19:11 Şükür bagşy /powest | |
ŞÜKÜR BAGŞY I Ony öz obasyna ýetirmezdiler. Bu gün bir obadan gelse, ertir ikinji bir oba alyp giderdiler. Ony ýalaň «bir günlük» diýip, öz obasynyň adamlaryndan sorap alyp giderdiler. Ýöne welin şol «bir günlük» diýlip alnyp gidilen sazanda gaýdyp bir aýdan-da, iki aýdan-da gelmezdi. Hemişe şeýledi. Ony öz obasyndan bir çykaryp bilseler, onsoň aňsatlar yzyna gaýtarmazdylar. Gezek-gezegine: obadan-oba, öýden-öýe, toýdan-toýa çagyrardylar. Uzyn, agajetli, garaýagyz, ýaňy otuzdan agan ýaş ýigit sazandanyň bolsa ulumsylygy, jögüligi, näzini artdyrmasy bolmazdy. Şunuň ýaly hem onuň ýadary ýokdy. Arzylanyp çagyrylan ýere barardy. Onuň baryp düşen öýüniň içi-daşy derrew adamdan dolardy. Ol dutar çalmaga başlardy we öýi dolduryp oturan ýigitlerden, üzügiň etegini serpip, tärimiň başyndan seredýän gelin-gyzlardan tizden joşa gelerdi. Ol dutary emgenmän, kuwwatly ellerini, uzyn barmaklaryny oýnadyp, şabram çalardy. Köplenç onuň çalýan heňleri gahrymançylyk, edermenlik hakyndady. Ony diňläp oturan ýigitler bolsa özlerini söweşde ýaly duýardy we ýürekleri bilen beter joşardy. Ol sazandady – diňe saz çalýardy. Sazandalygy bilen bolsa halkyna özüni aldyryp bilipdi. Ýöne welin onuň ady il içinde «Şükür sazanda» diýlip ýöredilmän, «Şükür bagşy» diýlip ýöredilerdi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bardy. Ol özüniň bütin ömründe iki sapar aýdym aýdypdy. Bu bolsa heniz özüniň ukybyny, hünärini saýlap alyp bilmän ýören mahallarynda bolupdy. Ine, şu iki gezek aýdym aýtmagy bilen onuň ady «Şükür bagşy» bolup, il arasynda ýaýrapdy. Ol at ýöne-de bir ýaýramady, örän ýörgünlilik bilen agyzdan-agza düşüp başlady. Ol soň aýdym aýtmady, özüniň aýdym aýtmagyny düýbünden goýdy. Aýdym aýtmak oňa çylşyrymsyz, ýönekeý zat ýaly bolup göründi. Onuň bilen gyzyklanmady. Dutar onuň ünsüni özüne çekýärdi. Şonuň bilen gidişýärdi. Dutaryň erkini öz eline aldy, öz ýüregindäki duýgularyny onuň içine sygdyrmagy başardy. Şonuň üçin-de özüniň dili bilen, sesi bilen berjegini dutary arkaly bermäge dyryşdy. Şeýle hem etdi. Hemişe saz çaldy, ýöne welin başgalara öýkünip däl, özünden täze-täze heňler döredip çaldy. Onuň sazyny halkyň nähili kabul edýänligi hakynda, ine, şuny aýtmak bolar: uzak gyş gijelerin-de tä daň atyp, jahan ýagtylýança ol saz çalardy. Emma ilkagşamdan öýi dolduryp oturan märekeden birjigi hem gozganmazdy we gözleriniň kirpigi kaklyşmazdy, her heňiniň soňundan hemmesi birden: – Çal bagşy, ölmäsiň, iki elli ýaşa! – diýip aýdardylar. – Elleriňe güller bitsin! Sazanda şeýle diýilmegi besdi. Şunuň bilen onuň garyp göwni bitýärdi we ruhy göge göterilýärdi. Çünki ol gazana garanjaklap oturan, orta pul düşmese dürli bahanalar tapyp hezil bermeýän, dutarynyň kirşini üzýän bagşylardan däldi. Onuň geregi halkyň özünden hezil tapmagydy. Şunuň üçin garyp-pukaralar-da ony öýlerine hem toýlaryna çagyryp, saz çaldyryp bilýärdiler. Pully heň buýurmaga gurby ýetmeýän, şunuň üçin bolsa saz çalynýan, aýdym aýdylýan ýere gelip bilmeýän, geläýseler-de gyrak-çetde eginlerini gysyp oturýan garyplar: «Şükür bagşy gelipdir, ol saz çalýar» diýşip eşiden deslerine, edip duran işlerini taşlap, ýerli-ýerden gelerdiler we onuň sazynyň süýji labzyny ünjüsiz, arkaýyn oturyp diňlärdiler. Sazanda häzir-de obasynda ýokdy. Ol nirede bolsa-da bir ýerde, içi adamdan dolup duran öýde saz çalyp, halka hezil berip oturandyr. Uzak bir obadan gelip, iki sany atlynyň ony alyp gidenine kän wagt geçipdi. Onuň obadan çykandan soňky geçen günleriň hasaby ýitmeýärdi. Barmak basyp hasaplap oturan adamlar kändi. Olar: «Bagşymyzy Kelteleriň obasyndan gelen atlylaryň alyp gidenine şu gün iki aý, on bir gün boldy» diýerdiler. Ine, şu günüň agşamsy sazanda obasyna gaýdyp geldi. Ol ýyllar Duşagyň şyr-takyr meýdanynda öýleriň hemmesi bir ýerde küren bolup oturýan obasy sazandanyň gözüne örän uzakdan salgym atyp göründi. Onuň öz obalaryny göresi gelipdi. Bu gezek yzyny idäp, obasyndan atly barmadyk bolsa-da, gezege durup, özüni alyp gaýtmadyk bolsalar-da, obadaşlarynyň-da özüni göresi gelýänligini ol bilýärdi. «Bu agşam obanyň uly-kiçi hemmesi biziň öýümize üýşerler». Ol şeýle pikirlenip, olara tä daň atýança saz çalyp bermäge özüni boýun edip gelýärdi. Hemişe şeýle bolýardy. Ýene-de şeýle bolar diýip, ol öz ýanyndan ynanýardy. Bagşy oba golaý gelýär. Geldigiçe obasy tukat, öýleriň oturyşy gaharly bolup görünýär. Aýratyn hem obanyň bäri çetinde oturan öz garaja öýleri çytylyp otyr. Oňa girýän-çykýan ýok. Beýleki öýleriň gapysynda ak keçeli atlar arkalangy durýan bolsalar-da, olaryň öýleriniň iň gowy bezegi – atlary hem häzir gapylarynda görünmeýär. Ol bularyň hemmesini gözünden geçirip geldi-de, agşamyň ümüş-tamyşlygynda öýlerine girdi. Onuň üç ýaşyny dolduryp, ýaňy dördüne giden sary gulpak gyzjagazy bardy. Ol şony görmäge we ony gujagyna götermäge höwes edip gelýärdi... Gyzy öýde ýok. Ol ejesi bilen goňşy öýlerine çykypdy. Içerde ýeke ýeňňesi bar. Ol köne dony başyna çümre bürenip, edil doňdurylan ýaly bolup otyr. Ýüwürjisiniň gelenine begenip, onuň ýüzi açylmady, gaýtam gamaşdy. Şol oturyşyna özüne berlen salamy hem almady, hatda bagşynyň ýüzüne hem seretmedi. «Muňa näme bolduka?» diýip, Şükür oýlanyp, oňa garady. «Gamly-gussaly, aglap-aglap gabaklary güp ýaly çişip gidipdir. Bu menden hem öýkeli ýaly. Meniň näme etmişim bolsun?» Ol şeýle diýip, ýene-de pikirlendi: «Näme-de bolsa yzymda bir erbetçilik bolandyr». Onuň bolup oturyşyndan bagşy şuny düşündi we keýpi gaçdy. Onsoň ýeňňesiniň berjek jogabyndan çekinibräk durdy-da, ondan sorady: – Ýeňňe, näme beýdip otyrsyňyz? Gurgunçylykmy? Berdi obadamy? Ýeňňesiniň şol bir oturyşy oturyşdy. Ol geplese, ýa-da şu oturyşyndan birazajyk gozgansa aglajakdy. Muňa güman ýok. Aglamaga taýýar bolup otyr. Onuň şunuň üçin dymyp we gozganyp bilmän oturanlygyny bagşy aňlan hem bolsa gerek, soň ony gepletjek we ondan zat eşitjek bolman, egninden dutaryny keýpsizlik bilen aýyrdy-da, duldaky ýabaly agaja tarap ýöneldi... Şu halatda ýeňňesi hem siltenjiräp turdy we içini hümledip, ýüzüniň ugruna daşaryk çykyp gitdi. «Bu nä boluş?» diýip, içerde bir özi galan Şükür ýeňňesiniň bolşundan hiç bir zat aňlap bilmän durdy-da, özüne tanyş bolan öý goşlaryna seredişdirdi. Hemme zat öňki-öňküligine dur. Olardan artany-kemäni ýok. Diňe bir hemişe dulda, tärimiň başynda, asylgy durýan gylyjy – agasy Berdiniň egri gylyjyny görmedi. «Gylyç ýok, gapyda at ýok, bularyň eýesi agam Berdi-de ýok. Munuň bir emmasy bardyr. Ýeňňem biderek ýere aglap, gaş-gabaklaryny çişiren däldir». Sazanda şeýle diýip, çuň pikire çümdi. Ýeňňesi öýüň gapdalyna öwrülen ýerde öňünden Bossan diýen orta ýaşan aýal çykdy. Ol aýal onuň ýeňňesiniň gözünden düwmeläp akýan ýaşy görüp, aýak çekip durdy-da, oňa şeýle göwünlik berdi: – Dogan, Dursun, sen näme aglap, özüňi horlap ýörsüň? Ol ölmändir-ýitmändir ahyryn. Saglyk bolsa, aman-sag geler. Çykyp gelýän gytmy näme? – Aý dogan, geljegine gözüm ýetýän bolsa, onda men, heý, aglar ýörermidim? Oňa indi gelmek ýokdur. Men şuny bilýärin – diýip, Şüküriň ýeňňesi ol aýalyň sözüni kesdi. Onuň indi dili açylyp gidipdi. Ýöne bir açylmagam däl, ýaňky bagşynyň ýanynda dymyp oturanlaryny hem artykmajy bilen gepledi. Ol indi başga birine eşitdirmekçi bolup, bir-biriniň yzyndan sugşuryşdyryp, şikaýatly sözleýärdi. – Jan dogan, Bossan, indi oňa gelmek, gelip maşgalasynyň içinde oturmak ýokdur. Men onuň şeýle boljagyny ozalam bilýärdim. Şonuň üçin-de ozalyndanam aglapdym. Illeriň zyndana düşüp, ýene-de boşap gelýänleriniň dogany, aladasyny edýäni, elini nirä uzatsa ýetýän hossarlary bardyr. Hany onda ol zeýilli hossar? Ol ýerden ýeke çykanyň biridi ahyryn. Onuň aladasyny eder diýjegiň ýeke biri dälmi? Ol onuň aladasyny etmez, iliň içinde saz-söhbet edip ýörse, oňa şol besdir. Oňa doganam şoldur-beýlekem şoldur... – Ýok, beýle däl, Dursun. Sen häzir hiç zady pikir etmän, özbaşyňa ýaňraýarsyň. Bagşy hemmesiniň hötdesinden geler. – Bossan şeýle diýip, onuň bagşa dil ýetirmegine garşy çykdy. – Sen kem akyllyk edýärsiň. Ol ýekemidir, onuň hossary ýokmudyr? Ol ýeke däldir, dogany, il-güni bardyr... – Sen her zat diýseň diý. Ol gelmez... Men... – Goýup otur, namartaý. Oba baryny berer welin, ony alyp geler. – Goý diýseňiz, meňki aňsat: goýaryn. – Goý, goýýan bolsaň! Näme haýry bar, beýdip aglap ýörmegiň? – Goýdum – diýip, Şüküriň ýeňňesi öýüň gamşyna ýaplanyp, aşak oturdy. Ol aglamjyrap, gözlerinden ýaş dökmegini dowam edýärdi. Onuň hem öz düşünişi bar ahyryn. Şeýle edip, Şükuri gynandyrmakçymyş we onuň ganyny gyzdyrmakçymyş. Ol ýeňňesiniň iňirdisine çydaman, doganynyň ugruna çykmalymyş. – Eger Şükür Şükür bolýan bolsa, şonsuz hem gyzar. Onuň at münmeýänligine we alamana gitmeýänligine garamaly däldir. Onuň dutarynda çalýan gahrymançylykly heňleri ýöne ýerden gelip çykýan zat däldir. Oňa diňe bir: «Gaýrat et» diýmek ýeterlik. Onsoň ol öz etjegini özi biler... – Şeýle diýip, Bossan oňa garaçyny bilen käýindi. Bagşy öýüň dulundaky ýüke ýaplanyp duran ýerinden daşardan gelýän gürrüňiň baryny eşitdi. Ýeňňesiniň maksadyna we başgalaryna bir kemsiz düşündi. «Hä, ol alamana gidip, ýesir düşendir; ýeňňem şunuň üçin tasanýan eken. Meniň bu ikarada näme günäm barka? Ol ýüzüni-gözüni gyşartman, ýöne göni aýdaýanda bolmaýarmyka?» Ol şeýle diýip, biraz oýlanyp durdy. Häzir onuň ýadyna uzak geçmişler düşdi, özüniň sazanda bolmagyna birden-bir sebäpkär bolan adam – dogany gözleriniň öňüne geldi. Ol doganyny ýatlasa, bir ýany sazdy. Özüniň sazanda bolup ýetişeni üçin, bagşy oňa minnetdardy. Sazanda dutaryň yşkyna ýaş oglanlygyndan düşüpdi. Öz deň-duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan dutar ýasanyp, uzynly güni şony gazap geçirerdi. Ejesiniň ýüpegini azajyk-azajykdan ogurlap, öz ýasan dutaryna kiriş edip gutarardy. Goňşularynyň dutaryny çalyp-çalyp bozardy. Ejesi ony ertir bilen ota ýa-da oduna ibärdi. Ol meýdan-da öz ýasan dutary bilen meşgul bolup, agşamlyk boş diýen ýaly gaýdyp gelerdi. Ol öz öýlerinden dutarly öýlerde kän bolardy. Özi çalman kesesinden seredip otursa-da hezil edýärdi. Oňa bir iş buýurjak bolup ýa-da nahar wagty tapmasalar, iň ilki bilen baryp, obanyň dutarly öýlerini barlap çykardylar. Ol hernä şol ýerlerden tapylardy. Ejesi: «Sen bihepbe ogul boljak» diýse, kakasy bolsa: «Sen eneň ogly, atdan dutary gowy görýärsiň» diýip, ikisi-iki ýerden oňa käýärdiler. Oňa diňe bir agasy käýemezdi, gaýtam, ol şol günleriň birinde oňa bir warak – taşlanan dutar satyn alyp berdi. Bagşy şonda sekiz-dokuz ýaşly oglandy. Ýöne welin agasynyň şol ýagşylygy zehininiň düýbüne siňip, onuň ýadyndan asyl-ha çykmaýardy. Ene-atasyndan öňe düşüp, özüniň eline iň ilki gezek dutar berip begendiren adam häzir zyndanda otyr. Ony ol ýerden alyp çykmak hakynda bagşy näme pikir edýärkä? Ol sarsman durup, bir zatlar oýlanýar. Agasy şonda at alyp beren bolsa, gylyç alyp beren bolsa, onda onuň häzir nämäni oýlaýanyny takmynan çak etmek bolardy. Emma agasy oňa dutar alyp berdi ahyryn. Ol dutar bilen meşgul boldy, ony elinden düşürmän, otuz dört ýaşady. – Bagşy jan, aman-sag geldiňmi? – diýip, öýüň beýle gapdalyndan bir garry aýal aldyrany bar ýaly bolup geldi-de, içerik urup girdi. – Aman-sag gelen ýeriň bolýar. Elhepus, beýle kän eglendiň. Gözümizi ýolda goýduň, nirelerde bolduň? Bagşy jan, düýn yzyňdan atlam iberipdiler. Sen oňa, belki, duşanam dälsiň, giden – Halykdy. Bagşy jan, obanyň ýigitleri seniň geleriňe garaşyp durandyrlar. Bu garry gelip, sazandanyň pikirini bozdy. Ol ozalam pikir edip, çözüp bilýän zady ýokdy. Iki gulagy ýeňsesindedi. Onuň aýdyp duran zatlaryna gaharlanjagyny-da, güljegini-de bilmeýärdi. Garrynyň: «Obanyň ýigitleri seniň geleriňe garaşyp durandyrlar» diýmegi, onuň pikirini özüne çekdi. Onsoň ol: – Geldim özün-ä... – diýdi-de, garrynyň çugutdyrylyp oturyşyna seretdi. – Gelen bolsaň, örän gowy edipsiň, bagşy jan! – diýip, ol garry sözüni dowam etdirdi. – «Är başy gowgaly gerek» diýip, biderek ýere aýdylan däldir. Bu är başynyň gowgany, kyn günleri çekip biljegi üçin aýdylan zatdyr. Agaň ýesir düşenine şu gün sekiz gündür, biz gynanyp otyrys. Gynanmakdan, gyýylmakdan ne peýda? Sen gynanyjy bolmagyn. Oba öz sazandasyny goldajakdyr. Sen indi biliňi pugta guşabergin. Dagyň bolmasyn... Garry enäniň gürrüňi köpdi. Ol obadan habarlydy. Ýöne welin onuň ähli aýdasy gelýänlerini jemläninde, esasy maksat soňky aýdan üç jümlesindedi. Şony bagşa ilden öňürti aýtjak bolup, ol şu günki gün bilen düýnki güni ýola seredip geçiripdi. Dogry. «Oba sazandasyny goldajakdyr» diýip, ol aýtdy. Aýdan dessine hem bagşydan mert jogap aldy. – Bil pugta guşalgydyr, dutar hem örän guratdyr, Kümüş eje – diýdi. Sazanda pikirlenipdi, oýlanypdy. Onuň ýüzünden eýýäm belli bir karara gelenligi we aýdyň bir maksat tutanlygy görnüp başlady. Ýüzi ýagtylandy, gözleri ýiteldi, aşak düşen eginleri galdy. Ýeňillik bilen baryp, dutaryny ýap-ýaňy keýpsizlik bilen asyp goýan ýerinden aldy. Onsoň öýüň ortasynda, keçäniň üstünde aýbogdaşyny gurup oturagada: – Kümüş eje, hany, ornaşykly otur. Men size saz çalyp berjek – diýip, dutarynyň gapagyna gahar-gazap bilen kakyp başlady. – Hany oturyň! Munuň indi tä daň atýança gitdigidir... (dowamy bar) © Nurmyrat SARYHANOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |