Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:50
Şükür bagşy / - IV
ŞÜKÜR BAGŞY

IV

Han öz oturýan otagynda gününi nämä güýmenip geçirjegini bilmän, töweregini garanjaklap, tukat halda otyrdy. Ol näme bilen gyzyksyn? Ýaş aýallary bilenmi, bagşysy we gürrüňçileri bilenmi? Bular her günde bolup durany üçin, ony halys irizipdi. Oňa häzir, näme-de bolsa täze bir süňňi ýeňillik gerekdi. Nähili täzelik ol? Ony hanyň özi aýdyp berip bilmeýärdi. Her halda handyr. Beýle içini gysdyryp uzak oturmaz. Nähili bolsa-da onuň keýpi tutar ýaly hezillik tapylar. Muňa güman barmy? Ýanynda oturan iki sany adam şonuň aladasyny az etmeýärdiler ahyryn...

Sazandany derwezäniň daş ýüzünde goýup, özi aýak aldygyna gaýdan nöker, şol gaýdyşyndan ýazman, hanyň oturan otagynyň işigine geldi-de, rugsat almak-beýleki ýok, gapyny şarkyldadyp açdy. Onsoň aýaklaryny jüp basyp:
– Ha-han aga, s-siziň ýanyňyza gelmegi s-sorap bir adam geldi – diýdi.

Ana saňa täzelik!..

Hanyň süzülip duran gözleri ýalpa açyldy. Nökeriniň bolup gelşinden gelen adamyň ýönekeý bir adam däldigini ol aňlady we öz söýgüli adamlaryndan biridir diýip bildi-de:
– Bar, gelsin! – diýdi.

Nöker alyp gelmäge gitmedi. Özüniň heniz aýtmaly zady bar ýaly we şony aýtmaga özüni taýýarlaýan ýaly, demini dürsejek bolýar. Ondan habarsyz han onuň direnip durmagyna gahar edip:
– Kim ol? – diýip sorady-da, onuň berjek jogabyna garaşmak bilen bolman, ýene-de:
– Bar, derrew alyp gel! – diýip, ony gyssady. Oňa: «Bar, derrew alyp gel» diýmän, iň ilki bilen ol geleniň kimdigini ondan ymykly soramalydy. Nöker geleniň kimdigini mazaly aýtman, ýöne «Git, getir!» diýleni bilen ony bu ýere alyp geljek gümany ýokdy. Şonuň üçin-de direnip durdy we demini dürsejek bolýardy.

Ol ýene-de sojap:
– Biz onuň kimdigini bilmedik. Soradygam welin aýtmady. Öz-ä türkmen. Ýöne täk bir özi! «Meni hanyň ýanyna alyp baryň» diýip, bizden sorady – diýdi.
– Kim? – diýip, han gaýtadan sorady we özüniň ýaýrap oturyşyndan çaltlyk bilen ýygnandy:
– Näme üçin onuň kimdigini, näme üçin gelenligini bilmediňiz? Türkmen diýdiňmi?

Nöker gyssandy:
– Tanamadyk, h-han aga. Biz soradyk: «Siz kim bolarsyňyz» diýip. Ol jogap bermedi. Ýöne: «Meni hanyň ýanyna alyp baryň» diýdi. Öz-ä tüýs türkmen. Täk bir özi!..
– «Türkmen, täk bir özi». «Men han ýanyna barýaryn. Han ýanyna barýaryn». – Han şeýle diýip, nökeriniň küti dodaklaryna süýkeşdirip aýdan sözlerini öz dili bilen tekrarlady-da: «Kimkä? Ol bu ýere näme üçin düşdükä? Belki, dönük bolup düşendir ýa ýesirlerini satyn almaga geldimikä?» diýen pikire gitdi. Onsoň ol ýene-de:
– Täk bir özümi? – diýip, ýaňadandan sorady.
– Hawa, täk özi. Bir hor ýabysy bilen, bir dutary bar.
– Dutary bar diýdiňmi? Bar, onda tiz alyp gel – diýip, han nökerine buýurdy. – Ylgap git-de tiz getir!

Ol şeýle diýip, buýrugynyň üstüni ýetirdim etdi. Onsoň ýanynda oturanlaryň birini hem oňa goşup goýberdi.

Olar myhmany häziriň özünde alyp gelerler. Ylgap gitdiler. Emma hanyň şoňa-da sabry ýetmedi. Ýerinden tasanjyrap turdy. Olaryň yzyndan ol hem ylgamakçymyka? Daş işige çykyp durdy we öňi bilen hiç bir zatdan habarsyz bir nökeriniň geçip barýanlygyny gördi. Han oňa gygyrdy:
– Bar, tiz alyp geliň!

Nämäni alyp gelmeli? Ol nöker hiç zat bilmeýärdi ahyryn.
Şunuň üçin ol gazyk ýaly dikilip durdy we özüniň nämäni alyp gelmelidigini sorady. Han oňa düşündirmez. Şeýle hem etdi. Özüniň näme buýurýanyny bir sözde aýdaýmagyň ýerine, oňa on gezek agzyny dolduryp, hapa sögünçler bilen sögdi. Bu nähili gaharly han? Indelmezden gelen myhmany hem şeýle gahar bilen garşylaýmasa ýagşydyr.

Sazanda hanyň ýanyna getirildi.

Han bilen bagşy salamlaşanyndan soň, ara dym-dyrslyk düşdi. Bu dymşyp oturmaklyk uzaga çeken bolsa hem hiç kimiň ýüregine düşmeýärdi. Belki, onuň mundan artygrak hem dowam etmegini iki tarapam isleýändir?

Hanyň gözleri bagşyda: onuň dutaryna, gara silkme telpegine, agar çäkmenine we aýagyndaky owadan gülli jorabyna, pikirli ýüzüne, hemme zady göresi gelmeklik bilen garaýan gözlerine seredýär.

Sada türkmen ýigidi. Onuň gyn-gyssag görmän, azajyk-da ýylgyrman, örän arkaýyn oturmagy hanyň ünsüni hemmesinden beter özüne çekdi. «Kimkä? Bagşymyka ýa-da ýurt çalyp ýörenmikä? Dutary ýüzüniň perdesi bolaýmasyn?»

Han şeýle pikir edip, oňa syn etmeginden belli bir netijä gelip bilmeýärdi. «Her halda ýöne adam däldir» diýip, ahyrsoňy oňa şu umumy bahany berdi.

Sazanda özüniň gözden geçirilýänligini aşaklyk bilen aňlaýardy. «Synlabersinler. Kel däl. Kör däl. Ýirik-ýyrtygym ýok». Bagşy içini gepledip, hanyň ýaşaýyş derejesini gözden geçirýärdi. Mämmetýar hanyň derejesi onuň ýadyna öz hanlaryny düşürdi.

Ol Nurberdi hanyňka barmandy, onuňka baryp, saz çalmandy. Ýöne welin onuň gyzyl begres bilen nagyşlanan ullakan çadyrda oturýanlygyny kesesinden seredip görýärdi. Onuň içine haly düşelgidigini bolsa görenlerden eşidýärdi.

Ine, şolardy...

Ol häzir içine gül pürkülen ýaly tamda otyr. Onuň owadan nagyşlaryna gözi gidip seredýär. Ol her halda özüniň bu derejä geň galanlygyny gizläp bilşinden gizlejek bolýardy.

Minutlarça dowam eden bu dymşyp oturmaklygy ahyrsoňy hanyň özi bozdy.
– Hm, myhman, ýagşy geldiňiz, hany, danyşyp oturyň! Käriňiz näme bolar? – diýip, han sazandanyň gapdalynda diwara söýelgi duran dutara garady. – Bagşymysyňyz? Ýa-da...
– Kär sazandalykdyr, han aga – diýip, bagşy şol bir çök düşüp oturyşyna jogap berdi.
– Çoh ýagşy! – diýip, han sakgalyny sypap, bir gobsundy-da ýene sorady:
– Onda, siz, aýdyp oturyň, kim bolarsyňyz? Men türkmenleriň atly bagşylaryny eşidýärdim: Garadäli bagşyny, Aly bagşyny, başgalary...
– Men atly bagşy däldirin – diýip, sazanda jogap berdi.
– Men ýöne öz ýurdumyň diýsene – diýip, han gözlerini elek-çelek etdi. Ol oňa ýamaşgandan garamaga durdy. Onuň häzirki seredişi ozal görüp bilmän galdyran zadyny indi bilen ýaly ýa-da şoňa meňzeş bir zady gözläp tapjak bolýan ýaly örän ýitidi.

Bagşynyň şol bir oturyşy oturyşydy. Ýüzünde-gözünde üýtgeýän ýeri ýok. Ol gönüsini aýdypdy ahyryn.

Sazandanyň bu nomaý sözüne hanyň çyndanmy ýa-da ýalandanmy, garaz, gülküsi tutdy:
– «Öz ýurdumyň sazandasydyryn» diýdiňmi, myhman? Hy-hah hyh-h-h...

Han gülýär. Ol bagşy bilen hezilleşip gitdi, keýpi göterildi. Onuň gülküsini goldan beýleki iki adam-da gülýärdi.

Olaryň näme üçin gülýändiklerine, belki, sazanda-da düşünýändir. Ol: «Gülseňiz gülüň» diýen ýaly edip, ýene-de:
– Hawa, men öz ýurdumyň sazandasydyryn! – diýdi. Şeýle diýmegi bilenem onuň ýüzi hem çytylyp gidipdi.

Öz gülküsiniň myhmanyna täsir edenine begenen ýaly, han ýene-de şol gülküsini dowam etdirdi.
– Hah-hyh-h-h-h, myhman, sen «öz ýurdumyň» diýip, ne uly gepläp başladyň? Haýsy ýurduň?
– Öz ýurdumyň.
– «Öz ýurdumyň sazandasydyryn» diýdiňmi, myhman?
– Hawa, men öz ýurdumyň sazandasydyryn.
– Haýsy bir ýurt ol, öz ýurdum diýýäniň? Hany aýdyp ber: şol biziň bilýänimiz – Keýmirkörüňiziň ýurdumy? Eger-de ol boljak bolsa, onda siziň bagşyly bolar ýaly, beýleki bolar ýaly ýurduňyz ýokdur. Siziň iň zoruňyz Keýmirkör diýeniňiz bolupdyr ahyryn. Dogry, ol Nedir şa bilen-de dalaşypdyr. Ýöne welin ol ýurtludyryn diýip, dilini ýaryp bilmän geçipdir ahyryn. Ol hemişe: «Meniň ýurdum Hatap galasydyr» diýip, düýäniň üstünde ýaşar eken. Siziň aňryňyzdan Hywa, bäriňizden bolsa... Sizde nä ýurt bolsun, agyz dolduryp aýdar ýaly, hyh-hy-hy...

Hanyň keýpi köklügine, gamsyzlygyna geň galyp oturan ýerinde «Gep oýundan ýeter» diýen atalar sözi bagşynyň ýadyna düşdi. «Gülkiniň aşagynda näme-de bolsa bir zat ýatandyr. Ýönekeý ýere bu beýle azar edinip gülmez, ýanynda oturanlara hem gülüň diýen garaýyş bilen seretmez». Bagşy han gülüp bolýança şeýle pikir etdi. Haçan hanyň gülküsi galandan soň bolsa, ol ýene-de:
– Meniň ýurdum bardyr, ýurdumyň bagşysy hem bardyr – diýip, bagşy aýdanyny berkleşdirdi.
– Biz asyl-ha myhmanyň habaryny bir günden soň alýandyrys. Siziň habaryňyzy welin, häzirden alsak-da boljak ýaly. Hany, onda aýdyp oturyň, siz näme iş bilen geldiňiz? – diýip, han ondan sorady.
– Bir kiçijik iş bilen, han aga. Ony häzirden aýtsagam bolar, aýtmasagam bolar. Ýöne şunsuny aýdaýyn: şu dutar bilen size iki sany heň edip beräýmäge geldim. Hawwa, siziň eliňizde meniň doganym bar, şony hem beriň diýip, sizden soramaga geldim. Artyk habarym hem ýok meniň.
– Nä dogan ol?
– Mundan on bir gün ozal size bendi düşüpdir.
– Onda Gurbowyň galasyna çozanlardan tutulandyr – diýip, hanyň ýanynda oturanlar hanlaryna aýdyp berdiler.
– Heňi şonuň üçin çalyp berjekmi? Hä, ol diýseňiz-le, «Şol diýip geldim» diýsene. – Han bagşynyň ýüzüne gaýtadan seredip, ýene-de gülmäge durdy. – Saz çalyp bermäge, hah-hah. «Ol meniň doganymdyr» diýsene. Ýagşy doganyň bar eken...
– Han aga, siz kän güldüňiz.
– Myhman gaty görme, siziň gep urşuňyz gülmez ýaly däl. Bolşuňyz gaty geň. Emma sen munda göwnüňe hiç bir zat getirme. Bu biziň degişmämizdir. Bagşy halky bolsa degişmegi göterýän bolmalydyr. Onsoň hem biz ýagşy gören myhmanymyz bilen ýalaň şeýlediris... Sen habaryňy aýdyber. Hy-h-h...
– Men göwnüme hiç bir zat getirmeýärin. Hawwa, birazajyk getirmänem durmaýaryn. Han aga, meniň şu gelşim gülkümi? Onuň ýaly bolsa bilmedim... Şu iň gowy bolup gelşim: dogry, başga hili hem gelişlerim bardy, eger geleýin diýsem. Ýok, men başga hili gelmegi islemedim. Ony obam hem maslahat bilmedi. Şonuň üçin-de, ine, şeýle geldim. Emma bu gelşim gülki bolup çykýan ýaly boldy, gaty bilýärin welin...
– Myhman, bu gelşiň-ä, ine, görýäris. Hany aýt, başga nähili gelşiň bardy?

Bu soragy hanyň gülküsine goşulýan, belki, ondan hem içýakgyjrak gülýän gyrçak gara sakgally, bili gök guşakly, orta boýly adam berdi. Ol özüniň soragyndan göwni hoş bolup, sakgalyny sypap, hanyň ýüzüne garady.

Sazanda biraz arkaýynlaşypdy. Indi gelendäkisi ýaly ýüregi tarsyldap uranokdy. Gepleşip oturanlary özünden artyk däl, bolaýsa özi ýaly. «Urşuň daşyndan içi aman» diýip, bagşy hanyň salgyny ilki eşidendäki özüniň gaýgysyny ýadyna saldy. Ol häzir hanyň ýakyn ýanynda otyr. Onuň bilen sözleşýär. Göni hem däl, gyşaryp hem gördi. Näme üçindir, han özüni asmandan asyp oturmady. Bagşydan gözleri dokunmanlygyndanmyka? Ýok, ondanam-a däl ýaly. Dogry, ol bagşynyň gepine-sözüne gülýär. Onuň bilen bälçireşýän ýaly gürleşýär. Emma onuň gülküsi bir hili, äsgermeziň gülküsi däl ýaly, ondan bir hili ýürek awamasy duýulýar. Ol sazandanyň ýüzüne seredende, nämedir bir zatlary pikir edýän ýaly bolýar. Şonda ýüzüniň reňki hem solýar, gülküsiniň hem soňuny «hyrk-hyrka» berýär. Çal murty küsserýär. Kim bilýär, belki, hanyň ýadyna başga bir zatlar düşse-de düşýändir.

«Başga nähili gelşiň bardy?» diýende, sazanda bir-az pikirlenip oturanyndan soň jogap berdi.
– Men han agadan doganymy dilemäge ilimiň iň saýlama ýigitleri bilen hem, iň saýlama at-ýaraglary bilen hem gelip bilýärdim, eger geleýin diýsem! Bu biri, gardaş! – Onsoň bagşy ýüzüni ýokary tutdy.

Onuň bu jogaby baryp hana şarpyldap degdi. Ol myhmanyň sözde «sazandadyryn» diýip başlap, indiki aýdyp oturanlaryna indi düşünen bolsa gerek, ynjalyksyzlandy. Myhmanyň ýüzüne seredip, agramyny beýleki uýlugynyň üstüne ýeňillik bilen atdy. Ýüzi, erni gyşardy, ömründe bir gezek-de gülmedik ýaly, asyl
gülmäge ukypsyz ýaly boldy. Sakgaly has agardy, näme üçindir, häzir onuň düýbünden hyna-da gyzaryp göründi. Gözleri mölerdi-de, belli bir zada nazar salman, giňden açylyp durdy. Indi gülküsi tutanok. Onuň ýap-ýaňy bagşyny masgaralap gülýän gülküsi hany?! Ol nirä gitdikä? Näme üçin gitdikä? Ol gülküler sazanda gaty görýär diýlip we myhman sylanyp goýulaýan-a bolmasyn? Onuň üçin däl bolsa gerek. Myhman özüne gülünmegini gaty görýänligini ilkibaşda hem bildiripdi. Eger han myhmanyň gaty görýänine keýp edip gülen bolsa, onda henizem gülübermeli ahyryn. Myhman onuň gülküsini gaty görýär. Ýöne welin han beýle ýagdaýa düşer ýaly myhman näme diýdi? Ol ýöne «mesaýy bir zat» diýdi ahyryn. Şunda näme gorkunç we gaharlanar ýaly zat bar? Belki, han onuň beýle diýmeginden bir zatlar aňlandyr. Ýogsam, ol ýene-de gülerdi. Nöker gelip: «Türkmen geldi» diýip aýdanyn-da, hanyň gözleriniň öňüne daýanykly, syrdym ýigitler we olaryň gulan atlary gelipdi. Nöker: «Täk bir özi» diýip aýdanda bolsa, han geleni görmäge howlugypdy. Soň bolsa bili gylyçsyz, aýagy bökejem hywa ädiksiz, egin-eşigi ýönekeý ýigit onuň keýpine gelipdi.

Myhmanyň şol bolşuna: «Men öz ýurdumyň sazandasydyryn» diýmegi bolsa, hanyň gülküsini tutdurmady, gaýtam, gaharyny getirdi. Ol myhmanyna nähili «sylag» etjegini şu ýerde pikir etdi: «Munuň garşyma geçip aýdyp oturanlaryny görle. Meni gorkuzmagy hyýal edýärmikä? Elini-aýagyny daňdyryp, zyndana atdyraýjagymdan habary ýokmuka? «Saýlama ýigitler bilen hem, saýlama at-ýaraglar bilen hem gelip bilýärdim» diýdi. Näme üçin onda şeýle, boýun synyp geldikä? Näme üçin bu şony maňa aýdýarka? Düşünmeýärin. Hiç bir bolşuna düşünmeýärin... Bu bir samsyk bolaýmasyn? Sen bu haýbatyň bilen meni gorkuzyp, doganyňy alyp gidip bilmersiň! Muny näme etsem, hanlary dagysy bilen hemmesine ýagşy göz görkezip bilerin? Yzyna it salyp kowmalymy, ýa zyndana taşlamaly ýa-da näme etmeli? «Sazandadyryn, saz çalyp berjek» hem diýdi. Onda men muny Gulam bagşynyň eline bereýin. Şony ýeňip bilseň, doganyňy
alyp git diýeýin. Gulam muny güjük dalan ýaly edip dalar. Onsoň muny nätmelidigini özüm bilerin. Eşege ters mündürip, yzyna it salagada ýurduna kowup goýbererin. Şeýle ederin. Ýöne welin munuň özi bagşy bolaýbilse ýagşydyr. Näme bolsa şol bolsun. Şeýle ederin...»

Han şu pikirini tizden ýerine ýetirmäge howlugan ýaly, bagşa şeýle sorag berdi:
– Myhman ýigit, hany, dogryňdan gel, sen bagşy däl, seniň aýdyp oturan zatlaryň asla bagşyň aýtjak zatlary däl. Sen bagşymy? Ýa?.. Gel, dogry geple...
– Dogrymdan gelsem, han aga, men sazandalygyma sazanda. Ýöne welin öz doganymy diläp, siziň ýanyňyza horjuny gyzyldan dolduryp hem, bir-iki sany düýäni halydan ýükläp hem gelip bilýärdim, eger geleýin diýsem. Siziň ýanyňyza beýle gelmegi hem maslahat bilmedik. Şunuň üçin bolsa, ine, şeýle geldim. Biziň dünýäde iň eziz görýän zadymyz sazdyr, han aga, muny, belki, sizem bilýänsiňiz, türkmenleriň bir heňe bir düýe tutýanyny we başga zatlar tutýanyny bilýänsiňiz. Biz şeýlediris. Siziň hem sazy söýýänligiňizi, özüňizem bagşy saklaýanyňyzy eşidýäris. «Mämmetýar han – saz gadyryny bilýän han» diýip. Şu söz biziň obamyzda eşidilip durýardy. Şunuň üçin biz oturdyk-da, hanyň ýanyna adamyny diläp, nähili barmaly diýip maslahat etdik, onsoň şu karara geldik: «Hana dilege gahar bilen, pul bilen barmaly däl, diňe bir saz bilen barmaly. Şonda ol möhümiňi bitirer» diýildi. Ine, şoňa görä-de, özüm sazanda bolanym üçin, men siziň huzyryňyza saz bilen geldim. Eger doganymy azat ederin diýseňiz, onda size şu «warak» dutar bilen bir-iki heň edip berjek, han aga.

Han ulumsyrap, arkan gaýşyp pallady.
– Meniň saz söýýänligim şol ýerlere hem düşýärmi? – diýip sorady.
– Hawa, han aga, dünýede eşidilmez-bilinmez zat bolmaz, eşidýäris. Onda-da her günde.

Han has gyzyklandy.
– Meniň hakymda başga nähili zatlar eşidýärdiňiz?
– Başga-da gowulygyňyz hakynda köp zatlar eşidýäris, han aga.
– Meselem, nämeler?

Bagşy biraz ýaýdanjyrap durdy-da: – Onsoň hem... – diýdi.
– Meselem, nämeler? – diýip, han ýene-de çintgäp sorady. Onuň eşidesi gelýär.

Bagşy indi näme jogap berjegini bilmän, mähetdel galdy. Ýokarsyny garap pikirlendi. «Näme diýsemkäm» diýip, gözlerini gyrpyldadyp pikirlendi. Ol hanyň nähili jogap alasy gelýänligini bildi. Oňa: «Siziň adalatlydygyňyz, batyrlygyňyz hakynda eşidýäris» diýmeli. Ol hanyň gyzyl ýüzüne seredip oturan ýerinde beýle diýmäge, ýöne hany oýnap goýbermäge-de dili barmady. Onsoň ýöne oturmanyň ýagdaýyny tapman we özüniň toslap tapýanyny hana aňlatmajak bolup:
– Aý, han aga, sanap oturmagyň hajaty ýok, ýöne köp zatlar eşidýäris – diýdi.

Han onuň bu soraga jogap bermäge kynlyk çekenini bildi-de, başga soraga geçdi.
– A, sazandalygym hakynda? – diýdi.
– Ony hem eşidýäris. Ýöne «han çepbekeý» diýip eşidýäris.

Dogry, han saza ökde bolmasa hem dutar çalyp bilýär eken. Onuň çepbekeýligi hem dogry. Bu hakda sazanda ozalam bir ýerde eşidipdir, bagşynyň şuny aýtmagy örän ýerlikli boldy. Şunuň bilen birlikde hem han bagşynyň toslap aýdanlarynyň baryna ynandy. Onsoň ol ýene-de ulumsylanyp:
– Aýdanlaryň dogry, belki, maňa saz çalyp bermäge geleniň hem dogrudyr – diýdi.
– Dogry, han aga! Näme bolupdyr dogrym bolman?..
– Hm – edip, han biraz böwrüni diňläp durdy-da:
– Emma diläp gelen adamyň etmişlidir – diýdi.
– Bilýärin, han aga.
– Bilýän bolsaň, onuň bahasy gymmatdyr.
– Ony hem ýagşy bilýärin. Ýöne han ýanynda onuň näme gymmaty bolsun, han aga. Ol bir adam ahyry!
– Doganyňy şu dutaryň bilen almakçymy?
– Şeýle niýet bilen geldim, han aga.
– Sazyň bilen alyp bilmersiň!
– Onda... – diýip, sazanda dymdy we ýaňy hanyň ugruny tapandyryn diýip süýjän agzyna öt çaýylan ýaly boldy.
– «Ondaň» näme? – diýip, han sazandanyň ýüzüne seretdi we özüniň hälki eden pikirine ýene-de gaýdyp geldi. «Onda sen atly-ýaragly gelersiň, hany şeýle gelibem bir gör!» diýip, içini gepletdi-de, bagşynyň öňünde şeýle şert goýdy.
– Meniň bir bagşym bar. Eger sazanda bolsaň, şony ýeň-de, doganyňy alyp gidiber! Eger ýeňilseň, onda meniňkem seniň «ondaň»... bolar!

Han şeýle diýip, ýüzüni aşak saldy. Onuň ýanynda oturanlar hem hanyň şeýle diýmegini makullap, gozganyşyp oturdylar.

Bagşy ýeňilse, han näme etjegini aýtmady. Goý, aýtmasyn. Bagşy indi ondan ýagşylyga garaşýan däldir.

Onsoň Şükür: «Hanyň bagşysy kim? Ony ýeňip bolarmy-bolmazmy?» diýen ýaly pikir etmän:
– Bolýa, synanaryn. Eger basylsam, onda näme etseň şony et – diýdi.

Onuň tüýi emgenmän, mertlik bilen beren jogabyna han geň galyp tisgindi we:
– Sen kim bilen saz çalyşmalydygyňy – Gulam bagşyny tanaýarmyň? – diýip sorady.
– Eşidýärin – diýdi-de, bagşy bir iňkise gitdi.
– Onda bol. Ertirden başlarys! – Han şeýle diýip, ýerinden turdy. – Biz myhman söýýändiris. Bu gün agşamy bilen dynjyňy al, iý-iç – diýdi.

Onsoň ol ýanynda oturanlardan birine sazandany myhmanhana alyp barmagy we iýmek-içmekden kem zadyny goýmazlygy buýurdy.

Sazanda hanyň ýüzünden erbet niýetlerini okap, gaýgyly turdy.

(dowamy bar)
Bölümler: Powestler | Görülen: 48 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Nurmyrat Saryhanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 21:58, 06.01.2023
Aşakdaky abzasda bir zada sypan ýaly. "– Men atly bagşy däldirin. Men öz ýurdumyň sazandasydyryn" ýalyrak bolmalymyka? sebäbi has aşakda "öz ýurdumyň sazandasydyryn" agzalýar.

– Men atly bagşy däldirin – diýip, sazanda jogap berdi.
Men ýöne öz ýurdumyň diýsene – diýip, han gözlerini elek-çelek etdi. Ol oňa ýamaşgandan garamaga durdy. Onuň häzirki seredişi ozal görüp bilmän galdyran zadyny indi bilen ýaly ýa-da şoňa meňzeş bir zady gözläp tapjak bolýan ýaly örän ýitidi.

...

Sazandanyň bu nomaý sözüne hanyň çyndanmy ýa-da ýalandanmy, garaz, gülküsi tutdy:
– «Öz ýurdumyň sazandasydyryn» diýdiňmi, myhman? Hy-hah hyh-h-h...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202