23:30 Guramasyn!.. | |
GURAMASYN!... Guramasyn çeşmi-çaýy kalbymyň, Darka-darka ýarylmasyn lebleri! Men bir belent dag küýsedim, üstüme abananda gam-gussalaň lemmeri. Ýalaňaç agaçlar gyýýar ýüregmi, Boşap galan ejiz göwre mysaly. Hak omyn diýmese, kösenip ýörmen hasyl etjek bolup ýersiz wysaly. Didelemde peýda bolan gözýaşlaň, Mejaly ýok togalanyp gaýtmaga. Ýitgim az bolmandy, arzy-halymy uýalyp gezenim üçin aýtmaga. Içimde çogup dur ajy bir ahmyr, Aýdylmadyk, aýdylmasyz söz ýaly. Ýöne köşeşerin gökden Aý, ýyldyz, Bakan wagty bir mähriban göz ýaly. Aglap ýazan käbir goşgulam ýaly, Häzirki diňleýän sazymam tukat. Goý, hasyl bolmajak arzuwlaň bary, Şygyrly dünýäme bolup gitsin ýat! ...Guramasyn çeşmi-çaýy kalbymyň, Darka-darka ýarylmasyn lebleri! Men bir gögüň -- baglaň güýzde saralan keşbi üçin aglap ýören leglegi. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |