17:46 Ynanjaň/ hekaýa | |
YNANJAŇ Durmuşda her dürli adamlar bolýar. Olar biri-birinden näme iýýändikleri, näme geýýändikleri, nämä ynanýandyklary babatda tapawutlanýarlar. Bir uly maşgaladaky bäş gyzyň ortanjysy bolan Nartäç hem özüniň adatdan daşary ynanjaňlygy bilen ilk-ä ejesiniň içini ýakdy, soňam aýal doganlarynyň depe saçyny düşürdi. Ähli betbagtçylygam şol al kakmyş günden soň başlandy. Niredenem bir Sandykgaçy ýaly uzak ýerden öň görmedik Orazgül daýzalary myhmançylyga gelipdir, niredenem bir ýanyndaky (öz aýdyşy ýaly) “jadyly daşy” gyzlara görkezipdir. “Ynha, şol daş- diýip, ol özüne agzyny açyp seredýän bäş gyza ýüzlendi. -Şu jadyly daş arkaly siziň ykbalyňyzy bilmek mümkin. Tutuş ömür ýoluň şu sadagasy gitdigim daşda ýazylaýandyr asyl. Edil kitapdaky ýaly-da, näme diýilýändir-ä şoňa... Şol wagt gyzlaryň biri seslendi “Ömür kitaby!” -Hä, hawa. Ömür kitaby. Ana, şol ömür kitabynyň daşa ýazylan görnüşi bolýar şu. -Hemme zadam görkezýärmi?-diýip, gyzlaryň ulusy çekinjeňlik bilen sorady. -Hawa, görkezýär. -Onda biz haçan durmuşa çykarys?-diýip, iň kiçileri gobsundy. Gyzlar kiçi jigilerine “Biz barkak, seňki näme?” diýýän ýaly gözlerini alardyşdylar. “Bir-birden soramal-a, keýgim. Siziň hemmäňiziň ykbalyny birlikde aýdyp bolmaz ahyryn, he-he-he” diýen kinaýaly gülki eşidilen badyna gyzlar kimiň ykbalynyň nähili tertipde aýdyljakdygyny “bije atyp çözmeli” diýen karara geldiler. Olary Orazgül daýzanyň jadyly daşyndan beter ýalpyldap duran gara gözleri gutarnykly jadylady. Şol jadynyň täsirinden çykybilmeýän erksiz göwreler ýaly bije atmak bilen ber-başagaý gyzlary howanyň sowuklygy däl-de, bijäniň birinji kime düşjekdigi titretdi. Birinji bolup gyzlaryň dördünjisiniň bijesi çykdy. “Saňa entek durmuşa çykmaga wagt bar, okuwly oglanlara gyzýan ekeniň özem” diýip, Orazgül daýza gözüni gyrpdy. Bäş sany gyzyň içinde iň skeptigrägi dördünji gyzdy, şol sebäplem onuň bu sözlere gatnaşygy sowuk-salarak boldy. Onsuzam kitap baryny okap ýörşüne gözüne äýnek dakynmaga çenli baryp ýeten bu gyzyň diňe ylmy delillere ynanýandygyny beýleki gyzlar janygyp düşündirdiler. Ikinji nobat gyzlaryň ikinjisine düşdi. “Sen öz garyndaşyňa barýarsyň, tüweleme, gaty gowy oglan” diýip, Orazgül daýza ikinji gyzy boýdan-başa synlansoň aýtdy. Onsuzam agzyndan bir söz gaçara mähetdel tutjak bolup oturan ikinji gyz birahatlyk tapdy. Onuň ýüzünden aýdylanlara begenmeýändigi mese-mälim bildirip durdy, ol aýal doganlaryna üstaşyr göz aýlansoň, oýkanjyramasyny goýdy-da, edil ýaşmagyň aşagyndan gepleýän ýaly ýuwaşlyk bilen :”Men goňşy oglan bilen halaşýan-da” diýdi. -Halaşsaň, halaşyber, keýgim. Garyndaş oglanyňa barýaň, wessalam. -Sypatyny suratlandyryp bilmezmiň, daýza? Diýýän ýigidimiň garyndaşymyz bolmagy ahmal.-Ol aýal doganlaryndan haraý gözleýän ýaly, şolar tarapa kellesini öwürdi.-Ejem obadakylaryň ählisem biri-biri bilen garyndaş diýýär-ä... Orazgül daýza jadyly daşyndan gözüni aýyrman, böwrüne diň salansoň: -Uzyn boýly, ak ýagyz ýigit ekeni. Başga zat aýdyp bilemok-diýdi. Soňundanam ikinji gyzyň ýalbaryjy nazary ýene bir soraga öwrülmänkä, gyzlaryň iň ulusyna ýüzlendi: -Indi seniň nobatyňmy? -Ýok, Nartäjiňki-diýip, ol gapdalynda eginlerini gysyp, kaýyllyk bilen oturan üçünji gyzy görkezdi. Ady tutulandan, has ulalan pyýala ýaly gara gözleri onuň Orazgül daýza beýleki gyzlara seredende çynlakaý gatnaşýandygyny bildirdi. Hakykatdanam, gyzlaryň içinde iň yrymçyly Nartäçdi. Ol anna günleri agşam kir ýuwanokdy. Bir işe başlajak bolsa sähet soraýardy. Hatda, penşenbe günlerinde söýgüli pişesi bolan tikinçilikdenem boýun towlaýardy. Onuň käbir yrymlary ýerine düşmänem duranokdy, ýerine düşmediklerini bolsa Nartäç diňe özünden görýärdi. “Meniň akylym çatanok” diýip, meselem, bölen nanynyň üstüne ýene nan bölýän bu gün-erte köpeläýmeli gelnejesine gyzynyň boljakdygyny aýdan gününiň ertesi ol ogul dogranda gygyrypdy. “Nan üstüne nan bölmek myhmanyň geljeginem aňladýan ekeni” diýip, aklama tapypdy. Başdaky iki gyz bilen deňeşdireniňde, Nartäjiň ykbalyny okamak Orazgül daýzanyň köp wagtyny aldy. Gyzlar aşaklyk bilen heýkele dönüp oturan Nartäje tarap ümleşdiler, iň kiçileri eşidiler-eşidilmez pyňkyrdam. Birden Orazgül daýzanyň gözüniň garasy kiçelip, agy köpelen ýaly boldy. Sesem uzak argyşdan gelen adamyňky ýaly argyn çykdy: -Saňa basym sawçy gelmeli. Iki sany aýal bolup gelýärler. Gaýnene boljagyň egninde ýaşyl köýnegi bolar. Ejeň deň-duş aýal ekeni özem... -A oglan kimkä, tanyş ýigitmi? -Aý, şeý diýseňem bolýar. Çalarak habary bar senden... Nartäç täze ýyla sowgat alan çaga ýaly ýylgyrdy. Aýal doganlarynyň Nartäjiň ykbalyny ara alyp maslahatlaşýan wagtlary beýleki iki gyzyň ykbaly hiç kime gyzykly görünmedi. Şol sebäpli olara aýdylan gysgajyk öňden görmeler gyzlaryň ozaldan garaşýan we aňasty bilýän pursatlaryna meňzäp, hiç hili täsirsiz öçüp gitdiler. Aý-aýdyň gijede tutulary bir gyra serpilen kiçiräk otagjykda daşardaky erik agaçlarynyň şahalary penjiredäki gara galam bilen çekilen suratlara meňzeýärkä bir maşgalanyň bäş sany gyzy bilen jadyly daşyň eýesi we goragçysy Orazgül daýza dagy wagtdan üzňeleşen adamlar ýaly öz taryhlaryna siňip otyrdylar. Eger-de öz ykbalyňy öňünden bilmeklik adamda geljege bolan ynamy oýarýan bolsa, indiki etmeli hereketlerini doly ölçermäge iterýän bolsa, haýsydyr bir waka bolan taýýarlygyny güýçlendirýän bolsa, onda Nartäç üçin ol düýbünden başga hadysa öwrüldi. Şol günden başlap ol her pursat diýen ýaly ýaşyl köýnekli geljek sawçy zenanlara garaşdy. Bir ýerde ýaşyl köýnekli zenan göräýse, kimdigi bilen ogrynça gyzyklandy. Uzak garaşmaly bolmadyk günleriniň birinde oňa, hakykatdanam, tanyş ýigitleriniň biri söz gatdy. Nartäç muny kem-kemden bagtyň açylyp, öňden görmeleriň hasyl bolup ugramagy diýip düşündi. Ýigit ejesini sawçylyga ugratjakdygyny aýdanda: -Seniň ejeň ýaşyl köýnegi barmy?-diýip, teklipden soňky ilkinji soragyny berdi. -Bardyr-la, o nämä gerek? -Goý, şony geýip gelsin. Öýlenjek ýigit bu sözleri eşidenden güljeginem bilmedi, haýran galjagynam. Megerem, şeýle alasarmyk ýagdaýda galany üçin ejesine Nartäjiň islegi barada aýtmagy zerur hasap eden däldir, sebäbi gudaçylyga gelen zenanlaryň ikisiniň egninde-de ýaşyl köýnegi ýokdy. Nartäç olaryň ýaşyl köýnekde däldigini görüp, edil gyzgyn peje aýagy bişen ýaly zowzuldady. Sawçylara näme jogap bermelidigini gyzy bilen maslahatlaşmaga düşen ejesi Nartäjiň jogabyna aňk-taňk boldy: -Goý, ýaşyl köýnek geýip gelsinler. “ Seniň akylyň bir ýerindemi?” diýip başlaýan igenç gatyşykly öwüt-ündewler gyzyň gulagynyň deňinden sowa geçdi: -Eger şol oglan meniň ykbalym bolan bolsa, onda ejesi hökman ýaşyl köýnek geýip gelerdi. -Kim aýtdy ony saňa? Ýa hudaýyň özi ýörite habar berdimi şeý diýip? Ejesiniň janykmasyna dözmedik dördünji-okumyş gyzlary gürrüňiň arasyna goşuldy: -Allatagala adamlar bilen göni gepleşmesini Musa kelamulladan soň bes edipdir. -Ýok, şuň bilen-ä gepleşýän ýaly-diýip, Nartäjiň henizem gahardan ýaňa göwresi galpyldaýan ejesi ýakasyna elini ýetirdi.-Toba, toba. Günämizi geç, Alla... Olar sawçylary häzirlikçe sypaýy sözler bilen ugratmaly diýen karara geldiler. “Goý, uzaga-da gitmesinler, ýakynam gelmesinler. Olara sorag-ideg edip göreli diýäý, eje” diýip, uly gyzlary maslahat berdi. Sawçylar girim-çykyma belet aýallar bolansoň, entek hiç zadyň belli däldigine we soňunyň gowulyk bilen gutarjakdygyna bolan ynamy açylmadyk saçaklaryna ýerläp turdular. Daşarydan öwüsýän salkynjak şemal habaryny aýdan sawçylaryň ýeňillik bilen saçaklaryny sypalady. Olar maýdalyna ýöräp gelişlerine aýna ýaly tämiz howla guwanç bilen seredip, onuň bäş gyzyň elinden çykan sungatydygyny ýaňzydýarkalar, täze sawçylar geläýmezmi?! Olaryň biriniň egninde-de, sadagasy gitdigim, ýaşyl köýnek bardy. Gyzlaryň ortanjysy bolsa-da, “Kimiň bagty açylsa, şony çykarjak” diýýän ejesiniň bu ýaňzytmasy oba gezensoň, sawçylar göwnüne ýaran gyzlaryna gudaçylyga geläýýärdiler, şol sebäplem Nartäç bu gelen gudalaryňam özüne degişlidigine birjigem şübhelenmedi. Ol öz ýanyndan eýýäm nähili jogap berjeginem bilýärdi. Sawçylaryň ýaşyl köýneklisi süýri ýüzli, eňeginiň aşagy togalak däl-de, dörtburç bolup duran zenandy. Gapdalyndaky onuň tersine, ors gurjaklaryny (matrioşkalaryny) ýatladyp duran togalak ýüzli saryýagyz zenandy. Olar salgy alyp gelendiklerini, gowuja gelinlik gözleýändiklerini, ýöne entek toýa howlukmaýandyklaryny mälim etdiler. Sebäbinem daşary ýurtdan gelmeli talyp ogullarynyň okuwy bilen baglanyşdyrdylar. “Şolara toý görkezmekçi” diýip, dylym-dylym edýän zenan Göwher daýza( Nartäjiň ejesi) ýarap barmady. Uzakdan guda bolmagy halamansoň, ol birleşip duran gür gaşlaryny çytdy. Göwher daýzanyň bu gudaçylyga närazy boljakdygy eline alan çaýly käsesinden bir gezek owurtlaman saçaga goýşundanam aýan boldy: -Howlukmaýan bolsaňyz, kişi maşgalasyny uzak garaşdyrmak birhli dälmi? Ogullaryňyz gelensoň, gudaçylyga çyksaňyzam bolardy-da...-Ol çalaja ýylgyrdy.-“Uzakdan guda boldum-gudama geda boldumam-a” diýipdirler. -Biderek alada edýärsiň, Göwher jan. –diýip, sawçylaryň ýaşyl köýneklisi jedirdedi.- Nartäç jan ýaly gyz taparys-da, biz, heý gelmän oňarysmy? Biri alyp gider öýdüp eňip gaýdandyrys-diýdi-de, gapdalyndaky saryýagyz zenana ýalbaryjy seretdi. Üme düşünen orspisint aýal: -Uzakdan guda bolmaly diýip gorkup oturma, biziň netimizden dönjek gümanamyz ýok-diýdi.-“At heläk” bolup gaýdanymyzam şol gyzy sypdyrmazlyk üçin-dä-diýip, ýaşyl köýnekli zenanyň aýdanlaryny tassyklady. Ýöne bu sözlerem köp çarşenbäni başdan geçiren Göwher daýzanyň şübhe diwaryny doly ýykybilmedi. Ol öz içinde gopýan harasat barada Nartäje duýduranda, “Şolara bolýar diýiň” diýen jogaby aldy. Göwher daýzanyň gara saçlarynyň ep-esli bölegi şobada agardy. Ol soňy näbelli söwda baş goşýandygyny yrymçyl gyzyndan gowy bilýärdi. Onuň kellesinden çykybilmedik şübhelenmeleri saçyny agardan bolsa, ýüreginden çykybilmedik nägileligi bilini bükdi. Ilkibadalar Nartäjiň bagtdan şöhle saçýan gözleri oňa bu özgerişlikleri duýmaga maý bermedi, diňe käwagtlar özi barada duýduryp durýan dogabitdi keseliň burmasy ýaly şübhelenmeleri onuň howuny basdy diýäýmeseň, alada edere üýtgeşik zat ýokdy. Ýöne soňundan, ýagny tanyşmaklygyň ilkinji “Süýji” hepdeleri gutaran badyna Nartäç üçin hysyrdyly günler başlandy. Onuň bagtyndan çykmaly ýigit, gynansak-da, örän lälik ösen ýigitdi. Şol sebäplem Nartäje azar ýamanyny bererdi. Ha oňa Nartäjiň köýnegi ýaranok, ha telefona wagtynda jogap berlenok. Ol, hatda “ Maňa jaň edeňok” diýibem yrsarady. Soňabaka gyzlar “onuň bagtyna” diýen jümläni “onuň betbagtlygyna” diýip ulanyp ugradylar. Ýöne Nartäç hemmesine geň galaýmaly kaýyllyk bilen göz ýumýardy. Onuň bu bolşy sowuk garda gyzgyn suwa düşüp ýören adamyň ahwalatyny ýadyňa düşürýärdi. Suw näçe gyzgyn boldugyça, ýagny, näçe gyzgyn söýgi bilen şo lälik ýigidi gurşap aldygyňça, ol sowamak bilendi. Müň gijäni aglap, bir gijäni gülüp geçirýän Nartäje gudaçylygy ýatyrmagy maslahat berdiler. Ýöne ol “Bagtyň üçin göreşmeli” diýdi. -Sen nireden bilýäň şonuň bagtyňdygyny? Ejesiniň geýmän geçen şo ýaşyl köýnegi geýip gelenindenmi? Ol bagt däl-de, hupbat ahyry. Nartäç, jan Nartäç, oýlan-diýip, hiç zada akyly çatmaýan, ýaş bolansoň, ýeňilkelleräjik hasap edilýän iň kiçi gyz jigisi özelendi. Nartäç kiçi jigisiniň egninde horkuldap aglady. “Men bir zady ýalňyş edýändirin” diýip üzlem-saplam gepledi. Onuň ýüregindäki “ýaşyl köýnekli bagtynyň” gelendigine bolan ynam maşgaladaky beýleki agzalaryň sabyr-takadyny syndyrdy. “Gelmezler ýoluna giriftar açan, Orazgül” diýip, Göwher daýza öz aýal doganyna sögünmäge çenli baryp ýetdi. Bir pasyly halaşyp, iki pasyly garaşyp, üç pasyly ýaryşyp geçiren Nartäç üçin arzyly toý gününiň sähedi hiç bellenmedi. Soňky günlerde gudalar ol-a ýaşyl köýnekde ekeni, asla başga köýnekde-de gara bermediler. Olar bilen öýlenjek ýigidem ýitdi, öýlenjek ýigit bilen Nartäjiň kararam gitdi. Söýgi tutgaýy onsuzam üfleseň ýykyljak hor göwräni ekinzarlykdaky ýalňyz garantga öwrüp goýaýdy. “Oglumyz göwnänok” diýen ikije söz Göwher daýzalaryň depesine gara bulut bolup çökdi. Maşgalany iň entireden ýerem Nartäjiň bu habara ynanmakdan boýun gaçyrandygy boldy. “Ýok, bu habar ýalandyr. Merdany gepledýändirler, ony mejbur edendirler” diýen pikir eger her minutda bolmasa-da, her sagatda diýen ýaly “Onuň öňki söýşen gyzy dolanandyr”, “Ejesi başga gyz tapandyr”, “Garyndaş gyzlary barjak bolýan bolaýmasa”, “Galyň töläsleri gelýän däldir”, “Belkem, menden öýkeländir, men oňa iki gün jaň etmedim” diýen dürli-dürli çaklamalar bilen ýerini çalşyp durýardy. Bäş sany gyz dogan edil ýer şaryny aýlanyp, ýeriňem togalakdygy üçin ýene öňki ýerine dolanyp gelen syýahatçylar ýaly, birtopar çaklamalaryň içinden haýsy hem bolsa birine dolanyp gelýärdiler. Umuman, Nartäjiň söýgi hasratyny çekişi uzak gürrüň, ýöne “çaklamalar” atly şaryň içinde togalanyp ýörşüne, onuň wagt geçdigiçe hiç bir ýaşyl köýnekli zenana öz bagtydyr öýtmedigi welin anyk. © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |