10:47 O diýýäniñ satylyp ýör... | |
O DIÝÝÄNIŇ SATYLYP ÝÖR.. Käte bukýan didelermi, Gör nämeler edilip ýör, Atyz ýaly boş añlara, Pak däneler sepilip ýör. Kalp ilteşse göz bilen, Ýara em etmäñ köz bilen, Asly ýalan, hoş söz bilen, Ençe dyzlar epilip ýör. Gün dogar, aýlanar heññam, Ölüm, herne deñlik hemmä, ,,Ynanmaly" diýýäs, emma, Ynam top deý depilip ýör. Makiýajy çalyp tene, ,,Haý" diýenok gyza ene, Bu gün señki, ertir ýene, Başga birin tapynyp ýör. Günäni iltäp egnine, Hile öwrüldi endige, Käbirleri men-menligin, Doga edip dakynyp ýör. Ynsap, galatly ýollarda, Päklik daraldy jalbarda, Bilmen ynsan ne hallarda, Haýsy ugra akylyp ýör?. Çüýläp içde müñ hiläni, Gördüm ,,dost" sözi diýýäni, Dostluk mukaddes diýýäñmi?!, O diýýäniñ satylyp ýör... ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |