00:09 Ýaş tankytçy | |
ÝAŞ TANKYTÇY Sypaýylyk juda agyr degensoň, Şahyrlaň göwnüne degensoň dogry, Onuň özem hiç ynjalyp bilenok, Ýüz görmezlik bilen diýensoň ”Ogry” Kimler-ä epigon, kimler plagiat, Täzeligem gödek görnensoň göze, Edebiýat kanuny edilensoň ýat, Munda orun bolmaz owadan söze. Kapyýasyz setirlerin hetjikläp, “Ak goşgy” diýýänleň berip merkini, Ýaş tankytçy goldatjakdy ikelläp, Şygryň kabul etmejegne her kimi. Goldarlar öýtse-de, goldaw ýokdugna, Onuň özem göz ýetirdi ýeterlik, Şöhratparaz kişä uly otdugna, Düşünse-de edip otyr kejirlik. Ah, soňsuz jedeller nämäňe gerek? Barybir tankydyň zyňyp taşlarlar, Şahyrlar sözüňden çykarman derek Ertir bir redaksiýa eňip başlarlar. 2011 ý © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 13 | |
| |