Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:05
Şükür bagşy / - III
ŞÜKÜR BAGŞY

III


– Ýola ho-o-ol aýyrtdan düşersiň. Ol ýol ýüz kerem aýlanyp, ýüz kerem dolanyp, şol başy agaryp görünýän garly dagyň içini söker-de gider... Şony algyn-da gitgin oturgyn. Barýarkaň jülge giňelip başlar, onsoň öňüňden obaçylyk çykar. Ana, şondan aňryk han galasy on çakyrymlyk ýokdur...

«Barjak ýerim han ýanydyr» diýip, bagşy bezenjek-beslenjek bolmady. Ozal näme geýýän bolsa, ýene-de şony geýdi, egninden dutaryny asdy we söweşe gitmekden galan garry ata atlandy. Onsoň onuň başyny ilerligine tarap sowup, duran ýerinden şeýle takmynan salgy aldy-da ugrady.

Ol gidip barýar. Ýola belet garry at guýrugyny şuwwuldadyp, göni şol aýyrda tutdurdy.

Bu nähili ýüreklilik! Bu nähili mertlik! Setan-da-seýranda bir gidilýän, onda-da şeýle gidilmän, ýaraglar ýüklenip, ýigrimi-otuz atly bolnup gidilýän ýer bilen gidip barýar. Onuň gidip barýan ýerinden han atlylary üstüne dökülip, oduna, suwa ýeke çykanlaryňy alyp gidip durýan ýeri bolsa-da, ýekeje özi hiç zatdan heder etmän gidip barýar. Onun, ýaragy – dutary. Şu dutaryna arkalanyp, öräň arkaýyn gidip barýar.

Obanyň uly-kiçi hemmesi (Diňe bir çolak Batyrdan, Artykdan, ýene-de bir ýigitden özgeleri diýmek bolar. Olar öz diýenleri edilmäninden soň, gün daşaryk-da çykman, uludan dem alyp, bagşylaryndan gaharly ýatyrdylar) sazandalaryny ugradyp, onuň yzyndan seredişýärler. Ol gidip barýar.

Oňa seredip duranlaryň arasyndan biri: «Näderkä? » diýip, hemmede bolan soragy orta atdy. Beýlekiler oňa on ýerden on dürli jogap berdiler: «Nätjegini obanyň ýigitleri bilen giden bolsa aýdardyk». «Näme eder öýdýärsiň? Şu gidişi bilen hiç bir zat etmez, bararda agasynyň ýanynda oturar». «Näme etse-de, özi sag-aman gelse bolýar». «Onuň nätjegi şol: özüniň şu gidişi bilen biziň sazymyza ar-namys getirer». «Soňuna seredeliň, gitsin, her zat-da bol-sa, onuň bu gidişinden, belki, at galar». «Belki, ol biziň sazymyza şöhrat getirer...»

Onuň yzyndan seredip durup şeýle diýýärdiler.

Ol gidip barýar.

Bu edilýän çenleriň haýsy biri dogry bolup çykarka? Muny häzirden aýtmak bolmaýardy. Haýsy-da bolsa bolup biler. Emma ony ugradanlaryň köpüsi onuň bu gidip barşyna umytsyzlyk bilen garaýardylar. Olar sazandalaryny beýle ugratmakçy däldiler ahyry.

Ol gidip barýar.

Sazanda oňa seredýär. Täze dogan günüň şöhlesi üstüne düşüp duran daglara seredýär, dagyň içini söküp gitmeli. Dag ony aty-zady bile öz demine çekip barýan ýaly.

Ol yzyna garaman, ýüzüniň ugruna gidip barýar. Emma özüni ugradan adamlaryň heniz dargamandyklaryny, olaryň yzyndan seredýändiklerini we özüniň şu gidip barşyny degşirýändiklerini bilýärdi. Ýöne welin onuň şeýle gitmegine bolan närazyçylyklar, umytsyzlanmaklar ony ýolundan saklap bilmeýärdi.

Ol gidip barýar.

Uzaga gitdi. Dagyň düýbüne baryp ýetdi. Garasy nokat ýalyjak bolup, şol aýyrda gireninden soň gözden ýitdi. Oba adamlary şoňa çenli garap durdular. Ony gözleri bilen ugratdylar.

Aňry gitdigiçe sazandanyň pikiri artýardy, öten agşamky öýlerinde bolan gep-gürrüňleriň hemmesi biri-biriniň yzyndan onuň ýadyna düşýärdi. Ol özüniň pikiri bilen dagyň içine eýýäm girip gidenini we gara dagyň öz daş-töweregini gabap alanlygyny soň bilip galdy.

Dag! Dag! Nirä seretse dag!

Üstünden ençeme asyrlary, ençeme döwürleri geçiren, ençeme galyň garlary eriden, emma garramaýan, hemişe bir görnüşini saklap durýan, dünýäniň görki, ýeriň örki, gögüň diregi – dag onuň töwerek daşyny guşap dur.

Dag! Dag! Nirä seretse dag!

Dagyň içki syry bilen onuň tanyşlygy ýok. Şonuň eteginde önüp-ösen bolsa-da, ol hakynda mergenlerden, batyrlardan kän-kän rowaýatlar eşiden bolsa-da, özi hem şu gara daglara garap we şondan ylham alyp, birnäçe heňler düzen bolsa-da, heniz onuň üstüne çykyp görmändi, häzirkisi ýaly, oňa şeýle ýakyndan we täsin galyp seretmändi.

Dag onuň ünsüni özüne çekdi, başynda pelpelleşýän pikirlerini derbi-dagyn etdi. Ussat ýerlerde işlenip çykarylan ýaly gat-gat galyp, asmana göterilen gara daşlar, olaryň üstünde gögerip oturan arça we kerkaw agaçlar, ýene şunuň ýalylar ony geň galdyrdy. Ol şulara seredip duran ýerinde şeýle diýýärdi.

«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlen sözi ýene-de bir gezek tassyklady. Daşyň üstünde agaç gögeripdir, ulalypdyr. Bular baryp-ha biziň obamyzdan-da görnüp durýarlar. Olaryň köki neneň daşy deşip geçýärkä? Suwy nireden tapyp içýärkä? Daşlar gat-gat goýlupdyr. Bu kimiň işikä? «Hezreti Aly gylyjy bilen dagy iki ýarypdyr» diýerdiler. Bu dogry däldir. Heý, bu daşlary gylyç bilen iki ýarmak bolarmy? Ýöne welin bu daglaryň aşyklara ýol bermän, üstünde zaryn agladanlary, belki, dogrudyr. Meniň welin ýolum açyk. Ine, şu jülge bilen gitjek oturjak...

Bagşy atyň başyny çekip, biraz salym şeýle pikir etdi. Ol çuň jülgäniň içinde durup, ýokarsyna – daglaryň başlaryna seredýärdi. Bu ýerden garamak ony kanagatlakdyrmady, başlaryna çykyp görmegi höwes etdi. Atdan düşdi. Onsoň sag gapdalyndaky üstüne abanyp duran uly dagyň süýr depesine dyrmaşyp çykdy.

Beýik dag! Ine, şu ýerde ol yzyna öwrülip, öz watanyna birinji gezek garady. Obasy aýak astyna gelipdir. Näçe ýöredim diýse-de, giden ýeri ýok ýaly. Obasynyň welin özüniň görmeýänligine, ilinden arasyny açanlygyna, şundan aňryk gitse, hiç kimden haraý ýoklugyna we başyna näme gelse özi çaramalydygyna düşündi.

Dogry, ol öz başyny bir özi çaramaga boýun bolup çykypdy. Şoňa görä şu ýekeligi, dag we onuň öz göwsünde saklaýan iki aýakly, dört aýakly wagşylary: belent ruhy basyp bilmeýärdi. Şunuň ýaly hem: «Men han ýanyna nähili baryp bilerin? Ol meni kabul edermikä? Nähili kabul ederkä? Eşege ters mündürip, yzyma it salaýmasa ýagşydyr. Men şu gidip barşyma halkymyň sazyna ysnat getirmesem ýagşydyr» diýen ýaly gaýgyly pikirleri etmeýärdi. Şu ýere gelip ýetenine onuň ökünji ýok, şundan aňryk gitmäge-de hiç bir ikirjiňlenmeýär. Ol gitjek. Häzir ýöne daga tomaşa edip dur. «Atylan ok daşdan gaýtmaz» diýip, ol baryp-ha obalaryndan çykmanka aýdypdy ahyryn...

Ol bir çyzygyň içinde durmakçy däldi. Häzirki barýan ýerine öňi-soňy gitmekçidi. Sazandalygy bilen Kesarkajy, Maryny, Salyr-Sarygy baglamak ony kanagatlandyrmaýardy. Hywany, Eýrany gezip, ol ýerlerde hem özüni bildiresi gelýärdi. Ýöne welin beýle gitmekçi däldi. Özüniň söwer dosty Aly bagşy bilen we başgalary bilen gitmekçidi.

Dagyň başynda ol töweregine ser salyp uzak oturdy. Päkize şemal onuň ýüzüni ýalap geçýärdi we pikirini durlaýardy. Ol şu ýerde özüniň bu gaýdyşyny gaýtadan pikirinden geçirdi. «Belki, men ýalňyşýan bolaýmaýyn? Obamyň batyrlaryny öýkeletdim. Olar bihal adamlar däldiler ahyryn. Oba olaryň agzyna seredýär. Men näme üçin olaryň diýeni bilen bolmadym? Olar hanyň kimligini menden ýagşy bilýändirler ahyryn. Kemakyllyk eden bolmaýyn?» Ol şeýle diýip, töweregindäki daglaryň beýik başlaryna ýene-de bir gezek garap çykdy we öz-özünden soran soraglaryna şeýle jogap berdi.

«Ýok, bu kemakyllyk bolup bilmez. Men agamy dutarym bilen azat etmelidirin. Şonda men onuň eden ýagşylygyny yzyna gaýtaryp bilerin. Dutar! Dutar – gylyçdan zordur, zor hem bolmalydyr. Heý, dünýäde saz-söhbete ýetesi-de bir zat bolarmy? Bolmaz!.. Bu diňe bir ynsana täsir etmän, haýwanlara hem täsir edýändir. Munuň gadyryny-gymmatyny bilmeýän bolmaz. Dutaryň pygamberi Babagambar Hezreti Alynyň Düldülini bakýan äken. Düldül horlanyp başlapdyr. Aly muny aňlapdyr. Onsoň ol: «Düldül näme üçin horlanýarka?» diýip, onuň sebäbini biljek bolupdyr. Ýerasty bilen aňtap ýörýärkä, ahyry bir gün Babagambar öz ýasan dutaryny çalyp otyrka, Aly onuň üstünden barypdyr, şol wagt Düldül hem otuny iýmän, saza gulak asyp duran eken...

Iliň hany bolup oturan hanyň hem dutaryň gadyryny bilmegi gerek ahyryn. Meniň şu barşym hakdyr! Men şeýle gitmelidirin. Şoňa obaň adamlary hem indi düşünen bolsalar gerek. Ýogsam olar eýýäm gelip, meni yzyma gaýtarjak bolardylar we töwella ederdiler. Meniň boş geljegimi olaryň arasynda, belki, bilýänler hem köpdür. Hanyň ýanyna bararyn hem oňa agamy berip goýbermäge mejbur bolar ýaly heňler çalyp bererin. Heňler bolmasa...»

Häzir onuň pikirini bozýan zat ýokdy. Diňe bir dagyň düýbünde, dar jülgäniň içinde ýeke goýup gaýdan aty ýekesiräp kişňeýärdi we ony öz ýanyna çagyrýardy.

Bagşy dagdan düşmekçi bolanynda ýurduna gaýtadan gözlerini gezdirip çykdy. Gara baglar, obalar, süri-süri mallar, olaryň aňyrsy bilen görünýän Garagumuň depeleri... Nähili hezil! Nähili gözel!.. «Bu ýurtdan çykyp, şu belent daglaryň üstünden aşyp, ýene-de ýurduna gaýdyp gelip bilýän ýigitler köpdür...

Biziň şu gözel ýurdumyzy taşlap, mundan dönüp gidýän, baryp hana hyzmat edýän dönük gara sömlere nälet bolsun!.. Olary halkymyň gargyşy ursun! Meni han gahar edip zyndanyna salsa-da, bu ýurdum meni hanyň elinde galdyrmaz!..»

Ol şeýle diýip, eline dutaryny alyp, Görogludan «Goja daglar» diýen heňi çaldy. Munuň ýany bilen onuň aýdymyna hem gygyrdy.

Goja daglaryň başynda
Ýaz bir ýana, gyş bir ýana.
Titrär agzymyň içinde
Dil bir ýana, diş bir ýana.

Goja dagdan ýollar aşyp,
Ýaz bolanda çaýlar daşyp,
Gyr atymdan aýra düşüp,
Baş bir ýana, läş bir ýana.

Ah çekdim, bilim büküldi,
Sütünim arşa çekildi.
Gözümden sil dek döküldi
Gan bir ýana, ýaş bir ýana.

Görogly diýer nädeli?
Baş alyp nirä gideli?
Öweze kömek edeli,
Dört bir ýana, bäş bir ýana.
Ah, dört bir ýana, bäş bir ýana!

Sazanda ol aýdyma şeýle bir gygyrdy, eger onuň sesini magnitli belent daglar, çuň jülgeler hiç bir ýana goýbermän, özlerine çekip durmadyk bolsalardy, onda obasynyň adamlary diňläp oturyp bilerdiler.

Bagşy dagdan düşdi. At ony hokranyp garşyla-dy we atlanmagyny isläp, gelip ýan berip durdy.

Bagşy bu atyň eýesi däldi. Ozal oňa bir gezek-de münmändi we bir gysym-da ot bermändi. Emma olar geçen bäş sagadyň içinde dostlaşypdylar.

Ol gidip barýar.

At ozal özüniň onlarça gelip geçen ýolundan – gara daşlaryň üstünden aýaklaryny batyrgaý basyp gidip barýar.

«Gyrmyldan gyr aşar». Sazanda bir gün ýöredi, iki gün ýöredi, onsoň üç gün ýöredi. Ahyry hanyň galasynyň işigine ýetip aýak çekdi. Şu ýere çenli oňa ýaman niýet bilen duşan adam bolmady. Kim öňünden çyksa, ilki näme üçin barýanlygyny sorap, onsoň oňa ýol salgy beripdi.

Hanyň iki sany nökeri bagşyny şeýle bir «yhlasly» şeýle bir «gadyrly» garşylady, hiý diýip-aýdar dagy eder ýaly bolmady. Geljegini bir aý öňünden eşidip, gije-gündiz ýoluna garap duran myhmanlaryny hem şeýle içgin «garşylamaýan» bolsalar gerek... Sazanda hanyň howlusyna, şäheriň belent we ajaýyp jaýlaryna seredip tomaşa etmäge hem goýmadylar.

At halys durupdy. Şu ýere öz sütünini süýndürip atypdy. Mundan aňryk onuň taýaklap kowulsa hem gideri ýokdy.

Hanyň nökerleri onuň iki jylawyndan şapba ýapyşdylar-da sakladylar. Onsoň onuň üstünden bagşyny tutaklap düşürdiler. Olaryň ikisi iki ýerden sazandanyň egninden dutaryny sypyryp aldylar-da, gabyndan çykaryp gördüler.

Hyrly tüpeň däl! Örän gurat, kirişleri zyrňyldap duran dutar! Eliňe alyp çalybermeli. Onuň şol beýik dagyň üstünde oturylyp düzülişi. Kirişler birazajyk-da gowşajak bolmandyr.

Geň galmaly zat. Olar dutar bilen gyzyklanmadylar. Ony bir ýana, elleriniň tersine taşladylar-da, onuň eýesi bilen boldular. Jübüsini, goltugyny barladylar. Onsoň guşagyny çözüp, onuň gatlaryny agtaryşdyrmaga durdular. Dökdüler: Emma ellerine oňly zat ilmedi.

Bagşy şu ýerde aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkady. Näme üçin beýle etdikä? Dutary zat hasap edilmän, onuň bir ýana taşlananyna şeýle etdimikä? Jübüsini puldan dolduryp gelmäni üçin bolmasyn? Belki, şoňa ökünendir! Ýöne welin onuň özi hem bilini sermeşdirdi. Näme üçinkä! Onuň aýda-ýylda bir gün ak saply pyçak göteräýmesi bardy. Belki, şony gözländir? Iki gaşynyň arasyndaky hamyň joýa ýaly bolup çyzylyp gitmegi şony hem çen etdirmän durmaýardy.
– Nireden gelip, nirä barýarsyňyz? – diýip, olar ýaňky içgin ýapyşmaklaryny goýdular-da, gaty ses bilen bagşydan soradylar.
– Indi bolduňyzmy? – diýip, bagşy olardan sorady.
– Bize habaryňy ber! Nireden gelýärsiň?
– Şeýleden gelýärin – diýip, bagşy gelen yzyna tarap çytylyp duran ýüzüni öwürdi. – Şu dagyň aňry ýüzünden. Barşym bolsa siziň hanyňyzyň ýanyna! Meni onuň ýanyna alyp baryň!
– Hanyň ýanyna? Siz kim bolarsyňyz? – diýip, olar arkan çekilip durdular-da: – Biz bilmändiris, biziň günämizi geçiň! Hanymyzyň ýanyna barýan bolsaňyz! – diýdiler.

Olar şeýle diýip, bagşa ýalbarmaga we ýaňky boluşlaryndan ötünç soramaga durdular.
– Hawa, hanyň ýanyna. Meni onuň ýanyna alyp baryň!
– Bararys, häziriň özünde!

Gaçar gorkusy bolmadyk, ýöne welin özüniň kabul edilişinden närazy bolan myhmanynyň ýanynda olaryň biri galyp, beýlekisi galanyň içine urup gitdi.

(dowamy bar)
Bölümler: Powestler | Görülen: 48 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Nurmyrat Saryhanow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202