Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:54
Lukmanym meniñ

LUKMANYM MENIÑ..

Aşgabada dañdan gelen otludan düşdüm. Tanyş-bilşim ýok. Dogry, obadaş oglanlarymyñ okaýanlary bolmaly. Olaryñ ýekesiniñem adresini almandyryn. Onsoñ gös-göni oba hojalyk institutyna gidibermelidim. Sähel mahaldan okuw başlanýar. Ýatakhana edinmäge ýetişmedim. Muña atam günäkär. Ýogsam, iki gün öñinçä gaýdyp kwartira gözlejekdim.
Bu gün şeýle boldy.
Düzden ýitig düýesini gözleýäniñ biri ikindinara geldi-de, atama: "Señ tagmaly köşegiñ birini Köne Madawyñ suwunda gördüm. Gotur" - diýdi. Atamlarda gezemsoñ, mal-garasyna göz-gulak bolýan men. Sagylýan düýelerden beýlesi, öri meýdanlarynda erkin gezýär. Goturasa, gurtlasa tapyp getirmeli, dermanlamaly. Şonuñ üçin atam maña täzeje motosiklem äberipdi. Onuñ düýeleriniñ oba Sowetiniñ mal ýazgysyndan birneme artýanlygynam añýan. Näme üçindir, atam ony mendenem gizleýär. Ol: - oglum, o köşek, süýtli gök düýäniñ neslinden. Indi gijä galdyñ. Ertir irden git-de getir - diýdi.
Ýüzümi salladym. Ertirem gün dogmanka oýardy. Ol gallaw adamdy.
Çaýymy göwünsiz içdim. Gurat motosiklimiñ o taýyny, bu taýyny dürtgüledim. Gün guşluga bardy. Bir ýerde durup kanagat etmeýän atam ahyry:
- Wä, burnumdan duzly suw çaýkadyñ-aýt. Haçan barsañ bardyr şo okuw. Emma köşek öler - diýdi. Onsoñ öýe girdi-de, bükütdi ýatyberdi. Bu onuñ çyndan öýkeledigidi.
Alaçsyz ugradym. Ertirem hoşlaşyp, zordan günortan şähere gidýän awtobusa münmäge ýetişdim. Menem atamdan "arymy" goýbermedim. Gaýdýançam ýeñsämi tüññerdip geçdim. O görgüli:
- Ynha, oglum muny bejärin. Güýzüñ ahyryna çenli etini täzeläp, her budy tokmak ýaly bolar. Sataryn. Saña pul gerek bor-a - diýip, gaýta-gaýta aýtdy.
Her hal, atamyñ özümi gowy görýänligimi bilýärin. Şonuñ üçin, ugrajak bolanymda, gülüp hoşlaşdym.
...Sapak öýläne golaý gutardy. Çala-çula garbandym-da kwartira gözlegine çykdym. Baran gapym dilleşen ýaly "Ýer ýok" diýýä. Wah, atamyñ eden zyýany! Irräk gelen bolsam, tapylardy.
Şeýdip ýörşüme, günüñ ýaşanlygynam duýmandyryn. Indi birneme howsalamam artdy. Ýanymda puljagazym bar. Şäher ýer-ä bi.
Ýassynrak sekide oturan garynlak azerbaýjan ýaşulysyna "Bir gijelik myhman al" diýip özelenip ýalbardym. Gaýta:
- Aý, gardaş, başa düş, ýoh, ýoh - diýip siñekden goranýan şekilli elini hereketlendirdi.
Şu ýerde oba ýadyma düşdi. Tanamasañ-da islän gapyñy aç, gözüñ içinde ornuñ bardyr.
Gidibermedim. Eger-eger paşanok. Ind-ä howlular-da ýapyldy. Bokurdagym gurady. Teşnelik horlap başlad-ow. O ýan, bu ýan ylgaşladym. Gaz suw içilýäni tapdymam. Görsem, işlemeýän eken. Barybir stakan-da ýok. Näjüre boldaýt bi? Gel-gel Aşgabat ýaly owadan şäherde suw tapman, teşnelikden ejir çekmelimi? Köpdür weli, näbeletlik köseýär-dä.
Birbada kwartira gözlegini unutdym. Ýene obany küýsedim: şumat haýsy öýe barsañ holodilnigiñ buz ýaly goruny bererler. Ýygrylsañ, daş guýylara baraý. Bagly bedre ýa-da gowa gözüñ düşer. Hezil edinip içiber.
Birbada şäherden göwnüm geçip, ýuwdundym. Asyl agzymyñ içinde nem galmadyga meñzeýär.
Howa birden petişlendi. Asfaltyñ howry ýüzüme urdy. Şäher asmanynyñ çetinde bir bölejik ötegçi bulut göründi. Edil çölde gezip ýören ýaly ýagyş küýsedim. Dymyklyk gelşi ýaly tiz sowuldy-da, baglaryñ başy yrandy. Çakym dogry çykar, ýagyş hökman ýagaýmaly. Obada-ha, şeýle bolanda ak ýagyş az salymda suw-sil eder gidibererdi.
Şaggyldy hem-de ak ýagyş! Teşnelikden halas etdiñ! Şowuna düşse, ýylajyk daş ýaryp çykar. Çabga çaý içim salymda diñdi. Süllümmaý ezildim. Edil öñ ýanjagazymda maşyn saklandy. Ondan ilki çaga düşdi-de, megerem howlularyna bolsa gerek, ylgamak isledi. Garşyda öwrümden zompa çykan taksi tormozyna basylansoñ buruldy.
Men nähili towsanymy bilmän, çagany kakyp alyp, gapdala ýykyldym. Taksi geçip gitdi.
Ilki duran maşyndan düşen ýaş ata-ene ylgap geldiler. Gelip şobada goltugymdan çagasyny aldy. Ýigit söýget berip, meni galdyrdy.
Diñe tirsegim sypjyrylypdyr, başga bolan zat ýok.
- Sag boluñ - Olaryñ ikisem birden seslendi. Gelip çagasynyñ elini galdyrdy: - Lukman daýa sag bol aýt.
Ýüz-gözünden gorky-ürki aýrylan garagolja çaga:
- Sag bol, daýy - diýdi. Ýatakhanamyñ ýoklugy ýadyma düşüp, ejirli ýylgyrdym.
- Olar gapdaldaky howla ýöneldiler... Baryp gapyny açdylar. Men häzirem ortada sömelip durdum. Onsoñ bular öwrülip ýanyma geldiler. Ýigit habar gatdy:
- E-e..., siz bir ýeriñizi agyrtdyñyzmy?
- Juk. - Gysgaça jogapdan soñ, göwünli-göwünsiz ädimläberdim. Jübütleriñ biri-birine syrly seredişenlerini-de duýdum.
- Ýigit, saklan.
Şobada durdum.
- Şäherlimi?
- Juk.
- Hany onda, öýe baraly.
Ýaýdandym. Niçik bolýar-aýt bi? Öñ mürehede zardyñ, indem... Tapdyñ, näziñi çekdirjek mahalyñy. Ondä nä? Bular ýagşylygymyñ öwezini dolmak isleýä. Ýagşylyk edip ondan nämedir bir zadaa tamakin bolmak?! Aý ýok, adamkärçilige ýaraşanok bi.
Ysgynsyz seslendim:
- Sag boluñ. - Gidiberdim. Ýigit ylgap öñüme geçdi.
- Ýör, ýygrylma. - Elimden tutup, gara çyny bilen açyk gapa çekdi. Şol gijeden başlap, öýüñ garşysyndaky çaklañja ýeke otagda ýaşaberdim. Lukman ikimiz has öwrenişdik. Ol ilki meniñ oba endiklerime geñirgenip seretdi. Bir gün atamyñky ýaly, gyşaryp çaý içişimi görüp:
- Tagan kaka, syrkawladyñmy-aý sen?
- Juk.
- Onda nä... - Ol garaja gözlerini tegeledi: - Ýatyp çaý içýäñ?
Men jakgyldap güldüm. Şobada ýadawlygym aýryldy. Dikeldim. Ýa-da bedräniñ başyndan suw içişimi görüp señrijegini ýygyrdy.
- Hemmesini içdiñ-maý, Tagan kaka?..
Bu endigimem goýdum. Şeýdip, Lukman meni terbiýeläberdi: Onuñ kakasy Setdar inžener. Aşgabadyñ gurluşyk edaralarynyñ birinde işleýär. Ejesi Aýjeren kitaphanaçy. Rus dilinden kynçylyk çekýänligim üçin, ikisem elinden gelen kömegini gaýgyranoklar. Bir gezek ylmy sözüñ ikisiniñ manysyna düşünmän geldim. Setdar kitap baryny daşyna üýşürip, daña golaý uklap galypdyr. Muña utandym. Köp sözleri Lukmanyñ üsti bilen bilip başladym. Onuñ rusça gepleýşine gözüm gidýär. Bir sapar Setdar:
- Tagan, Lukmana türkmen dilini öwredeweri. Asyl, bular ene dilini unudyp barýarlar - diýdi.
Lukman erteki diñlemegi halaýar. Bilýänje ertekilerimi aýdyp gutardym. Onsoñ gazet-žurnaldan okan hekaýalarymy "bir bar eken, bir ýok eken" diýip, başlaýaryn-da ertekä meñzedip aýdyberýärin. Batyr kirpijigiñ ýylany ýeñşi hakynda atamdan eşiden birwagtky gürrüñimem aýtdym. Lukman:
- Tagan kaka, kirpi nähi-laý? - diýdi.
- Bileñokmy?
- Juk.
- Daşy tikenli, ýüzi süýrüräk haýwan-da.
- Oba gideñde getirip berermiñ?
- Hökman, Lukman jan.
Günleriñ geçenimem duýamok. Obamy? Indi käte ýadyma düşýär. Ol-da atam bolansoñ öýdýän. Aý, atam-da mal bilendir-dä. Keşeri nätdikä? Bakýandyr öz-ä. Öýkeleýşi göz öñüme gelip ýylgyrýan. Köşeg-ä sagalypdy. Oña içagyry degdi. Emen süýdi atam aýtmyşlaýyn, hut zähere dönýä. Ýüzjagazynyñ peşweri gaçdy, tüýi bozuldy, içi boşan gapjyga meñzedi. Atam oña, däri-derman etdi. Bolmady. Janawer çökäýdi. Gözden ýitip barýa. Ahyry atam sowujak suw bilen adama berilýän "tetraksiklin" içirdi. Içagyry tapba kesiläýdi. Atam wagtyhoş bolandaky gürleýşini etdi: "Atañda, oglum, opyt kändir".
Aralykda oba gidip geldim. Elbetdd, ýaşige salyp kirpi-de getirdim. Lukmanyñ deñi-duşlary görmäge geldiler.
Birden men derde sataşdym. Kalbymda pitne turdy. Ukym kemelip ugrady. Iýip-içmän azaldy. Muny añan Setdar:
- Janyñ beri sagmy? - diýip howsalaly sorady.
Gyzardym. Her hal baş atdym. Okuwa weli, göwünlije gidýärdim. O gyz... Ýazgül öz kursdaşymdy. Beýleki gyzlardan artykmaç owadanam däldi. Orta boýly, akmeñiz, gara gözelek. Ýöne täsin ýylgyrmasy bar. Şo ýylgyryşlar ýüregimi ezýä. Bäh, bi söýgi günleriniñ gysga hem-de eşretlidigini. Edil türkmen bahary ýaly! Gussalyja hem. Orta mekdepde matematikadan kynçylyk çekerdim. Gyz kalbyna barýan ýodajyk... ondanam çylşyrymly. Ýöne meniñ bagtym çüwdi. Köp kösendiren Ýazgül bir gün pagyş-para eräýdi. Öñ aýtdym-a, bagty çüwse, ýylajyk daş ýaryp çykar diýip. Dilim dagy öñküdenem süýjedi. Aýagymyñ ýere ilýäninem bilemok. Ýelgamak-da! Setdardyr Aýjeren munam añdylar. Keýpime şärik ýaly göründiler.
- Neresse köp saralyp gezdi. Uzak guwansyn - diýip, Aýjereniñ adamsyna aýdanyny-da eşitdim.
Lukmanmy? Balalar bagyndan geldigi meniñ ýanymdadyr. Käte uklabam galýar. Ertekiniñ indi öz-özi dilime gelýär. Aý, how, mende ýazyjylyk ukyby dagy bar bolaýmasyn?..
Bu pikirimi biri añşyran bolaýmasyn diýýän şekilli töweregime ýalt-ýult edýän. Öteräk geçäýdim öýdýän.
Basym üçünji kurs yzda galýar. Onsoñ toý tutmagy maksat edinýän. Ýazgüli ýanyma getiräýjek. Setdar bilen Aýjeren bu ýagşy niýetimi goldadylar. Atama oba baranymda aýdaryn. Ýöne ynsan ömründe hoşnut günlerem çäkli eken. Bag ykbalyna çalymdaş. Ol ýazda gülleýär. Bu onuñ ömrüniñ iñ gözel çagy. Soñ miwe berýär. Bu-da şeýle. Ýapraklar düşüp, ýalañaç galýar. Hazan ýeli urýar... Dogry, bag ömri pasyllaýyn. Ýöne...
Dynç alyş günüdi. Setdar bilen Aýjeren şäher etegindäki tanyşlarynyñ birine toýa gitdiler. Lukman o diýen göwnemedi, meniñ ýanymda galdy. Ikindinara olaryñ ýoluna göz dikip otyrdyk weli... Üç-dört sany adam ses etdi gaýdyberdi. Inim dyglady. Lukman boýnumdan gujaklady. Boljak iş bolupdyr. Olar awariýa düşüp, ýogalypdyrlar...
Ýedisi sowuldy. Öý çolardy. Ykbal Setdar bilen Aýjereni çagalar öýüne getiripdir. Onsoñ olaryñ direnip duran dogan-garyndaşyna gözüm düşmedi.
Lukman öñküsi ýaly balalar bagyna gatnaýar. Sapakdan boşadygym şo ýana eñýän. Çaý-nahar edinýäris. Ýörite türkmen ertekileri ýerleşdirilen kitaplary satyn aldym. Ilki özüm okap, ýatdan aýdyp berýän. Onuñ öñküligi ýok. Ýüzjagazy salyk. Işdäsi kemeldi. Käte-käte ejirli ýylgyrýar. Özi welin uly adam ýaly. Gaýgysy içinde. Aglamyşlap ýörenok.
Kanikulda oba äkitdim. Şähere gaýdanymda bolmady. Indi düýpli mesele ýüze çykdy: ol birinji klasa barýardy. Jaýlarynam aldylar. Elbetde, başga kwartira tapdym. Onuñ sapagy öñ gutarýar. Indeg gerekdi. Nätmeli? Ýazgüle geñeş saldym. Ol:
- Çagalar öýüne tabşyr - diýdi.
A men muña göwünsizdim. Lukmany meni-de ýitirmek bagtyndan mahrum etmek islemeýärdim. Jahanda onuñ menden başga kimi bar?
Turmak islänimde Ýazgül:
- Toý edäýsek... soñ keseki çagasyny eklemejekdigimi aýdýan. Ýa ondan geç, ýa-da menden...
Gulaklarym şañlady. Galjak boldum. Başarmadym. Iki dyzymyñ ysgyny gaçdy. Asyl, Ýazgülmikä şu sözleri diline alýan? Gaýtadan ser saldym. Şol. Ýöne ýüzi az-kem gyzarypdyr. Jogana sabyrsyz garaşýar. Gör, bi söýgi öwrümlerini. Şo sözleri... başga biri aýtsa, gaty gowy bolardy.
Ýazgülüñ ýanyndan niçik gaýdanymy bilemok. Daña çenli irkilmedim. Ahyry täze bir pikir kelläme geldi. Gaýybana ýa-da gijeki bölüme geçip bolmazmyka? Muny Ýazgüle sala saldym. Bu gezek ol geplemän galdy.
Giç öýlän weli, geläýdi. Syçrap turanymy bilmän galdym.
- Ýazgülüm, bilýärin-ä, seniñ geljegiñi! Bizi taşlamajagyñy... Sensiz bi jahany nädeýin? Durmuşym, didäm meniñ.
Ol ýere bakdy, saçlarynyñ çowuny oýnady, birdenem başyny galdyryp, merdemsilendi. Onuñ agzyndan çykjak sözlere gözlerimi gyrpman garaşdym.
- Tagan, şo... başky pikirdedigimi aýtmaga geldim. Eger meni söýýän...
Özümi lampa aşak goýberdim. Ýazgülüñ haçan gidenligi hakydamda ýok. Bir görsem, Lukman saçjagazlaryny bulaşdyryp öñümde uklap galypdyr. Düşeginde ýatyrdym.
Dañ bilen dekanyñ kabinetine girdim. Ýagdaýy düşündirdim. Ol-da:
- Çagalar öýüne tabşyr. Wessalam. Işi köpeldip ýörme - diýdi-de öñündäki kagyzlara nazar aýlady.
Doñbagyr adam ekeni. Aý, mundan gaty görmelem däl. Meniñ dünýäme iñ ýakyn Ýazgül. Şolam...
Sapakdan soñ öýe gelsem, Lukman horkuldap aglap ýatyr. Köp aglapdyr, ýüzi çişipdir, gözjagazlary-da çym-gyzyl.
- Kim göwnüñe degdi Lukman jan?
- Og... oglanlar... Señ beren şekoladyñy aljak boldular. Urdular.
Şobada ýumruklarym daş ýaly düwüldi:
- Tanaýañmy olary?
Lukman baş atdy. Yzyna düşüberdi. Asyl olar daşda däl eken. Goñşy çagalar. Ekabyrragyny tutdum:
- Lukmany nä urýañyz?
- Uramyzok. Çypdyrýa.
- Ýalan sözleýäñ. - Çalmak üçin elimi galdyranymdan zörlediberdi.
- Eh-eý, batyr näme ony urýañ? Eýesiz item ýog-a.
Alkymyma gelen murtlak pyýada ýakamdan ebşitläp tutdy. - Otuz ikiñi damagyña dykaryn.
Güýjümiñ asgynrakdygyny duýdum. Şobada bilinden tutup, aýagyndan çilşirdim. Hyklaşdyk duruberdik. Her hal bizi araladylar. Oñarmadym-ow. Ilki ata-enelerini görüp, gürleşmeli eken. Puşman edenimem şoldy, aýalyñ biri:
- O ne iki dogup bir galanyñmy? Beýdip ýörşüñe, bir zadyñ üstünden bararsyñ. Ýöne indi çagama barmagyñy batyraýma. Çagalar öýüne ber-de, dyn-da ýetimçäni. - diýdi.
Ine, gürleşmeli diýýän ata-eneleriñem şular. Özümi dürsesem, Lukman elimden çekýär:
- Tagan kaka, ýör, gideli.
- Näme diýsene daýza, eger señ çagañam şu oglana indi barmagyny degräýse, aklyk isleme.
Onsoñ gaýdyberdik. Ertesi okuwa barmadym. Lukmanyñ klas mugallymyny gördüm. Ony garawullap gezdim. Sapagy tamamlananda bileje gaýtdyk. Üç-dört günden soñ, instituta bardym. Dekan çagyrýar diýdiler. Bardym.
- Eger indi sapakdan galsañ, instutut bilen hoşlaşarsyñ.
Ýazgül öñ sowuk-salarak salamlaşardy. Indi ony-da goýdy. Añyrsyna bakýar gidiberýär. Beý, meniñ edip ýörşümiñ özi nädogry bolaýmasyn? Ýazgül, dekan, hatda nätanyş daýza-da Lukmany çagalar öýüne tabşyr diýýärler. Be, dogrudan hem...
Agşam Lukmanyñ sapaklaryna taýynlanmagyna kömek etdim. Ol aýdylanlary tiz özleşdirýär. Göwnühoşja.
- Tagan kaka?..
- Aýdyber, Lukman jan.
- Ertir futbola gideris, hä?
- Hawa.
Kürtdürdim. Bu jogap özüme-de ynamsyz eşidildi. Ertir ony... futbola däl-de, çagalar öýüne eltdim. Şobada-da Ýazgüli gördüm:
- O çagany... Lukmany, çagalar öýüne tabşyrdym.
- Aý, ýog-a?
- Çynym.
- Syzýardym-a... - Ol özüne erk edip bilmän, elimden tutdy... - Meni taşlamajagyñy. - Begençden ýaña gözleri ýaşardy. - Toý sähedini özüñ belläber.
Guş ýaly uçaýjak bolup gaýtdym. Bir gün geçirip, çagalar öýüne bardym. Sekide oturan ýogyn aýaldan soradym.
- Setdarowyñ ýagdaýy niçik?
Ol oýnap ýören çagalaryñ gyrasyna ümledi. Otaýda oýna goşulman oturan Lukmandy.
Terbiýeçi dillendi:
- Onuñ akyllyja gözleri bar. Ýöne gussaly. Özem düşbüje. Arman öwrenişok. Gijesi bilen samrady.
- Näme diýýä?
- Iki sözüniñ biri Tagan kaka.
Ýüregim jigledi. Elendim. Agaja söýendim.
- Tagan kaka!..
Ýalpa gözlerim açyldy.
- Lukman jan - Oña garşy ylgadym. Gujaklap göterdim. - Lukman jan...
Bu uzak aýralykdan soñky duşuşyga meñzedi. Bokurdagym doldy. Lukman weli, birsyhly aglaýardy.
- Goý, Lukman jan, goý.
- Äkit meni, Tagan kaka.
Yzyma öwrüldim. Aýal gygyrdy:
- Nirä?
- Öýmüze.
Geç, hatamy Lukmanym meniñ...

© Annatagan NURGELDIÝEW

Çeşme: kitapcy.ru
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 53 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Annatagan Nurgeldiýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 00:01, 20.02.2023
birhili ýetim çagalyja köne türk kinolaryny ýada saldy.
gowy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203