02:20 Şugün köçämize ýüñ alýan geldi... | |
Şugün köçämize ýüñ alýan geldi, Her öýüñ deñinde bagyrdy çirkin, ,,Düt-bap" signal berdi ,,ýüñ alýan" diýdi, Bolanja harydyn çykardy herkim. Söwdalaşdy, razy etdi geleni, Alyş-berşe bir hile hem goşmady, Bu ynsaply ynsanýeti görmegim, Meniñ näsag göwünimi hoşlady. Ylgap bardym, ,,daýy salowmaleýkum!, Ýüñüm-ä ýok, kemim artyk beýnimde, Ýalñyşlamdan başga satlyk zadym ýok, Ezýet berýän köp dertlerem egnimde. Eger-de siz maña rugsat berseñiz, Pursat berseñiz, Belki-de meñ size kömegim deger, Menem siziñki deý söwdalaşmakçy, Uly bir zyýanym degmese eger." Köçeleri gezdik, birýan başyndan, Herkim bir-birege juda mähirli, ,,Mähir alýan!" Diýip gygyrmakçydym, Ýöne teý tapmadym gözlän mähirmi... ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |