Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:14
Uruş hakda goşgular (1941-1945)

ESGER HAKDAKY HAKYKAT

Öňler umyt bilen ýeli hüwdüläp,
Bugdaý pellerinde enem işlärdi.
Üns berilmän giden Gün deý öýkeläp,
Mensiz günleň gapysynda düşlärdi.

Men onuň gözlerde ýaşadyp ýören,
Buşluk habarlardan agtarýanydym,
Onuň hemmelere bagş edip ýören,
Söýgüsiniň ýalňyz arkadagydym.

Watan üçin söýgim baýdak edinip,
Men oňa enemiň yhlasyn berdim,
Şol söýgüden oba bilmedim gelip,
Şol söýgim artdyrdy enemiň derdin.

Ýok, ölüp gitmedim urşuň içinde,
Men enemiň gözýaşynda ýaşadym.
“Watan” diýdim, gökden ýyldyz gaçanda,
Sebäp, söýgüsidim size bagş eden.

Toprak sorup aldy juda köpleri,
Olaryň yzynda galdy dowamat,
Men-taryh döreden urşuň esgeri
Men bir ýaşap ýören janly rowaýat.

Sorag

Senden uruş hakda soradym bir gün,
Şol günem ömürlik ýadymda galdy.
Diliň geplemedi, öwrülip bilmän,
Tutaşýan gözleriň odunda galdy.

Duw-ak saçyň dim-dik boldy şobada,
Sen örän gaharly gaşyňy çytdyň.
Beýle elhenç pursat bolmaz dünýäde,
Men ony uruşdan beter öýtdüm.

Diliň aýlanmaýar, gözleriň ýanýar,
Elleň bolsa sandyrady titreşip,
Meger, bir zatlary diýesiň gelýär,
Bir zatlar-a diyjek bolduň üýtgeşik.

Söze derek hassyldadyň howlugyp,
Soňam durup bilmän, oturdyň ýerde,
Uruş näme? – diýen ýekeje sorag,
Seni duçar etdi tükenmez derde.

Uruş gutarmaýar urşanlar üçin,
Ol ýene geljege dowam ekeni,
Men indi düşündim, ýöne düşündim,
Sen asyl soragma jogap ekeniň.

(ýyllar geçdi, düşündim men jogaba
Eýse, wagtyndan öň ony kim bilýär?
Indi biri uruş hakda sorasa,
Gepläp bilmän durşuň göz öňme gelýär)

Atamyň ünjüsi

Ýaşyl şirejeler ýaşyl ýapragyň
Ýüzünde ýelmeşip galýan wagtynda,
Ak gülleriň ysyndan beýhuş bolan
Mellegmiziň gyrasyndan bardym-da

Oturşyn synladym garry atamyň,
Onuň ak saçlary ak güller ýaly,
Hamana, birgiden gülüň içinde,
Ýalňyz özi saýran bilbiller ýaly.

Otyrdy diň salyp, böwrüni diňläp,
Men oňa bardygym hakda aýtdym,
Nazarlarmyz çaknyşan çagy bolsa,
Ony bu ýerlerde däldir öýtdüm.

Şeýle çemenzarlyk, ajap gül – baglyk,
Atamyň hemişe gysdyrdy için,
Ol, meger, henizem söweşip ýördi,
Asuda, parahat ýaşamak üçin.

Ýöne hiç bilmedim, näme sebäpden,
Asuda bahar oňa agyr degýärdi,
Atam şu günlere urşup ýetenne,
Urşup ýetenine ynanmaýardy.

Uruş

Uruş hakda sorasalar,
Şobir jogap be:rdim mydam,
Ol biz üçin urşa giden
Gaýdyp gelen eziz atam.

Gaýdyp gelse, geldem weli,
Öwrenişmän gezdi ol,
Ýyllar geçdigisaýy,
Öňküsinden gyzdy ol.

Kyn bolýardy düşünmek,
Näme isleýänine,
Bulardanam kyn düşdi,
Günde toslaýanyna.

Bir-de Ukrainadan,
Bir-de çykýardy düzden,
Bilmedim, ol şunça ýyl,
Kimi gözledi bizden?

Nämäň derdin çekenin,
Bize aýtman gitdi ol,
Hatar duran maşgala
Naýynjar seretdi ol.

Soňam hemmä düşnükli,
Bir at eşdildi gitdi,
Mümkin, onuň gözläni
Şol biçäre ýigitdir.

Ýa-da, belkem, özüdir,
Uruş özgertdi baryn.
Atamdan miras galdy,
Jogaby ýok sowallar.

Bellik: Goşgular 2020-nji ýylda ýazyldy. Haýran galaýmaly, men köp zatlary öňünden duýan ekenim...

© Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 197 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Medicall • 12:11, 03.05.2023
Ýöne bir goşgular däl bular, ýürek sezasy, şol ýyllaryñ içinde ýaly duýguly ýazylypdyr.
ýeñiş güni baş syahypada goýuljak eserler bular.
Günüñ üns berilmedigi üçin öýkeläp gitmegi aýratyn duýgy oýardy.

Meñem atam uruşdan ýaraly gelipdir, ýöne men atamy görmedim.. (ruhlary şat bolsun, bizden razy bolsunlar)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202