Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:26
Kagyz şäherjigi
Kagyz şäherjigi

(hekaýa)

Bular ýaly şäherjigiň haçan we kim tarapyndan döredilendigini anyk aýtmak çetin. Sebäbi onuň ýaşaýjylaram beýle täsin şäheriň haçan peýda bolandygyny bilmeýärler, hatda, şäheriň örän geň şäherdigine-de düşünmeýärler. Olaryň bar bilýän zady – bu şäheriň häkimi maşgalasyz, ýalňyz Suratkeş bolmaly. Hiç kim henize çenli onuň ýüzüni görmek hukugyna eýe bolup bilmändir. Ol şäheri etekläp oturan dagyň aýagujunda ýerleşýän bir otagly, pessejik jaýda ýaşaýarmyş. Jaýyň diňe bir otagdan ybaratdygy baradaky çaklamalaryny ogryn – dogryn Suratkeş hakynda nähilidir bir maglumat bilmäge çalşan tötänleýin we bilkastlaýyn aňtawçy toparlary otagyň başga hiç bir ýerinde çyranyň ýanmaýandygy bilen düşündirýärler. Gynansagam, olara otag we onuň eýesi barada şondan başga maglumatlary almak başartmanmyş. Aňtawçylar pessejik jaýa golaýlaşan badyna haýsydyr bir jadyly güýç olary yzyna – şähere tarap itekleýärmiş.
- Meniň şo Suratkeş hakda bilmäge çalşan gezegim-ä, güýçli ýel turupdy – diýip, ýüzündäki ýygyrtlary zerarly hasam yzgytsyz görünýän bir ýaşuly bize soňundan, has dogrusy, şäheriň täsinliginiň sebäbini aýan edenimizden soň gürrüň berer. Şäheriň täsinligi welin ine, şunda: haýsy materikdigi-hä belli däl, ýöne şo şäheriň dört tarapyny hem suw gurşaýar. Şäheriň ýaşaýjylary hiç haçan şol suwuň aňyrsynda nämeleriň bardygyny görüp bilmeýärler. Olar dört tarapyny gurşap, tolkunyp ýatan suwa umman diýjeklerinem bilenok, diýmejeklerinem. Gözýetime uzalyp gidişi taýdan ol ummana meňzese-de, dört tarapynam umman gurşap alan şäher ýer ýüzünde ýok ahyryn.
- Bular ýaly şäher kartada ýok, bu şäheriň bolmagy akyla sygjak zat däl – diýip, eli we aýagy bolan dörtburçlyga meňzäp duran ýognas adam ýumurtga ýaly tekiz kellesini sypap gaýtalaýar. Ýöne şäheriň ýaşaýjylary bu gürrüňe kän bir ähmiýetem berenoklar. Sebäbi dört tarapynam suw gurşap duran şäheri almanyňda-da, olaryň durmuşynda täsinlik az däl. Şäheriň ýerleşişi-hä, hälki bir “durnaň üstüne urna” diýleni ýaly bir zat. Bu şäheri beýleki şäherlerden iň tapawutlandyrýan zat – onuň ýaşaýjylarynyň hemmesiniň kagyzdan ýasalan bolmagy. Eliň aýasy ýaly ululykdaky kagyzjyklaryň ýüzüne dürli galam bilen her kimiň şekili çekilen. Öňki durmuşynda bu kagyz şekiljikleri hakyky adamlar bolupdyrlar, hakyky adamlar ýaly doglupdyrlar, ýaşapdyrlar, ýöne haýsydyr bir näbelli güýjüň täsiri bilen ömürleriniň bir pursatynda kagyza öwrülipdirler-de, şol täsin kagyz şäherjigine düşmäge başlapdyrlar. Özlerem hersi belli bir wagtda däl-de, aýry – aýry wagtlarda, aýdaly, inçejik billi, süzük gözli, eli örän naşyja çekilen gyz – ýigrimi sekiz ýaşynda, uzyn boýly, agajet, kümüşsöw saç adam özüniň nygtaýşy ýaly, otuz üç ýaşynda (ýöne hemmeler ony altmyş ýaşyndadyr öýdýär) şo şähere düşüpdir. Olar haçan kagyza öwrülen bolsalar, edil şo hili görnüşde-de, hatda, iň ownujak detallaryňam gözden salynmandygy sebäpli – kagyza öwrülen pursatynda egninde bar bolan eşiginden başlap, saçyndaky goňajyga çenli dogry gelýän görnüşde, kagyz şäherjiginiň ýaşaýjylaryna öwrülipdirler. Suratkeş olaryň hemmesini şeýlebir anyk görnüşde çekýän ekeni welin, olar ilkibada özleriniň kagyza öwrülendiklerini saýgarmandyrlaram. Kagyz şekiljigine öwrülen adamlar öňki durmuşy hakda hiç zady bilmändirler. Şo şähere düşen badyna haýran galaýmaly ýagdaýda ähli maglumatlary, hatda ady – familiýasynam ýatdan çykarýan ekenler. Şo sebäpli olar kimiň – kimdigini diňe daşky sypatyna seredip, bilmeli bolupdyrlar. Ýöne adamlaryň käbirini diňe içden tanap bolýandygy üçin olar köplenç ýalňyşypdyrlar. Olar ýukajyk listiň ýüzüne çekilen şekiljikler bolany sebäpli, ýel turaýsa ýa-da harasat gopaýsa, edil güýz ýapraklary ýaly titräp, şemalyň ugruna uçup gidýän ekeni. Käbirleri hatda, uçup – uçup, şäheriň daşyny alan ummana-da düşüpdir. Şolar ýaly ýagdaýda beýleki kagyz şekiljikleri “ýene birimiz azaldy” diýip gussa bilen dem alypdyrlar. Kagyz şekiljikleri ýagyşdyr garyň ýagmagyndanam örän heder edýärler, ýöne olaryň bagtyna bu örän seýrek bolýan hadysa. Iň soňky gezek olaryň şäherinde ýagyş, üfleseň ýykyljak bolup duran, saç – sakgaly ösüp giden görnüşde çekilen bir horajyk garryny derwüş ýa jadygöýdir öýdüp, şäherden kowmak islän wagtlarynda ýagypdyr. Şonda birnäçe kagyz şekiljikleri heläk bolupdyr, köpüsi ýyrtylyp - maýyplyk halyna gelipdir. Şonda kagyz şekiljikleriniň synlanyňda-da “örän akylly adamdyr” diýen täsiri döredýän biri giň çekilen maňlaýyny sypalap – sypalap: “Biz aýry – aýrylykda däl-de, bilelikde ýaşamaly, jemgyýet bolmaly, ana, şonda köp tebigy betbagtçylyklara döz gelip bileris “ diýipdir. Şondan bärem olar, hamana, jemgyýet görnüşinde ýaşaýarlar we diňe tebigy betbagtçylyklardan gorkýandyklary üçin birek – birege ýapyşmagyň zerurdygyna düşünip, jebisleşen bolýarlar. Ýöne içlerinden olar hiç kimi ykrar etmeýärler we özleriniň kagyzlaryň içinde döredilenleriň iň ajaýybydygyna ynanýarlar. Bolmanam, özüň hakdaky pikirlere berläýmeseň, bu şäherde alada edere zat ýok. Ähli gerek zatlar öňünden gurnalan, şäher diýseň şäherleri bar, agyz diýseň, dilleri bar. Iýip – içmek ýaly hakyky adamlara mahsus endikler kagyz şekiljiklerine mahsus däl. Olar hiç haçan iýmite zerurlyk çekmeýärler we bu boluşlaryny “beýikligiň çür depesi” diýip atlandyrýarlar. Iýip – içmeýändikleri üçin olara oraza tutmagam, bazara gidip, gök önüm almagam hökman däl. Elbetde, bu boluş bilen oňuşmajak bolýan birki sany Balzak ýaşyndaky zenanlaram tapyldy. Nämemişin, olar kagyz şäherjigine birnäçe perzent dogrup, ýarsanlaryndan soň düşüpmişinler, şo sebäplem onuň alyhezretleri Suratkeşden özlerini ýa gyz wagtyndaky gözel görnüşe getirmegini ýa-da berhiz saklamaga mümkinçilik bolar ýaly azajygam bolsa, iýip-içmek zerurlygyny döretmegi sorajakmyşynlar. Ýöne bar gepem şonda-da, bir otagly jaýda ýaşaýan Suratkeş hiç haçan kagyz şekiljiklerini diňlemeýär ýa-da diňlese-de, diňlemedik bolýar, garaz, haýsysydygyny anyk aýdyp bolanok, ýöne onuň islänini edip ýörendigi welin hak. Ol kagyz şekiljikleri bilen gürleşenogam. Diňe köpçüligiň üýşen wagty peýda bolýan, galan wagtyny nirede geçirýändigini hiç kim bilmeýän garaýagyz ýaşuly bir gezek sandyraýan sesi bilen Suratkeşiň ilkibadalar, entek Kagyz şäherjigine köp şekiljikler gelmänkä, özi bilen gepleşendigini tolgunma bilen ýatlady. Ýöne onuň tolgunmakdan yraň atýan göwresine her kim gülki bilen seretdi:
- Ýeri, onsoň ol saňa näme diýdi? – diýip, ýaňyrak gelen, hemişe erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen bir tarapa agyp duransoň, dälişgeräk hasap edilýän kagyz şekiljigi sorag berdi.
- Galamy al diýdi! – diýip, garaýagyz ýaşuly seslendi.
- Hany, onda şo galam? – diýip, märekedäki beýleki şekiljikler öňe süýşdüler. Oňa çenli gaşlary gap-gara bolup duran, beýlekilere seredende, ähli agzalary gowy bildirer ýaly reňklenen zenan şekiljik:
- Men ol galam bilen her gün gaşymy çyzdym, gutardy – diýip, kiçijek edip çekilen agzyny towlady. Garaýagyz ýaşuly ýene sandyramaga başlady. Daş – töwerekden zenan şekiljige gönükdirilen suwjuk öwgüli sözler, içi ýangyndan doly berekellalar, manysyz, gury gep atmalar eşidilip ugrady.
- Gaty uly ýalňyşlyk goýberipsiňiz – diýip, jemgyýet bolmalydygy baradaky pikiri öňe süren maňlaýy giň şekiljik kel kellesini yralady. – Galpakly akademikleriň edäýjek işi-dä. Şo galam bilen birgiden zady çekip bolardy, belkem, belkem... diýip, ol howany içine çekdi. – Öýümiziň suratyny çekip, öýe giderdik, öz mähriban öýümize, düşünýäňizmi? – diýende, onuň owadan gara gözlerinde gussa görnüp gitdi. – Indi bolsa, şu guşkelle zerarly uly häkimiýeti elden gidiripdiris – diýende, beýleki kagyz şekiljiklerem öňki öýleriniň bardygy ýadyna düşüp, eginlerini salladylar. Olaryň içinden hordan agajet kagyz şekiljigi kümüşsöw saçyny ýolara getirip, “Öňki öýümiz düýşüme-de girenok” diýip, bir goşgy okady welin, onuň öňki durmuşynda şahyr bolandygyna hemmeler düşündiler. Bu şeýlebir agyr pursatdy welin, kagyz şekiljikleri seslerini çykarman, maňlaýy giň şekiljigiň daşyna tegelenşip durdular. Ýöne olaryň köpüsiniň gözi şahyr şekiljikdedi. Ol öz öňki durmuşy barada haýran galaýmaly, ýüregiňi elendiriji wakalary goşga salyp, aýdyp berýärdi. Şonda käbir şekiljikler öňki durmuşlaryndaky wakalaryň kagyz şäherjigine düşeninden soň, ýadyndan çykandygyny aňdylar. “Megerem, şeýle ýatkeşligi üçin bu şekiljik şahyrdyr, şahyrlar hiç zady unudanok” diýip, uludan dem alanlaram tapyldy. Ýöne näçe ýüregiňi awudyjy sözleri goşgy etse-de, şahyra azdy. Ol aglaýjak – aglaýjak bolýardy. Emma, näçe gynançly bolsa-da, kagyz şekiljikleri gözýaş döküp bilmeýärdiler. Olar ilkibaşda nähili görnüşde çekilen bolsalar, şo hili görnüşde-de ýaşaýardylar. Bu kagyz şäherjiginiň altyn kanunydy. Ony bozmak entek hiç bir şekiljige başartmandy.
- Belkem, içimizde gözi ýaşly çekilenimiz bardyr, özümiz-ä aglap bilemzok, ýöne şony tapyp, bu aglap bilmeýän bedibagtam – diýip, keltejik sary saçly, dolmuşrak çekilen zenan maşgala ortarada goşgy okap duran şahyrdyr öýdülýän şekiljige tarap ümledi – Köşeşerdirerdik – diýip, köpçülige sala saldy. Zenan şekiljigiň örän mylaýym sandyrawuk sesi kagyz şekiljikleriniň entek kagyzlaşmadyk ýüregini gozgady. Olar makullaýjylyk bilen baş atdylar.
Kagyz şekiljikleriniň, elbetde, hakyky adamlaryňky ýaly ýüregi ýokdy. Bolanja ýüreklerem kagyzdandy, ýöne olaryň içinde doly kagyzlaşmadyk ýüreklerem gabat gelýärdi. Ana, şolar özleriniň duýup bilýändiklerini güman edýärdiler. Şol sebäpden dolmuşrak zenan maşgala olary tapyp, ullakan sahna guramagy we kagyz şekiljikleriniň taryhynda entek görülmedik oýun sahnalaşdyrmagy teklip etdi. Bu teklibi ilki bolup, jemgyýet gurup ýaşamalydygy baradaky pikirleri öňe süren maňlaýy giň şekiljik goldady. Ony duýgudan mahrum, içgysgynç biridir öýdýän şekiljikler teklibi goldap, diriň – diriň böküşine geň galyp seretdiler. Maňlaýy giň şekiljik tiz özüni ele aldy. Derrew ardyndy-da, agras bir görnüşe geçmek üçin gaşlaryny bürüşdirdi. Wajypsyrap seslendi:
- Beýik dabaramyza başlalyň!
Başlady bir gopgun, turdy bir tupan, gopdy bir harasat, boldy bir başagaýlyk. Gopgun ilki bilen zenan şekiljikler bilen erkek şekiljikleriň arasynda başlandy. Olar “Haýsymyz has ajaýyp?” diýen sorag üstünde bäsleşdiler. Netijede, iki toparam ylalaşyga gelmedi. Şonda zenan şekiljikler nämedir bir zadyň üýtgeşikdigini aňdylar. Olaryň göwnüne bolmasa, öňki durmuşynda beýle zat ýok ýalydy. Göwnüne bolmasa, şo döwürden bäri nämedir bir zat üýtgän ýalydy. Olar ylalaşyp bilmeýändigi üçinem däl-de, hasam başga bir zat üçin ünjä galýardylar. Şol ünjä batyrýan zat zenan şekiljikler üçin ajaýyplykdanam beter zerurdy. Ýöne hiç şol zerur zadyň anyk nämedigini anyklabilmediler. Olaryň dymýandygyny gören erkek şekiljikler özlerini ýeňiji diýip yglan etdiler. Olar, hatda, zenan şekiljikleriň näme sebäpden dymýandygyny biljegem bolmadylar. Tupan bolsa, “Sahnany nirede oýnamaly?” diýen soragyň üstünde turdy. “Sahnany dagyň üstünde oýnalyň” – diýip, ilkinji bolup, garaýagyz ýaşuly teklibini orta atdy.
- Bizde näme dagam barmy? – diýip, ýaňyrak gelen şekiljikler soradylar.
- Elbetde, ýok – diýip, maňlaýy giň şekiljik hetjikledi. – Ol dag diýip, Suratkeşiň ýaşaýan ýerini göz öňünde tutýar, ýöne bizi o ýere goýbermezler, hatda, birje ädimjigem ädip bilmeris – diýip, ol öz içýakgyçlygyndan lezzet alyp gürledi. Garaýagyz ýaşuly egnini gysyp, gyra çekildi. Ýöne henizem onuň gözlerinde şular ýaly pursatlarda peýda bolýan alaçsyzlyga aňkarylyşýan şekiljikler näme etjeklerini bilmän, öwelişip durdular.
- Onda ummanda oýnaýalyň – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen bir ýana agyp duran şekiljik gygyrdy. Kagyz şekiljikleriniň käbiri oňa ýumrugyny çenedi. “Senden ibaly teklibiň çykmajagyny bilýäs” – diýip hüňürdediler.
- Oňa zat diýmäň – diýip, Galamy gaşyny çyzyp gutaran zenan şekiljik ýalbardy. – Onuň biziň aramyzda ýaşasy gelenok. Ol bu ýerden nirä gitmelem bolsa gitjekdigini, diňe şu artypgalmyş erni gyşyk ýylgyryşdan dynsa razydygyny aýtdy. Ol, hatda, ummana gitmelem bolsa gitjek diýýä...
Bu zatlary eşiden şekiljikler ýene gama batdylar. Umuman, soňky döwürler olara bir zad-a bolup başlady. Sebäbi olar nämäniň nämedigini aňlajak bolýardylar, bilmäge çalyşýardylar. Ýöne bilmek bilen olaryň rahat hem bagtyýar durmuşy tamamlanaýarmyka? Bilmekligiň beýle görgüdigini olar gümanam edenokdylar. Köpüsiniň asla bilesem gelenokdy, ýöne jemgyýet bolup ýaşaýandyklary üçin bilmäge mejburdylar.
- Iň gowusy sahnany şu ýerde oýnaýalyň-la – diýen teklip eşidilen badyna ähli şekiljikler teklibi aýdanyň ýüzüni görmek üçin biri – birine seredişdiler. Olaryň arasynda bölünişik emele gelip, şol bölünişik gepläp duran şekiljigiň tapylan ýerinde togtady. Şekiljik on ýedi – on sekiz ýaşlaryndaky ýaş ýigitdi. Örän owadandy hem-de şadyýan ýüzlüdi. Belkem, hakyky durmuşda beýle däl bolmagam mümkin, ýöne kagyz şäherjigine ömrüň haýsydyr bir doňup galan pursatynda nähili keşpde bolan bolsaň, şo hili keşpde hem düşýärdiler. Oňa bu bagtyýarlygy bilen kagyz şäherjigine düşmäge näme hajatyň gerek bolandygy baradaky sorag köplerde dörejekdi. Şondan soň ähli şekiljikleri saklar ýaly bolmady. Olaryň her biri sahnadan ýetdik paýlaryny almak üçin dawa etmäge başladylar. Şu başagaýlygam olarda birek – biregi tanamak zerurlygyny oýardy. Sebäbi öz artykmaçlygyňy magtamak üçin özüňe we beýlekilere akyl ýetirmelidi. Hiç kimiň bilmeýän zatlaryny aýdyp, olary agzyňa aňkartmalydy. Ana, şondanam birtopar toslamalar, rowaýatlar, ertekiler ýüze çykdy. Haýsysy hakykat, haýsysy ýalan – saýgarar ýaly bolmady. Kagyz şekiljikleriniň kimsi öňki durmuşy barada jypdyrsa, kimsi öňki durmuşynda şeýle zatlar hakykatdanam bolandyr öýdýärdi. Bularyň arasynda toslap bilmeýänleri bolsa gaharlanýardylar, aglaýjak bolýardylar, sögünýärdiler, garaz, dälilik hetdine ýetip barýardylar. Her kim bir kelledi, her kim bir uly toslamady. Ahyry gözi ýaşly çekilen şekiljigi tapmagy teklip eden zenan şekiljik “Sem boluň!” – diýip gygyrdy.
- Siz paňkelleler, kagyz kelleler esasy zady unutdyňyz. Hany, biz gözi ýaşly çekilen şekiljigi tapmaly dälmidik? Hany, biz bu pahyry, hany şo? – diýip, ol gözi bilen altmyş ýaşyndadyr öýdülýän otuz üç ýaşly şahyry gözläp ugrady – Eýsem, biz şony köşeşdirmeli dälmidik? Ol biziň ilkinji tanan adamymyz ahyryn – diýende, ýene zenan şekiljigiň sesi sandyrady. Hemme kagyz şekiljiklerine-de “adam” diýen söz örän geňsi bolup eşidildi. Kümüş saçly şahyr şekiljik örän ýadaw görünýärdi. Onuň bu bolup geçýän başagaýlyk bilenem, gopgun bilenem işi ýokdy. Şonuň üçin ol bir gyrada alynmadyk myhman ýaly, çugutdyryp durmagyny dowam etdi. Kagyz şekiljikleri: “Hany, onda şo diýilýänini tapalyň – da tapalyň” boluşdylar. Olar tegelenşip, halka guradylar-da, edil tegelek gözenegiň içinde dynuwsyz aýlanýan syçan ýaly, biri – biriniň yzyndan aýlanyp ugradylar. Halka gurap aýlanmak olary ýadadansoň, dörtburç gurap, gezekli – gezegine her burça dykylyşyp gördüler. Soňundan üçburç, altyburç, aý garaz, bir geometrik figura bar bolsa, şolaryň barysyny göwreleri bilen çyzyp gördüler, göwreleri bilen şo geometrik figuralary emele getirdiler. Ýöne şeýle başagaý bolýandyklary üçinmi ýa-da çynyny edip gözleýäniň azdygy üçinmi, gözi ýaşly şekiljik tapylyberenokdy.
- Barmyka bir şonuň özi aslynda? – diýip, iki sany garry zenan şekiljik çydap bilmän gygyrdy. – Hökman şony tapmalymy, gyz? – diýip, inçejik billi, süzük gözli gyz olaryň aýdanyna goşuldy. Garry zenanlaryň biri şo gyza üns bilen seretdi-de:
- O ýüzüňdäki nokatlar näme, keýigim? – diýen soragy oklap goýberdi. Gyz ony eşitmedik boldy. Ýöne bu sorag eýýäm köpleriň ünsüni çekip ýetişipdi. “Bir zat bar-da, bir zat bar” diýen gowur bat alyp ugrady. Gyzyň aňyna – maňyna seretmän, daşyny galladylar-da, oňatja edip synlamaga başladylar. Ol utanyp, ýüzüni ýapjak bolsa-da, başa barmady. Üstesine, garry daýzalaryň ýanyna beýleki zenanlardanam kömege gelenleri tapyldy. Bu pursat toý gününiň ertesi täze gelne baş salmak dessuryny ýatladýardy. Ortarada ýüzüni görkezmejek bolup, iki eli bilen ýüzüni ýapmaga synanyşýan gyzyň daşyny alan zenanlar ondan kem galarly däldi. Olar tasdanam gyzyň ýüzüni ýyrtyp, ony maýyplyk halyna getiripdiler. “Beýtmäň ahyryn” – diýip, dolmuş zenan şekiljik ara goşuldy. Gyz görgülijigi diňe şondan soň öz erkine goýberdiler. Goýberseler goýberdilerem welin, onuň ýüzüni dyrnaçaklap, persala eden ekenler. Şonda gyzyň ýüzündäki nokatjyklar sürtülip pozulypdyr. Soňundan gyz Suratkeşiň beren Galamy bilen gaşyny çyzyp gutaran zenan şekiljikden Galamy karzyna sorap, şol galam bilen nokatjyklary emeli ýasandygyny boýnuna aldy.
- Içigaragalmyş – diýip, maňlaýy giň şekiljik hasylady. – Asyl işimizi göräýen eken – ow, bu perizatlar – diýende, onuň sesindäki ýigrenje her kimiňem endamy jümşüldäp gitdi. Ol şondan soň hum ýaly çişip, bir sözem aýdybilmedi. Pursatsalym ünsleri bölnen bolsa-da, ähli kagyz şekiljikleriniň ünsi şo gyzdady, sebäbi gyzyň nokat bilen gizlemek islän ýerlerinde gözýaş damjalary bulduraýardy. Aslynda, ol kagyz şäherine gözi ýaşly halda düşen şekiljik bolup çykdy. Gyzyň ýüzündäki düwme – düwme gözýaşlara her kimem üýşenip seretdi, sebäbi olar gözýaş diýen zady ýadyndan çykarypdylar diýen ýalydy. Kagyz şekiljikleri nähili görnüşde çekilen bolsa, diňe şo hili görnüşde galyp bilýardiler. Olar begenselerem, gynansalaram, agzyny – burnuny towlasalaram, uludan dem alsalaram diňe kagyz ýüzünde çekilen keşbi boýunça şo hereketleri gaýtalap bilýärdiler. Meselem, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen bir ýana agyp duran oglan hijem adaty ýüzüňki ýaly görnüşe geçibilenokdy. Ol kagyz ömrüniň islendik pursatynda-da, aglasyn ýa-da gülsün, çekilişi ýaly görnüşde galýardy. Bu bolsa kagyz şekiljikleri üçin örän ullakan jezady. Ýöne diňe käbirleri – uzak ýyllardan bäri kagyz şäheriniň ýaşaýjysy hökmünde ýaşaýan şekiljikleriň mundan habary bardy. Diňe şolar bu jezanyň nähili agyrdygyny duýýardylar.
- Sen näme üçin göz ýaşlaryňy gizlemek islediň? – diýip, derwüş ýa jadygöýdür öýdülýän şekiljik sorady. Gyz hiç zat diýmän dymdy. Beýlekileriň-ä sorag bermäge-de mejaly ýokdy, sebäbi olar gyzyň ýüzündäki gözýaşlara aňk bolup seredýärdiler. Seretdikleriçe-de ýürekleri awaýardy. Olar bir zada düşünip barýardylar. Nämedir bir wajyp zadyň bilinmelidigini, şol wajyp zady bilmekden bary – ýogy sanlyja ädim bärdediklerini aňyyp barýardylar.
- Meniň ýadyma düşenok – diýip, gyz eginlerini gysdy.
- Sen aýdymçy bolaýma? – diýip, daýzalaryň biri närazy sorady. Özüň-ä şolara meňzeýärsiň – diýende, hemmeler ony igenýändir öýtdi.
- Näme üçin seni, ala – böle seni gözýaşly edip çekdikä? – diýip, maňlaýy giň şekiljik giň ädimläp, şekiljikleriň märekesinden saýlandy. Ol gyz bilen deňleşdi-de, märekä tarap ýüzüni öwürdi. Ellerinem arkasynda gizläp, märekä hekgerilip seretdi. Bu onuň örän çynlakaý söze başalajak bolanda edýän hereketleridi. Ol:
- – Diýmek, bu ýerde, hormatly suratdaşlar, bir zad-a bar. Bir emmajygy bar bolmaly munuň – diýdi. Nädeliň diýsene? Geliň, biz şuny biljek bolalyň, ýagny munuň ilki bilen şahsyýetini anyklalyň, hawa, adyny, familiýasyny bileliň, näme kär edipdir we ş.m. Ýogsam munuň içaly bolmagam mümkin-ä, hä? Mümkin-ä? – diýip, ol içýakgyç hetjikledi.
- Ol tansçydyr! – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen bir ýana agyp duran şekiljik gygyrdy
- Sen nireden bilýäň ony?
- Bilýän-dä- diýip, şekiljik per bermedi. Bilýän, wessalam!
Şeý diýip, ýer depip duran şekiljige her kim şübheli seretdi. Onuň uruşjak horaz ýaly, eserdeň hem gaýym, şol bir wagtda-da ulumsy seredişi bar şekiljikleriň mazasyny aldy. Bu göwnüýetmez ýylgyrşyň oňa ýöne ýerden çekilmändigini içlerinden boýun aldylar.
- Ýeri, bar tansçy ekeni diýeli-dä – diýip, ýene maňlaýy giň şekiljik toýuň beýemçisi ýaly, hemmeleriň adyndan gürledi – Ýöne näme üçin ala – böle şu gözýaşly çekilen, hä? Näme üçin? Näme bolupdyr muny beýle çeker ýaly?
Şeý diýip, ol jogabyny özünden gözleýän ýaly, tansçy gyza tarap soragly seretdi. Tansçy gyz ýene sesini çykarman dymdy. Ähli şekiljikjer sessiz oýa batdylar. Olaryň hiç biriniňem ne gürleşmek höwesi bardy, ne-de bolup geçýänlere düşünmek höwesi bardy. Olar ahyrsoňunda nämäniň nämedigini anyklamagyň bir çetinden giripdiler, ýöne hiç biriniňem bu işi dowam etdiresi gelenokdy. Olar şeýlebir ýadawdylar welin, hatda, duran – duran ýerlerinden gymyldaslaram gelenokdy. Oýnamak islän sahnalarynyň bolsa öz- özi bolup geçipdi. Garaňky düşýändigini bahanalap, kagyz şekiljikleri dagamak bilen boldular. Diňe tansçy gyz we dolmuşrak zenan şekiljik duran ýerinden butnamadylar. Maňlaýy giň şekiljik bolsa yzyna seredip – seredip gitdi. Tansçy gyz gözlerini galdyranda, öňünde duran dolmuşrak zenan şekiljigi gördi.
- Seniň näme üçin gözi ýaşly çekileniňi men bilýän – diýip, ol mylaýym ýylgyrdy. – Bolýan zat, bolýan zat, gyýylma – diýende, ol gyzyň naşyja çekilen ellerinden tutdy. – Onuň özem almytyny alypdyra-a. Han-ha seret, erni hemişe göwnüýetmezlik bilen bir tarapa agyp dur, duran bir yşaratyň bar-da
- Men şony söýäýipdirin-dä – diýip, tansçy şekiljik dolmuşrak zenan şekiljigiň sözüni böldi. Ol bu sözlemi günäli ýaly aýdany üçin äheňinden özüne bolan kine, tamasy çykmadyk adamyň öýkesi duýulýardy. – Soňundan gaty ökündimem welin... – diýip, ol köpmanyly dymdy. Dolmuşrak zenan şekiljik şo pursat oňa aňk bolup seredýärdi, sebäbi tansçy şekiljigiň ýüzünden bir gözýaş damjasy edil hakyky ýaly akyp gelýärdi. Ol damja akyp, gyzyň akja ýüzünde öz kölegesini goýup geçdi. Dolmuşrak zenan şekiljik uly ili bilen gygyrdy. Onuň:
- Kagyzlar, biz indi hakykyy! – diýen sözleri ýaňy garaňkyň gujagyna dulanyp, uklamaga başlan kagyz şekiljiklerini ukudan açdy.
Olar dolmuş zenan şekiljigiň daşyna üýşdüler
- O nähili?
- Gidýäsmi indi öýümize?
- Hudožnik aýtdymy? – ýaly soraglar bilen dolmuş zenan şekiljigi gurşap aldylar. Dolmuş zenan şekiljige her bir soraga reaksiýa bermek aňsat düşenokdy. Sebäbi entek birini doly tamamlap ýetişmänkä, başga reaksiýa geçmeli bolýardy. Eger adaty adamyň ýüzi bolan bolsady, onda bularyň her bir soragynyň yzyna dürli reaksiýalar bilen eýerip bolardy. Ýöne olar kagyz şekiljikleri bolany üçin derrew çekilen görnüşlerine gaýdyp gelýärdiler. Dogrusyny aýtmaly bolsa, olarda sanaýmalyja tertipdäki emosiýalar we emosiýalaryň şekilleri bardy. Hiç bir zat çekilen görnüşini üýtgedip ýa doly ýitip gider derejede ýok edip bilmeýärdi. Şeýlelikde, kagyz şekiljikleriniň gynanjak ýa begenjek, ýa haýran galjak, ýa gaty görjek pursatlaryny adaty adamlardan biri göräýse, örän gülkünç hala düşerdiler. Bu, hamana, nämedir bir zady başarybam şony etmäge mümkinçiligiň bolmaýşy ýaly içýakgyç hem-de kejikdiriji ýagdaýdy. Kagyz şekiljiklerinde öňki durmuşyndan galan belli – belli duýgular entekler ýaşaýan bolsa, onda ol sözüň doly manysyndaky duýgy däldi. Bu duýgy adamlarda bolşy ýaly müňlerçe hereketlerdir mimikalardan mahrumdy. Kagyz şekiljiklerinde diňe adamlaryň örän äpet duýgy hökmünde kabul edýän duýgularynyň “adyndan” sähel gowragy ýaşaýardy. Bu bir bitin çöregiň owuntyklary ýaly, gara dagyň bölegi ýaly, giden ummanyň damjasy ýaly bir zatdy. Eliň aýasy ýaly kagyz şekiljikleri şonuňam zordan hötdesinden gelýärdiler.
- Hudožnigi ýer ýuwutsyn ylaýym – diýip, dolmuş zenan şekiljik gygyrdy. Soňundan aýtmasyz bir zady aýdan ýaly üşerildi. Ol beýleik kagyz şekiljiklerinde hiç hili täsir görmänsoň, öz aýdan sözleminiň manysyna doly düşünmeýän kişi bolup ýylgyrdy. Ýöne kagyz şekiljikleriniň hiç hili reaksiýa bermän, edil dilleşen ýaly bir görnüşde durmaklary, hakykatdanam, geň ýagdaýdy. Bu, bir tarapdan, olarda bar bolan “ujypsyz” duýgularyňam sagatsaýyn öçýänliginden habar berýärdi. Ynha, basym olar düýbünden duýgudan mahrum şekiljige öwrülerler, şonda näme bolar? Olar nädip gep-üýn alşarlar, nädip adama öwrülmek, öýe gitmek baradaky pikirlerini amal edip bilerler. Onsuzam, olaryň arasynda hiç zada düşünmeýän mahluk ýaly şekiller az däl ahyryn. Zenan şekiljik:
- Men tansçyda gördüm, onuň hakyky gözýaşlary bar. Diýmek, diýmek – diýip, ol yzy ýadyna düşmeýän ýaly sägindi.
- Bizde-de bardyr diýjek bolýaňmy? – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryşdan gutulmaýan ýigit sorady.
- Men näme diýjek bolýanymy bilemok – diýip, zenan şekiljik dymdy. Ol şo pursat ullakan kemterlik duýdy. Oňa kagyz şekiljiklerinden bir zat ýetenokdy. Ol bir zadyň kem-kemden ýitip barýanyny duýup, oňa garşy hiç zat edibilmerin öýtdi. Onuň elinden gelýän bolsa, häzir hemme şekiljikleri şo ýetmeýän zadyň gözlegine çykarardy.
- O bir diýmäýin diýsemiň pylanysy ahyryn – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen çekilen ýigit entekler köşeşmänidigini bildirdi. Başga wagtda ýerli-ýerden seslenýän şekiljikleriň barysy uly dymyşlygyň agzalary ýaly geplänokdylar.
- Bir gözýaş bilen öýe gidip bolmaz. Bize galam gerek – diýip, kellesi kel şekiljik dolmuş zenan şekiljige dözmänmi ýa dymyp durmakdan ýadapmy gürledi. Ýöne onuňam indi öňküler ýaly işjeňlik görkezmejekdigi, ýuwaş-ýuwaşdan “doly kagyza” öwrülip, iň soňunda ummana tarap uçup gitjekdigi bildirýärdi. Kagyz şekiljikleri bir zatlar etmelidi. Olary bu şäherjige şekil taýdan doly kagyz edip, duýgy taýdan bolsa, enteklerem esasy duýgulary duýmagy başarýan hökmünde oklamaklary barypýatan adalatsyzlykdy. Mundan-a aýylganç tejribeleri geýirýänlaram gowurakdyr diýen pikileri bardy. Heýem bir zady “öldüm-öldüm-de” saklamak bolarmy? Onsoňam, indi olary hiç bir zat halas edip bilmese gerek. Sebäbi şu şäherde kagyzyň ömrüniň nähilidigini bilmeýän barmy näme? Olar ujypsyz şemala-da zordan tap getirýärler ahyryn. Olam bilelikde toplanyp, edil daş ýaly agrama geçýänleri üçin saklanýarlar. Gar bilen ýagyş bolsa hiç haçan ýaganok diýen ýaly. Iň bolmanda şu şäherdäkileriň 99 göterimi entek gardyr ýagşy görmedi. Derwüş ýa jadygöýdür öýdülýän garry birwagt kagyz şekiljiklerine ýagşyň nähili hadysadygyny gürrüň beripdi. Ol “Men güýçli ýeli hem gördüm, ýagşy hem gördüm” – diýip gaýtalaýardy. Bu hadysalaryň ikisiniňem kagyz şekiljikleri üçin ahyrzaman bolup biljekdigini nygtaýardy. Kagyz şekiljikleri ondan ýene-de birwagtky günleriň wakalaryny gürrüň bermegini, ýagyş ýaganda nähili howpuň abanýanydygyny aýtmagyny islediler. Ýöne jadygöýdür öýdülýän derwüş barha düşnüksiz zatlary samraýardy. Soragyňa jogap bermän, ýok zatlardyr ýok ýerlerden tutdurýardy. Bu ýagdaý kagyz şekiljiklerini ruhdan düşürdi
- Bu alasamsygyň bilýän zady ýok – diýip, kel şekiljik jibrindi. – men size aýtdym-a galamy tapalyň diýip
- Alaýdyň şo galam diýip
- Galam gutardy
- Meni galam edip düýrleseň bolanokmy?
Şu soraglardan kagyz ýüzlüleriň nähili ýagdaýdadygyny bilmek mümkindi.
- Bu şo şahyr bilen düşünişýär – diýip, şekiljikleriň kelte boýlusy ümledi. – Biz ilkinji nobatda kimdigimizi anyklamaly bu bir, ondan soň nädip bu ýere düşenimizi anyklamaly bu iki, nädip bu ýerden çykjagymyzy anyklamaly bu üç
- Hudožnigi tutup, ýesir almaly bu dört- diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryşly şekiljik hikirdedi. Şeýlelikde, kagyz şekiljikleri wagt ýitirmezligi karar etdiler. Sebäbi wagt geçdigiçe, olaryň öňküligi gutarýardy. Wagt, megerem, kagyz şekiljikleri üçin birinji duşmandy. Olar eger çäresini tapmasalar jadygöýdir öýdülýän şekiljik ýaly duýgudan mahrum bolup, dilden-agyzdan galjakdyklaryny bilýärdiler. Şonda olara diňe bir ýol galýardy. Ol ýolam dört tarapyny umman gurşap alyp durka, ummandan başga hiç ýere eltenokdy. Onsoň olaryň bary kagyzlarça möwritini geçiräýse, Hudožnik olaryň baryndan dynyp goýberer diýen gorkulary bardy. Sebäbi olar kagyz şäherine diňe düşüp bilipdiler, ondan bolsa diňe ummana tarap çykyp bolýardy we kagyz ömrüňi suwuň içinde eräp gutaryp bolýardy. Şeýdip, sen baky ümsümlik bilen goşulyşýardyň we ýer ýüzünde, hatda, seniň birwagt bolandygyň jinnek ýalyjygam alamatlary galjak däldi. Kagyz şekiljikleri bolsa birwagt adamlar bolandygyny bilýärdiler. Olar adamlaryň üýtgeşik gurluşa eýedigini we kagyzdan müň esse güýçlüdiginem bilýärdiler. Ýöne, olarda şondan başga hiç hili maglumat ýokdy. Olar diňe “Sen pylanysyň” diýip çaklap başarýardylar, ýöne onuňam aslynda barypýatan jypdyrma bolmagy mümkindi. Kynçylyk döredýän ýeri, bu kagyz şekiljikleriniň dürli görnüşlerde çekilen bolmagydy. Hudožnigiň haýsy sebäbe görä olary saýlap alandygy ullakan syrdy, sebäbi onuň kagyz şäheriniň ýaşaýjylaryna öwren şekiljiklerinde ne daş-keşp babatda, ne içki dünýä babatda, ne duýgy, ne ylahy pikir, ne täze gözýetimlere bolan çagyryş babatda meňzeşlik bardy. Kagyz şekiljikleriniň her biri edil Nuhuň gämisiniň agzalary ýaly dürli-dürli toparlara degişlidi, ýöne Nuhuň gämisine-de her görnüşden jübüt bolup ýygnanypdylar. Bular bolsa ýekedi. Hawa, kagyz şekiljikleri diňe gorky duýgusy sebäpli bileleşen bolýardylar, ýöne içlerinden olar aýylganç ýalňyzlykda ýaşaýardylar. Indi bolsa şo ýalňyzlygyň diňe jadygöý ýa derwüşdir öýdülýän şekiljik bilen kanagatlanman, olary hem öz goýnuna dolap aljakdygy düşnükli zatdy. Galyberse-de, myş-myşmy ýa hakykat, belli däl welin, olar kagyz şäheriniň “baky” ýaşaýjylary hem däl bolmaga çemelidi. Sebäbi kimdir bir şekiljik örän işjeň, ýöne gizlin ýagdaýda “Siziň wagtyňyz bolup gelýär. Hudožnik täze kagyz şekiljiklerini getirmekçi” diýen gürrüňleri ýaýradýardy. Onsoň, bu şäherde täze kagyzlaryň erasy başlanyp, köne kagyzlar üçin bolsa ýer darlyk etmelidi

(Dowamy bar)
Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202