Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:42
Çelgi / hekaýa


Atyzyň gyrasyna golaý oturan bitginli gowaçanyň depesindäki bir penje pagtada gözüm eglendi: Bu — ýygymçylaryň biriniň pagtadan dolan partygyny goýup, soň ony tapmak aňsat bolsun diýip, eden belligi bolsa gerek.
Bir gysym pagtany gözleriniň aýtymyna çygdyryp durşuna, hyýalym has alyslarda köwsarlady.
...Men bäbek mahalym, ýekelli ejem işden soň, öýdäki inji berlen sygryna düzüm-penje ot ýygmak üçin eglenýän ekeni. Muny maňa ejem pahyryň özi kän gezek gürrüň beripdi: ine, onsoň ýaşyp barýan Günüň çäge depeleriniň üstüne ýaýrap giden gyzyl şapagyna gözlerini aýlap goýberýän ejem meni — bäbejigi bir düýp gowaçanyň düýbünde ýatyryp, garaňky düşmänkä horjun-haltasyny otdan doldurmak üçin oragyny çemläp haýdaýar ekeni.
Otuny jemläp atyzdan çykaran ejem soň meni goýan ýerini tapman heläk bolýan ekeni. Ol ota gyzygyp meni goýan ýerinden daşlaşýar. Men hem ses-üýnsüz bäbejik, gowaçaly hatarlaryň hemmesi birmeňzeş, iňrik hem garalyp barýar. Ejem şonda meniň ses bermegimi isläp: «Aglaý-da, bir aglap goýber, sesiňi yzlap tapaýyn» diýip nalyş edýän ekeni. Menden welin, ses-üýn çykmandyr. Şeýle ýuwaş bäbek bolan ekenim.
Ine, şol gezekden soň ejem düýbünde meni goýýan gowaçasynyň depesine bir penje pagta goýup başlapdyr. Her gezek gürrüňiň şu ýerine ýetende men «Eje, birden entäp ýören bir möjek üstümden gelip, arlygym-zadym bilen göterip äkidäýen bolsa nätjekdiň?» diýip onuň şol döwür gorkmadyk ýüregine onlarça ýyllardan soň, azajyk wehim oklap göýberýärdim.
Göýä, men şo-ol gowaçanyň düýbünde ýatan oglanjyk bolup, ýeňsämden hem möjek ýetip gelýän ýaly, ejem maňa golaý-golaý süýşerdi. Soňam öz biderek ýere basga düşüp oturyşyna ýuwmarlaýan dek, horja barmaklaryny eliniň üstüne goýup, günälije dillenerdi:
— Wah, içindäki sygra-da bir zat iýdirmelidi-dä... Gaýynym garry, siz çaga... Ýekellidim-dä...
Wah, dünýäň bar günäsini öz üstüne aljak bolup oturan ejem. Degişýän ahyry. Meni möjek başyna ýapsynmy?
Obadan çykyp «Babagambar» öwlüýäsine tarap uzadyp gidýän, asyl dereginden az zat galan, gerşi oýuk-oýuk gara ýoluň üstünden aýak çekenimi-de duýmadym: «Bu şo-ol bir penje pagtaň bolaýmasyn? Ejemiň meni ýitirmezlik üçin iň berdaşly gowaçanyň depesinde goýýan penje pagtasy!»
Ýoldan çykyp, atyza girýän. Üstüni tozan basan ýapraklaryň arasynda ýaňy dodaklaryny çyzyp, akja hananyň etegini güjeňleýän gozalar görünýär. Depesine penje pagta goýulan gowaçanyň düýbi boş. Bäbejik hem ýok, pagtaly partygam. Elbetde, bäbejik bolmajagy düşnükli. Ondan bäri nijemebir ýyllar geçdi. Atyzlaryň berdaşly gowaçalary hasyly ýygnalyp, syryk, bolup galan soň, çapylyp, näçe gezek tamdyrlar-da ýanyp, bugdaý çöreginiň ýüzüne ýaşyp barýan Günüň reňkini alyp berdi:
— ...Didaryňy birje görsem, ýok armanym, jan ejem... Her egnimden bir pagtaly partygy asyp, çiliň üsti bilen ýöräp gelýän on-on iki ýaşly gyzjagaz meni görüp, kürtdürdi.
Horaşaja eginlije, garagolja bolarly maňlaýynda çapyk yzy bar. Bigünä hem bimany gözlerini maňa dikip dur.
Men dillenmelidim:
— Armawer...
— Bar boluň.
— Kimiň gyzy sen?
Gyz kakasynyň adyny aýtdy. Tanamadym. Dagy näme, obadan gidenime kyrk ýyl gowrak wagt boldy. Men bu gyzjagazyň kakasyny däl, atasyny tanap bilsem zor boldugym...
Ondan «Ataň kim?» diýip sorap durmadym. Näme üçin beýle aýdym aýdýany bilenem gyzyklanmadym. Birden ýaňy kesmekläp başlan ýaranyň gaýtadan ýüzüni açaýmaýyn. Ýola çykdym-da, Alaşa ýabyň köprüsinden gaýrak geçdim: «Didaryny birje görsem ýok armanym, jan ejem». Gyzjagazyň zarynja sesi kowalap yzymdan ýeten ýaly boldy. Belki, onuň sesi beýle bir zarynam däldir. Ýöne ýaňky setirleri aýdýan sesiň özi, özüni bilmezden zarynlap başlaýan bolsa gerek...
Suwly ýabyň boýy bilen günortalygyna ýöräp barşyma çep egnimde uzalyp ýatan düňle çöle gözümi aýlap göýberýän. Aňňat ak çägeler. Dirikä ejeme bagyşlan azsanly goşgularymyň birindäki «Sen meni gaýtadan ýene bir dogur, çöldäki ak çägeleriň üstünde, soň taşlap gaýt meni möjek sürenine...» diýen setirlerimi ýazamda şu çägeleri göz öňünde tutan bolsam gerek. Goşgy gazetde çap bolansoň, bu setirler barada ejem dil ýarar öýdüp kän garaşdym. Dil ýarmady. Men hem heçjikläp pikirini sorap durmadym...
Ine, bu ýeri on bäş-on alty ýaşly ýigdekçe mahalym iki sany deň-duş oglanym bilen kän balyk tutan ýerimiz. Şonda güýzüň aýagy bolansoň, ýabyň suwy mazaly çekilipdi. Üç bolup elimiz ýabakly bilimize çykyp duran suwa giripdik. Gamşyň gürräk biten ýerine ýabagy sünçýäň welin, boş çykanokdy, esasanam, teňňeleri Güne ýalpyldap duran semizje çapak balyklar.
Men öwlüýäniň bir çetinden girdim. Ozal bu ýere näbeletdim, ýöne on ýyl mundan ozal kakam şu ýerde soňky düşelgesini edineli bäri, beletçiligim artypdy. Ine, kakam pahyryň mazary. Başujunda bişen kerpiçden pessejik diwar örülip ýüzüne onuň ady, kakasynyň ady ýazylan ak mermer berkidilen. Mazaryň başujunda çöküme düşüp doga okaýan. Ejemiň gubury-da uzakda bolmaly däl. Depejikden aşak inýän. Ýazda dyza çykan otlar gurapdyr. Ejem pahyryň bu obanyň ilatynyň arasyna goşulanyna bir ýyl bolupdy. Hol-ha, ejem pahyryň gubury. Başyndaky sary kerpiçde oýulyp özüniň hem kakasynyň ady ýazylgy...
Dyzyma urlan ýaly aşak çökýän. Birneme özümi dürsemek üçin sary kerpijiň üstüne abanyp duran gury otlary döwüşdirip aýyrýan. Tümmek. Kiçi-girim däl tümmek. Ejem welin soňky ýyllar bir gysym bolup galypdy ahyry. Oba gelip, soň yzyma gaýtmakçy bolamda gujaklaşyp hoşlaşýan ejem bu tümmegiň ýanynda has kiçidi ahyry. Ýa bu adama edilýän iň soňky hormatmyka? Adamynyň uludygyny tekrarlaýan iň soňky alamatmyka?
Gözlerimiň nowasyny ýaşdan dolduryp oturyşyna bilýän dogalarymy okap başlaýan:
— Bismillähirrahmänirrahiým. Elhamduilllähi Rabbil älemiýn...
Dogany bilşimçe dogry başladymmykam diýýän. Ýöne yzyny dowam etjek bolýan welin onuň soňy hälki ýoldaky gyzjagazyň aýdan setirlerine öwrülip barýar:
— Didaryňy birje görsem, ýok armanym, jan ejem... Ýüregimden çogup çykýan sözleriň howruna dodaklarym jaýrylýa... Çekgelerimden syrygyp gaýdýan ajy gözýaşlar göni şol jaýryklaryň üstünden inýär. Gulaklaryma gyzgyn demriň üstüne suw sepilendäki ýaly paşyrdy eşidilýär. Paşyrdynyň arasynda bolsa hälki sözler:
— Di... da...ryňy bir... je gör... sem...
Birhaýukdan özüme gelýän. Dikelýän. Guburyň başujuna dikilen tal syryk meň bilen egin deňläp dur. Jübümden bir penje pagtadan önen ak elýaglygymy çykarýan. Ony tal syrygyň ujuna dagýan.
Bu ýerde meniň ejem ýatyr. Ýitiräýmäýin...

© Jumageldi MÜLKIÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 21:42, 03.12.2023
bäbekli bolsaňam pagta ýygmalydygyna gynanýaň...
gowja hekaýa.
"Jübümden bir penje pagtadan önen ak elýaglygymy çykarýan".
ak elýaglygyny bir penje pagtadandygyny aýtmagy gerek dälem ýaly, geregem ýaly...
"ýitiräýmäýin" diýip gowy jemlenýär.
ýöne mazarlaryň ýitip gidenini kem görenoklaram öýdýän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202