Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:32
Gutlaýarys!

GUTLAÝARYS!

Salam hormatlylar! Ähliñize gowy arzuwlarymyzy ýollap, Siziñ bilen bir ajaýyp pursaty paýlaşmak isledik. Edebiýat Kafemiziñ ilkinji awtorlarynyñ biri, ýaş şahyr jigimiz Baýram Bejidow

"Nesil" gazetiniñ hem-de Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygy mynasyply yglan eden:
,Berkarar döwletiñ ylham joşguny " atly bäsleşiginiñ jeminde ikinji orna mynasyp bolupdyr. Bizem beýleki ýeñijiler bilen birlikde (Baş baýraga Aýşat Hojamuhammedowa, birinji orna Suraý Babanýazowa bolmaly?!) Baýram jigimizi bu ýeñişi bilen gutlayarys we ýene, ýene uly, uly üstünlikler arzuw edýäris!
Öñünden yzy gür gelsin, dowamly ýeñişler, joşgunly, kämil döredijilik hemrañ bolsun, jigimjan!

© Edebiýat KAFESI
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 208 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 26
avatar
2
1 Medicall • 22:42, 11.05.2024
Beýleki ýeñijileri anyk bilemok, bäsleşik barada bilýanler ýazybermeli arkayyn teswirde. Ýöne Baýram jigimiziñ özünden eşidip begenjini bizem paýlaşaly diýdik.
avatar
1
2 Hyýalbent • 13:08, 12.05.2024
Baýram Bejidow bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz bn tüýs ýürekden gutlaýaryn yzy gür bolsun baýraklaryň. ylhamňyza bereket  goşgularňyzy ýetirip duruň ýenede Üstünlik!
avatar
3
3 Merdan • 13:31, 12.05.2024
Tüweleme. Berekella yzy gür bolsun. Uly ýeñiş bi, meselem menem gatnaşdym şo ýaryşa höweslendirijăde ilmedim. Ýeñenlere ýenede ýeñişler ýar bolsun diýýăs.
avatar
1
4 Kerim • 18:48, 12.05.2024
Baýram gutlaýaryn. Siz bilen Rahat Şyhyýewi gün-günden kämilleşýän şahyr hasaplaýaryn. Has köp zada mynasyp bolup bilersiňiz. Galamyňyz ýiti bolsun!
avatar
1
5 @Baýram_Bejidow • 07:04, 13.05.2024
Hemmäñize köp minnetdar goldaýanyñyz üçin!!!
avatar
1
6 Мango • 10:51, 13.05.2024
baýragyň gutly bolsun Baýram däde.
tüweleme. berekella.
baýrak Garrygalada berilipdir öýdýän.
o ýaşyl guty göze ýakymly göründilaý, nämma içinne?
avatar
1
7 @Baýram_Bejidow • 11:10, 13.05.2024
Mango daýy minnetdar, şol gutyñ içinde et üweýän maşynka bar eken göni geline geçiribermeli, garaz galyñ ujyndan ýygnaba başladym nesip edenden)))
avatar
1
8 Seýrаn • 11:19, 13.05.2024
Baýram, gutly bolsun baýragyň. Galamyň ötgür, pikirleriň kesgir bolsun! Köp okap ýazyp dur.
avatar
1
9 sussupessimist • 11:39, 13.05.2024
Gutlaýan, Baýram, döredijiligiňe-de kämillik hem üstünlik arzuw edýän!
Bäh, ýaş şahyrlara et üweýän maşyn bermek bilen nämä kakdyrýarka "Nesil" gazeti bilen Ýaşlar guramasy?))
avatar
1
10 Pero • 14:22, 13.05.2024
Baýram jigimizi menem gutlaýan! Ýeñişleriñ höwri köp bolsun! "Talyp boldum" diýen buşlugyña-da garaşýas,inşaalla.
avatar
1
11 Pegas • 19:18, 13.05.2024
Gutly bolsun! :)
avatar
1
12 Aýgül_Garaýewa • 19:29, 13.05.2024
Gutlaýan, zemlýak. Bu ýeňiş, seniň talyp boljakdygyň aýdyň nyşanydyr.
avatar
1
13 Aýgül_Garaýewa • 19:31, 13.05.2024
Nurdan,  adymyň yzyndaky sanlary aýryp bersene. Şol prostoý adymy zordan göterýän ozalam(((
avatar
1
14 Merw • 19:53, 13.05.2024
Gutly bolsun höwri köp bolsun
avatar
1
15 @Baýram_Bejidow • 21:38, 13.05.2024
Aýdanyñyz gelsin Alla ýalkasyn
avatar
1
16 Medicall • 22:53, 13.05.2024
Aýgül, dogryladym))
avatar
1
17 Aýgül_Garaýewa • 23:28, 13.05.2024
Yssypassibo, Nurdan.
avatar
1
18 Aýgül_Garaýewa • 23:31, 13.05.2024
Et üwelýän maşyn diýýäň welin, korobkaň başga zat üweýäne çalym edýär-le. Näme bolsa-da, gelne geçirip goýber)))
avatar
1
19 @Baýram_Bejidow • 10:08, 14.05.2024
Aýgül gelneje şol gyzy tapmaly ilki)))
avatar
1
20 Мango • 10:35, 14.05.2024
19-a
inim Baýram, kriteriýalaryňy bir aýt:
-öýdeçi gerekmi düzdeçi;
-ýazýançymy, pozýançy;
-garajamy, akja;
-uzynjamy, gysgaja;
-betjemi, ýuwaşja;
-dil bilsinmi, bilmesin;
-we şm...
avatar
1
21 aygull • 10:42, 14.05.2024
19-a, bi, lowlap-lowlap ýazan goşgularňdaky gyz näme, gelinlige ýaranokmy?
"Ol muza-puza" diýip, kell
ämi agyrtjak bolmagyn, öňünden aýdýan))Men ynanmaýan o jüre zatlara.
avatar
1
22 @Baýram_Bejidow • 13:12, 14.05.2024
20). Mango
avatar
1
23 @Baýram_Bejidow • 13:13, 14.05.2024
21). Gelneje özümi tmcars-a goýdum, goşgydakylar gowy bolsa beýdip ýañrap ýörmezdim))
avatar
1
24 @Baýram_Bejidow • 14:55, 14.05.2024
20) Mango akga esasy ýüregi ak bolsun diýen bolýalar-a, ana menem şony diýen bolýan))
avatar
1
25 Gülkamat • 17:11, 14.05.2024
Gowudygynyyyyyy, Bayram jigimizi bizem gutlayas. Höwri köp bolsun! Dowamly bolsun! Sheydip begendirip duruñ!
avatar
1
26 Mekan2 • 17:52, 14.05.2024
menem gutlaýan. gelejekde bir gün nobel baýragyň bilen gutlaly, nesip bolsa.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202