Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:05
Terjimeçileri okap
Türkmen diliniň ösdürilmegi onuň sözlük goruny köpeltdi. Dünýäde iň meşhur dil bolan iňlis diline ýylda 30 müňden gowrak söz goşulýar, iňlis diliniň 600 ýüz müňden gowrak sözlük gory bolup, bu dilde döredilen eserlere birnäçe halkara baýraklary gowşurylýar. Parslarda “Dil” sözi türkmen dilindäki “Ýürek” diýen sözüň manysyna gabat gelýär. Dil bilen halklaryň ýüregine girip bolýar. Dil-bu döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Islendik halka şol halkyň dili we şol dilde döredilen eserler arkaly baha berilýär. Hormatly Prezidentimiz:”Şöhratly taryhymyz, dana pelsepämiz, gadymy hem şirin zybanymyz, nusgalyk däp-dessurlarymyz, nepis şaý-seplerimiz äleme ýäň salýan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzdyr. Şeýle ýokary gymmatlyga eýe bolan milli mirasymyzy mundan beýläk-de rowaçlandyrmak, onuň umumadamzat bähbitli pelsepe-mazmuny dünýä ýaýmak üçin döwlet derejesinde hemişe möhüm işleri alyp barýarys” diýip bellemek bilen türkmen dilini ösdürmek baradaky döwlet syýasatynyň ähmiýetini nygtaýar.
“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň işi terjime sungaty bilen baglanyşykly bolansoň, bu žurnalyň hemme bölümleri diýen ýaly terjimäniň edebiýat žanrlarynyň ählisinden edilýändigini aýtmagymyz gerek. Terjime sungatynyň ösdürilmegi dil baýlygyny artdyrman, eýsem, edebiýatda täze formalaryň emele gelmegine, döredijiligiň mazmun taýdan gözelleşmegine ýardam edýär. Alym Lew Ginzburg:”Советский союз стал великой “переводческой державой”, где художественным переводом занимаются литераторы всех жанров” diýip bellemek bilen terjime sungatynyň köp adamlar tarapyndan ýaýradylmagyny oňlaýar. Žurnalda “Ýaş terjimeçiniň mekdebi” atly ýaş terjimeçileri edebiýata getirmäge ýardam berýän örän gyzykly bölüm bar. Bu bölüm adyndan belli bolşy ýaly, ýaşlaryň terjime sungatynyň inçe tilsimlerini ele alşy bilen bagly. Bu bölümde ýaş terjimeçileriň terjime etmeginde Stiwen Likokyň ”Nädip iki ýüz ýaşamaly”, Mehdi Gäzliniň “Çyra”, Gustawo Adolfo Bekkeriň “Mawy gözler”, Çyň Weýiň “Enemiň obasy”, Kouzimu Ýakumonyň “Gar zenany”, Haýnrih fon Klaýstyň “Ruhuň gaýdyp gelmegi”, Alfredo Grawinanyň”Gaýyň garşysyna gidenler”, Dmitriý Mamin-Sibirýagyň “Ýaman ýoldaş”, Grigol Abaşidzäniň “Çingiz hanyň gazaby”, Rabindranat Tagoryň “Hindi hekaýatlary”, Huan Hose Arreolanyň “Şertleşik”, Anton Çehowyň “Jedel”, Jeýms Joýsuň “Jedel”, Mo Ýanyň “Baryna çagalar sebäpkärmi”, Reý Bredberiniň “Ýylgyryş”, Kyzyl-Enik Kudajynyň “Durmuş diýseň ajaýyp”, Manije Arminiň “Damask bägülleri”, Ýaşpalyň “Söýginiň muzdy”, Romen Gariniň “Söýgimiň subutnamasy”, O’Henriniň “Soňky ýaprak”, Jebran Halyl Jebranyň “Alawly harplar” ýaly eserleri çap edildi. Terjimeleriň her biri özboluşly häsiýetde terjime edilipdir. Eýýäm eseri okanyňdan, onuň haýsy ýaş terjimeçiniň elinden geçendigini bilip bolýar. Ýene-de alym: “Не яркие индивидуальные черты, а безликость-враг всякого искусства, в том числе и переводческого” diýip örän adalatly belleýär. Ýaşlaryň arasyndan şeýle derejä ýetip bilen terjimeçileriň bardygy türkmen terjime sungatynyň ösjekdigine bolan ynamy oýarýar. Ýaş terjimeçiler, esasanam, göwrümi kiçi žanrlardam meselem, ertekide we hekaýada özlerini synap görýärler. Mukdaryň köplüginden hiliň ýokarylygyna geçmek her bir edebiýat üçin hereket we ösüş düşünjeleriniň özleşdirilişinde wajyp bolup durýar. Sebäbi mukdardan hil ýokarylygy dialektikanyň esasy talabydyr. Terjime dialektikasynyň ösüş esasynda eseriň ruhuny duýup bilmek, onuň jansyz habardan tapawutlylygyny saklamak, eseriň diňe sýujet esasyny beýan etmän, onuň çeperçilik gözelligini beýan etmek örän wajypdyr. “Dünýä edebiýaty” žurnalyndaky ýaşlaryň terjime eserleri diliniň akgynlylygy taýdan gyzykly okalýar.Terjimeçi üçin örän seýrek duş gelýän artykmaçlyk bolan beýiklik we ýönekeýlik ýaly häsiýetler Kerim Kulyýewiň terjimelerine mahsus. Terjimeçi rus dilinden edýän terjimeleri bilen bu edebiýatyň mazmunyna, Puşkiniň dili bilen aýdanymyzda “rus ruhuna” düşünýändigini özüniň köpsanly terjimeleri bilen subut edip gelýär. Aýratynam, terjimeçi Wasiliý Şukşiniň “Ýylan zäheri”atly hekaýasyny terjime etmekde ussatlyk görkezipdir. Eser edil türkmen dilinde ýazylan ýaly okalmak bilen eserdäki agy gatyşykly gülkiniň, ýagny iňlislerde ýokary intellekte mahsus diýlip hasap edilýän ýumoryň örän jaýdar terjime edilmegi bu ugurda ýaş terjimeçiniň entek köp üstünlikleri gazanyp biljekdigine ynam döredýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen dili gurluşy boýunça kyn, häsiýeti boýunça durnukly, tebigaty boýunça-da agyr dil hasap edilýär. Aslynda, öz dilini dünýä ykrar etdirmek isleýän halk şol dilde iň ajaýyp eserleri döredýär. Iň ajaýyp eserleriň analizi bilen bolsa bütin dünýäniň alymlary we dilçileri gyzyklanýar. Diýmek, türkmen dilini ylmy hem debi taýdan ösdürjek bolsak, onda hökmany suratda şol dildäki edebiýatlaryň ajaýyp bolmagyny gazanmaly. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýazyjy- şahyrlaryndan iň gowy mazmunly milli edebi eserleri talap etmek bilen, türkmen dilçileriniň hem edebiýaty öwrenijileriniň öňünde kesgitli wezipe hökmünde türkmen diliniň ylmy esasyny berkitmegi goýdy. Türkmen diliniň gurluşy edil beýleki türki dillerindäki ýaly Eýe(subýekt-subject)-Doldurgyç(obýekt-object)-Habar(predikat-predict) ýaly gurluşdan ybarat. Emma roman-german we slawýan dillerinde Eýe-habar-doldurgyç diýen gurluşdan ybarat bolýarlar. Terjimede köplenç şu ýönekeýje aýratynlyga biperwaý çemeleşilýär. Bu bolsa terjimäniň akgynly okalmagynda her hili bökdençlikleri döredýär. Meselem, Maral Gurbanowanyň hindi ýazyjysy Madhusudan Ananddan eden terjimesinde”Pikir edýäň, bu dünýä biderek Günüň daşyndan aýlanyp dur” diýen sözlem bar. Terjime, umuman, alanyňda örän gyzykly, okyjy eseriň soňuna çenli okamaga, ýazyjynyň iň soňunda haýsy netijä gelýändigini bilmäge örän howlugýar. Ýöne ýokardaky ýaly sözlem gurluşy terjimäniň biraz okyjynyň forma kabul edişligine, gözden alýan ýadynyň peselmegine getirýär. Sözlem “Bu dünýä Günüň daşyndan biderek aýlanyp dur diýip pikir edýärsiň” diýen görnüşinde terjime edilen bolsa, has şowly bolardy, dil kadalarynyň saklanmagy gerek.
Terjimede köplenjem düzme sözleriň terjime edilişinde sypaýy dil bilen aýdanyňda, geň-taňlyklar bar. Nireden we haýsy ýol bilen şeýle söz düzüminiň terjimede ulanylandygyna düşünip ýetişmersiň, ýöne, şol jümläni edil doga sanaýan ýaly, barybir okar oturarsyň. Terjimede beýle kemçilige ýol bermek asla bolmaz. Çünki, terjimeçi bu bir eseriň”enesi’’ bolýar diýsek has göwnejaý bolar. Terjimeçi diňe terjime edýän awtorynyň öňünde däl, eýsem, şol ýazyjynyň wekilçilik edýän halkynyň öňünde hem jogapkärdir. Şol halkyň we ýazyjynyň awtoriteti terjimeçiniň näderejede döredijilikli hem jogapkärçilikli adamdygyny ölçeýän terezidir. “Men- şol buýra saçly Puşkin, şeýtan bilsin, sen kim?” diýen ýaly ýangynly garaýyş ýokardaky kemçilikleriň netijesinde döreýär.
Düzme sözleriň many taýdan göwnejaý ulanylmalydygy baradaky zerurlyk terjimeçi Tawus Orazgeldiýewanyň ýazyjy Oskar Waýldyň “Hansjyk hakynda hekaýat”atly ertekisiniň terjimesinde hem görmek bolýar. Meselem:”Lukman:
-Bolýar!-diýip, uzyn gonçly ädigini, çyrasyny(bu ýerde nähili çyradygy hakynda aňyňa gelip biläýjek hiç hili maglumat ýok, şular ýaly ýerde terjimeçiniň özi okyja düşündiriş bermeli, sebäbi ol terjime edýän eseriniň awtoryny we şol halkyň medeniýetini okyjydan gowy bilýär) getirdip, aşak düşdi-de, Milleriň öýüne tarap atlandy” Şu terjimedäki gara harplar bilen ýazylan “öýüne tarap atlandy” jümlesiniň haýsy esasa görä getirelendigine düşüneňok, sebäbi eserde lukmanyň atynyň bardygy hakynda hiç zat aýdylmandyr, belkem, ol ýöräp gidendir. Umuman, terjimeçilik işi örän jogapkärli iş bolansoň, haýsy jümläniň haýsy ýerde ulanylmalydygyna üns bermek wajyp.
“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň “Ýaş terjimeçiniň mekdebi” atly bölüminde seýregem bolsa, ýaş terjimeleriň şygyr sungatyndan eden terjimeleri çap edilýär. Begendirýän ýeri, şygry terjime etmekligiň örän kyndygyna seretmezden, terjimeçiniň bu ugurda görkezýän yhlasynyň ýerine düşenleriniň känligidir. Meselem, Akgül Garaýewanyň amerikan şahyry Leňston Hýuzdan eden terjimeleri üns berilmäge mynasyp. Terjimelerde Leňston Hýuzuň döredijilik stili duýulýar:
Aprel ýagmyry
Goý, öpsün seni ýagmyr,
Goý, kümüş damjalar damsyn başyňa,
Hüwdülesin täsin owazy bilen.
Gör, köçeler suw bolmandyr durşuna.
Ýagyş suwy akýar köwüp topragy.
Damjalar üçege urlup,
Çalsynlar hüwdi sazyny.

Çaksyz söýýärin ýagmyry.

Ýa-da:
Durmuş ajaýypdyr!
Gezmeledim derýanyň kenarynda,
Soňra epdim dyzlarymy birsalym.
Pikirlenjek boldum, emma başarman,
Suwa özüm urdum kalba zor salyp.

Suw ýüzüne çykyp seslendim çala,
Ikinji gezekde gygyrdym çyndan.
Eger şol suw sowuk bolmadyk bolsa,
Belki, men gark bolup, öterdim mundan.

Emma sowukdy suw! Örän sowukdy!
Şeýle şygyrlaryň originalynam, terjimesinem okaýan mahalyňda näme üçin “Islendik dünýä belli şygyrda filosofiýa bardyr” diýilýändigine göz ýetirýärsiň.
Umuman, žurnalyň bu bölümi hem edil beýleki bölümleri ýaly ähmiýetliligi taýyndan örän wajyp bölümleriň hataryna girýär.

2013 ý

Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202