10:20 Ejeme | |
EJEME Bu dünýä täzeden gelesim gelýär, Ýüregimi alaçsyzlyk bürende. Sen meni gaýtadan ýene bir dogur, Çöldäki ak çägeleriň üstünde, hem taşlap gaýt meni möjek sürenne. Ene möjek eýe çyksyn, goý, maňa, Öwretsin awuňy kakyp almagy, Ýamana diş çarhlamagy öwretsin. Depe aşýan keýikleriň yzyndan, Süýneýin Togrulyň peýkamy ýaly, Awuň kowup almak – döwletdir. Ýalaw ýaly dişlem bolsun ýaragym, Hem ýiti pyçak dek dyrnakly penjäm. Guýruk gapmak üçin girsem agyla, Öňde köpek, (güýji-kuwwaty mençe), Çopan tüpeňine arka diremän, Dikleşse, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀goý, meniň läşimi sersin, Al-hiläni gyra goýsa, eger-de, Ýogsa, ýol bersin! Guýrukda dawam bar, Men çölüň ogly, ⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀sähra meň öýüm, Şunda dünýä inip, ýaşasym gelýär, Ýüregimi gaplap alanda dowul. ...Çöldäki ak çägeleriň üstünde, Sen meni gaýtadan ýene bir dogur, hem taşlap gaýt meni möjek sürenne... © Jumageldi MÜLKIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |