Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:31
Bir garyş gamyş


BIR GARYŞ GAMYŞ

(Hekaýa)

Köne ýazgylarymy saýhallamak üçin çaň basyp giden kagyz bukjalaryň birtoparyny aşak düşürdim. Näçenjidigini bilemok, ýöne bukjalaryň biriniň bagjygyny çözenimden, ýüregim gobsunyp gitdi. Bukjanyň içinde, saralyşyp giden kagyzlaryň üstünde bir garyş gamyş ― dilli tüýdük ýatyrdy. Gamyş görgüliniň suwy gidip, gurap galypdyr. Bu gamyş maňa juda tanyşdy. Adam pahyr ýaşy gaýdyşansoň, ýaşlygyny, çagalygyny ýada saljak ownujak zada-da begenegen bolýar. Bu dilli tüýdüge ― kyrk ýyldan gowrak wagt ozal meniň tüýdügime öwrülen bir garyş gamşa gözüm düşüp, köne tanşymy gören dek begendim...

...O döwürler men on ýaşlyja oglanjykdym. Meýdandan çal eşegimize ýükläp öýdäki sygrymyza ýeterlik oty getiremsoň, öz elim ― öz ýakamdy. Onsoň, men elime çeňňegim bilen içi gurçukly gapyrjagymy alardym-da, obamyzyň gaýrasyndaky Alaşa ýabyň boýuna balyk tutmaga giderdim.
Ol günem şeýle boldy. Gür gamyşlary iki gyra serpip, ýabyň boýundan özüme ýer edindim. Balykly çeňňegi çekemde päsgel beräýjek, ýaba sallanyp duran gamyşlary hem çekip aýyrdym. Çeňňegime gurçuk ötürdim-de, suwa taşladym. Esli wagtlap suwuň ýüzündäki silker gymyldamady. Şol, çüýşäniň dykysyndan ýasalan silker ilki çümüp-çykyp, soňam suwa ymykly batsa, çeňňege balyk düşdügidi. Onsoň, ujy balykly çeňňegiňi çekibermelidi.
Ýöne silker asudady. Gaýta, uçup ýören teneçirleriň biri gelip, onuň üstüne gondy. Balykçy üçin bu gowulygyň alamatydy. Silkerine teneçir gonan çeňňege hökman balyk düşýär diýilýärdi.
Şol gezegem içinden çeňňegiň ýüpi geçip gidýän dyky ilki bir ädim saga, soň çepe ýüzdi, soňam «gulk-gulk» etdi-de, çümüp gitdi. Men çeňňegiň sapyny göterdim. Hol-ha, polat çeňňek ýyldyrap suwuň ýüzünde göründi. Balyk-da, çeňňege ötürilen gurçuk hem ýokdy. Çeňňege ilmän gurçugy iýip gidip bilýän bolsa, bu juda mekir balyk bolmalydy. Ol maňa hezil bermez.
Ýerimi üýtgedäýsemmikäm...
Şol niýet bilen ýerimden gobsundym. Turup ýetişmedim. Ýabyň aňry tarapyndan menden on-on iki ädim aşakdaky güzere dört-bäş sany kel tokly suwa indi. Mäleşip, aýaklary bilen gum peşäp hezil etdiler. Men garaşdym: goý, şu toklular gitsin, soň imisalalykda çeňňek atmaga başga ýer gözlärin.
Edil garşymdaky gamyşlaryň şagyrdysy artdy. Kimdir biri alnymdaky gamyşlary iki tarapa serpip, ýaba inip gelýärdi. Toklularyň eýesi bolsa gerek. Hol-ha, özi-de göründi. Obanyň çetinde ýaşaýan Aky aga. Meniň nämüçindir şu pursat bu ýaşulynyň gözüne ilesim gelmedi. Oturan ýerimden sähel yza çekildim. Iki sany gamyş sallanyp öňümi ýapdy.
Aky aga ýaşy ýetmişe golaýlap gelýän adamdy. Köneje tamynda diňe aýaly ikisi ýaşaýardy. Ol ädikli aýaklary bilen gamyşdyr peçegi depgiläp özüne oturar ýaly ýer edindi. Maňlaýyndaky ýyldyz yzy hem solup ýetişmedik esger telpegini kellesinden çykaryp gapdalynda goýdy. Ilikleri gowuşman duran galyň penjeginiň jübüsinden çykaran ullakan elýaglygy bilen derçigen ýylçyr kellesini süpürişdirip oturyşyna, töweregine göz aýlady. Suwdan ganan toklular güzeriň ýapy ýokarysyndaky çägäniň üstünde süýnüp, gäwüş gaýtaryp ýatyrdylar.
Goja howlukman el-ýüzüni ýuwdy. Goşawujyny suwdan dolduryp, jaýryk-jaýryk dodaklaryny basdy, soňra sähel ýanbaşyna gyşaryp, jübüsine elini sokdy. Jübüsinden kagyz gabyna dolangy iki ýüzli päkini çykaran Aky aga ýeňsesine gaňrylyp, bir gamşa elini ýetirdi.
Men aňdym: goja tüýdük ýasajak bolýardy. Özümem gamyşdan kän gezek tüýdük ýasap gördüm ahyry. Ol kyn däldi: bir garyş çemesi içi deşik gury gamşy päki bilen kesip alýarsyň. Inçejik çöp sokup gamşyň içini arassalamaly. Hawa, gamşyň bir tarapyny diliň üstünde amatly ýatar ýaly gytak kesmeli. Soň dilini hem-de gamşyň uç tarapyndaky deşikleri taýyn edeňsoň... çalybermeli.
«Çalybermeli» diýip gaty ynamly aýtsamam, özüm welin gamyş tüýdükden uzyn-uzyn zoguldydan başga ses alyp bilemokdym. Göýä, Aşgabatdan gaýdyp, obamyzyň gabadyna gelen otly «Bu ýerde durjak däl» diýip zoguny çalýan ýaly.
Aky aga dogrudanam, tüýdük ýasaýardy. Asyl, ol eýýäm taýyn tüýdügiň dilini barlap görýärdi. Men ony elindäki tüýdükden «şat-şat» edip ses çykyşyndan çen tutup bildim. Tüýdügiň depesinde gyýlanja uzynja dili eliň bilen galdyryp goýbereňde, şol ses çykýardy.
Goja gamyş tüýdügi dodaklaryna ýetirdi. Men uzyn zogulda garaşdym. Ýok, birhili mylaýym, birhili saza meňzäp duran ses bölek-bölek bolup aramyzdaky dury suwuň ýüzüne ýaýrap gitdi.
Aky aga dodaklaryny ýalap ykjamlandy. Kellesini arkan gaýşardyp, gözlerini ýumdy-da, tüýdügi ýamaşgandan dodaklaryna ýetirdi. Baý-bow, men Aky aga saz çalyp bilýändir öýdemokdym. Mydama dört-bäş sany toklynyň yzyna düşüp ýören, horaşaja eşikli ýaşuly bu wagt gözüme düýbünden başga adam bolup göründi. Ol saz çalyp bilýärdi! Ol saz çalyp... onda-da nä çalmak! Bir garyş gamşa dil bitirip otyrdy ahyry... Dilli tüýdügiň zaryn owazy ýeňsämdäki kert gaýa däl-de, gulaklarymyň ýelkenlerine urlup, göwnüme ýol tapýardy. Ýogsa, on ýaşly oglanjykda göwün nireden bolsun. Göwün diýen zadyň nirämdediginem bilemokdym, ýöne ony tüýdügiň owazy tapýardy. Balyk tutmaga gelenim ýadymdan çykdy.
Ýaşuly ýylçyr kellesini ýeňsä taşlap, gözlerini ýumup, dünýäni unudyp saz çalýardy. Birden ol tüýdügi dodaklaryndan aýyrdy, ýaşa dolup ýaldyrap duran gözlerini asmana dikip oturşyna aýdyma zowlatdy:
― Gül tirerler desse-desse...
Meger, ýaşuly öz gözýaşyna düwnükdi gerek... Ol bogazyny çala arçap goýberdi-de, göýä, hyýalynda öňe giden sazyň yzyndan ýetjek bolýan ýaly, bendiň üçünji setirine bökdi:
― Hemra aýdar boldum hassa baý-baý-ow,
Köýünde köýüp men näzli-i-ni-i-ň...
Soňky sözi süýükdirip goýberen Aky aga ýene tüýdüge ýapyşdy. Indi dilli tüýdügiň owazy tolkunlaryň gerşine münen, gamyşlaryň ýapraklarynyň arasyna siňen aýdymyň yzyndan okduryldy. Tüýdük göýä, eýesine onuň birmahalky köýen söýgüsiniň agysyny aglap berýän ýalydy. Ol hakyky legzebandy .
Gojanyň gözüne görünmän saz diňläp oturşyma özümi ogurlyk edýän, onda-da juda gymmat bir zady ogurlaýan ýaly duýdum.
...Tüýdügi gapdalynda goýan ýaşuly esli salym kellesini tutup oturdy. Soň ýüzüni göterdi, gyzaran gözlerini akar suwdan aýyrman oturşyna, barmaklary bilen sermäp tüýdügi tapdy. Soňra ony... suwa oklap goýberdi-de, ýerinden turdy...
Men tisginip gitdim. Tasdan aýagym tyrpyp suwa tarap süýşüpdim, zordan aşagymdaky çaýry penjeläp ýetişdim. Ýaňky ahwaldan soň bu tüýdük meniň üçin hele-müçük zat däldi, ýöne ol Aky aga üçinem şeýle bolmaly ahyry. Ol bolsa tüýdügi suwa taşlady ötägitdi.
Çeňňegimiň sapyny uzadyp gabadyma gelen gamyş tüýdügi özüme tarap çekip almakçy boldum. Ol suwa çümdi-de, sapyň ujundan sypdy. Sähel salymdan dilli tüýdük suw tolkunlarynyň arasynda gözden ýiter... Men gözlerimi aňyrky kenara aýlap goýberenimi duýman galdym. Aky aga bu ýerden ymykly daşlaşypdy.
Özümi suwa okladym. Hol-ha tüýdük... Çala görünýär. Ýüzdüm. Ýetdim yzyndan. Bir garyş gamşy penjäme gysyp suwdan çykdym. Eşiklerimden joralanyp suw akýar. Bir taý köwşüm, kim bilýär, nirede galdy. Zyýany ýok. Tüýdük meniň elimde. Kelle ýaly gaty şykganyň üstüne kiçijik göwrämi atyp, tüýdügi synladym. Çaljak bolup miltem etmedim. Bilýän, tüýdükden otlynyň zoguna meňzeş sesden başga ses alyp bilmejegimi... Ýöne bu bir garyş gamyş ýaňyja adam dilinde saýrady ahyry. Aky aga ýöne ýere sazy goýup, aýdyma zowlatmady. Ol diňe tüýdügiň sözlerini gaýtalady.
Onda näme üçin tüýdügi suwa oklady gidiberdi. Ýa bu tüýdük indi bar diýjegini diýdimikä? Aýtjagyny aýtdymyka? Ikinji gezek ol ýaňky ýaly saýrap bilmejekmikä? Belki, häki bir, şeýlekin tüýdükçiler sazsaýyn tüýdügiň tabynyň barha peselip barýanyny duýýan däldirler. Aky aga welin, bilýändir. Ýabyň boýunda gamyş kän, päkisi jübüsinde, indiki gezek ol täze tüýdük ýasanar. Entek ýeke gezek üflenmedik tüýdükde saz çalyp, ýüregini egser...
Tüýdügiň suwa zyňylmagy bolsa juda bir geň-taň zat hem däl, hatda köne dogalaram akar suwa oklanýar ahyry. Niredendir bir ýerden kelläme gelen bu pikir göwräme ornap, inim jigläp gitdi.

...Daşarda iňrik garalyp gideninem duýmandyryn. Elimde gurap giden bir garyş gamyş. Tüýdüge öwrülip ýekeje saz ― ýöne nebir saz çalan gamyş. Öz ömründen göwnühoş bir garyş gamyş aýamda ýatyr. Men bir bölek mahmal mata tapyp, tüýdügi şoňa dolaýan-da, ony apalap, eşrepi ýaly görüp saklaýan zatlarymyň arasyna goşýaryn.
Daşarda mazaly garaňky düşüpdi...

© Jumageldi MÜLKIÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 3.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Küle • 09:09, 28.11.2023
Gaty kop logiki üzülmeli we bir-birini inkär edýän pikirlerden saplasaň erbedem däl ýaly.
avatar
1
2 sussupessimist • 09:52, 28.11.2023
Şol biri-birini inkär edyän pikirleri mysal getirayseň, teleźurnalistler aytmyşlayyn, hoşal bolardyk.
avatar
1
3 Мango • 10:43, 28.11.2023
Aky aga derdini hem çalyp, hem aýdyp... garaz biraz egsip, soňam ýüreginiň daşyndan dynýan ýaly tüýdügini suwa oklaýar...
oglanjyk bolsa onuň "derdine" eýe çykýar...

gowja hekaýa.
avatar
4
4 Hydyr • 11:10, 28.11.2023
Hekaýa gowja eken. Häzir hökman söýgüsinni ýatlar, hindi kino bolar öýtdüm. Ýöne gaty ynandyrjy, ýasama däl eken şony hasam gowy gördüm. Ýöne tüýdük, garry hem oglanjygy birleşdirýän bir zat gerek ýaly gördüm. Belki, kän ýyl geçip, oglanjyk şo ýyllarda garryň aýalynyň ýogalan ekendigini bilýär. Garry tüýdügini hamala näçe ýyl bile ýaşaşan indem aýra düşen garryja aýalyna iberen ýaly edip suwa goýberendir. Oglanam ony oglanlyk edip, eýesi bolmasa-da alandyr. Oglanjyk barmadyk "sowgady" mahmal mata dolap, ynjan göwün ýaly edip emaý bilen yzyna goýar. Aýralygyň ajysyny gaýtadan ýaşar. Birhili şuň ýaly zatlar goşup ösdürip, güýçlendirip bolaýjak ýaly gördüm. Ýöne hekaýa gowy eken, ýazanam sag bolsun, bize ýetirenem. Men muny bellik etmek üçinem däl, ýöne göwnüme geldi-de ýazaýdym, aýyplaşmaweriň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203