20:25 «Geçmiş, köne jykyr ýaly aýlanyp...» | |
«GEÇMIŞ, KÖNE JYKYR ÝALY AÝLANYP...» Geçmiş, ᅠᅠᅠᅠᅠköne jykyr ýaly aýlanyp, Bagyr-öýkenne çen goýupdyr serip. Pikirler-hyýallar ganatyň gerip, Çümýär ýyllaň gatyna, Hyýal atyna ᅠᅠᅠᅠᅠᅠmüneňsoň ýyl näme, ᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠonlap asyrlar sähelçe salymda gelýär alkyma. Ýakyna getirýän dürbi mysaly, Gözüňi öwürseň ýetişýär nazar, Eliňi uzatsaň ýetäýjek ýaly. Geçmiş açýar syryny Gözbagçy dek, ᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠbir pirimi paşmadyk. Aşnadyk ᅠᅠᅠᅠdiýjek bar geçmişe bakyp, hem ýeňsesin öwürjek bar ýene-de. Günler, aýlar tagmalanan guzy dek: «Pylan zat bolupdy pylan senede...» Bu Geçmiş, ᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠmunda bar zat eýeli. Ýöne, Geljek gelýär sarç bedew bolup, Bedew bolup, ᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠᅠüstünde ýok eýeri! © Jumageldi MÜLKIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
0
| |