20:17 Şükür bagşy / - II | |
ŞÜKÜR BAGŞY II Ozallar beýle bolmaýardy. Sazanda saz çalsa, obanyň uly-kiçi hemmesi gelerdi. Hasam beter ara şeýle uzak wagt düşenden soň, häzir bolsa... Bu agşam näme? Bu agşam şeýle bolmady. Bagşy başyny galdyrman, oturyp saz çalýar. Onda-da ozalky çalyşlarynyň çaky dagy-da däl. Emma gelenleriň atlaryny sanap çykaýmaly. Näme üçinkä? Ýa bu agşam bagşy «derletme» sazyny çalýarmyka? Şeýledir öýdýärlermikä? Gelenleriň azlygy şunuň üçinmikä? Gelmedikler gelmeýşi ýaly galybersinler. Gelenler kimler onda? Olar näme üçin gelipdirler? Hemişekisi ýaly dutar diňlemek üçinmi, ýa gynanyşmak üçinmi ýa-da bagşylarynyň ýüregini köşeşdirmek üçinmi?.. Olar öz eden işlerine ökünýän, şowuna düşmedik zada gynanýan adamlar däl. Obanyň «men» diýen garrylary we ýigitleri. Az diýer ýaly şeýle bir azam däl. Gelip-gelip, bagşylaryň garaja öýlerini doldurdylar. Olaryň içinde birlän-ikilän myhman ýigitlerem bar. Olar hem bagşynyň sazyny ozallar köp-köp eşidip oturanlar... «Derletmeden» gorkman gelenler özleriniň sazyny we sazandasyny söýýärdiler. Bu ýönekeý kölege söýgüsi bolman, hakyky söýgüdi. Olar özleriniň şu söýgülerini ýene-de bir gezek görkezmäge gelipdirler. Olar ýöne diňlemäge geldilermikä ýa-da jübülerini puldan dolduryp geldilermikä? Iki-ýeke jübüsini puldan dolduryp gelenler hem bolaýmagy mümkindi. (Bu azajyk sanyň içine myhman ýigitler düýpden girmeýärdi). Emma welin köpüsi beýle niýet bilen gelmändi. Dogry, olar boşam gelmändiler. Maslahatly gelipdiler. «Biz sazymyzy hem sazandamyzy nähili söýýänligimizi uly ile görkezeris» diýip, öten agşam bagşylarynyň agasyny hanyň zyndanyndan alyp çykmagyň maslahatyny edipdiler. (Myhman ýigitlerem bu maslahatyň içinde bardy). Olar şonda eden maslahatlaryny bagşa habar bermäge gelipdiler. Biziň etjegimiz bilen bagşy razylaşarmy, razylaşmazmy, bu hakda olaryň arasynda gürrüň hem bolmandy. Belki, özleriniňkini dogry diýip bilýändirler we bagşy şundan boýun gaçyrmaz diýip pugta ynanýandyrlar. Sazanda saz çalýar. Ine, olar gelýärdiler we gelişlerine-de oturýardylar. Bagşylaryna aýtjaklaryny bolsa dilleriniň ujunda saklap çeýneýärler. Sazanda saz çalýar. Başyny galdyrman çalýar. Dutaryň gapagyna zarp bilen urup, gahrymançylykly heňler çalýar. Şeýle edip bolsa, ol öz maslahatlaryny aýtmaga gelenleri uzak gije garaşdyryp oturtdy. Bagşy özüniň gyzyp barşyna ýüregine we dutaryna sygdyryp bilmedik ýaly, şeýle bir bendi gaty ses bilen aýdyp goýberdi: Baba Gambar, bergen sazyň Asly munuň agaçdandyr. Agaç diýsem, ýaman görmäň, Hemme güller agaçdandyr. Ah, hemme güller, hemme güller, Agaçdandyr, agaçdandyr!.. Mundan soň beýleki içini gysdyryp oturanlar-da saklanyp bilmediler. Olar: – Dur, bagşy, dur! Biziň hem saňa aýtjak bolup gelen bir zadymyz bar. Şoňa bir gezek ber, bagşy – diýip, ondan soradylar. Bagşy durdy we gapdalynda ýatan gara telpeginiň içinden ullakan gyzyl ýaglygy çykardy-da, onuň bilen ýüzüniň derini syrdy. – Bolýa, men boldum, indi gezek siziňki. Aýdyp oturyň. Ol şeýle diýip, ýigitleriň ýüzüne gülüp bakdy. Häzir onuň şähdi açykdy. Şu şähdaçyklygyndan bolsa ýeňňesiniň we ýene biriniň gyjalaty aşagynda galmajagyna özüne ynamy barlygy görünýärdi. Ol şu şatlygy bilen söweş heňlerini çalypdy we ýigitleriň ýüregini öňküden-de beter joşdurypdy. – Biziň bir senimiz bar! – Olaryň hemmesi biragyzdan şeýle diýdiler. – Şunuň üçin biz seni gynandyryp asyl-ha bilmeris. Biz söweşe çykjak!.. – Duruň – diýip, obanyň ýigitlerine serdarlyk edýän, çep eliniň barmaklaryny gylyç alyp giden, şonuň üçin-de «Çolak Batyr» at galan Batyr ýerli-ýerden söze başlanlary saklady-da, bir özi olaryň hemmesiniň tarapyndan sözledi. – Bagşymyz, biziň ozaldan edip goýan bir maslahatymyz bar. Saňa aýdyljak bolunýan şol maslahaty, biziň başymyz sag bolsa, hökman ýerine ýetireris. Seniň agaň hanyň zyndanynda oturmajagy – bu özüňe hem mälimdir. «Dogry gerek?» diýip, ol sözüňi oturanlaryň hemmesine tassyklatdy. Şoňa görä biz şeýle karara geldik: göni hanyň zyndanyna çozmaly. Ondan bolsa seniň agaňy haku-nähak alyp çykmaly. At-ýaragdan seniň hem şaýyňy tutjak. Neneň gördüň? Etmelisi şu. Batyr bagşynyň ýüzüne seredip durdy. Bu aýdylanlar bagşynyň garaşmadyk zady däldi. Şunuň üçin ol geňirgenmän, ýöne ýylgyryp diňledi. – Batyr, maslahatda bolan ikinji gürrüňi hem aýtsana! – diýip, duldaky bugdaýly çuwala ýaplanyp oturan ak sakgal Meret ileri omzady. Onuň aýtdyrjak bolýan zady Batyryň ýadynda hem bardy. Ýöne welin ol ony aýtjak däldi. Oňa ozalam garşy çykypdy, häzir hem şol garşylygy. Şonuň üçinem onuň ýene-de orta atyljak bolmagyna gahary hem geldi. Onsoň ol ýüzüni çytyp: – Meret aga, başga aýdyp durasy zat ýok! – diýdi. Ol diýeni edilmedik garry ynjalyp bilmedi. Olam bu ýere ýöne saz diňlemäge, tomaşa etmäge gelmändi ahyry! Onuň hem bagşylaryna aýdasy gelýän zady bar. Şony nähili görülse-de aýtjak. Ol: – Batyryň aýdany bilen razylaşmasaň, bagşy jan, onda... – diýdi. Onuň sözüni orta bilinden kesdiler. – «Onda»-«onda» galsyn, haw!.. – Her zat-da bolsa, men aýtjagymy aýdyp galaýyn – diýip, ol garry sözüni dowam etdirdi. – Bagşy, onda ýene-de bir maslahat: eger sen razy bolsaň, biz seniň agaňy pul döküp almaga-da bar. Seniň üçin öz barymyzy orta atýarys. Onuň özi ýaly garry, at münüp alamana gitmekden galan, indi gylyjyny oglunyň biline dakan, küşt oýnamakdan başga işi-pişesi bolmadyk Artyk onuň agzyna ýapyşdy-da: – Goý-laýt senem, Meret, namartaý! Ýüz kerem bolmaýar diýlip, geçilen bir zady ýene-de getirip orta atýarsyň! Sen bizi «Bagşylarynyň ýaga düşen agasyny obasy satyn alypdyr» diýen ýaramaz ada goýasyň gelýärmi näme? Esenpolat dagynyň öz dostlaryny zyndandan alyp çykyşlary ýaly, bizem bagşymyzyň doganyny şeýle alyp çykarys. Zat berip almak, ol her kişiň elinden hem geler. Ýigitler, maslahat birdir, şol birligine hem bolmalydyr. Dagysy bolmaz! – diýdi. Ol garryny beýlekiler-de ýazgardylar. – Zatly bolýan bolsaň, onda ýigitler bagşynyň agasyny alyp gerler welin, sen orta çykda baýrak beräý. Ýöne welin şonýança maslahatyňy öz ýanyňda saklap dur... Olaryň arasyna myhman ýigitlerden biri düşdi. – Hany, bagşy näme aýdýar, şony eşideli-le? – diýdi. Bagşy ýylgyrýardy. Onuň ýylgyrmagyndan näme-de bolsa bir zat aňşyryljak bolunýardy. Şoňa görä adamlaryň başynda şeýle sowal emele geldi: «Bagşy şu diýlenleriň haýsy birini kabul ederkä? Kim bilýär, belki, ol üçünji bir teklibi orta atsa-da atar! Üçünji näm bolarka?.. Bagşy häzirlikçe dutary taşlar!.. Myhman ýigidiň hemme oturanlar tarapyndan beren soragyna bagşy şeýle jogap berdi. – Men näme diýeýin, ýöne sizden eden tamam çykdy. Sizden göwnüm bitdi. Meni sylaýarsyňyz, sag boluň! – Bagşy, aýdylanlaryň haýsy birini makul görýärsiň? Hany, şonsuny aýtsana – diýip, garaňky duldan bir sorag orta oklandy. – Bagşy, seniň razylygyň: ikiden birini aýt – şeýle diýip, ol soragyň yzyna ýene bir sorag sugşuryldy. – Birini kabul edip, birini kabul etmez ýaly, bu ýerde gürrüň iki däl. – Batyr ol soraglaryň ikisine-de özi şeýle jogap gaýtaryp, bagşa ýüzlendi: – Bagşy, sen entek dutary taşla. Näme et diýsene, biliňe gylyç dakyn, onsoňam ata münde, meniň yzyma düş! Seniň häzirki etmeli işiň şu! – Dogry, gaty dogry – diýşip, oturanlaryň köpüsi Batyryň aýdanyny makulladylar. Şükür heniz-de ýylgyryp otyr. Ol bu meselä nähili bolsa-da, olardan üstün garaýan ýaly. Hiç bir gyssag-gynag görmeýär. Ol indi Batyra jogap bermeli boldy. «Sag boluň» diýmegi hiç kimi kanagatlandyrmaýardy ahyryn. – Munuň başga bir täri tapylmazmy, hökman bir gylyç dakynmalymy, ýa ata münmelimi ýa-da obanyň baryny syryp-süpürip hana bermelimi? Geliň, oýlanyp göreliň, heý, bir amatlyrak tarapy tapylmazmy? Başarana ýol köpdür, Batyr – diýdi-de, Şükür Batyryň ýüzüne seretdi. – Onuň başga täri bolmaz – diýip, Batyr murtuny towlady. Ol ýene-de bir zat diýmekçidi, onýança onuň ýanynda dyz degşirip oturan ýigit: – Başga tär gözläberseň, onda başa baran iş bolmaz. Biz owalyndan oýlanar ýalysyny oýlandyk – diýdi. Çolak Batyryň ol ýigide göwni ýetdi. Onsoň başga hiç zat aýtmady-da, ýöne ýaňkysy ýaly: – Onuň başga täri bolmaz – diýip goýdy. Sazanda Batyryň gözleriniň içine seretdi we: – Öz deň-duş ýigitlerim ellerine gylyç alanynda, men elime dutar aldym. Olar at münüp, dumly-duşa çapanlarynda, men halypalarymyň yzyna düşüp, ilat arasynda saz çaldym. Özümiň barymy şu ugurda goýdum. Garadäli Gökleňiň «patasyny» aldym. Şu dogrumy? – diýdi. Batyr: – Dogry, dogry, men bilýärin, hemmesini bilýärin. Ýöne welin... – diýip, sözüni kesdi. – Onda bolsa, aýdyň, men şu dutara at hem ýaragyň bitirjek işini bitirdip bilerinmi ýa-da ýok? Batyr onuň bu soragyna düşünmedik ýaly kürtdürip durdy. Şoňa görä beýleki oturanlar Batyryň ýerine sazanda jogap berdiler. – Bitirip bilersiň, ýöne welin ýeri gelende. Bagşynyň soragynyň aşagynda nähili meseläň ýatandygyna olar hem düşünmeýärdiler. Ugrundan turulmandan soň, Batyr murtuny eli bilen ýetişdiginden towlaýardy. Ol şeýle edip, biraz oturanyndan soň: – Bagşy, häzir iş başga. Etmeli işimizi edenimizden soň, dutar hakynda arkaýyn oturyp gepleşeli. Dogry, sen dutara atyň-ýaragyň bitirjek işinden artygrak iş hem bitirdip bilersiň. Häzir welin... Ol entek beýlede dursun. – Men häzirkisini aýdýaryn. Hut şu işde. – Bu iş bilen dutaryň nä dahyly bar? – Batyryň ýüzi çytylyp gitdi. – Bolşuňa düýbünden düşünmeýärin, bagşy. Bagşy hem gyzdy. – Onda siz meni öz ugruma goýberip görüň. Men şu «warak» dutar bilen agamy şol ýerden çykarmaga synanaýyn. Eger başaryp bilmesem, onda siziň diýeniňiz bolsun. – Bu işde sen dutaryň bilen näme edip bilersiň? Bu akyla sygmaýar, bagşy. Dutar diňe bir kölege şaýydyr. Bagşy, munyň bolmady. Hany, sen näme diýesiň gelýän bolsa açygrak etde aýt. Seniň öz başyňa bir zat çykarasyň-a gelýär. Näme-de bolsa, hany, aýt. Biz eşidip oturaly... – diýip, oturanlar birden sorady. Şükür öz pikirine garşy çykyljagyny, belli beter-de çolak Batyryň garşy çykjagyny ozalam bilýärdi. Emma welin ol öz diýeniniň üstünde durjakdy. – Men munuň bilen köp zatlar edip bilerin. – Sazanda dutaryny ýokaryk galdyrdy. – Ýöne siz närazyçylyk görkezmäň, men bir synanaýyn!.. – Meselem? – Meselem, şu onuň... – diýip, ol özüniň ýüregine düwen hyýalyny aýtmaga oturdy. – Men mundan bir özüm dutar bilen gidip, göni hanyň ýanyna barjak. – Onsoň? – diýdiler. – Onsoň agam üçin hana iki sany heň çalyp beräýjek... Onuň beýle diýmegi aryň öýjügini gorjalan ýaly boldy. Oňa garşy çykmadyk biri-de bolmady. Her haýsy bir zat diýdi. Galmagaldan ýaňa garaja öýüň içinde üýn alşar ýaly bolmady. Galmagal biraz ýuwaşandan soň, olaryň näme diýýändikleri düşünilip başlady. – Nirä diýdiň? Hanyň ýanyna?.. – Hana ýaranjaňlygamy? Onuň öňünde boýun burmagamy? – Han biziň sazymyzy eşidip hezil etmez!.. – Biz ondan adamymyzy onsuz hem alyp bileris!.. – Şol hanmy seniň sazyňa baha berjek? – Han yzyňa it salyp kowar, nökerleri aşagyňa telpek oklar, bu bolsa uly ile ýeter... Biz oňa öz sazymyzy masgaraladyp bilmeris! Başgalary saklap, ýene-de çolak Batyryň bir özi gepledi: – Bagşy, şu aýdyp oturanlaryň seniň çynyňmy ýa-da oýun edip otyrmyň? Sen toýa gitjek ýaly-la. Ol ýere bu dutar bilen asyl barmak bolmaz. Bu hyýalyňdan el göter. Şunuň üçin-de maslahatda näme edilen bolsa, şonuň bilen bol!.. – Bagşynyň aýdanynyň-da jany bar, haw, adam-lar! – diýip, Artyk Şükür sazanda ýüzlendi. – Başyňa döneýin, jan bagşy, aý, inim Şükür, sen dogry aýdýarsyň. Seniň iki heňiňe dünýäniň ýüzüni bermek bolar. Muňa söz ýokdur. Ýöne welin muny biz bilýäris, diňe bir biz bilýändiris. Sen indi aýt: Han diýeniň, ol kim? Onuň içi bizden tarap tütäp duran dälmidir? Heý-de gurt ýaly ýigitlerden eline düşse, ony iki sany heňe berip goýberer diýip bilýäňmi? Beýle bir zadyň hem görlüp ýa-da eşidilen ýeri barmy? Onda-da handan? How, adamlar, maslahat ozalkylygyna galýar. Ony mundan artyk degşirip oturmak bolmaz. Ýigitler, ertirden aňryk şaýyňyzy tutmak bilen bolarsyňyz. Ýigitleriň hemmesi birden: – Biziň şaýymyz tutulgydyr – diýdiler. Onda bagşy: – Hany, meniň näme etmekçidigimi ýagşy eşitseňiz-le – diýip, sözüni hälki galdyrylan ýerinden alyp başlady. – Men göni hanyň öz ýanyna barmakçy. Emma hanyň alnynda çöke düşjek däl. Baş egip, boýun boljak däl. Näme üçin baş egip barmalymyşym? Ýüzümi ýokary tutup bararyn. Siz arkamda duran wagtyňyzda, men adam öňünde baş egerinmi? Bararyn-da iň ilki bilen siziň şu maslahatyňyzy, şu bolup oturyşygyňyzy bolşy-bolşy ýaly edip oňa aýdaryn. «Seniň üstüňe obamyň ýigitleri bilen atly-ýaragly hem gelip bilýärdim, horjuny puldan dolduryp, düýäni halydan ýükläp hem gelip bilýärdim» diýerin. «Emma şeýle gelmekligi maslahat bilmedim, şunuň üçin-de, ine, şeýle geldim» diýerin-de, oňa dutarymy görkezerin. – Ba-a. – Boljak da, han eşidip oturaýsa. – Onsoň? – Onsoň, onuň içini köwmäge başlaryn. Biziň hemme zatdan iň gowy görýän zadymyz saz diýerin. «Şu ýalanmy?» diýip, sazanda göni Batyryň ýüzüne seretdi. «Dogry» diýip, oturanlaryň hemmesi tassykladylar-da: «Heý saz-söhbete ýetesi zat barmy?» diýdiler. – Sazy siziň hem söýýänligiňizi hem özüňiziň ýörite bagşy saklaýanlygyňyzy eşidýäris – diýerin. Şonuň üçin siziň ýanyňyza saz bilen gelmegi maslahat bildik diýerin. Şu biziň iň uly hormatymyz diýerin. Şeýle abaý-syýasat bilen onuň daşyna duzak ederin. Ol maňa saz çaldyrsa, dilimi gepletse bolýar... Ine, meniň etjegim, nähili görýärsiňiz? Dym-dyrslyk boldy. Bu gezek onuň sözlemegine päsgel beren, gapdalyndan çykan bolmady. Belki, razylaşandyrlar. Dymmak – razylygyň alamaty. «Ony nähili görýärsiňiz?» diýenine biri hem jogap bermekçi bolmady. Artyk sakgalynyň ujuny sypalap, ýokarsyna tüýnügiň çagarygyna seretdi. Onuň gözleri üzügiň ýyrtyklaryndan özlerine garap duran güýz gijesiniň ýaldyraşýan ýyldyzlaryny gördi. Çolak Batyr ortada aýlanýan düýe çally okarany boşatdy-da, murtuny sypalaşdyryp, uludan demini aldy. Şu ikisine seredilýärdi. «Näme jogap bererkäler?» diýýärdiler. Olar ýüzlerini aşak salyp, märekäni özlerine ep-esli salym garaşdyrdylar. Ahyry bolmanyndan soň, ýene-de şol Batyryň ýanynda oturan we onuň öňüne düşüp, batyrlyk satýan ýigit bu dymşyp oturmaklygy bozdy: – Hanyň ýanyna şeýle barsaň, ol iň ilki bilen eliňden dutaryňy alar-da, ony iki epläp döwer, onsoň özüňi hem agaňyň ýanynda oturdar. Munuň diýenine goşulan bolmady. Ýene-de ýaňky dymşyp oturmaklyk dowam etdi. Bagşy hem sözlemedi. Garaňky dulda sakgaly kätebir agaryp görünýän ýaşuly bardy. Ol kän geplemeýärdi. Emma welin, göwnüne ýakmadyk zat bolsa, ol hakda iki agyz aýdyp, ýene-de edil ýok ýaly bolup oturýardy. Oňa Oraz aga diýerdiler. Onuň sakgaly ýene-de agaryp göründi, ol ýanynda oturan ýigitleriň egninden ýapyşyp, ileri süýşdi-de şeýle diýdi. – Adamlar, «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde» diýip, weli Magtymgulynyň bir aýdany bardyr. Keýmir hem özüniň gaýduwsyz batyrlygynyň daşyndan abaý-syýasat bilen-de birnäçe işleri bitirip gelipdir. Seredip otursak, bagşynyň aýdanlary ýaňky aýdanlaryma dogry gelýär. Biziň bagşa düşünmegimiz gerek. Biz diňe bir ýigitlere, at-ýaraga daýanyp, bir ýerini depip hem durmaly däldiris. Bu harapçylyga tarap ýöremekdir. Asla batyrlyk hil-hil bolýandyr. Heý, Görogly ýaly batyr bolarmy? Ol hem: «Gaçyşym bar, kowşuma bermenem» diýip aýdypdyr ahyry. Eger peýdaly bolsa, barymyzdan peýdalanybermegimiz gerekdir. Goý, bagşy barsyn-da: «Üstüňe çozup hem agamy alyp gidip bilýärdim, ýöne, bagşy bolanym üçin, bir-iki sany heň edip bereýin diýip, sazymy aldym-da gaýdyberdim» diýip aýtsyn. Han diýmek bilen, oňa hem jan gerekdir. Onuň hem at toýnagynyň aşagyndan çykýan tozanyň astynda galasy gelip duran däldir. Goý, bagşynyň aýdanyna gulak asman görsün, ony masgaralap görsün, onuň elini-aýagyny gandallap görsün. Geliň, bir synanyp göreliň. Eger bagşa başartmaz ýaly bolsa, biz onsoňam bar... – «Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar». Biziň geňeşimiziň soňy şoňa bardy. Maslahatdar köp boldy. Aý, bolmady-a, biz şeýle etmekçi diýip, bu hakda Esenpolat daga-da habar edişdirdig-ä. Aý, bolýar-da – diýip, Artyk ýüzüni aşak saldy-da, aýaklarynyň burnuna seretdi. Çolak Batyryň öňüne düşüp oturan ýigit Artygyň yzy bilen: – Mundan abaýam bolmaz, syýasatam. Asyl şu diýlip oturlanlar bolmaýar – diýip, pugtalap aýtdy-da, bir dyzynyň üstüne galdy. – Boldyryn, gatam boldyryn. Näme bolupdyr bolman? – Sazanda gapdalynda goýan dutaryny gaýtadan eline aldy. – Men boldyryn. Bolmasa hem synanyb-a galaryn. Onda-da hut ertiriň özünde, diňe bir özüm... Çolak Batyr bilen Artyk başlyklaýyn, bagşynyň we beýlekileriň diýen-aýdanlaryna garşy çykýanlar köpçülikdi. Olaryň özleri gidesi we sazlarynyň ady bilen ýöriş guraslary gelýärdi. Şeýle edip bolsa öz sazlaryny nähili gowy görýändiklerini uly ile görkezesleri gelýärdi. Şuňa bagşy hem razy bolar diýip ynan- ýardylar. Olaryň tamasy çykmady. Şoňa görä keýpleri gaçdy, sazandalaryndan göwünleri galdy. Indi sözläre söz galmady. Bagşyny ýolundan alyp galyp boljak däl. Şoňa hemmesiniň gözi ýetdi. «Diňe bir sazandany pata berip ugratmak gerek». Ana, Batyr ýüzüni aşak salyp turdy. Onuň yzy bilen beýlekiler-de turdular. Batyr gapydan çykjak bolup duran ýerde: – Gezek ahyrym bize geler. Bagşy, sen bir ýalňyşlyk edýärsiň. Parhy ýok. Bir synan, eger eýgerder ýaly bolmasa, onda biz soňundan hem bar – diýdi. Sazandanyň tarapdarlary hem ýerlerinden turdular, olar bolsa: – Bagşy, mertlik we tutanýerlilik bilen! Ýaman at galmasyn – diýdiler. Şüküriň öz pikirinden gaýduwy ýokdy. Onuň başynda bu pikir gyjalatdan dogmandy. Hanyň özüni nähili garşylajagyny bilmezliginden hem, özüniň bir baryp sorajagyna düşünmezliginden hem däldi. Ol hemmesine düşünýärdi. Özüni we öz sazlaryny, eger han masgaralaýyn diýse, onuň masgaralap biljegine hem düşünýärdi. Öz obasynyň ýigitleriniň batyrlygyna we olaryň doganyny alyp gelip biljeklerine hem gözi aňry ýany bilen ýetýärdi. Bulara garaman, ol dutary bilen gitmekçi we agasyny şu dutary bilen hanyň zulumyndan gutarmakçydy. Özüniň eline iň birinji gezek dutar beren adamy dutary bilen azat edip bilmese, onda onuň ýüregi jaý boljak däldi. Bu pikir onuň başyndan, ine, şundan dogupdy. Hut şunuň üçin-de ol oba adamlarynyň maslahatyny kabul etmän, öz pikiriniň üstünde pugta durýardy. Sazanda hem ýerinden turdy we eline dutaryny alyp: – Men agamy şu dutarym bilen alyp gelip bilmesem, onda onuň inisi bolup bilmedigim – diýdi. Onsoň ol öýlerine gelenleriň hemmesinden öz göwnüniň hoş bolanlygyny bildirip, olary güler ýüz bilen ugratdy. (dowamy bar) | |
|
Ähli teswirler: 0 | |