23:37 Durmuş bizi ownuk pul deý sowurýar | |
DURMUŞ BIZI OWNUK PUL DEÝ SOWURÝAR Durmuş bizi ownuk pul deý sowurýar, Jübüde şaňňyrdap sesi ýatmaýan, – Şaýy pul dek, gaýgyranok bizi ol. Oklaýar, garnyny (hem kalbyny) ýag alan söwdagariň aýasyna oklan dek. Biz tylla däl, dişläp barlanar ýaly, (Ýöne bu-da bir mesele jedelli). Aý şuglaly kümüşem däl biz entek, Ýolumyz bir ýuka gapjyga çenli... Biz kän – biz ýüz, ýüz elli, Ýeke-ýeke sanalaýsak eger-de... Ýöne ownuk pul biz, Jübüde şyňňyrdap sesi ýatmaýan. Çökmän hazynalaň çygly törüne, Ýüzde gatnaýan, şaýy pul biz. Döwür üçin gowy görlen oýunjak, Hem seçilen bir garybyň toýunda, – Ownuk pul biz, zerur gaty kän zada, Tapylýarys derrew jübi dörülip. Oýun oýnamaga diýseň ölemen, Pelek, ýöne wagt-müddeti ýetende, (göýä, töleg hoş dilege tölenen), Oklar bizi... bir gedaýyň etegine... © Jumageldi MÜLKIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |