15:24 **** | |
Geçip barýar kejebe, Ony görüp ejemem, Diýdi ,,Oglum nesip etsin saña-da, Bolýañ alada...". Hyýallarym Awazada dynç alýar, Duýgylarym tolkunlarda ýüzüp ýör, Özüni asmandan asan, täk Aýam, Daşyna herhili ýyldyz düzüp ýör. Bagty bolsun, geçip barýar kejebe, Yrym edip ýüze sylýar ejemem, Göwnüm Abu Dhabi-ñ yssysyn küýsäp, Gelýänimi duýmasa-da Tejene, Her gezek jañ edenimde, gaýtalap, ,,Öýlen" diýip igenýärsiñ ýadaman, Belki ýadaýañ. Gursagymda ýaýrap ýatan ada bar, Suw barmaýan, mähre teşne, çeşmesiz, Pyragyñ ýakylan kitaplary deý, Entek-entek öz syryny çöşmedik. Belki meñ diýýänim dogulan däldir, Bolmasa gör näçe ýyllar gözledim. Öz saýlanyñ bolar eje maña-da, Men-ä şu saýlowda utup görmedim... ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |