Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:14
Yşk heseri / roman
YŞK HESERI
-1-

Ol ölemen awçydy. Özem uçup barýan guşuň gözünden urup
bilýän mergendi. Etrek sähralarynda bolsa, aw bol. Keýikler süri-süri.
Sülgün, togdary, käkilik, gyzylinjik ýaly guşlaryň mekany. Tilkiniň,
şagalyň, möjegiň sesleri gijeler gulagyňdan gidenok. Ylaýta-da, gyş
aýlary gözüňi ýumup kesekleseňem boş geçenok. Etrek ýurdy maýyl
bolansoň, uzakdaky sowuk ülkelerden ördek, toklytaý, gaz, durnalar uçup
gelýärler. Jagylda-juguldan derýa guş bazaryna dönýär. Dogry, häzirki
suw gytçylygynda kiparlady. Dag çeşmelerini gözläp gidendirler. Şeýle
halda bularyň iň dogumlysy möjek. Olar gündiz yssyda sürenlerinde
ýatýarlar, gije şikara çykýarlar. Öri meýdanlaryndan ogşuk-torum
tapmasalar, hut ýatakdakylary öldürip, garyn suwlaryny içip gidýän
mahallary bolýar.
Obanyň azyk-owkady çözüldi hasap edip gelýän Aba dartgynly
pikirlerden saýpallaşmak, göwün açmak üçin şikara ýatarlaýyn gitmegi
ýüregine berk düwdi. Daglara gider. Çaldamak-çaldamak aýlaw şah
mähnet goçlary göz öňüne getirip, awçy göçgünliligi gursagyna sümüldi.
Eýeriň üstünde gozganjyrap, süňňi ýeňledi. Birden ýadyna Akmaral
düşdi: «Päh, owadan-aýt, zalym. Armansyz aryny alabildi. Indi goç
ýigitleriň birine garamatyny ataýmaly». Onuň oklulardandygyna
buýsandy.
Ol agyz-burnuna düşen çanjagazlary süpürişdirip goýberdi-de,
Balkanyň keşbini huşunda aýlady. «Yňdarma, gözsüz batyrlardan
bolmaly. Beýle ýigitler bilen almajak galaň bolmaz. Megerem,
Akmaralyň taýy şodur». Şunda Aba tisginjiränini bilmän galdy.
Ýaltaklap, ýigitlerine göz aýlady. Olar kethudanyň içgepletmesinden
bihabardylar. Bu Abany rahatlandyrdy. Sebäbi ýüreginiň teýinde Balkana
bolan gizlin gabanjaňlyk köredi. Muny ýigitleriň ýüz-gözünden
aňşyrmazlygy ýagşy. Olar Garahan täjiriň ogullarynyň gussasyna
duýgudaşlyk bildiren kişi bolup dymýarlar, ýogsam, gylawlylyk, «awy»
oňanyň hoşnut göçgünliligi asmana galmaly.
«Akmaral»... Aba misli kalbyna ot düşüp, ony söndürjek bolýan
şekilli gursagyny gaýta-gaýta owkalaşdyrdy: «Akmaral...ot-ýalyn, gyz
däl, ol. Çabrasa köýdürjek. Bi, niçik, ahwal? Bi, niçik, ahwal? Bi, niçik,
gudrat? Öýli-işikli halyna...» Oňly gürleşibem bilmändi. Onda nä? ...
Diňe ilkinji sataşanda, perraç kirpikler ýüregine sünjülipdiler. Aba şonda
endiräp, tas atdan tüwdürilipdi. Şu wagtkysy şol mahalky «oýnuň» täsiri.
Bi, nebela? Ýä «söýgi» diýilýän apatmyka? Ol işşekçer jahyl däl-ä, indi.
Ol söýüp öýlenmese-de, derek boýly, mährew, maýa gözli, näzik gelniň
ýary. Agyn, Abanyň özüne kybapdaş goşa gumry ýaly perzentleri bar.
Kesekä nazar dikmek, gabahatlyga barabar bolmazmy? Dokuzy
düzüwligi, rysgally ojagy weýran etmezmi?
Ol bimazalanyp, obanyň garasy görnensoň, şol tarapy nazarlydy.
Hümerlenişik gözüne ildi. «Allajanlarym, bi nämäniň toparlanyşygyka?»
diýip, bada-bat oýlandy. Şeýdibem, başky pikirlerinden sabady. Birki
gezek debsilände, atynyň gorgunlamasy çaltlandy. Ýigitlerem Abanyň
yzyna eýerdiler. Olaryň köpüsi: «Urşan-sögüşen bolaýdymyka?» diýen
pikirlenmä ýykgyn etdiler. Ýakynlaşyberenlerinde märeke sar sürüsine
meňzäp, bäri çozdy.
Aba: «Ganjaryşmadyk bolsalaram ýagşy» diýip, içki tolgunmasyna
basalyk bermäge synanyşdy. Ilki garym-gatym bolşup ýigdekçedir
çagalar geldiler:
—Aba däde, geldi, gözüň aýdyň!
—Kerwen geldi!
—Azygymyz bolar-eý!
Biri-birini gujaklap, bökjekleşip, jagylda-juguldylar. «Bular
kerweniň, biziň sag-aman gelenimize begenip, yňypdyrlar» diýen Aba
obanyň içine aralaşanda ýedi-sekiz del atla gözi düşdi. Gyrada
hatarlanyşyp duran ýaşululara salam berdi. Olar biragyzdan
«Waleýkimessalam» diýip jogap berdiler. Aba ýeke-ýekeden görşüp
çykdy:
—Eýgilikmi?
Ol gözleriniň gyýtagyny atlylara aýlap goýberdi. Hemmeler
Rahym ahunyň hamy ýuka akjymak ýüzüne äňetdiler. Aba şol tarapa
gaňryldy.
—Eýgilikmi, ahun aga?
—Aý...Esenmeňliň dogmasy gyz alyp gaçyp, getirdi.
—Nireden?
—Goňjy Eýmir obasyndan.
—Bütüki, atlylar näme?
—Esenmeňliň galyňy tölemäge gurby çatmady. Ýogsam, iki tarapy
ylalaşdyrdyk. Syrgynymyz dowar-beýleki tölemäge goltgy-da berdi.
Bular gudamyzyň garyndaşlary. «Goňşuçylykda äsgermän, basgyladyňyz.
Onsoň galyňy ýokary salýas» diýşip durlar. Şerigatda bularyňky nädürs.
Juwanlar meýilli bolup, razylaşsalar az-owlak süýt haky bermeli. Ýöne
ata-enänem göwnüni görmeli. Esenmeňlä özüň belet, eli ýuka. Gelnimizi
yzyna äkitjekler, oglum. Daýanýanam tapylmady.
—Talaplary näme?
—Tanaly sygyr.
—Ýene?
—Ýenemi?...
Goja kürtdürdi. —Iş maly üçin bäş keşer erkek. Ony özüm berjek.
Zekata getiripdiler. Sygrym welin, ýok.
—Hymm...
Aba çetde duran bir ýetginjegi elini salgap çagyrdy: —Gel, bäri!
Ol ylgaşlap, alkyma golaý sägindi.
—Derýanyň ýakasynda biziň sygrymyz bardyr. Tanaýaňmy?
Ýigdekçe başyny aşak saldy. Aba ýalňyşmazlygy üçin salgyny
berdi:
Tutar gulagynyň ujy alyk, ala-mula läheň sygyrdyr. Ynha at, basym
kow-da, getir!
Ýigdekçe Abanyň irişmesini uzadanyna mähetdel kakyp aldy-da,
pişik çakganlygynda eýeriň üstüne gonup, gaýra tarapa ýüzin saldy. Aba
Rahym ahuna ýüzlendi:
—Toý sähedi bellendimi?
—Birigün.
—Be...ýe
Aba ýüzüni sallady. Ahun bilesigelijilikli sorady:
—Näme ýaýdandyň, oglum?
Aba onuň gulagyna pyşyrdap diýen ýaly zatlar aýdyşdyrdy. Rahym
ahun gaşlaryny bürüşdirip kesgin gepledi:
—Toý-ýas ata-baba gelýän iki akym. Gabatlaşypdyr. Ertir Garahan
täjirlerden toýy geçirmäge rugsat soraýarys. Göwnemeseler, toý sähedini
yza süýşüreris.
Ol soňra ýaşululara tarap öwrüldi:
Adamlar, hemmäňiz Garahan täjirlere barmaly. Bolmaz iş ýüze
çykypdyr.
Özi öňi bilen Garahan täjiriň syrgynyna ugrady. Sowuk habara aňktaňk
bolan adamlar ses-üýnsüz onuň yzyna düşdüler.
Gije ýassy çemesi Rahym ahun Abanyň öýüne geldi. Bular öňem
biri-biriniňkä gürrüňçilige barardylar. Okymyş gojanyň pähimli söhbedini
diňlemek Aba aýratyn şirin lezzet bererdi. Ahun bu gezek kelteçe gepledi:
—Aba jan, oglum, Astrabat häkimi täzelenipdir. Tizden-tiz sowgatsalamly
şoňa barmaly. Beýleki hanlaryň, kethudalaryň eýýäm ýola düşen
bolmaklaram ahmal. Häzir ýadansyň dynjyňy al. Toý-ýasy özümiz
sowarys.
Ol basym çykyp gitdi. Etrek-Gürgen boýlarynda ýaşaýan
türkmenler atagzynyň gysajynda ýaşaýardylar. Bir tarapdan, gyzylbaşlar
hömürowanlyk etse, beýleki tarapdan, Horezm hanlygy ejir çekdirýärdi.
Rahym ahunyň ýaş Aba beren maslahaty demi daş ýarýan hömürowanyň
biriniň damaryny gowşatmak üçindi. Muňa Aba aňryýany bilen düşündi.
Ýöne nijezar beýdip towşan ýaşaýşynda gezjek? Ölseňem, gurt kimin
darkaş gurmak oňaýly bolmazmy? Bu meýil ýyldyrym çaltlygynda serine
gelip-geçdi. Nägileligini bildirmek üçin, ýüz-gözüni sowuklatdy. Ýöne
diňe okly taýpasynda däl, eýsem, bütin Söýünhanda ylymdarpähimdarlygy
bilen adygan gojanyň teklibine birbada niçik garşy çykyp
biler? Täk okly taýpasyndan wekil barmasa, gyraklanmazlarmy? Şol
sebäplem, gojanyň ýüzüne durup bilmedi. Geplemedi. Ýol şaýyny tutmak
üçin pikir öwürdi.

—2—


Akmaral güýzüň siňňitli ýagýan ýagşynyň ýakymly şabyrdy sesine
gulak asyp, mahal-mahal eýlä-beýlä agdarylýar. Külbäniň beýleki
böwründe Remezan aga dünýeden habarsyz hor çekip ýatyr. Gyzyň
gojanyň ukusyna gözi, gitmänem duranok: «Wah, şeýdip dünýäni bilmän,
ýatsaňdyň» diýip göwün ýüwürtdi. Bolanok. Basym, Balkanyň dagy
ýörite wagt bilmek üçin saklaýan gyzylkekeç horazlary gygyryşybam
başlar. Ýöne ol nämä bimazalanýar? Gündizem pikir derýasyna gark
bolanyny duýman galýar. Hernä muny Remezan aga bilmese ýagşy. Bu
ahwaly gojadan gizlemek ogurlygyňy perdelemek bilen barabar. Herhal,
aýdyp bilmez. Özem mese-mälim horlandy. Reňki güýz heseri uran
bägüle meňzäp saraldy. Terje ýaňaklary myssardy. Bu haly gojanyň
aňşyrmazlygy mümkin däl. Birki günlükde-hä, ýiti-ýiti äňetdi-de, sesini
çykarmady. Belki, özüniň dil açaryna garaşýandyr. Goja sabyr-takatly
kişi.
Eýsem ony otdan alyp suwa, suwdan alyp oda oklaýan elhenç
ahwal näme?
Gyz ýene beýlesine öwrüldi. Gözlerini ýumdy. Bolanok. Ýogsam
onda arman galmady. Aryny ýerine saldy. Özüne ömürlik ýanýoldaşam
tapyljak. Görmegeý hem ýigitleriň naýbaşy Balkanyň otlukly nazaryndan
gaça durýar. Ýigit kemi ýok onuň. Şeýle garadangaýtmaz kişi gyz
ýüregini gozgap bilenok. Akmaral oňa imrinjegem boldy. Paşanok.
Ýigrenibem baranok. Ýigitleriň içinde ýene biri... uzagrakdan saýgardy,
otlukly nazar dikdi. Ýöne ol tiz ýüzüni sowup, ýoldaşlarynyň arkasyna
duwlandy. Göwnüne bolmasa, ony bir ýerde öň görenine meňzetdi. Esli
mahal ýadyna salmak isläp, oýlanybrak gezdi, soňra tiz unutdy. Gaýdyp
pikirlenmedem. Olam göze ilip durmady.
Gyzyň kalbynda pitne döreden ýigit Abady. Özem, şo-ol, ilki
sataşanda. Onuň maşgalalylygam belli. Şonda-da...oňaranok. Küýünden
çykaryp bilenok. Synanyşýaram. Diňe öz göwnüni aldany galýar. Bi,
näme boldugy?
Akmaral eliniň birini ýaňagyna söýget edindi. Eýsem, bi näme
boldugy? Söýgümi?
Ol bu sözi ilkinji gezek baý ogly Batmandan eşidipdi. Şol mahal
kän pitiwa bermändi. Bu söz, gör, nähili, elhenç hem şirin eken?! Onuň
kalbynyň bir ýerlerinde zenanlara mahsus ýüregi ýukalykdan Batmana
indi rehimdarlyk döredi: «Haý, neresse»... diýip, pyşyrdanyny bilmän
galdy. Muňa ukusyna sak Remezan aga ýalpa gözlerini açdy. Gaýta-gaýta
pallady, onsoň, Akmarala nazaryny aýlady:
—Ýagyş henizem ýagýar. Nesip etse, ýer güýzär. Il-günüň
maňlaýyndan dirär.
Goja säginip, sözüni soňlady: —Ýene, uklamansyň-ow, gyzym?
Akmaralyň ýaňaklary gyzdy. Ogurlygyň üstünde tutulanyň
ahwalyny başdan geçirdi. Goja öňem onuň kämahal uklamaýanyny bilýän
eken.
Akmaral sesini çykarmady. Daňa golaý ýagyş diňdi. Gyz
höwründen tazygan jerene döndi, ýöne ymyzgandy.
—Gyzym, saňa gelen bela-beter aýylganç. Muhabbetden gan hem
gül ysy gelýändir — diýip, Remezan aga ertir Balkanyň ýigitleri dagadüze
pytrap, ikiçäk galanlarynda aýdyp otyrdy.
—Seniň menden başga syr alyp, syr berişjegiň ýok şumat.
Muhabbet belasynda birem, howlukmaçlyga ýol berme. Pähimlen.
Pähimlenmekden zyýan çekmersiň.
Ikisem birhowa dymdylar. Birden, atyň kişňeýän sesi eşidildi. Bu
özleriniňki däldi. Şol sebäpli, dilleşen ýaly, deň gopup, daşary çykdylar.
Ho-ol, uzagrakdan bir atlynyň ýüzin salyp barýanyny gördüler. Ol basym
ýylgyn jeňňelligine urdy. Remezan aga bilen Akmaral biri-biriniň ýüzüne
geňirgenişip seretdiler.
Gün çyraýly şöhlesini meýdana ýaýradypdy. Şahalarda
bulduraşýan ak damjalar üzlüp-üzlüp gaçarly görünýärdi. Gurak toprak
öljeräp ýatyrdy. Niredendir bir ýerlerden gelýän bozaganyň melul ediji
ysy gaňşyrawugyňa dykylýardy. Durlanan asmanda übtük bulut
görünmän, diňe mollatorgaýyň biri, hamala, bulary busup külbede
oturmakdan gezelenje çagyrýan ýaly, çyr-çytrak saýraýardy.
Olar süňňi ýeňillik duýdular. Dogrudanam, busulmak,
owadanlanan güýzüň bu mahalynda janyňa kast etjek bolmak bilen
barabardy. Ikisem ses-sedasyz deňme-deň atlaryna atlanyp, aýagaldygyna
çapdylar. Çaý içim salymda külbeleriň garasy ýitdi. Atlar çygjardylar...
Gapdalda sübseguýruk tilki göründi-de, ökjäni göterdi. «Gy-ýuw!» edip,
Akmaral şol bada onuň söbügine düşdi. Ygally, şorumtyk ýere aralaşan at
öz güýjünde doly çapyp bilenokdy. Patyrdyk-patyrdyklap, palçyk
syçradýardy. Aw göçgünliligi kalbyna sümlen eýesi bolsa gyssap janyny
alyp barýardy. Şu sebäpli, öňündäki gaçyp barýan jandarjyga ýigrenç
dörän şekilli at az-kem daýandy. Dura-bara ara ýygjamlandy. Tilki şol
barmana jeňňellige urdy. Akmaralam galmady. Şeýdip, ýoňsuz
kowalaşdy. Tilki ahyry gözden ýitdi. Ol yzyna öwrüldi. Hilegärjigi
peýkam bilen tükgerdip bilýärdi. Ýöne keýpine, awçy göçgünliligini
uzaltmak isläp, degmedi.
Öňünde atly keserdi. ýüzi-ýüzüne düşüp, tisginjiredi:
—Hiý-ih!...
—Hawa, bi, men...
Batman arkaýyn jogap berip, ýylgymaga synandy. Şonda ýaňaklary
çukanaklap, ýüz keşbi ejirli göründi. Oýturaklady:
—Oslamadyňmy?
Akmaral dymdy. Batman çarpaýa galan atynyň jylawuny çekip
köşeşdirdi:
—Akmaral, söýgi derdi ýowuz eken. Hernäçe unutjak boldum.
Eger-eger bolanok.
—Niçik tapdyň?
Gyz bu goşa sözüň agzyndan çykanyny bilmän galdy. Şol sebäpli,
ökünýän ýaly, dodaklaryna barmagyny goýdy. Bu tersine, ýigidi
galkyndyrdy:
—Garahan täjirden ar alşyň Etrek sähralaryndan daglara ýaň saldy.
Eşdenimden, yzarladym gaýdyberdim. Indem, çolalyk aňtap, ogry syrtlan
ýaly garawullap ýörün. Siziňkilere goşulmagy oňardym.
Akmaral şo-ol, otlukly nazar salanyň Batmanlygyny ýyldyrym
çaltlygynda serinde aýlady. Hälki atyny ýüzin salyp gideniň-de şüdügi
şübhesizdi. Ol hopugyp, suwa gark bolup barýanyňky ýaly, gepledi:
—Men...şonda...jogabyňy beripdim-ä.
—Bu, dogry. Aýtdym-a, söýgi derdi ýowuz eken. Wagt geçdi.
Belki, doň ýüregiň erändir?
—Juk, öňki jogabym.
—Beýitme, Akmaral, men garyby köýdürme!
Gyz atyny debsiledi. «Akmaral, Akmaral-how» diýip, Remezan
aganyň-da, gygyrýan sesi eşidildi.
Batman hyrçyny dişläp galdy.
Akmaral Batmany göreninden, kän mahal geçmänkä, şagal
ýodajygyndan täk özi pikire çümüp gelýärkä, ýene bir atly ýolunda
keserdi. Ol başyny galdyrdy. Şeýle bir tolgunmady. Sebäbi bu pursat irdegiçde
bolaýmalydy. Her hal, ýüregi alas-gopaslandy. Ýaňaklary çalaja
gyrmyzylandy.
Bu Balkandy:
—Akmaral...Ol bimaksat ellerini owkalaşdyrdy:
—Ýüz duşmana ýeke özüm garşy çykyp, söweşip biljek. Emma
şumat garşyňa... Niçik aýtjagymam bilemok, aýdylýanynam. Ýöne meni
telbe etdiň.
Gyz atyny sowup, ugrabermek isledi. Balkan gabalap, atdan düşdi:
—Ynan, ýüregim arkajyň ak gary kimin tämiz, gara niýetim ýok.
Birdem saklan, diňle.
Ol läheň göwresini aşak goýberdi. Çöke düşüp, Akmaralyň atynyň
üzeňňisinden ýapyşdy:
—Giň jahan dar maňa, jeren gözlim. Hem o dünýä, hem bu
dünýäm meniň. Şirin muhabbetim...
Akmaral atyny çalaja debisledi. Balkanyň eli üzeňňiden sypyp,
sözüniň arasy kesildi. Gyz ýigide bakdy. Balkanyň syratly, uly
göwresiniň çugdumlananyna, naýynjar keşbine haýpy geldi. Pyşyrdap
gepledi:
—Tur, oglan, beýtme!
Balkan galyp, entirekledi. Dyzlarynyň ysgyny gaçansoň,
Akmaralyň atyny söýgetlendi. Uzak ýerden ylgap gelen ýaly, haşlap dem
aldy. Ýazykly çaga kimin, başyny galdyryp bilmedi. Şu aralykda Akmaral
oýlanyp bildi: «Bi, Nähili, bolýa? Batman, Balkan meni söýýä. Men
welin...Abany. Ýok, söýgi — bu elhenç dert. Girdap-ýuwdarhamy,
apatmy? Haýsysy?...Wah, Balkan, ýigidiň güli, sen. Arman, imrigibem
bilemok. Nädeýin men! Şormaňlaý bolmagymam ahmal. Göwnümiň
tersine-de, gidip biljek däl. Bi, neressä, taýyňy başga ýerden gözle
diýeýin».
Ol ýüregine daş baglap, Balkana nazar aýlady. Balkan söýgüsini ret
edäýseň, ýyldyrym urana dönjek şekillidi. Gyz kalbyna rehimdarlyk indi.
Gowşap, saklandy. Birdenem: «Çüw, janawer!» diýip, jylawy silkip
goýberdi. At segräp, ugruny düzdi. Akmaral gür ýylgynyň şahalarynyň
arasyndan jyklap duran Batmanyň öňýajagazyndan geçse-de, görmedi.
Arany açdy.
Hemişe Akmaraly aňtap gezýän Batman, Balkan onuň atyna
söýgetlenip durka gördi. Gyz onuň söýgüsini iki ýola açyk ret etse-de,
tamasyny üzmändi. Şol sebäpli, Akmaraly irde-giçde böwrüne geçirerin
öýdýärdi. Ikiçäk gören pursadynda welin, gabanjaňlyk ody gursagyny
çirkizdi. Süňňini saklabilmän, gagşady. Ar almak hyjuwy depesine urup,
gözi ýer görmedi. Haçan-da, Balkan güňe dönüp, atyna münüp
gorgunladyp ugraberende sary ýaýyny oňa öwürdi. Ýöne wagşy gahargazapdanmy
ýa-da batyr serdary atjak bolmagyň ýeňil-ýelpaý
däldigindenmi, elleri saňňyldady. Barybir, peýkam ýaýdan sypdy. Ok
Balkana degmän, aty ýürekledi. Janawar ýüzin ýykyldy. Batman
jeňňellige sümdi.
Seňselän Balkan birhapýukdan gözlerini açdy. Atyň aşagynda
galan aýagynyň birini zordan aýyrdy. Atyna naýynjar seretdi. Endamy
buza dönen janawar dem-düýtsüzdi. Balkan birbada dyzçanagyndaky ýiti
agyryny unutdy. Atynyň başyny sylanda, okara ýaly goçak gözlerinden
şorumtyk, gyzyn ýaş paýrady: «Wah, atymyň däl-de, öz janymy almaly
ahyry!» diýip samranyny duýman galdy. Emma boljak iş eýýam bolupdy.
Oňa etjek alajyň ýok.
Balkan ýokary turmaga meýillendi. Başarmady. Ýüregi hut
üzülerläp gitdi. Agyra çydaman, gygyrmazlyk üçin, dodagyny gan
öýdürere getirip, dişledi. Töweregine ýaltaklady. Görmän, madyrdaşyp
geçip barýan bölek atlysyna gara galdyryp, haýkyrdy. Olar yňyp
gaýtdylar.
Balkany getirenlerinde, Remezan aga külbesindedi. Ýanynda
Akmaralam bar. Ol Balkanyň öňküsindenem beter garaörtlenen ejirli
ýüzüni görende:
—Eýgilikmi, oglanlar? — diýip, laňňa ýokary galdy. Arkan
ýatyrylan Balkanyň golaýyna bardy. Ýigitler sulhdular. Dymşyp, gojanyň
sowalyna jogap gaýtarman, batyra äňetdiler. Balkan yzadan gaşlaryny
çytyp:
—Atdan ýykyldym — diýip, kelteçe aýtdy.
Remezan aga balagy çermäp dyzdan geçirdi. Gök-nil bolan
damarlara seredip, sypaň-sermeň etdi-de, özbaşyna hüňürdedi:
—Weý, oglan, ýykylar ýaly, at baş bilmeýän, özüňem gögele däl.
Ýa-da aýagy kürüme didäýdimikä?
Ýigitler böwedi açylan sile döndüler. Wagyrdy sesi asmana galdy.
Ilki murtlarynyň uçlary çowluja biri dillendi:
—Ýykylmandyr, atypdyrlar.
Remezan aga-da, Akmaral-da bir müddetde oňa bakdylar. Goja
güňleç seslendi:
—Aý, goýa?!
Soňra Balkanyň ýüzüni nazarlady:

—Şeýlemi , oglum?
Ol baş yrady. Remezan aga oýurganyp aýtdy:
—Dönüklik — açyk duşmandan howpludyr. Sebäbi, ol ýeňsäňden
atýar. Megerem, ýagy uzak ýol söküp gelen däldir. Içiňizdedir. Beýle
bolsa, ýeňilmezek goşunam ýeňler.
Goja ýene agyryly dyzy sypalaşdyrdy-sypalaşdyrdy-da, silkibräk,
birden çekip goýberdi. Balkan «Wah» etmäge ýetişmänkä, hütürdi
eşidildi. Çykan dyz ýerine girdi. Balkanyň ýüregi buza döndi. Dar külbe
giňedi:
—Eliň-ýüzüň dert görmesin, Remezan aga!
Ol welin ýigitleriň birine tabşyryk berdi:
—Towugyň ýumurtgasynyň sarysyny çalaýsaň, yzasyny tiz
aýrardy. Bu ýerlerde ony nireden tapjak! Git-de, gamyş getir.
Gamyş gözläp, uzaga gitmeli däldi. Oýtumda, derýa ýakalarynda
boldy. Mähetdel etmän, äkeldiler. Remezan aga onuň birini saýlap, alyp,
dikligine iki ýardy. Bir garyş çeninde kesişdirip, dyzyň daşyna sünneläp
goýuşdyrdy-da, sarady. Ýanynda, dikelende daýanmak üçin, goşar
ýogynlygynda taýak goýdy:
—Birki gün gozganmasaň, tiz gutularsyň — diýibem tabşyrdy.
Ýigitler derrew gökleň ilinden gelen Batmanyň ýokdugyny
gördüler. Ýer ýykyp gözledilerem, tapmadylar. Olaryň bir bölegi daňa
golaý geldi. Aljyraňňy ýüzleri, gaharlydy. Sesleri külbeleri sarsdyryp,
ýerinden göçüräýjek bolýardy:
—Gökleňlere çozalyň?
—Öýlerine ot berip, ýumralyň!
—Erkek göbeklisini gyralyň!
—Şeýdeliň! Häzirlikçe serdarymyz Akmaral bolsun! Özem
beletdir, o ýerlere!
—Akmaral, Akmaral-how, daşary çyk, tiz bol!
Akmaraldyr Balkan Remezan aga seretdiler. Goja sakgalyny
daraklap, pähimlenýärdi. Ol ahyry agraslyk bilen başyny galdyryp, gysga
gepledi:
—Ýigitler, ýüregiňizi ele alybermäň. Gökleň iliniň günäsi ýok.
Nätjek, gül meýdanynda demirtikenem gögerýär Akmaral ýeňillik bilen dem aldy. Batman ýoklugy bilenden bäri
oňaýsyz haldady. Bu ýowuzlygyň sebäpkäriniň özüligini boýun alasy
gelenokdy. Islese-islemese-de, dogry çaklamany saýlady:

«Gabaňjaňlygyň işi bi...» Onsoň beter kibiti gysyldy. Daşyna-da
çykarabilmedi. Hökümsiz jeza çekýäne meňzedi. Herhal, Remezan
aganyň ýaňky sözlerinden soň, näme üçindir, teselli tapdy. Ýigitlerem
ýuwaş-ýuwaşdan köşeşdiler.
On-onki gün geçdi. Remezan aganyň hasabyndan Balkan
saýhallyrak ýöräp gidibermelidi. Ol gün içinde taýaga söýenip, birki
gezek daş çykýar. Ýogsam, içini hümledip ýatyr. Reňki sargylt kakyp
ugrady. gürleşmegem hylalla. Ýüzünem keseräk sowýar. «Aý, ýok,
ýigidiň başga güýçli derdi bar. Ýa o gökleň ýigidiniň şeýdip gidenini
içine salýarmyka? Belki, atynyň ölenine aýňalýan däldir? Ol, janawar,
dünýede bir taýsyz atdy. Älaýt, öz-ä, derdi elhenç şunuň».
—Balkan, inerim, saňa näme bolýa? Dyzyň sagalmaly şumada sen.
Ýigit sarsmady. Ýaşuly ileri -ileri omzady:
—Aýt, oglum, belki, nepim deger. Içiňi gowzatsaňam, ýüküň
ýeňlär. Ýogsam saralyp, solup, gözden ýitip barýaň. Ýigitleriňem göwni
çökgünleşýä.
Balkan ah çekdi. Remezan aganyň ini jümşüldedi. Şol bada, hälki
pikirleriniň hiç haýsy däldigini köpi gören garry aňşyrdy-da, kesgitli
gepledi:
—Derdi-belaňy paýlaşaýyn, inerim.
Balkan mundan aňry saklanmagy oňarmady. Dikeçlenip, uçlybrak
başlady:
—Remezan aga... bi dert... bi dert, çekerden çökder.
—Aýdyber, oglum!
—E-e-e...sen, Akmarala söz aýdyp bersene!
—A-a, ilki özüň taryna kakyp görmediňmi?
—Wah, gördüm-le.
—Göwnemedimi?
—Jogap bermedi.
—Onda, çemini tapyp, aýdyp göreýin.
Balkan ýokary turanyny bilmän galdy.
—3—

Aba Astrabadyň täze dikmesi Keçel Şahberdi soltana sowgat üçin
on tohum baýtal bilen iki sany uçganaklap duran igdiş at alyp barýardy.
Atly-ýaragly bäş ýigit hyzmatyndady. Gürgen derýasynyň ýakalaryna
aralaşanlarynda öňde uly bolmadyk iki syrgyn göründi. Ortada gaýdagaýmalaşyk.
Gylýallary güýzän çaýyrlyga ýaýratdylar. Biri ýanynda
galyp, beýlesi şol tarapa eňdi.
Bärden at daljykdyryp baranlarynda, bir müddet saklanyp, ser
saldylar. Aýal-ebtat, oglan-uşak, uly adamlar garym-gatymdy. Sögüşýän,
ýakalaşyp duranlar bar. Elleri taýakly, ýabanyň ujuna gyrkylyk daňanlar
çeträkde çemelenişip durlar.
Aba bularyň galmagalyndan baş alyp çykyp bilmedi. Özlerine ýa
gözleri düşenok, ýa-da pitwa berenoklar. Ol gylkyjaklap, galawutly
gygyrdy:
—A-dam-lar, gulak asyň!
Märeke oňa tarap seretdi. Del atlylary görüp müýnürgeşdiler.
Sesleri tapba kesildi:
—Bes ediň-ň!!
Ýaşulynyň biri ýempäp golaýyna geldi:
—Beg ýigit, amanlykmy?
Onuň sakgaly titir-titir edýärdi. Ýüzem ganjaryp dur.
—Essalawmaleýkim, ýaşuly!
Aba atdan düşüp görüşdi. Märeke harasat gopup, diňene dönüpdi.
Hiç kimden ses-seda çykanok. Ýaşulynyňam ýüzi az-kem durlandy. Sesi
has ýumşaksy çykdy:
—Gonagmyz bol, beg ýigit!
—Ýagşy. Kethudaňyz barmy?
—Obada ýok şumat.
—Galmagalyňyz näme?
—Aý...
Ýaşuly başyny aşak saldy. Aba gop berdi:
—Bolsa-da, bir emmasy bardyr?
—Her syrgynyň dogmalary üýşüp, iki taraplaýyn iti
uruşdyrypdyrlar.
—Ýeri, onsoň?
—Biri asgynlanda, beýlekini urupdyrlar. Itleri urlan tarapam
olaryňkyny ýenjipdir. Şeýdip, möwjäp gitdiberipdir. Syrgynda bir item
galmady. Tükel öldürdiler. Indem, seň sesiňe saklandylar, ýogsam
gyrlyşýardylar.
Aba geňirgänligini gizlejegem bolmady:
—Be-ýe...
Soňra märekä ýüzlendi:
—Öýli-öýňüze dargaň!
Märeke tolgunyp, üşerilişdi. Ýöne hiç kim butnamady. Goja
dillendi:
—Myhman töwellasyny alyň, adamlar!
Märeke ýuwaş-ýuwaşdan dargady. Goja bilen ikiçäk galan Aba:
—Eýýam, şeýdip, aralaýmazlarmy, ýaşuly?! — diýdi. Goja
ýazykly halda başyny aşak egdi, ýöne jogaby başga täwüreräk berdi:
—O mahal dil düşündirip boljak däldi. Bumat, garaz, myhman
sarpaňy sakladylarmy nämemi...
Aba syçrap, atyna mündi. Goja çynlakaý aýtdy:
—Gonagymyz bol-da, beg ýigit!
—Howlukmaç, puryja az, ýaşuly. Ýeneki bir sapar. Aba atynyň
başyny yza öwrüp, gönükdi. Sähel gidende, ýaşuly gygyrdy:
—Adyň näm-ow, beg ýigit!
—Aba.
—E-e-e...Aba diýdiňmi?
Ol baş yrady:
—Taňryýalkasyn, oglum-ow!
Çaň-tozan eýýam atlylary gabalapdy. Goja tä olar çöňňelen
gözlerinden ýitýänçä, elini kölegeledip, serede-serede galdy.
Aba dagy şol gün Gürgen derýasynyň olumyndan geçdiler. Bu
ýanyň sähralary çyglydy. Samana öwrülen dyz boýy otlar öl-myžžyk
bolup, gyşarylyşyp-gyşarylyşyp ýatyrlar. Özlerem ter. Gürgenlilerde:
«Tohumyňy ýere sep-de, orak mahaly geläý» diýen pähim bardy.
Öküzlimi, erkeklimi güýzlük ak ekin ekmek üçin ýer sürüp ýörenler
duşýardylar. Ýolagçylar öňküleri ýaly, bu gezegem oba barman, ýolda
goş ýazdyryp, düşlediler. Guş-gumrular ören çeninde ugradylar. Guşluk
mahaly bir türkmen obasynyň deňinden geçip barýarkalar, ýene bir
wakanyň şaýady boldular:
Obanyň çetinde märeke üýşüp durdy. Ortada biri mal ýaly
nogtalanyp, gazyga dakylgy, güýlüp ýatyr.
Aba haýkyryp salam berdi. Ýaşulular: «Waleýkim essalam,
düşüber, begzada!» diýişdiler. Işşekçer jahylyň biri ylgaşlap, gelip, at
tutdy. Türkmenlere mahsus uzak mahallap aman-esenlik soraşdylar. Ýöne
ýaşululara çenli, ýüzleri salyk, sulhdular. Aba oňaýsyz ýagdaýa düşdi.
Şeýle-de bolsa, wakadan gan ysynyň gelýänligini aňlap:
—Aýyplaşmaň, adamlar, bu nä boluş?—diýdi.
Hemmesiniň deregine Rahym ahuna çalymdaş inçebiçüw, uzynak
goja jogap berdi:
—Bolmasyz iş gopdy. Sen çözerden çökder.
—Be-ýe-ýe...Sebäpsiz çöpbaş-a, gymyldamaz.
—Ýöne-möne kişi däldigiňi at-ýaragyň, bezemen durkuň aýdyp
dur. Emma, gaýtalaýan, senden agyr, oglum, bi.
—Myhman hatyramyz bardyr, ýaşuly.
—Ol-a, şeýle weli...Ata-hoja, ahun-işanyň töwellasyny alman
durlar.
—Düwün çözerden çiňiş-dä.
—Hawa. Bolan iş şeýle. Bi, ýigit biziň taýpamyzdan. Gawun
saklardy. Şu obanyň ýigdekçesiniň biri gije ogurlyga barýar. Bary-ýogy
alanam iki gawun. Sakçy oýanyp «Dur, ho-ow!» diýip üç gezek gygyrýar.
Saklanmansoň, atyp goýberýär. Wah, oglan başyňa döneýin. Iki gawuny
dagy sorasaňam berýärler-ä. Ol ölýär. Sakçy sorap-idäp, daňa golaý
öýlerine getirýär. Bizem, aşy-suwy berlensoň, mertlik edip, gapylarynda
nogtalap dakdyk. Dädesi, garyndaşlary öldürip, ar almak isleýärler.
Obamyzam goňşy. Garynja gatnawly özlerem. Indi o zatlar galyp,
agzalalyk dörejek.
—Hanyňyz nirede?
—Astrabada gitdi, soltan täzelenipdir, gutlajak diýip.
—Hymm...Huna ylalaşmadylarmy?
Goja gaýtargy bermänkä, öýden dykyz göwreli biri çykyp azymly
gepläp, köweldi:
—Näm-aýt, Taňry soragçysymy sen! Ýeňsäňi el ýaly et, tizräk!
Duranlar, ýigitler onuň ýüzüne bakdylar. Abanyň reňki agaryp,
gözleriniň damarlary inçejik gyzyl çyglyma öwrüldi. Gylyjynyň sapyny
şatyrdadyp gysymlady. Ýigitleri çala yşarat bolsa, ýaňkynyň kellesini
togalamak üçin, galkyjakladylar. Köwek öwzaýyň bozuklygyny görüp,
götinjekledi. Uzynak goja howsalaly aýtdy:
—Begzada ýigit, deň bolma onuň bilen. O taýagyň ne başy, ne-de
soňy. Aý, bir, köwegräk kişi-dä.
«Häýt, eşşegataly, arman ýeri däl-dä. Beýtsem, gaş düzetjek bolup,
göz çykarana meňzejek. Aý,bolýa-da. Her obanyň öz saňsary bolar
diýerdi Rahym ahun» diýip, içinden oýlanan Aba tiz akylyna aýlandy. Öe
girdi. Ojagyň gaýra çetinde orta ýaşan hortaň kişi maňlaýyny ýere
degrerläp-degrerläp ýatyrdy. Uzynak goja-da içeri girdi. Aba oňa aýat
okatdyrdy. Öý eýesiniň hal-ahwalyny soraşdyryp, gynanç bildirdi:
—Men-ä, ýolagçy myhman.Tötänden geldim. Kalbyňa sowuk gar
ýagyp, Hudaý kuwwat bersin! Beýle halda gaýratlylyk, giňgöwünlilik
gerek. Bu zatlar aýdylandyr. Bolmasyz iş bolupdyr. Nätjek, Hudaý işidir.
Ata, hojanyň töwellasyny almazlygam «ýagşy däl» diýerdi biziň Rahym
ahunymyz.
Ahunyň adyny eşidende öý eýesi başyny galdyrdy:
—Okly taýpasyndanmy?
—Hawa.
—Be-ýe...Ejem okly taýpasyndandy.
—Onda daýyň men.
Aba az-kem ileri omzady. Içeri adamdan doldy. Orta saçak
ýazyldy. Howa täzelendi. Uzynak goja gürrüňe at goşdy:
—Rahym ahun guratmy!
—Sag-salamat, il derdine ýarap, gezip ýör. Tanaýaňyzmy?
—Öňräk Astrabada geçip barýarka, bir gije myhman bolupdy. Gaty
okumyş eken.
Aba öý eýesi bilen birhowa ýene gümür-ýamyr etdi. Onsoň
turmaga rugsat sorady:
—Rugsat -- Alladan. Myhmanym bol, dowar soýaýyn.
—Sylagyňa Taňryýalkasyn, howlukmaç. Hun al-da, meniň
ýumşumy bitir, ýegen.
Öý eýesiniň ýene ýüzi boz-ýaz boldy. Oturanlara birlaý göz aýlap,
şeýle diýdi:
—Niçik maslahat?
Garyndaşlaryndan, ses-üýn çykmady:
—Adyňy aýt, daýy?
—Aba.
—Hymm...aý, bolýa,özümiz oňşarys.
Aba daşaryk çykyp, daňylgy ýigidiň nogtasyny çözmäge-de
howlugyp, gylyç bilen kesişdirdi-de, turzup goýberdi.
Giç öýle Astrabada golaýlaşdylar. Indi howalaň gara dag üstlerine
abanyp dur. Şäher şu dagy goltuklap otyr. Demirgazyk-Gündogarynda uly
desga göze ildi. Geçip barýa\n birinden soradylar:
—O nä?
—Şanyň permany bilen gurulýar. Mübärek-abat galasy şol.
Gutaryp barýarlar.
Şa Tahmasp türkmenlerden çekinmän duranokdy. Gala harby
goranyş berkitmesidi. Aba muny Astrabada baranda bilip galdy.
Aba gylýallary soltanyň gaznaçydyr atbakarlaryna tabşyrdy.
Bellenilen güni bezemen köşge girdi. Aýak aşagynda halylar
lowurdaşýardylar. Astrabadyň han-begleri, serdardyr kethudalary içerini
dolduryp, ýuwaşjadan söhbet guraşyp otyrdylar. Soltan tördedi. Aba onuň
bilen görşende ulumsy han ýüzüne-de seretmedi. Seňrigini ýygrybrak,
kese-kese bakdy. Bu az-kem Abanyň ýeňse damaryny gatatdy. Herhal,
içerä göz aýlanda, gelenleriň arasynda iň ýaşydygyny bilip, köşeşdi.
Çeträkde orun tapdy. Tenleri ýuka köýnekden görnüp duran üzümiň suwy
ýalyjak owadan gyzlar pyrlanyşýardylar. Bu ýaş ýigidi galkyndyrman,
näme üçindir, aňyrsyny bärsine getirdi. Ol gaşlaryny bürüşdirip, soltana
ser saldy. Ter gara sakgally Şahberdiniň akjymak ýüzi derçigensoň, şar
gara agta guluň biri baryp, ýelpemäge durdy. Ortada iýlip-içilýärdi. Dürli
nygmatly kümüş mejimeler hatar-hatardy. Yragyň çüýşe golçalaryny,
olaryň içindäki nogul-nabatlary, gantly kökeleri görmäge göz gerekdi.
Berýoza agajynyň kökünden hem-de kümüşden nepislik bilen ýasalan
pyýalalar, mis okaralar, altyn bulgurlar olara aýratyn gözellik berýän
ýalydylar. Gowrulan berre guzularyň, keýikleriň, käkilikleriň etleri
iýmeseň agzyňy suwartjakdy. Gymyz, agaranam üstesine. Soltana diňe
tylla tagt kemterlik edýär, ýogsam tutumy şalaryňkyça bar. Beýle baý
hem bol saçagy Aba ömründe ilkinji gezek görýär. Soltanyň özi bilen
görşende göwnüýetmezlik edenligini içinden ýokuş görenligine uýaljyrap,
ýaňaklary gyzdy: «Türkmen müň keren maml-ow. Eşek öz deňini gaşar»
diýip, kelteçe oýlandy. Ýöne özüni tiz rastlap, gozganjyrady. Onýança
aýlanyp ýören saky küýzeden kümüş pyýala garamtyl-gyzyl şerap guýup,
eline tutdurdy. Hoşroý ys burnuna urdy. Aba pyýalany emaý bilen
saçagyň gyrasynda goýdy. Bu ýüpek ýassyk ýassanyp, golaýjygynda
gyşaryp ýatan, orta ýaşdan geçen türkmeniň gözüne ildi:
—Içip görmänmidiň?
—Hymm...
—Abyzemzemiň suwundan kem däldir. Iç. Onsoň-da, sakynyň
beren meýini beýdip harlanyňy soltan göräýse, göwni galar. Nireden
özüň?
—Etrekden.
—Oklulardanmy?
—Bildiň.
—Ne ajap syratly ýigit ekeniň.
Ol gymyldanda Abanyň buýralary titreşýän silkme telpegine göz
aýlap goýberdi-de, çym gyzyl bolan ýüzüni beýlesine öwürdi. Şonda
mähelläniň bu ýaş ýigide seredýänligini gördi. Şahberdi soltan Aba
ýylanyň guşjagaza tiňkesini dikişi ýaly seredýärdi. Oňa henekler ýagyp
başlady:
—Soltanyň göwni gitdi.
—Ah-ow, ol muňa şeýlekin hyrydar bakýa.
—Maşalla!
—Asyl, bi, erkek lybasyny geýen hüýr-peri bolaýmasyn?
—Magşugyň aşygyna garaýşy ýaly öz-ä.
Gülki çabgasy içerini doldurdy. Soltandan çekinýän tansçy
gyzlaram bu owadan ýigide gaňrylyp-gaňrylyp äňetdiler.
Aba syçrap, turup, gapa tarap gönükdi. Ol özüni masgaralanan
hasap edip, eglenmän, Astrabatdan çykdy...
—4—

Ýigitler öwrülenlerinde ine-gana gaýdarys öýdýärdiler. Emma Aba
alamana barýan ýaly atyny gyssap kowdy. Özem çytuwan halda. Içini
hümledip, az gürledi. Şol keýpi bozuklygy bilenem öýüne geldi. Märeke
sekiz ganat ak öýi doldurdy. Elbetde, ilkinji içeri giren Rahym ahundy. Ol
hal-ahwal soraşyp, soňra soragly bakdy:
—Niçik, ogul, soltan?
—Mes, ol, ahun aga.
—Sowgatlary haladymy?
—Halandyr.
Abanyň gysgaça jogaplary, buz ýaly sowuk ýüz keşbi gojanyň-da,
beýlekileriň-de maňzyna batmady. Ýürek gysgynç dymyşlyk höküm
sürdi. Gelenler şol durklary bilenem ýuwaş-ýuwaşdan dargadylar. Iň
soňundan Rahym ahun turdy. Goja gapydan çykanda egni agyr ýükli ýaly,
ýegşerilip gitdi. Bu Abanyň gözünden sypmady. Gaýyň öňüsyrasyndaky
alamatlar görnüp dur. Mähelle muny duýdy. Aba ýalan-ýaşryk sözläp,
göwnüniň tersine gidip bilermidi? Bilerdi. Ýöne keýpi bozuklygyny
gizlemegi başarmady. Şeýdibem, ses-üýnsüz hakykaty aýtdy.
«Egri biten
uzyn gamyşdan, kelte bolsa-da, gönüsi ýagşydyr» diýerdi Rahym ahunyň
özem» diýip, pikir öwürdi.
Ýoňsuz mahal geçdi. Her kim öz iş-derdi bilen güýmenip ýördi.
Şeýle günleriň birinde Abanyň işiginde çal saç aýal göründi. Ýarym-ýaş
eňreýär. Eşek münüp gelipdir, obasy daşrak bolmaga çemeli. Aba oňa
höre-köşe edip, rahatlandyrdy:
—Kim göwnüňe degdi, gelneje?
—Soltanyň öýünde ölmedigi.
—Şatyr begmi?
—Şo, çöpdüýbi.
—O nä!
—Salgyt tölemäge gurbum çatmady. Öwezine gyzymy süýräp
äkitdi.
Aba laňňa galdy-da, dişlerinden syzdyryp gepledi:
—O haramzadanyň gözünde ot ýakmaly. Ýaňrak ýygnadylar-a,
salgydy.
—Hawa, beýgim. Şonda syryp-süpürip üzülişdik. Ýene-de...
—Gidiber, gelneje. Nirede obaň?
—Hajygowşana golaý.
Kän bir göwni suw içmedik zenan yzyny gözleý-gözleý gitdi. Şatyr
beg Şahberdi soltanyň garyndaşydy. Okly taýpasyna wekil belläpdi.
Aýalyň gyzynyň süýrelmegi öňki kinesiniň üstüne urna boldy.
Aba şatyr-şutur atyna atlandy. Ony ikindinara obalaryň birine
aýlanyp ýörkä tapdy:
—Ýer-ow, beg, bi nä boluş?
—Näme bolupdyr?
--Taňry salamyny ýuwutdyňmy?
—Salgyt ýygnalýar.
-- Gyz süýrelýär?!
Şatyr begiň gyňralmasy artdy. Abanyň öwzaýynyň bozuklygyny
aňyp egri gylyjynyň almaz sapyny gysymlady. Ýanyndaky üç serbazam
şeýtdi.
—Syçan gaplaňdan hasap sorarmy? Tersine bolaýmasyn, ýal
ýagysy.
—Häýt, seniň bir enesi ýalamadyk
...Aba göni üstüne sürdi. Olam gaýtdy. Ortada sataşdylar. Aba
tilsim edip, göz açyp-ýumasy salymda begi kerçedi. Ýigitlerem serbazlary
atdan agdaryp, çapdylar. Beýle ganly wakadan soň Şahberdi soltanyň
sülsatlary bilen döküljegi äşgärdi. Gedem soltan pähimlenip, işiň
magadyna ýetip, anyklamakdan asgyndy. Aba-da, äwmän oturmady. Ilki
pytraň haldaky oklulara çaparlar ýollady. Jeňe ýaran atly-ýaragly Abanyň
syrgynyna süýşüp ugrady. Beýleki taýpalara-da, çaparlar gönderildi.
Abanyň soltana baş galdyranlygy Etrek, Gürgen, Astrabada - ýaka
türkmenlerine ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Bu ata-baba eýran
gyzylbaşlaryndan, Horezm hanlygynyň zulumyndan horlanyp gelýän ilaty
gylawlandyrdy. Uly lager emele geldi. Aba onbaşy, ýüzbaşy, hatda
müňbaşy goýuşdyrdy. Iki müňbaşynyň her haýsyna Balkandyr Akmaraly
ikirjiňlemän belledi. Ol gyzyň gabat gelende özüne ogrynça ýangynly
bakýanlygyny syzdy. Özem şol täwüre äňedýärdi. Ýöne häzir muhabbet
günleriň, aýşy-eşretiň mahaly däldi. Ene toprak, ar-namys gyl üstündedi.
Üňsüňi pytratman, çugdumlamalydy. Ol muňa aňryýany bilen
düşünýärdi. Nökerlere berk düzgün girizdi. Gündizine harby tälim
öwrenýärdiler. Obalara pytramak, mal gara el garmak gadagandy. Bir
gezek gijara südenekledip, nökeriň birini getirdiler. Aba oňa hyýrsyz
bakdy:
—Günäň näme?
Nöker buýtar-suýtar etdi. Serdar azym urdy:
—Saňa aýdylýar!
Ol süllerip, ýere äňetdi. Getirenleriň biri dillendi:
—Serdar, bi öňräkden bäri biziň gulagymyzy gazap gelýä.
—Maksady näme?
—Soltana gulluk etmäge äkitjek bolýa. Gitmedik. Ýaňy gaçjak
bolup durka tutduk.
—Dönük, gizlin gaçmagam oňarmadyk bolsa, hiç tarapy-da
gönendirmez. Gümläň!
Ysgyn-mydary gaçyp, ýüzüne öliniň reňki uran nökeri süýrekläp
äkitdiler.
Aňtawçylar basym Şahberdi soltanyň bäri goşun çekip
gelýänliginiň habaryny getirdiler. Aba harby maslahat geçirdi. Her kim öz
matlabyny aýtdy. Ilki Gürgenden gelenleriň müňbaşysy söz aldy:
—Etrek derýasynyň ýakasynda goranyş berkitmesini gurmaly.
Tizden-tiz obalara çuwal salgydyny salmaly. Gumdan dolduryp
goýubermeli.
—Gul batyr mamla — diýip beýleki biri ony goldady.
—Aý, büýä birhiliräk —diýip, Balkan batyr olara garşy çykdy.
—Birhilirägiň näm-aýt?
—Bukulyp ýatmak çemsiz-dä.
—Bukulmak bolýamyşmy şo? Söweş tilsim-ä, bilseň.
—Men-ä, Balkan batyry goldaýan
Hemmeler Abanyň tagallasy bilen çagyrylyp, gyrada sakgalyny
daraklap oturan Remezan aga ýalta bakdylar:
—Köpiňiz ýaş. Söweş tejribäňiziň ýöwselligi görnüp dur. Jeň
başlanmanka, goranyş saklamak — eýýäm ýeňlişdir. Duşmanyň öňünden
çykmaly. Hüjüm etmek — goranyşdyram. Diýmek, bir okda iki towşan
urmaly. Şeýtseňiz, özüne göwni ýetip gelýänler aljyraňňylyga düşer.
Sebäbi beýderler öýdüp tamakin däldirler. Jeňde aljyradyňmy, gutardygyň
biläý.
Indi sowukganlylyk bilen iki tarapy dykgatldy diňläp oturan Aba
serdara seretdiler. Elbetde, jemleýji söz şonuňkydy:
—Goja bütinleý dogry aýdýa. Guş-gumry örmänkä ýola düşmeli.
Aňtawçylar şumatdan ugrasyn.
Ýassy çemesi berlen gysga buýruk şobada nökerlere ýaýradyldy.
Daň säherde Remezan aga keskelläm gitmäge göwnemedi:
—Näme beýdýäň, Remezan aga?
Ilki soran Balkan batyr boldy.
—Balalarym, men aýagyny göre sokup oturan garry. Kowha-kowa,
gaçha-gaça eýgermerin, jeň adamsy däl-de, öý adamsy. Wah, şumat
ýigrimi bäş-otuz ýaş dolanyp geläýse, bilýän-le, nätjegimi.
Goja hamsygyp, atyna tarap gyrmyldady:
—Ugur hanjak?
Balkan batyr ýene sorady. Goja kürtdürip, oňa tarap öwrüldi:
—Batyr oglum, sümelgäm bar, daglarda. Türkmen topragyny öweý
däl-de, ene topragymça görýän. Gylyjyňyz kesgir, ýaragyňyz atgyr
bolsun! Goý, şo taýlarda amanady tabşyraýyn.
Balkan batyr sesini çykarmady. Oňa özlerinden sogrulyp galmagyň
agyr düşýänligi görnüp durdy. Ýüzi sörtük çawlan ýaly, öňküsindenem
beter gara örtlenip, gözleri çym gyzyldy. Mundan aňry gepletseň,
aglaýjak ýalydy. Ýöne Balkanyň göwnüne ony haýsydyr bir güýç saklap
biljekdi. Ol nämekä?
Batyr böwrüne diň salyp, birden ýere bakyp duran Akmarala
naýynjar seretdi. Gyz sözsüs düşündimi ýa-da şu pursat göwün matlabyny
etmek küýüne geldimi, garaz, ylgap, Remezan aganyň öňüne geçdi:
—Menem gitjek! Öli ýeriňde öli, diri ýeriňde diri.
—Menem şeýle!
Balkan-da, ylgaşlap bardy.
—Beýdip, bölünişik döretmäň, guzularym. Bi, Abanyň
biloňurgasyny omurmakdyr.
Nökerler süýşüberdiler. Remezan aga ho-ol ortada galdy. Onuň
gözleri çygjardy:
—Bolmad-ow!..
Göwresini lampa aşak goýberdi. Gamak ýaly ýeňlän gojany
göterip, atyna mündürip, kowçum-kowçum bolup barýanlara tarap ýüzüni
öwürdiler.

DOWAMY BAR

© Annatagan NURGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Annatagan Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203