00:19 Belki | |
Akar suwy bulanmasyn çeşmäniñ, Aý-gün öz ýerinde aýlanawersin, Bilip bolmaz bagtyñ haçan düşlänin, Ýagşylar ýamandan saýlanawersin. Mydam barly ýere bakar dideler, Bagty gazanmazmyş gapjyk, kiseler, Alanyñ az ýaly ,,şükir" diýsegem, Her kime öz rysky paýlanawersin. Ynsanyñ ynsana ýetse-de güýji, Bolmasyn gursakda, göwünde ünji, Näme üçin oguldan agtygy süýji?, Perzentler şol hakda oýlanawersin. Bir ýürek, müñ hyýal içe sygsa-da, Köki çyn zatlary ýalan bogsa-da, Kämillik uzakda, azkem bolsa-da, Gur:aşan añlarmyz goýlanawersin. Gynanýan, boşluklar öwrüldi däbe, Höwesek azalýar hünäre, kär-e, Dessury köneçil, pikiri täze,- -Ýigitler boý gyza öýlenewersin. Päk niýet ýaşasyn her bir köñülde, Imany gazanyp çäkli ömürde, Asuda durmuşda, ajap döwürde, Mydam toý-baýramlar toýlanawersin. ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |