10:58 Ynanamok | |
YNANAMOK Ynanamok. Ynanar ýaly ynamam ýok, Ynamym ýok, ynanýanam ýok, Aglasañ agyña gynanýanam ýok, Gynalýanam ýok. Derdiñ bolsa ikä bölüşjek bolup, Meseläñ kynyny çözüşjek bolup, Gowyny erbedi süzüşjek bolup, Düzgünsiz duýgyñy düzüşjek bolup, Gark bolan gussaña ýüzüşjek bolup, Ýamandan arañy üzüşjek bolup, Synanýanam ýok. Iki goşmak iki nol bolsa bolýar, Depeniñ birlikde g:ol bolsa bolýar, Parhy ýok deñligi, dul bolsa bolýar, Sagyña münenler s:ol bolsa bolýar, Pul bolsa bolýar. Çözülýär mysal, çözülýär durmuş, Islegiñ islege meýli kän ýerde, Herkim päk ynsan, göreniñ derwüş, Duşanyñ bürgüt. Ynanamok. Ýaglygy zyñyp, saçyny bogup, Sadaja dogup, üýtgeşik bolup, Üýtgejek bolup, Oñarýan oñarýar üýtgeşik bolup, Ekramly diýeniñ, çopansyz çoluk, Ýeñleri ýoluk, ýeñlejek bolup, Pikiri bozuk, tenleri tozup. Ilden yzda gezýär, illerden ozup, Sözleri sozuk, gaşlary çyzyk... Ynanman bolanok ynanjak bolup, Ynansañ howp, Gahary kowup, Ýerine ýalana ýer berýäs käte, Ynç aljak bolup, Sanlyja ömürde dynç aljak bolup, Ýalñyşýas ynan, ynanma gowsy, Ynamlar sowuk... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |