Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:32
Erkin guş
ERKIN GUŞ

Meniň ýokary okuw jaýyny tamalanyma üç ýyl boldy. Köp şükür,ähli babatda meni goldap duran enem-atam bar. Ýokary okuw jaýyny tamamlap,öz söýgüli kärimde zähmet çekýärin. Emma şahsy durmuşymda weli hiç hili özgeriş ýok. Men henizem ýalňyz guşjagaz. Söz aýdýan oglanlar ýeterlik bolsa-da olar arzuwymdaky şazada asla meňzänoklar-da.
Men şu wagta çenli ýalňyz bolsamam,erkin guşjagaz. Ejem bilen kakam maňa aňry ýany bilen ynanýarlar,şonuň üçinem,haçanda bir zat etmegi,ýa-da bir ýere gitmegi ýüregime düwsem,olar hiç haçan maňa garşylyk görkezmeýärler. Belki men olaryň ýeke perzendi bolanym üçindir. Onsoň menem olaryň maňa bildirýän ynamyny ödemäge çalyşýaryn.
Ine, onsoň meniň şahsy durmuşyma dalaşgär oglanlar bolsa,meni gurjaga öwrüp,öýleriniň töründe bezeg edip goýmak isleýärler. Beýle zada razy bolup bilmerin ahyry. Söýgi – bu erkinligiňden geçmekmi eýsem?! Eger şeýle bolýan bolsa näme üçin diňe gyz öz azatlygyny,isleg-arzuwlaryny pida etmelimişin?! Aý, ýok,men-ä munuň bilen ylalaşamok.-Ylalaşmasaň garry gyz bolup geziber-diýip içimden ses gelen ýaly boldy. Be,munuň ýaly ikirjiňlenme mende nädip döräp ýörkä?! Soňky günlerde ejem durmuşa çykmaga wagt bolanlygyny köp ýaňzydýar weli,aňymdaky bulaşyk pikirler belki-de şol sebäplidir. “Şu gün işden soň,hökman “Rahatlandyryjy dünýäme” gideýin” diýip öz ýanymdan pikir etdim.
“Rahatlandyryjy dünýäm” ýaşaýan ýerimizden uzakda bolmadyk seýilbagdy. Pikirler içki dünýämde gozgalaň turzup başlasalar,şol seýil bagda biraz gezmeleýärin. Bu indi endige öwrülip gidipdir.
Bu ýer ýylyň haýsy möwsüminde barsaň,ýaşyl kürte dakynyp oturan arçalar,älemgoşary ýada salýan her dürli reňkli güller,adamlaryň ruhyýeti ýaly kä asmana atygsaýan,käte bolsa pese gaçýan suw çüwdürimleri hemişekileri ýaly bu gezegem göwnümi göterdi. Şol arada men şeýle bir hyýala çümüpdirin weli,hatda asmanyň ýüzüni gara perdeleriň tutup,howanyň üýtgäp başlanyna hem üns bermändirin. Birdenem,ýaňagyma dür ýalyjak damja gaçdy-da aşaklygyna taýyp gaýtdy. Men tisginip gitdim. Eýýäm giçdi. Ýagyş örän çalt tutaşdy. Men ylgap diýen ýaly öýe tarap ýola düşdüm. Ýanymda saýawanym hem ýok. Seýilbag bilen öýümiziň arasyny uly ýol kesip geçýärdi. Men seýil bagdan howlukmaç çykyp,ýoluň aňry tarapyna geçmäge hyýallandym. Şol wagt bir ulag ýanymda saklandy. Bir nätänyş oglan sag tarapky gapyny açyp,”Ýörüň,barjak ýeriňize çenli eltip gaýdaýyn” diýdi. Men aşagrak egildim-de,”Sagboluň,barmaly ýerime ýetdim” diýdim-de ulagyň yz tarapyndan öwrülip,hiç tarapa seretmän köçäniň o tarapyna geçjek bolaýypdyryn. Şundan soňky zatlar göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Batly gelýän ulagyň signalynyň sesini eşidenimem şoldy weli,ýaňky nätänyş oglan ýanymda peýda boldy. Elimden çekdi-de meni käçäniň gyrasyna çykardy. Şol pursat nätanyş bilen nazarlarymyz kaklyşdy. Ýüregim ýerinden süýşen ýaly täsin duýguny başdan geçirdim. Biraz wagt hemme zat doňup galan ýaly boldy. Doňup galan pursat ýaňyja betbatgçylykdan halas bolan ulagyň sürüjisiniň:”Uýam janyňdan irdiňmi,seresaplyrak bolaweri” diýen sesine janlanyp gitdi. Men bolup durşumyzdan utanyp,nätänyşyň elinden elimi çekip aldym-da ýaňky sürijä ”Bagyşlaň” diýdim. Ol bir zatlar hüňürdäp öz ugruna gitdi. Ýanymdaky nätänyş oglana:”Taňryýalkasyn” diýip, öýe tarap gaýtdym. Ol bolsa henizem doňan ýaly bolup durdy.
Öýe baryp,bolup geçen zatlar barada pikir edenimde gülkim tutdy.”Gyzym,näme üçin öz-özüň ýylgyryp otyrsyň” diýip,ejem meni ukydan oýaran ýaly edäýdi.
-Hä? Aý, ýok,ejejan,men şu gün bir degişme okadym weli,şol ýadyma düşüp ýylgyraýdym-diýip men öz otagyma gaçmak bilen boldum.
Şol wakadan birnäçe gün geçensoň,nätanyş yigidi öňki birinji gezek görşen ýerimizde ýene-de gördüm. Ol meni görüp ýerinden turdy-da göni maňa tarap ýöräp gaýtdy. Men indi erkinligimi ýitiräýdim öýdýän…

(©) Meňli Aşyrowa

Arhiwden
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 01:53, 30.01.2024
...nätanyş yigidi öňki birinji gezek görşen ýerimizde ýene-de gördüm. Ol meni görüp ýerinden turdy-da göni maňa tarap ýöräp gaýtdy...

şu ýeri nätakyk ýalymy?
öňki görüşen ýeriňiz ýoluň gyrasy, ola maşynda senem köçeden geçjek bolduň we seni ol halas etdi...
"gezmeleýän parkymda gördüm" diýiljek boldy öýdýän.
Gahryman "erkinligini ýitiräýdi öýdýän…" bolsa, onda haýyrly-ugurly bolsun! :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202