06:39 Aýyrýan | |
AÝYRÝAN Ümsümlikde gije sojap dem alýar, Ýüzüp ýören Aýdan gözün aýyrman. Men bolsa, ysgynsyz ellerim bilen, Ýürekdäki kä keşpleri aýyrýan. Gynanamok, çytylanok gaşlarym, Perwaýsyzlaň nä işi bar dünýamde?! Biraz giç bolsa-da, şeýle jogaby aldym bu gün öz dünýämi diňlämde. Düşnükli dünýäde düşnüksiz bolup ýaşaýanlar, goý, dünýäme ýat bolsun! Ýaňaklamda menden beter begenip, Entek gurap ýetişmedik ýaş bolsun! Perişdeler omyn diýse, bu gije, Öňki gijelere meňzemän biler. Aşyk bolup indi asmanda Aýa, Göwün salgymlara müňzemän biler. ...Şeýle gijelerde asmana bakyp, Dolan Aýdan gözüňizi aýyrmaň! Men bolsa, şeýle bir ýeňillik bilen, Ýüregimden kä keşpleri aýyrýan. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |