16:44 Haýsy topar biz | |
HAÝSY TOPAR BIZ "Ynanýan" diýýäsem weli Ynammyzda ygraram ýok yhlasam ýok erkem ýok. Biziñki nähili ynanja girýä?! Biz özümiz haýsy topara girýäs?! Döwrebap ynançly Bolmakmy ýa şu? Öz üstüñden Özüñ gülmekmi ýa şu? Hut anyklyk bizi yryp bilmändir Nämälimlik bolsa dyza çökerdi. Bize aşa umyt berdi Ýel berdi arşa çykardy. Görnetin Permana eýgerip bilmän Nämälimlik içre umytda gezýäs Şeýdip özümizi köşeşdirýäs biz Bil baglaýas Bil baglaýas Hudaýa Has dogrusy göz ýumup galan zada Bil baglaýas Täk "Geçirimli" ada Ajy gözýaş döke-döke. Biziñki nähili ynanja girýä Kaka?! © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |