12:57 Ýürekdeş | |
ÝÜREKDEŞ Ýykylsaň, büdreseň, ýoluň ýitirseň, Duçar bolsaň minnete ýa salgyma. Gursagyň çişirip dünýä sygmasaň, Sygarsyň sen ýürekdeşiň kalbyna. Gelibergin, parasy ýok, muzdy ýok, Müň dert bilen dolmaz onuň otagy. Wagtdan daşardadyr onuň pursady, Hoş sözüňdir iň bir gymmat petegi. Ol ýer giňiş welin köplük gerek däl, Dereksiz saýsalar galanyňda gel. Abraýyň, ýüregiň, isle mal-dünýäň, Özüňe ýetmedik talaňynda gel. Eger çäkleseler ýörejek ýoluň, Torç ediber dost kalbynyň ýaýlasyn. Özlügiň ýitirseň taparsyň hökman, Gel-de seret ýürekdäki aýnasyn. Derdini dostuna ynanýar ynsan, Ol çykmasa ýürek gowşap zeňleýär. Gel, aýt dostum, derdiňi men diňläýin, Şatlygyňy özgelerem diňleýär. © Ahmet ARAZOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |