03:52 Möjek / Bürgüt (Haýwanat bagynda) | |
MÖJEK Ol munda – kiçijek döwründen bäri, Ol munda – güjüjek döwründen bäri, Hol-ha, hol görünýän öwrümden bäri, Onuň ýeri... has dogrusy ýatagy, has dogrusy – süreni... Ol hiç haçan guýruk gapyp görmändi, oňa ýatdy daýaw çopan iti-de, onuň ýaly taýyn gelýär pitide. «Ýylgyndan örülen agyldan aşyp, Parçalady ençe ýagly guýrugy...» Diýen sözler oňa degişli däldi. Takdyryň oňa buýrugy, – Gözenekdi gözün açyp göreni... Ol munda kiçijek döwründen bäri, Ol munda güjüjek döwründen bäri, Şo-ol bir düýşi gaýta-gaýta görýärdi: – Sürä çozup, guýruk baryn parçalap, Ýarysyny iýip, ýarysyny gömýärdi... Gözenegiň keşbi siňen gözünden, Säher ýene galdyrýar ol gabagyn: – Görse ýatyr şol öňküje ýerinde, Şol köneje düýşi bilen gabalyp, Penjelerini gözlerine bürenip... BÜRGÜT Tokga daş. Üstüni nejesat örten. (Ýagyş-ýagmyr suwy damanok munda). Bürgüt. Bürgüt reňki öçüpdir, görseň, Ozal – suwa düşýän jala suwunda, Ozal – Gün nuruna perin guradyp, Kesip dagyň derman howasyn parran, Örküç-örküç bulutlaryň bärsinde, Bir gulaç ganatyn galgadyp barýan, Bürgüt, otyr däli dünýäden doýgun... Edenok oýnun, Ata meýdan gerek, bürgüde asman, Oýun üçin, (has dogrusy, çyn üçin). Bürgüt üçin dar bu bölünen meýdan. Gözüne gözenek keşbi ýelmeşen, Bu ýerde göwnüňe gonanok heýjan. Bu ýerde – gelmişek, bu ýerde – ýat ol, Bu ýerde bürgüt däl, ýöne bir zat ol. Ýöne bir zat, ganat-perden aýrylan, Pingwin ol, birwagt uçmakdan galan. Uçmahdan galan, guş ol, Asmandan aýrylan, ýerden aýrylan. Bürgüt, ýaşap ýören diňe düýnünde, – Bu gün hezil güýmenje... ...Tokga daş. Üstüni nejesat örten, Bürgüt otyr munda, seretseň – görseň... © Jumageldi MÜLKIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |