13:33 Söýgi menzilinde petek almaga... | |
Söýgi mezilinde petek almaga, Garaşyp durun, ýol kireý jemläp, Nobat ýok ekeni belli däl haçan, Näwagt, nireden çykaryn bilmän Alñasaýan, Howulhara bolşumam. Kim bilýär? Belki garşymda duran, Näzenindir... Güjeñleýär hamana... Gümana, Gümana... Näbelli heniz... Men bolsa, Garaşýanmy? Ýa-da gözleýän. Söýgi petegim ýok, yol kireý diñe. Ýol kireýim, mähir alan ýüregim, Ony çugdamlapjyk, posasy bilen Öwran-öwran ile paýlagyn diýip, Nygtan, Gije-gündiz meniñ geljegim üçin, Arzuwlap ýygnan, Egsilmez, sowulmaz, tükenmez hijem. Ynha şonça mährini ýüregime salan. Ejem... © Remezan MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |