs meniň diýenim gelýär... Armanym galmaýar. Getir Gulamyňy!.. Gelsin şol Gulam!..» Bagşyň ýüregine howul düşüp, ýerinden zöwwe turdy. Daşary tüm-garaňky bolup, darajyk äpişgeden görünýärdi. Sazanda özüniň bu tama gün ýaşmanka gelip girenini ýadyna düşürdi. Indi bolsa gijäniň bir wagtlary bolup gidenini aňlady. Onuň ýanyna gelip-gidýän ýok. Bir adamyň mazut ýagly çyrany ýakyp, şol gidişi. Daşardan adam sesi, aýak sesi hem eşidilmeýärdi. Içerde gezmeleýär, ölügsi çyra seredip durýar. Beýle ýekelik, munça wagty bir öýde bir özi oturyp geçirmek onuň haýsy bir ýerde, haçan gören zady? Darajyk tam onuň içini ýyrtyp barýardy. Onsoň ol dagy näme ederini bilmän, ýazylgy duran düşegiň üstüne özüniň ýadaw göwresini goýberdi. Ol hanyň ýumşak düşeginiň üstünde ýatjakmydy? Onuň hözirini görmek isleýärdimi? Ýok! Asyl ýok. Ol entek pikir etjekdi, eline dutaryny alyp, birnäçe heňleri gaýta-gaýtadan çalyp çykjakdy. Bularyň hiç haýsy bolmady. Başyny ýassyga goýan dessine uklady. Häzir oňa hemme zatdan beter uky gerekdi ahyryn. Bagşy daň bilen oýandy, ýöne welin turmady. Ol oýa ýatdy, uzak ýatdy. Öten agşamky pikirleri, öz-özünden geplemekleri ýene-de onuň başynda häzir boldy. Süňňüne ýene-de galpyldy düşdi. «...Gulam bagşy... Han bagşysy... Onuň özüne göwni ýetýändir. Arkaly köpek gurt alar!.. Goý, ol han bagşysy bolsun!.. Ol tarapy meniň üçin hiç. Ol han bagşysy bolsa, men-de bu handan azajyk-da çekinmeýän batyr ýigitleriň sazandasydyryn. Ýöne welin elde barymy etmelidirin. Gulam bagşy äsgermezlik eder ýaly bagşy däldir. Onuň dabarasy biderek ýere dag aşyp, alys ýurtlara ýeten däldir. Onuň bilen ýene-de biraz wagtdan soň saz çalyşmaga oturmaly bolarys...» Sazandanyň ýüregine howul düşen ýaly, turmaga hyýallandy. Ýassykdan başyny galdyryp, äpişgä seretdi. Entek irdi. Ýumruk sokaýmaly darajyk äpişgeden daňyň ala garaňkysy çalaryp göründi. Diňşirgendi: ses-üýn eşidilmeýär. «Meniň ýatan ýerim han galasy ahyryn. Belki, bu ýerde giç turulsa-da turulýandyr» diýip, ol ýene-de başyny ýassyga goýberip, şol öz-özi bilen gepleşmegini dowam etdi: «...Eger Gulam bagşy ýeňip çykaýsa, onda näme bolar? Bo-o-ow, ondakyny ýada düşürer dagy eder ýaly hem däl. Onda men ilimiň eline dutar alanynyň hemmesiniň ýüzüni ýere salaryn. Öz halypam, maňa sazandalyk patasyny beren Garadäli näder? Şeýle bir masgaraçylyk bolsa, ol muňa döz getirip bilmez... Näder? Iň ilki bilen dutaryny owram-owram eder-de oda salar. Onsoň... Döwletdurdy bagşy hem gabrynda rahat ýatyp bilmez. Şeýle bir masgaraçylyk bolsa, oňa hem ýeter, onuň ruhy duýar. Olar sazlaryny nähili söýdüler hem onuň ösmegi ugrunda nähili jan çekdiler?.. Olar sazlarynyň masgaralanmagyna hiç bir çydap bilmezler ahyryn.» Pikir edip şu ýere ýetende, ol edil el bilen göterilen ýaly, zöwwe ýerinden galdy. Onsoň başyna gelip-geçýän pikirlere geň galyp durdy. «Näme üçin başyma şeýle pikirler, şeýle ýatlamalar gelýär? Bu nämedenkä ýa meniň şu Gulam bagşydan sussumyň basylyp ýördügimikä? Onda näme üçin özüm duýamok? Menmi sazymyza masgaraçylyk getirjek? Men şuňa degişlimikäm? Ýok, bu bolup bilmez... Men Garadäli gökleňden pata alandyryn. «Sen sazanda bolduň» diýip, ol öz dili bilen maňa aýdypdy ahyryn. Mundan soň saz çalyşmakdan gaýdarynmy?.. Eger doganymy saz çalşyp almaly bolsam, maňa dagy näme gerek? Meniň diýenim gelýär ahyryn. Hut şunuň üçin hem men şu ýere geldim ahyryn. Men sazymyza ysnat getirmerin! Öz halypalarymyň ýüzüne çirk ýalyjak-da garalyk getirmerin!» Sazanda soňky sözüni örän kesgitlilik bilen aýtdy-da, geýinmäge durdy we nirä ýör diýilse gidibermäge taýýar boldy-da, dutaryny ýeňillik bilen çalmaga oturdy. Han galasy turupdy. Bagşy indi özüniň nirädir çagyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. «Han bagşysy getirilendir. Häzir meni hem onuň ýanyna alyp bararlar. Han bagşysy. Ol gabarylýandyr... Han hem oňa öz tabşyryklaryny berendir...» Ol pikir edýärdi. Häzir bu kiçijik tam onuň gözüne öten agşamkysyndan has dar we ýürek gysdyryjy bolup görünýärdi. Näme etsin? Çagyrylýança onuň içinde içini gysdyryp oturmaly. Ol äpişgä tarap bakyp, ondan köp zatlary görýärdi. Uzakdan bagşynyň düýnki üstüne çykyp oturan uly dagynyň başy görünýär. Ol dagyň öňüni kesip, gara gözelek gelin-gyzlar hem ýigitler geçýärler. Bagşy seredip otyr. Henizem onuň ýanyna gelýän, halyndan habar alýan ýok... «Bu hanyň zyndany bolaýmasyn?» Uzak garaşyp oturandan soň, bagşy öz oturan otagyndan şeýle netijä geldi-de, tamyň içine: äpişgä, gapa gaýtadan garap çykdy we turup, onuň içinde iki tarapa gezmelemäge durdy. «Belki şeýledir, ýogsam han agşam meni özüniň ýanyna çagyryp, saz çaldyrmazmydy, gürrüň eşidip oturmazmydy? Ýa ol öz bagşysy bilen gidişýärmikä? Ony meň garşyma çykarjak bolup taýýarlaýarmyka? Nämäni çen etseň edip oturmaly, oňaýsyz ýagdaýa bir-kemsiz düşüpdirin. Meniň ne gözel ýigitleriň içinden çykyp, gelip oturan ýerimi! Onda-da öz aýagym bilen gelib-ä... Dogry, bu hanyň myhmanhanasy bolman, zyndany bolsa-da bolup biler. Han meni şunuň içinde oturdaýyn diýse-de oturdyp biler. Men näme edip bilerin? Ynha otyryn-da, näme edip bilýärin? Obamyň adamlarynyň handan tamasy şudy ahyryn. Şeýle bolup hem çykaýan bolmasyn... Goý, şeýle bolsun!.. Mundan hana näme peýda çykjak? Akmak han, bir «Ýandym, Leýlini» eşideniň degmeýärmi dünýä malyna? Onsoňam oturjagyň şunuň içi bolsa bolýar. Haýsy gije diýsem, munuň içini boşadyp çykyp gidip bilerin. Ýok, sen meni zyndanda oturdýan dälsiň! Seniň niýetiň başgadyr. Meni Gulam bagşa daladyp, masgaralamak isleýänsiň, sen meniň üstümden güljeksiň. Hany göreli, kim-kimiň üstünden gülmeli bolarka?» Sazanda ýene-de saz çalmaga oturdy. Onuň joşgunly ýüregini, edýän pikirini saz biraz köşeşdirip bilýärdi. Ol şu ýerde oturyp «Sazandanyň ölümi» diýen bir heň düzmegi hyýal etdi. Edil ýeri. Bu ölmez-ýitmez bir heň bolar. Dutarlarda köp-köp çalnar. Eşidip oturanlar bolsa hany ýigrenerler hem oňa nälet okarlar. Şu halatda aňyrdan biriniň gyssanmaç gelip gapyny açmagy sazandanyň pikirini bozdy. – Myhman, turduňyzmy? – diýip, ol gelen ýigit sorady. Bu bagşyny düýnki garşylanlardan däldi. Mylaýym ýigit. Nebsi agyrýan şekilde sazandanyň ýüzüne garap durdy. Bagşy hem onuň ýüzünden nämedir bir zady aňlajak bolan ýaly seretdi-de: – Garaşyp hem kän oturdym – diýip ýylgyrdy. – Özüňe göwnüň ýetýän bodaýbilse ýagşydyr, myhman, hanyň tutan desgasy gaty uludyr. «Şu gün Gulam bagşy bilen türkmenden gelen bagşy saz çalyşjak» diýip, ol uly ile habar ýaýratdy. Öten agşam bolsa han özüniň iýip bilmeýän zatlaryny Gulam bagşa iýdirip, ony bakdy. – Gulam bagşy geldimi? – diýip, sazanda sorady. – Entek ol gelenok, ynha geler. Arkaýyn bol, ol geler, onda-da kükräp... geler! – Ol neneň sazandadyr? – Zordur, gaty zordur. Özüne gaty göwni ýetýän bolaýmasa, ýanaşar ýaly bagşy däldir. Ondan gorkusyna biziň bu töwereklerimize bagşyň, sazandanyň aýagy sekip bilýän däldir. Siz gelipsiňiz. Belki, siz hem şonça bar bagşysyňyz. Şeýlemi? Çolaja ýerde maňa aýdaý. – Ýog-a. Men han bagşysy däldirin – diýip, Şükür güldi. Ol ýigit bagşa ýene-de nebsi agyrmaklyk bilen seredip, sözüni dowam etdi: – Özüň gör-dä, bagşy... Ýagyň meňki bolsun diýer ýal-a däldir. Gulam deňi-taýy ýok diýilýän bagşydyr... – Nähili bolsa-da onuň bilen görmeli bolduk. – Onda gideli, meni: «Tiz alyp gel» diýip iberipdiler. – Görmeli bolsa hanyň Gulam bagşysynam göreli – diýip, sazanda eline dutaryny alyp, süňňi ýeňillik bilen turdy. VI Güýzüň ortaky aýynyň bu günki güni baýakylaryndan yssy boldy, edil tomsuň bir güni ýalňyşyp gelen ýaly. Bu hana kem ýakmady. Ol desgany howlynyň ortasyndaky howzuň başynda, belent sekiniň üstünde, gollaryny çar töweregine ýaýradyp duran ullakan güjüm agajynyň kölegesinde gurady. Sekiniň üstüne haly düşekler gat-gat edilip düşeldi. Olaryň içinde türkmen halylary hem bardy. Bagşy gözüne görünýän zatlaryň hemmesine aşaklyk bilen seredip geldi. Ana, onuň gözleri öz halylaryna hem düşdi. Olara yssylyk bilen seretdi we üstlerinden aňsatlar gözlerini aýryp bilmän, ep-esli salym durdy. Näme üçin? Olary şu gün görmelimi näme ýa olaryň gölleri, nagyşlary üýtgäpmi? Ýok. Öz gelin-gyzlarynyň gara öýde, aýak üste oturyp dokaşlary. Ýöne welin öz halylarynyň üstünde oturmaga başga bir ýer bolmady. Olaryň üstünde hanyň arzylap çagyran iň ýakyn adamlary küti dodaklaryndan uzyn şybyklaryny aýyrman, ýüpek ýaly tütüniň ýag ýaly tüssesini asmana burugsadyp, gamsyz-gussasyz gürleşip we gülşüp otyrlar. Sazandany başga bir halynyň üstünde oturtdylar. Onuň gözleri öz halylarynda, olara oturan ýerinden göz gytagy bilen seredýär. Öz halylary beýleki halylara goşulman, olaryň içinden saýlanyp çykyp durlar. Sazanda olaryň gowudygyna, öz aýallarynyň hünärlidigine şu ýerde ýene-de bir gezek düşündi. «Biziň aýallarymyzyň öwünmäge haklary bar. Olaryň gara öýde oturyp dokan halylary, gör, nirelere düşüpdir. Hanyň arzyly adamlary olaryň üstünde oturyp bilseler armanlary ýok. Ýöne olar bu ýerlere nähili düşdükä? Belki, biziň halylarymyz Pereňistana daga-da düşüp, ol ýerlerde hem hemmelerden saýlanyp, halkyň gözüni özüne çekip bilýändir». Ol şeýle pikir edip, özüniň şu pikirinden köp zatlary ýadyna düşürdi. Sekiniň üstünde oturanlar başdan-aýak seredip, sazandany gözden geçirdiler. «Gulam bagşy bilen saz çalyşjak şümükä? Näderkä? Oturyşy-ha örän ynjalykly. Özüne göwni ýetýän bolara çemeli...» diýip özara pyşyrdaşýarlar. Han bagşysy heniz gelmändi. Emma hanyň habar beren ýerlerinden tomaşaçylar welin yzy üzülmän, topar-topar bolup gelýärler. Gelenleriň gözleri ilki bilen märekäniň içinde oturan sazanda düşýärdi we olar ony öz ýanlaryndan Gulam bagşy bilen deňeşdirip görýärdiler. Birdenkä: – Bagşy gelýär!.. – Gulam bagşy gelýär! – diýen ses agyzdan-agza geçip ýaňlandy. Gulam bagşy gelýär: bezelen gatyryň halydan edilen palanynyň üstünde iki aýagyny bir ýanlygyna atyp, sapynyň ujuna kümüş geýdirilen, ýüpek gotazly dutary bilen «Ýelpezelendi» diýen heňi çalyp gelýär. Onuň göterigi zor. Biri gatyryň başyny iýdip gelýär, iki sanysy bolsa ony düşürmäge taýýar bolup gelýär. Hormat üstüne hormat. Şükür gelende biri hem gozganmady, ýöne welin oňa örän içgin we pikirli seredişdiler, indi ýerlerinden zöwwe turdular. Olar öz bagşylarynyň öňünden çykyp, oňa hormat goýjaklar... Han bagşysynyň bolup gelşini göreninden Şüküriň endamy dyglady. Arzysyz, öz aýagy bilen süýrenip gelen, ýöne welin öz ilinde arzyly bolan sazanda sesini çykarman otyr, elindäki çaýly käsäni agzynyň ýanynda tutup durup sowatdy. Ol näme pikir edýärkä? Kemsinmeýärmikä? Han bagşysynyň haýbaty onuň ruhuny eýýäm syndyrmadymyka? Çolak Batyr şol maslahatyny şu wagt salaýsa, oňa indi näme jogap bererdikä? Ol ýönekeý eşik içinde, gapdalynda dutaryny goýup, Gulam bagşynyň gelşine syn edýärdi we şu oturyşynda özünden hiç bir zat aňlatmaýardy. Ýöne welin egni gysylmaýar, ýüzi bozulmaýar. Gözleri bolsa gülesi gelýäniňki ýaly biraz sykylypdy. Gulam bagşynyň gözleri özüniň bäsleşip saz çalyşjak sazandasyna düşdi. Şonda onuň ruhy öňküden-de beter göge göterildi, sazyny hem gaty batly çalyp başlady. Özüniň şu ýasama boluşlaryna saz çalyşjagynyň gülesi gelip oturanlygyndan onuň birjik-de habary ýokdy. Ony gatyryň üstünden götergiläp düşürdiler. Elli-elli bäş töwereginde, gözüni göge dikip duran bagşy. Semiz. Alkymy piliň holtumy ýaly aşak sallanyp gidipdir. Ýeňsesine päki çalybermeli. Gök mawut çäkmekiniň içine zordan sygýar. Çyrpuw sakgalyny hynalapdyr we barmagynyň birine gyzyldan ýuzük dakynypdyr. Saz çalmakda bu töwerekde oňa taý ýokdy, ol ýene-de özüne taý bolar öýtmeýärdi. Muňa bu ýere gelenlerde ynanýarlar. Hasam beter han ynanýar. Ýogsam, ol beýle «uly» baýragy çagyrarmydy ahyry!.. – Salawmaleýkum, myhman bagşy – diýip, ol ellerini ulumsylyk bilen sazanda uzatdy. Şükür hem turup: – Salawmaleýkum, Gulam bagşy – diýdi-de, onuň mylkyldap duran ýagly barmaklaryny gysdy. – Kim bolarsyňyz? – diýip, Gulam sorady. – Bize Şükür diýerler. – Şükür, Şükür diýdiňizmi? – diýip, ol maňlaýyny tutdy. – Bir eşiden adym, emma ýadyma düşmedi. Arkaçdanmy? Hä, boldy. Gelipsiň, ýagşy ädipsiň. Biziň hanymyz saz gadyryny bilýän handyr... – Şony eşidip gelşimiz, bagşy aga. Hawa, «Bagtly ile bagşy geler» diýipdirler – diýip, Şükür muny han mazaly eşider ýaly edip aýtdy. Han bagşysy bir diňşirgendi we içinden: «Aňyrdan oýlanylyp gelnen söz, ýerine salyp aýtdy» diýdi-de: – Meniň hem bir türkmenlere gitmek hyýalym bar – diýip, agzyna inip duran çal murtuny galdyryşdyrdy. – Baryň! Örän gowy edýärsiňiz, baryň! Sazyň, sazandanyň gadyryny bizem gaty ýagşy bilýändiris. – Ýok, gitsem Mary, Tagtabazar taraplaryna bararyn. Bärki sazandalaryňyzyň ugry ýok!.. – Hawa, ol ýerlerimizden hem sazanda çykýandyr. Olar gepleşip durkalar, edil Şükür bagşa göz edilip diýen ýaly, onuň garşysynda han bagşysy üçin halyň üstünde ýüpek düşekçe güpberilip ýazyldy. – Otur, bagşy aga, otur! Ine, bu siziň oturjak ýeriňiz taýýar! Gulam bagşy içi ýelek, daşy ýüpek, gabarylyp duran düşekçäniň içine çümüp oturdy-da, sözüni dowam etdi. – Men türkmenleriň arasyndan, ine, şu sazanda zor diýip haýsy birini tutjagymy bilemok. Myhman, Şükür bagşy, sen aýt, siziň özüňiziň şu zor diýip tutýanyňyz kim? Maňa şony aýdyp ber. – Biziň saýlap durmagymyz bolmaz, bagşy aga. Kim eline dutar alsa, şoňa zor bagşy diýýändiris!.. – Dogry, dogry, örän dogry – diýip, Gulam yzly-yzyndan tassyklap güldi. Onsoň daşyny galdalap oturanlara ýüzlenip: – Men gelenden-gidenden eşidip, olara gaty belet boldum. Dogry, bular eline dutar alanyna sazanda diýýärler, güne ýatanlaryna han diýýärler, gorkaklaryna batyr diýýärler. Onsoň hem dul gyzlaryny boý gyzdan ýagşy görýärler. – Gulam şeýle diýip, oturanlaryň gülesi gelýänini ýagşyja güldürdi. – Dogrudyr – diýip, Şükür hem ýylgyrdy-da şeýle diýdi. – Şonuň üçin biziň sana goşulmaýanymyz birjik-de ýokdur. Hemmämiz orta gürp bardyrys. Gorkagymyza hem «Ata mün-de aryňy almaga ýa-da söweşe ýör» diýseň gider. Gülki birden ýatdy. Bagşynyň sözüne düşünipmi ýa-da hanyň gyşarylyp giden ýüzüne we uly burnuna seredipmi, garaz, näme üçin bolsa-da, gülki üstüne suw sepilen ýaly bolup tapba galdy. Dym-dyrslyk boldy. Şüküriň geplän gepini han öz ýanyndan degşirip oturýardy. Onuň her bir sözüniň aşagynda bir zat ýatandyr öýdýärdi. Şoňa görä ol myhmanyny gepletmänini gowy görýärdi. «Men han bagşysy däldirin, öz ýurdumyň sazandasydyryn. Doganymy diläp saýlama ýigitler bilen hem, saýlama at-ýaraglar bilen hem gelip bilýärdim, eger geleýin diýsem» diýip, onuň aýdan sözleri hanyň ýadyndan asyl çykmaýardy. Ol ýene-de şunuň ýalysyny orta atar diýip gabanjyrady. Hanyň bu bolşundan Gulam bagşynyň habary ýokdy. Şoňa görä ol sazandanyň çetine kakýardy. Han gabandy. Sazandanyň soňky beren jogabyna onuň içi tütedi. Onsoň oturyp bilmän, bagşylarynyň arasyna düşdi we özüniň şol ýapyk niýetini durmuşa aşyrmagyň ugruna çykdy. Myhmanyny öz bagşysyna dalatmakçy, onda-da ile göz edip... Şonuň üçin köp ýere habar beripdi. Gelenler hem gaty köpdi... Han gep-gürrüňiň galmalydygyny aýdyp, şeýle diýdi: – Sazandalar, halk size garaşýar. Hany, hezil berip başlaň. Şertem bolsa şu – diýip, ol eline direnip, ýerinden galdy. – Ikiňiz saz çalyşmaly. Biriňiz gaçyň, biriňizem kowuň. Şükür bagşy zor çyksa, onuň baýragy: özüniň zyndanda eli-aýagy gandally oturan etmişli doganyny özi bilen alyp gitmeli. Ol şunuň üçin hem eline sazyny alyp, bu ýere gelipdir. Eger Gulam bagşy zor çyksa, onda onuň baýragy belli: bir türkmen gyzyny alyp berjek. Onda-da owadanyny saýlap. Men ony her ederin-hesip ederin taparyn!.. – Han aga, onda gyz tapyber – diýip, Gulam bagşynyň ýanynda oturan bir ýigit aýtdy. – Heý, biziň Gulam bagşymyzy saz çalşyp ýeňen bolarmy?.. Saz eşitmäge gelenler gaty köpdi. Olaryň hemmesi tertip bilen oturdylypdy. Märeke hanyň çagyran baýragyny eşidip, ilki onuň ýüzüne, onsoň Şüküriň, onsoň hem Gulamyň ýüzüne seredişdiler we: «Bu nähili adyllyk? Doganyny berip goýberjek. Eger ol basylsa, onda nätjekkä? Ony nähili ugratjakka? Ine şunsy...» diýip, oturan ýerlerinde bir-biriniň gulagyna çawuş çakyşdylar. Han oturanlara seredip, sözüni dowam etdi: – «Biziň bagşymyz ýeňer» diýip, häzirden aýtmaly däl. Ýeňýän bolsa, onda goý, Gulam bagşy özüniň zoruny görkezip ýeňsin! Onuň baýragyny bermäge men her haçan bar... Meniň sözüm sözdür... Ýöne myhman bagşynyň göwnüne zat gelmez ýaly etmeli. Myhman bagşy, haýsyňyzyň zordugyňyzy aýdyp berer ýaly, birnäçe adamdan ybarat wekil belläýinmi? – diýip, han Şüküre geňeş saldy. – Özüň bil, han aga – diýip, ol sag elini ýeňinden çykaryp, ýaglygy bilen ýüzüniň derini syrdy-da. – Maňa bary bir, han aga – diýdi. – Ýok, aýt, myhman bagşy. Soňy närazyçylyk bolmasyn. Onsoň biziň adymyza-abraýymyza ýagşy bolmaz... – Menden soraýan bolsaň, han aga, wekil belläp durmak gerek däl. Arany, ine, şu halkyň özi açsyn, Şularyň aýdany maňa bolýar... Gulam bagşy hem gözlerini tegeläp, hanyň ýüzüne seretdi-de: – Menem şony aýtjak bolup durdum – diýip, Şükür bagşynyň diýenine goşuldy. – Bolýar onda, başlaň! Gulam bagşy çalsyn, Şükür bagşy, sen kow! – Onsoň hem oturanlara ýüzlenip: – Diňläň, haýsysynyň zor sazandalygyny özüňiz aýdyp beriň! Bagşylar sizi wekil belleýär – diýdi. Ýüpek düşekçäniň üstünde oturdylan bagşy özüniň iň söýgüli we türgenlän heňine «Nar agajyna», «Ýel-pezelendä» tutdy. Öz garşysyndakydan birjik-de güýç emgenmän, dutaryň gapagyna örän eserdeň, bat bilen kakyp başlady. Onuň kakyşyna, barmaklaryny basyşyna, inip-çykyşyna göz iler dagy eder ýaly däldi. Döşüni gaýşardyp, başyny silkip çalýar. Garşysyn-da oturan ýigidiň üstüne şeýle edip, ok ýylan ýaly owsun atýar. Onuň sazandalygy beýlede dursun, özüniň şu haýbaty bilen hem özi ýaly bir bagşynyň el-aýagyny ýitirdip biljek!.. Şükür onuň haýbatyna üns bermän, dutary kakyşyna we barmaklaryny basyşyna seredýärdi. «Ak perdeden ýokarda gezýär» diýip, şuny bek belledi-de, nämedir pikirlendi. «Nar agajyny» Şükür-de bilýändirin öýdýärdi. Ýöne welin onda garşysyndakyň üstüne gabarylmak ýokdy, ýogsam onuň-da oýny bardyr. Belki, ýeri gelerine garaşýandyr? Edil doňdurylan ýaly oturyp, ony kowýar. Gulam bagşy ellerini onda-munda kän urdy, sazandany masgaralajak bolup, garaçyny bilen elinden gelenini etdi. Şükür yzyna düşüp barýar. Gulam bagşy-da birnäçe heňler çaldy. Han bagşysynyň çalan heňleri aýgyt ediji netije bermedi. Ýap-ýaňky içen çaýy, edil ereýän ýaly bolup, ýüzünden şabrap döküldi. Ol ýüpek ýaglygy bilen derini syryp, uludan demini aldy-da oturdy. «Sag bol, bagşy» diýip, oňa gygyrmaga özüni çemeläp oturanlar köpdi. Näme üçindir olaryň hiç birisinden ses-seza çykmady. Märeke özara pyşyrdaşdylar. Şüküriň ýüzüne seredişdiler. Bu boluş Gulama ýakmady. Ol şeýle bolar diýip garaşmaýardy. Şunuň üçin ýüzüni galdyryp bilmän, diňe bir derini syrmak bilen boldy. Belki, ol Şükür bagşy bilen aýakdaş gidenini özüne namys bilendir. Gezek Şüküre geldi. – Sazanda, indi sen başla, Gulam bagşy hem siziň heňleriňizi kowsun – diýip, han bozuk keýpi bilen aýtdy-da, onsoň öz bagşysyna ýüzlenip: – Gulam, hany, zoruňy görkezip başla, sen türkmenleriň heňlerine özlerinden ökdesiň – diýdi. Şüküriň han bagşysyna syny oturdy: «Munuň sazandalygy uzakdan eşidileniçe bar eken. Han tanap alypdyr». Şükür içini gepledip, onuň ýüzüne gaýtadan seretdi: «Dutary göni çalşyp, muny ýeňmek bolmaz, dogany hem zyndandan çykaraýmak bolmaz. Sazanda sazandany şeýle çalşyp ýeňmez, aýry-aýry çalynsa bilmeýärin. Şonda kimiň gowy çalýany belli bolar, näme etmek gerek?» diýip, öz-özüne sorag berdi. Ana, ol ýüzüni aşak saldy, dutarynyň kirşine syntgy berdi. Onuň ýüzüni aşak salyp pikirlenmeginden gorkaýmalydyr. Han bagşysynyň nämesiniň barlygyny aňlap, onuň garşysyna bir zatlar oýlasa-da oýlap oturandyr. Kirişleriň goşulyp gaýdýan perdesine külem barmagyny basyp durdy-da, dutaryň gapagyna kakdy. Ol dutarynyň guratlygyny şu ýerden bilip başlaýardy. Gulam bagşynyň ýüzünden henizem der akyp dur, syryp ýetişse bolany. Ol nähili-de bolsa kyn-gyssag gören bolara çemeli. Şüküriň taýýarlygy ony pikirlendirdi. «Munuň bilen deň saz çalşyp oturmak maňa ölüm» diýip içinden aýdýar-da, onuň ýüzüne seredýär. Häzir hanyň-da, beýlekileriň-de gözleri Şükürdedi. Myhmanyň äwmezlige salyp, kirşe syntgy bermegi, dutarynyň düzlüşini barlamagy, Gulamyň ýüregine düşdi. Onsoň ol: – Hany, sazanda, bol – diýip, onuň üstüne-de sürnüp başlady. Onda Şükür: – Men bolungy, ýet – diýip, onuň ilki çalan heňi «Nar agajydy». Bu heňi onuň öňünden gutularyn öýdüp çalýarmyka? «Nar agajy» çalnanda Gulam başaşak inen ýaly boldy. Ony Şükür ýaňy gördi ahyryn. Belki, onuň başlan ýerinden başlamagy isländir? Gulam basmarlap gidip barýar. Şükür başga heňlere tutdy. Ol ýene şeýle, bilmez diýen heňlerini bilýär. «Näme etmeli?» Şükür ýene-de pikirlenmäge we öz-özüne sorag bermäge durdy. «Bu boluşda munuň bilen aýgyt edip bolmaz. Şuňa ýene-de gözi ýetdi. Onuň üstüne hem eýýäm: «Sag bol, Gulam bagşy» diýip, oňa bat berip başlanlar-da boldy. Deň çalşyp otursalar-da «Han bagşysy ýeňdi» diýip gygyrjaklaryň barlygyny ol ozalam aňlaýardy. Onsoň ýene-de kirşe syntgy berjek boldy. Şeýle edip, ara wagt salýar-da, ol pikirlenýär. Ýol agtarýar. Ýol ýok. Haýsy heňe tutsa, Gulam hem bir ýanda bar. Sazanda gyssanmaýan ýaly bolup otursa-da «Nätsemkäm?» diýip, özüne soragy ýygy-ýygydan berýär. «Bu dara-direlikde näme edip bilersiň? Munuň çalyp bilmejek heňi ýok. Allajanlarym, men pälime görä tapaýan bolmaýyn? Şeýle bolaýmasyn?» Sazanda şeýle diýip, gaýgylanjak ýaly bolýar. Emma welin onuň ýadyna häzir Garadäli gökleň, Döwletdurdy we ýeneler düşmeýärdi. Onuň pikiri özüne ýetikdi. Diňe öz garşysyndakyny ýeňmek hakynda oýlanýar. Gulam bagşy şondan başga zada onuň elini ýetirmeýärdi. Ol çylşyrymly heňlerden biri diýip, haýsy bir heňe tutsa, munda-da bolmaýar, han bagşysy aňry ýanyndan düşýär. «Indi näme çalmaly? Onuň öňünden gutuljak heň ýok. Onuň bilmeýän heňini nähili tapmaly ýa täzeden heň düzsem bolmazmyka?» Ol oýlandy-da ýene dutarynyň kirşine syntgy bermäge durdy. Şundan peýdalanyp, sazanda ýene-de pikirlenýär. Ana, ol ýüzüni galdyrdy. Onuň ýüki ýeňlän ýaly bolup göründi. Ýüzi açyldy, gözleri hem gülüp duran ýaly boldy. Bu ýöne ýerden däldir. Belki, ol özüniň näme etmelidigini eýýäm bilip goýandyr we han bagşysyny masgaralamagyň syryny tapandyr. – Çal, bagşy, bu indi ahyrky heňimiz bolmalydyr – diýip, ol çalmaga oturdy. – Özüne hem ahmal bolma – diýdi. Bu gezek dutaryň sesi başdan üýtgeşik çykdy. Sazandanyň elleri göze ilerden çalt ýöräp başlady. Muny Gulam hem aňlady we gözlerini süýrelýän göläniň gözi ýaly edip, sazandanyň ýüzüne, onsoň hanyň ýüzüne seretdi-de: – «Soňky» diýdiňmi, onda elde baryny et – diýdi. Onsoň «Ýa Aly» diýip, özüni ýagşy raslady. Häzirki çalynýan heň heniz görlüp-eşidilen heň däldi. Ol şu ýerde han bagşysynyň owsuny aşagynda döräpdi. Sazanda oňa at dakmaga howlugyp, jedelli ýaryşda özüniň bir ýerde saz çalyp bilşi bar bolsa, şolaryň hemmesinden peýdalanyp çaldy. Ellerini başynyň üstünden aýlap-aýlap çalýar. Şunuň ýaly edip, Gulam bagşyny eýerdip barýarka, birden elini ýöne dutaryň ýüzüne aýlap-aýlap goýberdi-de, çalyp barýan heňiniň soňuny perdelerinden çykýan ses bilen doldurdy. Bu Şüküriň bir eli bilen çalşydy. Ana, hanyň apaly bagşysy sallançakdan ýykylan ýaly bolup, heňiň nireden çykýanyny bilmän galdy. Onsoň hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady-da: – Ah-ah, myhmanyň pylly-pyllysy – diýip, gyzaran ýüzüni aşak saldy. Öz bagşylaryna umyt baglap oturanlaryň aşagyna telpek oklanan ýaly boldy. Öz etjek haýynlyklary ugur almadyk han bolsa ýerinden zöwwe galdy. Bagşysyna gözlerini alardyp seretdi. Onuň seredip durşy edil: «Seniň etiň kesilsin, meni masgara etdiň» diýip gargaýan ýalydy. Gulam dolanyp başyny galdyrmady. Sögülse-de, urulsa-da kaýyl ýaly bolup oturdy. Ýüpek düşekçe demir tikene döndi. Ýagdaýyny tapsa onuň üstünden turjak we nirä-de bolsa baş salgyna gitjek. Ýöne welin yzyndan her kimiň bir zat diýerinden gorkup, gozgana-da bilmeýär. Ol şeýle bir utanyp otyrdy, ýer ýarylsa girjekdi. Handan başlap, ol hemmäniň gözünden düşdi. Oňa diňe bir saz adamsy Şüküriň ýüregi awap seretdi-de, nämedir gahar eden ýaly, ýaňky heňiň ýapgydyny jan agyrlylyk bilen berdi. Dutar gepläýjek bolýardy. Ýöne welin öz ýurdundakysy ýaly, sazanda «Sag bol» diýen sesi eşitmeýärdi. Belki, diňleýjiler öz bagşylaryny sylaýandyrlar ýa-da hanlarynyň burny-zady bilen gyşaryp giden ýüzünden çekinýändirler, ýogsam olar: «Sag bol, bagşy» diýerdiler. Biriniň-de turman, sazy diňläp oturyşlary şuny çen etdirýärdi. «Han aga, size şu warak dutar bilen heň çalyp bermäge geldim» diýip Şükür aýdanynda, göwni ýetmän gülen han-da sazandanyň häzirki çalýan sazyna gulak salyp durmaga mejbur boldy. Tomaşaçylaryň gylla ýarysy diýen ýaly gelin-gyzlardy. Olar märekäniň bir toparyny tutup otyrdylar. Erkek adamlar hem otyrlar. Bu hanyň goýan tertibidir. Oturmak tertibini bir ýaş aýal bozdy. Ol birden-kä el bilen galdyrylan ýaly bolup, oturan ýerinden zöwwe galdy-da, hemmäniň gözüniň öňünde sömelip durdy. Onuň gözlerinden ýaş boýurdap dökülýärdi. «Kim bu, Gulam bagşynyň hossarymyka? Onuň ýeňlenine hem utanyp oturanyna aglaýarmyka?» Oňa seredip oturanlaryň arasynda şeýle çak edenleri hem boldy. Oňa han hem seredip, onuň Gulam bagşynyň hossary däldigini, oňa gynanyp aglamaýandygyny bilýärdi. Ol gyz alyp gaçylyp getirilen gyzdy. Onuň hanyň gyrnagy bolup ýörenine ýedi ýyl bolupdyr. Şunça wagtyň içinde onuň yzyndan gelen bolmandyr. Ozalam gahary gelip duran han oňa gahar bilen: – Näme beýdip dursuň, dälirediňmi, otur! – diýdi. – Oturyp bilmeýärin, han aga – diýip, ol sesli aglamaga durdy. – Otur diýdim, otur! – diýip, han gyzaryldy. Onuň ýüzüni göreniňde, baryp çalybermekden hem gaýtmajagy görünýärdi. Her halda ondan jogaba garaşyp, biraz durdy. – Oturmaga ygtyýarym ýetmeýär – diýip, ol aýal jogap berdi. – Men oturaýyn diýenimde oturar ýaly, han aga, öz ygtyýaryma turmadym. Meni şu dutaryň zaryn sesi turuzdy. Häzir hem meni agladyp duran şol. Men onuň sesinden öz ata-enelerimi, önüp-ösen ýerlerimi, bütin ilimi görýärin. Şeýle bolansoň, men neneň aglamaýyn, neneň gözlerimden ýaş dökmäýin?.. Han bu bolşa näme aýdaryny bilmän, mähetdel galdy. Orta dym-dyrslyk düşdi. Sazanda hem çalmagyny goýupdy. Bu dymmaklygyň başy handan başlady. Ol böwrüne doňuz diňini salýar, bagşysyna gözlerini alardyp seredýär. Ol şu ýerde azdan-köpden we ýagşydan-ýamandan näme-de bolsa bir zat aýtmalydygyna hemmäniň özüne garap oturmagyndan düşündi. «Näme diýerkä, hälki aýdan sözüniň üstünde tapylarmyka, eline düşen etmişlini şeýle berer goýberermikä? Onuň tarapyndan beýle dözümsizlik görlüp-eşidilen zatmydyr?» Märeke şeýle çen bilen onuň ýüzüne seredýär we sülleren çal murtuň aşagyndan çykjak söze sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şükür hemmesinden beter garaşýardy. Ýöne welin hanyň sözünde tapylaryndan tapylmaz gorkusy kändi. Hanyň ýüzüni gyşardyp durmagyndan ýagşylyga garaşmak mümkin däl ahyry. Han bagşysyna ýene-de gözlerini alardyp seretdi. Şundan bar günäni bagşysynyň üstüne atjagy görünýärdi. Ana, ol şeýle hem etdi: – Gulam (onuň adynyň «bagşy» goşandyny taşlap), seniň maňa geregiň ýok. Meniň soran ýerimde seniň garaň görünmesin. Sen meni masgara etdiň, biziň sazymyzy masgara etdiň. – Han Şüküre ýüzlenip, sözüni dowam ätdi. – Myhman bagşy, meniň bagşym bol-da gal, dünýäde kem zadyňy goýmaýyn – diýdi. Sazanda ýöne başyny ýaýkamak bilen özüniň galmajagyny aýtdy-da şeýle diýdi: – Han aga, bagşyňdan göwnüň galmasyn, Gulam sazandanyň sazanda kemi ýok. Ol han sazandasy-da, il sazandasy-da bolup biljek. – Onuň bagşylygy maňa gerek däl – diýip, han gygyrdy-da, özüniň gahar-gazabyna çydap bilmän, mejburlykdan özüniň «diýsemmikäm, «ýa diýmesemmikäm» diýip ikirjiňläp duranlaryny aýdyp goýberdi. – Indi, sazanda, doganyňy alyp gidip bilersiň, ýaňky Gulamy ýeňen heňiňi bolsa ýene bir çalyp berde, bu gyzyňyzy hem alyp git – diýip sözüni gutardy-da, han içini tutup, gark urup aşak oturdy. – Han aga, men Gulam bagşynyň öňünde ýeke özüm saz çalyp bilmerin. Şoňa görä onuň bilen bile çalmaga rugsat ediň – diýip, Şükür sorady. – Nähili çalsaň-da çal – diýdi. – Bol, bagşy aga – diýip, Şükür başlady. – Indi gutulmarsyň – diýip, Gulam hem eline dutaryny aldy. Saz çaldylar, ertirden oturyşlaryna tä agşama çenli çaldylar. Indi olaryň arasynda jetlik, bir-birini masgaralajak bolmaklyk ýokdy. Ikisi-de ak ýürek bilen halka hezil berjek bolup çaldy. Şeýle hem etdiler. Saz çalnyp gutarylandan soň, diňleýjiler handan-da, beýlekiden-de çekinmän, bagşylara doly ses bilen: «Sag boluň» diýdiler. Iň sonunda Şükür Gulamyň gulagyna çawuş çakdy-da: – Bagşy, günämi öt, ikimizi öjükdirip goýberen han boldy. Meni ýüz dürli sap atmaga mejbur eden han boldy. Han günäkär, han – diýdi. Gulam ýylgyrdy-da, ýüzüniň derini ýeňillik bilen syrdy, ol ýönekeý ýylgyrmak däldi. Şüküriň: «Han günäkär, han» diýenine goşulmagyň ýylgyrmasydy. Han myhmanyny şu günüň özünde ugratdy we onuň yzyndan ýüregi awyly garap galdy. Bu waka, indi hasap edip görsem, 1871-nji ýylda bolan eken. (soňy) © Nurmyrat SARYHANOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |