22:46 Ynam | |
YNAM Şeýle bormuş söýenleriň ahwaly, Şeýle bormuş söýenleriň ykbaly, Ýetmejek bolsa-da, ýetäýjek ýaly, Utmajak bolsa-da, utaýjak ýaly. Barha öňe dyzaýar, Kimiň eli uzaýar, Kimiň dili uzaýar, Ýöne ýürekde ýaşap, Hiç gününe goýmaýan, Päklik ony bezeýär. Asman agyr bolsa-da, “Ýüküň çekerin” – diýýär, Dagdan ejiz gelse-de, “Bir gün sökerin” – diýýär. Eger yza gaýdaýsam, Arzuwlarym puç bolsa... Onsoň, neneňsi, nädip, Ile bakaryn? - diýýär. “Senden berkin görmedik, Gel, köküňi ur” – diýýär, Toprak deýin mähriban, Baglar: “Biz deý dur” – diýýär. Deňizleriň gomlarynda, Gara dagyň ýollarynda, Howasynda, dogasynda, Onuň çäksiz ynamy bar, Kiçelýänin duýsa-da ol, Ynam bilen gidip barýar. Ýöne bir gün...sähetsiz gün, Ýakasy ýok, jäheksiz gün, Oň ynamy gutaraýsa, “Ýüküm çekiş” – diýen asman, Özün nädip götär eýse?! Öňküdenem garalmazmy, Gara dagyň howalasy Läbik ýaly bulanmazmy? Baglar kökün saklap bilmän, Gurap, ýere dulanmazmy?! Çünki, eger haýsy adam Ynam blen ýaşan bolsa, Bardy – geldi, bir paňkelle Ýaman bilen daşlan bolsa, Rowaç tapyp, bet niýeti Aýryp, zyňyp taşlan bolsa... Ýogsa nätjek?! Gidiberer pahyr bende, (Ýedi ýere kössi ýeter ýamanyň), Ýöne, Ýeri – asman, asmanam – zemin Edibiljek soňy bardyr ynamyň. 2020 ý © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |